Beýik Küýzegäriň özüňizi terbiýelemegine ýol berýärsiňizmi?
«Küýzegäriň elinde toýun nähili bolsa, siz hem Meniň elimde şeýlesiňiz». ÝER. 18:6
AÝDYMLAR: 23, 22
1, 2. Hudaý näme üçin Danyýeli «jandan eziz söýülýän ynsan» hasaplaýardy we biz Danyýelden näme öwrenip bileris?
SÜRGÜN edilen ýehudylar Wawilona gelenlerinde, onuň butlardan doludygyny we ýaşaýjylaryň zalym ruhlaryň täsiri astyndadygyny gördüler. Emma Danyýel we onuň üç dosty Wawilon imperiýasyndaky ýagdaýyň özlerine täsir etmegine ýol bermediler (Dan. 1:6, 8, 12; 3:16—18). Sebäbi olar özlerini Beýik Küýzegär Ýehowanyň eline tabşyrmagy ýüregine düwdüler. Olar muny başaryp bildiler. Danyýel ömrüniň köp bölegini Wawilonda geçirse-de, Hudaýyň perişdesi oňa: «Jandan eziz söýülýän ynsansyň» diýdi (Dan. 10:11, 19).
2 Gadymy döwürde küýzegär toýundan islän gabyny ýasap bilýärdi. Şu günler Hudaýyň gullukçylary Älemiň eýesi Ýehowanyň ähli halklary terbiýelemäge ygtyýarynyň bardygyna düşünýärler (Ýermeýa 18:6-ny okaň) *. Şeýle-de Hudaýyň her birimizi aýratynlykda terbiýelemäge-de haky bar. Emma ol bizi erkin edip ýaradandygy üçin, oňa meýletin gulak asmagymyzy isleýär. Geliň, Hudaýyň elinde ýumşak toýun bolmaga kömek edýän şu üç soragyň jogabyny bileliň: 1. Hudaýyň maslahatyny kabul etmäge päsgel berýän zatlardan nädip gaça durmaly? 2. Haýsy häsiýetler ýumşak we aňsatlyk bilen şekile getirip bolýan toýun ýaly bolmaga kömek edýär? 3. Mesihçi ata-eneler çagalaryny terbiýelände nädip Hudaýa boýun bolup biler?
ÝÜREGIŇIZIŇ GATAMAGYNA ÝOL BERMÄŇ
3. Ýüregimiziň gatamagyna näme sebäp bolup biler? Mysal getiriň.
3 Süleýmanyň tymsallary 4:23-de: «Bar zadyňdan ilki ýüregiňi gora, çünki ýaşaýşyň gözbaşy şondadyr» diýilýär. Biz «ýüregimizi» nämeden goramaly? Tekepbirlikden, günäli işlerden we imanyňy gowşadýan zatlardan goramaly. Bu zatlar adamy gulak asmazlyga iterýär (Dan. 5:1, 20; Ýew. 3:13, 18, 19). Ýahuda patyşasy Uzyýa hem tekepbirligiň duzagyna düşüpdi (2 Ýyl. 26:3—5, 20, 21; 2 Ýyl ýazgylary 26:16—19-njy aýatlary okaň) *. Ol patyşa bolanda, Ýehowany agtaryp, onuň «nazarynda dogry işleri edýärdi». Emma Hudaýyň onuň patyşalygyny berkidendigine garamazdan, ol ýüreginde tekepbirligiň kök urmagyna ýol berdi. Uzyýa hatda ybadathana girip buhur ýakmakçy bolýar. Aslynda, bu işi Harunyň neslinden bolan ruhanylar etmelidi. Ruhanylar ony saklajak bolanlarynda ol gahar-gazaba mündi. Netijede näme boldy? Hudaý Uzyýany heýwere keseline sezewar etdi we ol ölýänçä şol keselden ejir çekdi (Sül. tym. 16:18).
4, 5. Tekepbirlige ýol bersek näme bolar? Mysal getiriň.
4 Eger biz tekepbirlige garşy göreşmesek, «özümiz hakda çendenaşa köp pikir edip», Mukaddes Ýazgylar arkaly berilýän maslahaty hem kabul etmeris (Rim. 12:3; Sül. tym. 29:1). Geliň, ýygnak ýaşulusy bolup gulluk edýän Jim bilen bolan waka seredeliň. Oňa ýygnagyndaky beýleki ýaşulularyň pikiri bilen razylaşmak kyn bolýar. Ol: «Men olarda doganlyk söýginiň ýokdugyny aýdyp, çykyp gaýtdym» diýýär. Şondan 6 aý geçensoň, Jim başga ýygnaga geçýär. Emma ony ýaşuly bellemeýärler. Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Bar zatdan göwnüm geçdi. Özdiýenliligim hakykaty taşlap gitmegime sebäp boldy». Jim 10 ýyllap ýygnaga dolanmady. Ol şeýle diýýär: «Meniň mertebämi peseltdiler we men ähli bolan zatlar üçin Ýehowany günäkärläp başladym. Doganlar meniň bilen gepleşmek üçin birnäçe ýyllap jan etseler-de, olaryň kömegini kabul etmegem islemedim».
5 Jim dogan bilen bolan waka tekepbirligiň bize nähili zyýan ýetirýändigini görkezýär. Bu häsiýet özümizi aklamaga iterýär we ýumşak «toýun» bolmaga päsgel berýär (Ýer. 17:9). Jim: «Men hemişe başgalardan kemçilik gözleýärdim» diýýär. Eger sizem imandaşyňyz bilen bolan düşünişmezlik sebäpli hormatly borjuňyzy ýitiren bolsaňyz näme ederdiňiz? Siz tekepbirlige ýol bererdiňizmi ýa-da doganyňyz bilen parahatlygy saklap, Ýehowa wepaly galardyňyz? (Zebur 119:165; Koloslylar 3:13-nji aýatlary okaň).
6. Günä etmegi endik edinsek näme bolar?
6 Günä etmegi, esasan-da, ony gizlinlikde etmegi endik eden adam Hudaýyň maslahatyny äsgermezlik edýär. Wagtyň geçmegi bilen, adam oňa bolaýmaly zat ýaly garap başlaýar. Bir dogan erbet endikleriniň soňabaka ony hiç hili biynjalyk etmändigini aýdýar Wag. 8:11). Pornografiýa görmegi endik edinen dogan: «Men ýaşululardan nägile bolup başladym» diýýär. Bu endigi oňa ruhy taýdan zyýan ýetirdi. Wagtyň geçmegi bilen, doganyň pornografiýa görýändigi aýan boldy we ýaşulular oňa gerekli kömegi berdiler. Elbetde, biziň ählimiz bikämil. Ýöne şeýle ýagdaýlarda Hudaýdan geçirimlilik we kömek soramagyň deregine, özümizi aklap ýa-da nägile bolup başlasak ýüregimiziň eýýäm gatandygyny görkezýär.
(7, 8. a) Ysraýyllylaryň imanynyň gowşamagy nämä eltdi? b) Biz mundan nähili sapak edinýäris?
7 Adamyň imanynyň gowşamagy hem ýüreginiň gatamagyna sebäp bolup bilýär. Muny ysraýyllylar bilen bolan wakadan görse bolýar. Ýehowa halkyny Müsür gulçulygyndan azat etmek üçin täsin gudratlary görkezdi. Ysraýyllylar muny öz gözleri bilen görseler-de, Wada edilen diýara girmeziniň öň ýany imanynyň gowşandygyny görkezdiler. Olar Ýehowa bil baglamagyň deregine, gorkudan ýaňa Musa igenip başladylar. Hatda olar Müsüre, ýagny öň gul bolan ýurduna dolanmak islediler. Ýehowa muňa örän gynandy. Şol sebäpli ol: «Haçana çenli bu halk Meni äsgermezlik etjekkä?» diýdi (San. 14:1—4, 11; Zeb. 78:40, 41). Ysraýyllylaryň ýüreginiň gatap, imanynyň gowşandygy sebäpli çölde heläk boldular.
8 Täze dünýäniň bosagasynda durandygymyz üçin biziňem imanymyz synalyp biler. Şol sebäpli imanymyzy barlap durmaly. Meselem, Matta 6:33-i okap, özümize şeýle soraglary berip bileris: «Maksatlarym we gelýän kararlarym Isanyň sözlerine ynanýandygymy görkezýärmi? Köpräk gazanç etmek üçin ýygnak duşuşyklaryna ýa-da wagza yzygiderli gatnaşmagymy goýarynmy? Köp wagtymy we güýjümi işe sarp etmeli bolsam näme ederin? Dünýäniň täsirine düşüp Hudaýdan daşlaşarynmy?»
9. Biz näme üçin «imanymyzy çynlakaý barlamaly» we muny nädip etmeli?
9 Geliň, indi dost saýlamak, dynç almak we ýygnak gatnaşygyndan kesilenler babatda berilýän talaplara sowuk-sala garaýan Ýehowanyň gullukçylary barada oýlanyp göreliň. Eger biz şeýle ýagdaýa düşsek näme ederis? Nädogry garaýşyň döräp başlandygyny duýan badymyza, özümizi çynlakaý barlamaly. Mukaddes Ýazgylarda: «Iman edýän zatlaryňyz boýunça ýaşaýandygyňyzy elmydama barlap duruň» diýip, maslahat berilýär (2 Kor. 13:5). Biz Hudaýyň Sözündäki maslahatlar barada oýlanyp, özümizi hemişe barlap durmaly.
ÝUMŞAK «TOÝUN» BOLUŇ
10. Ýehowanyň elinde ýumşak «toýun» bolmaga näme kömek edýär?
10 Hudaýyň Sözi, ýygnak duşuşyklary we wagyz gullugy bize ýumşak «toýun» bolmaga kömek edýär. Suwuň toýny ýumşadyşy ýaly, Mukaddes Ýazgylary her gün okap oýlanmak hem Ýehowanyň elinde ýumşak toýun bolmaga ýardam edýär. Ýehowa gullukçylarynyň Mukaddes Ýazgylary her gün okamak üçin edýän tagallalaryny görüp, örän begenýär. Meselem, Ýehowa Ysraýyl patyşalaryna Kanunyň nusgasyny göçürip almagy we ony her gün okamagy tabşyrdy (Kan. tag. 17:18, 19). Resullar hem gullukda üstünlik gazanmak üçin Mukaddes Ýazgylary okap oýlanmagyň möhümdigine düşünýärdiler. Olar ýazan hatlarynda ýüzlerçe sapar Ýewreý ýazgylaryna salgylandylar we wagyz edýän adamlaryny hem şeýle etmäge çagyrýardylar (Res. iş. 17:11). Bizem Hudaýyň Sözüni her gün okamagy we doga edip oýlanmagy wajyp hasaplaýarys (1 Tim. 4:15). Bu bize Ýehowanyň öňünde kiçigöwünli we onuň elinde ýumşak «toýun» bolmaga kömek edýär.
11, 12. Ýehowa ýygnak duşuşyklary arkaly her birimizi zerurlygymyza görä nädip terbiýeleýär? Mysal getiriň.
11 Ýehowa ýygnak duşuşyklary arkaly her birimizi zerurlygymyza görä terbiýeleýär. Makalanyň başynda agzalan Jim hem kem-kemden garaýşyny özgerdip başlady. Jim
özüne kömek eden ýygnak ýaşulusy hakda şeýle ýatlaýar: «Ol maňa ýekeje gezegem düşen ýagdaýyňa özüň günäkär diýmedi we meni asla tankytlamady. Gaýtam, men hakda ýagşy niýetde bolup, maňa ýürekden kömek etmek isleýändigini görkezdi». Şondan üç aý geçensoň, ýaşuly Jimi ýygnak duşuşyklaryna çagyrýar. Jim şeýle diýýär: «Dogan-uýalar meni gujak açyp kabul etdiler. Olaryň söýgüsi maňa yzyma dolanmaga ýardam etdi. Men duýgularymyň esasy zat däldigine düşündim. Doganlaryň we mähriban aýalymyň kömegi bilen, men kem-kemden ruhy taýdan berkedim. Aýalym hiç haçan göwnüçökgünlige düşmedi. Şeýle-de men 1992-nji ýylyň 15-nji noýabrynda çykan „Garawul diňi“ žurnalyndaky „Ýehowa günäkär däl“ we „Ýehowa wepaly gulluk et“ (rus.) atly makalalary okap örän ruhlandym».12 Wagtyň geçmegi bilen, Jim ýene-de ýygnak ýaşulusy edip bellenildi. Soňra ol özüniňki ýaly ýagdaýa düşen doganlara ruhy taýdan dikelmäge kömek etdi. Ol şeýle diýýär: «Men Ýehowa bilen dostlugym berkdir öýdýärdim, ýöne bu beýle däl eken. Men tekepbirlige ýol berip, dogan-uýalaryň kem tarapyny gözländigime we wajyp zatlardan ünsümi sowandygyma örän gynanýaryn. Hawa, tekepbirlik adamyň gözüni kör edýän eken» (1 Kor. 10:12).
13. Wagyz işi haýsy häsiýetleri ösdürmäge kömek edýär we onuň nähili peýdasy bar?
13 Wagyz işi bize gowy tarapa özgermäge nädip kömek edýär? Biz adamlara hoş habary wagyz edenimizde, kiçigöwünli bolmagy öwrenýäris we Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwelerini ösdürýäris (Gal. 5:22, 23). Wagyz gullugynda haýsy häsiýetleri ösdürendigiňiz barada oýlanyp görüň. Hudaýa ýaraýan häsiýetler wagyz edýän habarymyzy has-da bezeýär we adamlaryň garaýşyna güýçli täsir edýär. Meselem, iki sany Ýehowanyň Şaýady Awstraliýada öýden-öýe wagyz edip ýörkä, bir aýala duşýar. Bu aýalyň gödek jogap berendigine garamazdan, olar onuň bilen sylaşykly gepleşýärler. Soňra şol aýal özüni gelşiksiz alyp barandygyna gynanyp, filiala şeýle hat ýazýar: «Olar örän sabyrly we kiçigöwünli adamlar eken. Men olary kemsidip, tekepbirlik edendigim üçin olardan ötünç sorasym gelýär. Men Hudaýyň Sözüni wagyz edýän bu akýürekli adamlary diňlemän, akylsyz hereket etdim». Eger wagyzçylar sähelçe gaharlanan bolsalar, onda ol aýal gurama hat ýazardymy? Elbetde, ýok. Hawa, wagyz işi biziň özümize-de, wagyz edýän adamlarymyza-da köp peýda getirýär.
ÇAGALARYŇYZY TERBIÝELÄNIŇIZDE HUDAÝA TABYN BOLUŇ
14. Ata-eneler çagalaryny Hudaýyň isleýşi ýaly terbiýelemek üçin näme etmeli?
14 Çagalaryň köpüsiniň öwrenmek islegi güýçli bolýar we öwredilýän zady kiçigöwünlilik bilen kabul edýär (Mat. 18:1—4). Şol sebäpli paýhasly ata-eneler çagalaryna hakykaty bütin ýüregi we düşünjesi bilen söýmegi öwretmek üçin elinde baryny edýärler (2 Tim. 3:14, 15). Emma çagalary Hudaýyň isleýşi ýaly terbiýelemek üçin hakykat ilki bilen ata-eneleriň öz ýüreginde bolmaly we şoňa görä ýaşamaly. Şonda çagalara olaryň göreldesine eýermek aňsat bolar. Mundan başga-da çagalar ata-enesiniň goýýan käbir düzgünleriniň Ýehowanyň söýgüsine esaslanýandygyna düşünerler.
15, 16. Çagasy ýygnak gatnaşygyndan kesilende ata-eneler Ýehowa bil baglaýandygyny nädip görkezip biler?
15 Mesihçi maşgalada ulalandygyna garamazdan, käbir çagalar wagtyň geçmegi bilen hakykatdan gidýärler ýa-da ýygnak gatnaşygyndan kesilýärler. Bu olaryň maşgala agzalarynyň ýüregine bitmejek ýara salýar. Günorta Afrikada ýaşaýan bir uýa şeýle diýýär: «Doganym ýygnak gatnaşygyndan kesilende, ýüregim para-para boldy. Meniň üçin ol hamala aradan çykan ýalydy». Uýamyz we onuň ata-enesi şeýle kyn ýagdaýda nähili hereket etdiler? Olar Hudaýyň Sözündäki görkezmä eýerdiler (1 Korinfliler 5:11, 13-nji aýatlary okaň). Onuň ata-enesi şeýle diýýär: «Biz Mukaddes Ýazgylardaky görkezmelere eýermegi berk ýüregimize düwdük. Sebäbi biz Hudaýyň tabşyryklarynyň peýdalydygyna düşünýärdik. Biz ýygnak gatnaşygyndan kesilmeklige Hudaýyň terbiýesi hökmünde garaýardyk we Ýehowanyň ony söýgi bilen berendigine hem-de gereginden artyk temmi bermeýändigine düşünýärdik. Biz zerur maşgala meseleleri bolmasa, oglumyz bilen asla gepleşmeýärdik».
16 Bu olaryň ogluna nähili täsir etdi? Ol şeýle diýýär: «Enem-atamyň we gyz jigimiň meni ýigrenmeýändigini bilýärdim. Olar Ýehowanyň guramasy arkaly berýän görkezmesine tabyn bolýardylar. Haçanda sen Ýehowa ýalbaryp, geçirimlilik soramalydygyňa göz ýetireniňde, Onuň kömegine mätäçdigiňe düşünýärsiň». Ol dikeldilende, maşgala agzalarynyň begenjiniň çägi bolmady. Hawa, biz ähli zatda Hudaýyň tabşyryklaryna görä hereket etsek, köp bereket alarys (Sül. tym. 3:5, 6; 28:26).
17. Biz näme üçin Ýehowa ähli zatda tabyn bolmaly we munuň nähili peýdasy bar?
17 Işaýa 64:8, 9-njy aýatlarda ýesirlikden boşadylansoň, toba eden ýehudylaryň aýdan sözleri şeýle beýan edilýär: «Atamyz Sensiň, ýa Reb, biz toýundyrys, Sen küýzegärimiz, Seniň eliňiň işidiris ählimiz. Gaty gaharlanma, hemişelik ýatlama ýazygy, ýa Reb, ählimiz Seniň halkyňdyrys, muny nazara al!» Eger biz pesgöwünlilik bilen Ýehowa gulak assak, ol Danyýel pygamber ýaly bizem «jandan eziz söýülýän ynsan» hasaplar. Şeýle-de Ol bizi Sözi, mukaddes ruhy hem-de guramasy arkaly terbiýelemegini dowam eder. Gelejekde bolsa Hudaýyň kämil «perzentleri» hökmünde Onuň huzurynda durarys (Rim. 8:21).
^ abzas 2 Ýermeýa 18:6 Eý, ysraýyl halky, Men-de sizi bu küýzegäriň ýasaýşy ýaly ýasap bilmerinmi? Muny Men — Reb aýdýandyryn. Edil küýzegäriň elinde toýun nähili bolsa, siz hem Meniň elimde şeýlesiňiz, eý, ysraýyl halky!
^ abzas 3 2 Ýyl ýazgylary 26:16 Uzyýa kuwwatlananda, gopbamsylyk edip, heläkçilige uçrady. Ol Hudaýy Rebbe haýynlyk etdi, ol ýakymly ysly tütetgi sypasynda tütetgi ýakmak üçin Rebbiň ybadathanasyna girdi. 17 Ruhany Azarýa Rebbiň segsen batyr ruhanysy bilen Uzyýanyň yzyndan girdi. 18 Olar Uzyýa patyşa garşy çykyp, oňa şeýle diýdiler: «Eý, Uzyýa, Rebbe ýakymly ysly tütetgi ýakmak seniň işiň däl, ol Harunyň neslinden bolan, mukaddes edilen ruhanylaryň işidir. Sen mukaddes öýden çyk, çünki sen hyýanat etdiň. Bu iş saňa Reb Hudaýdan hormat getirmez». 19 Uzyýa gazaplandy; ol ýakymly ysly tütetgi ýakylýan sypanyň ýanynda, Rebbiň öýündäki ruhanylaryň öňünde tütetgi ýakmak üçin durdy. Ol ruhanylara gazaplananda, onuň maňlaýynda heýwere keseli peýda boldy.