Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Göwherden hem gymmatly häsiýet

Göwherden hem gymmatly häsiýet

Göwher daşy gymmatbaha daşlaryň biri hasaplanylýar. Hatda onuň käbir görnüşleriniň bahasy millionlarça dollara barabar. Emma Hudaý üçin göwherden we beýleki gymmatbaha daşlardan-da gymmatly zat barmyka?

Geliň, Ermenistanda ýaşaýan Haýganuş uýa bilen bolan waka seredeliň. Ol öýüniň golaýyndan pasport tapýar. Onuň içinde birnäçe bank karty hem-de köp pul bardy. Ol muny ýanýoldaşyna aýdýar. Uýanyň özem, ýanýoldaşam suwa çümdürilmedik wagyzçydy.

Bu är-aýal pul ýetmezçiliginden kösenýärdi we bergileri bardy. Emma olar pasporty we pullary eýesine gaýtaryp bermegi ýüregine düwýärler. Är-aýal pasportyň eýesini tapyp, oňa ähli zadyny gowşuranda bütin maşgala olaryň dogruçyllygyna diýseň geň galýar. Haýganuş bilen ýanýoldaşy Hudaýyň Sözüniň kömegi bilen dogruçyl bolmagy öwrenendiklerini aýdyp, Ýehowanyň Şaýatlarynyň nähili adamlardygyny gürrüň berýärler we edebiýatlarymyzyň birnäçesini berýär.

Bu maşgala Haýganuşa sylag hökmünde biraz pul bermek isleýär. Emma uýa puly almaýar. Şol günüň ertesi ýaňky adamyň aýaly olaryň öýüne barýar we eden ýagşylygy üçin Haýganuş uýa göwher gaşly ýüzügi sowgat bermekçi bolýar. Ol aýal öz diýenini tutup duransoň, uýa ýüzügi almaly bolýar.

Haýganuş bilen ýanýoldaşynyň dogruçyllygy köp adamlary haýran galdyrsa gerek. Emma olaryň dogruçyllygyna Ýehowa nähili garaýar? Olaryň dogruçyl bolmak üçin eden tagallasy ýerine düşdümi?

ÄHLI ZATDAN GYMMATLY HÄSIÝETLER

Ýokarda getirilen soraglaryň jogabyny tapmak kyn däl. Hudaýyň gullukçylary şeýle häsiýetleriň Ýehowanyň nazarynda göwherden, altyndan ýa-da islendik hazynadan has gymmatlydygyna düşünýärler. Hawa, Ýehowanyň maddy zatlara bolan garaýşy adamlaryňkydan tapawutlanýar (Iş. 55:8, 9). Mesihçiler hem Ýehowa ýaramly häsiýetleri ösdürmegi ähli zatdan wajyp saýýarlar.

Munuň şeýledigini Mukaddes Ýazgylardan görse bolýar. Meselem, Süleýmanyň tymsallary 3:13—15-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Hikmet tapan, düşünjä gowşan nähili bagtly! Ony gazanmak kümüş gazanmakdan gowudyr, onuň önümi sap altyndan gowudyr. Ol ýakutdan gymmatdyr, ähli arzyly zatlar oňa taý bolup bilmez». Dogrudan-da, Ýehowanyň şeýle häsiýetleri ähli zatdan gymmat saýýandygyna asla şübhe ýok!

Dogruçyllyk barada hem şeýle diýse bolarmy?

Ýehowa dogruçyl Hudaý; ol hiç haçan «ýalan sözlemeýär» (Tit. 1:2). Pawlus resul Hudaýyň ylhamy bilen I asyrdaky mesihçilere: «Biziň üçin elmydama doga ediň, sebäbi biz ynsabymyzyň päkdigine ynanýarys we ähli zatda özümizi dogruçyl alyp barmak isleýäris» diýip ýazdy (Ýew. 13:18).

Isa Mesih hem dogruçyl bolmakda gowy görelde galdyrdy. Ýadymyzda bolsa, baş ruhany Kaýafa ondan: «Diri Hudaýdan ant iç. Bize aýt, sen Hudaýyň Ogly Mesihmi?» diýip soraýar. Şonda Isa Mejlisiň öňünde töhmet atylyp, ölüme höküm ediljekdigini bilse-de, özüniň Mesihdigini açyk aýdýar (Mat. 26:63—67).

Şeýle ýagdaýda biz näme ederis? Bizem «bäş manat» düşjekdigini bilsek, ýalan-ýaşryk sözlärismi ýa-da dogrymyzy aýdarys?

DOGRUÇYL BOLMAK AŇSATMY?

Biz «özüni bilýän, puly söýýän» adamlaryň arasynda ýaşaýandygymyz üçin käte dogruçyl bolmak kyn bolýar (2 Tim. 3:2). Meselem, ykdysady ýagdaýyň pese düşmegi ýa-da işsizlik adamy ýalan sözlemäge iterip bilýär. Şol sebäpli köp adamlar ogurlyk etmäge, ýalan sözlemäge ýa-da başga-da aldawçylyk bilen bagly her hili işlere baş goşmaga mejbur bolýarys diýýärler. Şonuň üçin köpleri dogruçyl bolmagyň peýdasyzdygyny aýdýarlar. Hatda käbir mesihçilerem «haram gazanjyň yşkyna düşüp», nädogry karara gelýärler we ýygnakdaky abraýyna zyýan ýetirýärler (1 Tim. 3:8; Tit. 1:7).

Emma ruhy taýdan ösen mesihçiler Isadan görelde alýarlar. Olar Hudaýa ýaraýan häsiýetleriň islendik baýlykdan ýa-da üstünlik gazanmakdan has gymmatlydygyna düşünýärler. Hatda mekdepde okaýan ýaş mesihçilerem gowy baha almak üçin ýalan sözlemeýärler (Sül. tym. 20:23). Elbetde, dogruçyl bolandygymyz üçin Haýganuş ýaly bizi-de sylaglarlar öýtmeli däl. Emma dogruçyllygymyzy Hudaýyň gymmat saýýandygyny unutmalyň. Dogruçyl bolsak, ynsabymyz hem arassa bolar. Bu bolsa islendik zatdan wajypdyr.

Geliň, Gagik bilen bolan waka seredeliň. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men mesihçi bolmankam, uly kärhanada işleýärdim we başlygymyz käbir salgytlary tölemejek bolup, kärhananyň girdejisiniň azdygyny aýdýardy. Men iş dolandyryjy bolanym üçin kärhananyň işleri bilen bagly meselelerde ýalan sözlemeli bolýardym we salgyt gullugynyň işgärlerine para berýärdim. Netijede, men indi dogruçyl adam däl-de, ýalan sözläp başgalary aldaýan adam hökmünde tanalýardym. Emma men hakykaty bilenimden soň, bu girdejili kärimi taşladym we hususy kärhana açdym. Wagtyň geçmegi bilen, men kärhananyň ähli dokumentlerini kanuna laýyk düzedip, salgytlary töläp başladym» (2 Kor. 8:21).

Gagik sözüni şeýle dowam edýär: «Girdejim öňküden iki esse azalandygy üçin, maňa maşgalamy eklemek kyn bolýar. Emma men şonda-da özümi bagtly duýýaryn. Sebäbi Ýehowanyň öňünde ynsabym arassa. Şeýle-de men iki ogluma gowy görelde görkezýärin we ýygnakda-da jogapkärli işleri ýerine ýetirýärin. Indi men salgyt gullugynyň işgärleriniň we iş salyşýan adamlarymyň ýanynda dogruçyl adam hökmünde tanalýaryn».

ÝEHOWA GOLDAÝAR

Ýehowa häsiýetlerini, şol sanda dogruçyllyk häsiýetini görkezip, «taglymatyny» bezeýän adamlary gowy görýär (Tit. 2:10). Dawut patyşa Hudaýyň ylhamy bilen: «Men ýaş ýigitdim, indi garradym we dogry adamyň terk edilenligini ýa onuň zürýadynyň çörek dilenenini görmedim» diýdi (Zeb. 37:25).

Dawut muňa öz durmuşynda göz ýetirdi. Rut bilen bolan waka hem bu sözleriň dogrudygyny görkezýär. Ol gartaşan gaýynenesi Nagomyny taşlap gitmän, gaýtam, oňa wepaly galýar. Rut hak Hudaýa sežde etmegi saýlandygy üçin ysraýyl topragyna göçüp barýar (Rut 1:16, 17). Ol Ysraýyla baransoň hem dogruçyldygyny görkezdi. Rut Musa pygamberiň kanunynda rugsat berilmegine görä, hoşa çöpläp arman-ýadaman zähmet çekýärdi. Ýehowa hem Rut bilen Nagomyny mätäç wagty taşlamady (Rut 2:2—18). Dogrudan-da, Ýehowa Rutuň diňe bir iýjek çöreginiň aladasyny etmän, oňa köp bereketleri berdi. Rut Dawut patyşanyň neslinden geljek wada edilen Mesihiň nesil enesi bolmaga saýlandy (Rut 4:13—17; Mat. 1:5, 16).

Ýehowanyň käbir gullukçylary käte örän kyn ýagdaýlary başdan geçirýärler. Emma olar ýagdaýy gowulandyrjak bolup, ýalan sözlemeýärler. Gaýtam, agyr zähmet çekip, dogruçyl bolmaga çalyşýarlar. Bu olaryň Ýehowanyň häsiýetlerini, şol sanda dogruçyllyk häsiýetini islendik zatdan gymmat saýýandyklaryny görkezýär (Sül. tym. 12:24; Efes. 4:28).

Rut ýaly şu günlerem mesihçileriň köpüsi Ýehowanyň goldajakdygyna ynanýarlar. Olar: «Men seni hiç haçan terk etmerin, seni asla taşlamaryn» diýip, wada beren Hudaýa ýürekden bil baglaýarlar (Ýew. 13:5). Ýehowa dogruçyl ýaşamaga jan edýän gullukçylaryna kömek edýändigini gaýta-gaýta subut edýär. Ol bizi ýaşaýyş üçin gerekli zatlar bilen üpjün edip, beren wadasyny hemişe ýerine ýetirýär (Mat. 6:33).

Hawa, adamlar göwher daşyny we başga zatlary gymmat hasaplaýarlar. Emma gökdäki Atamyzyň biziň dogruçyllygymyzy we beýleki häsiýetlerimizi islendik gymmatbaha daşlardan has gymmat saýýandygyna ynamly bolup bileris.

Dogruçyl bolsak ynsabymyz arassa bolar we ynamly wagyz ederis