«Hudaýymyz Reb ýeke-täk Rebdir»
«Eý ysraýyl halky, gulak goý. Hudaýymyz Reb ýeke-täk Rebdir». KAN. TAG. 6:4
AÝDYMLAR: 138, 2
1, 2. a) Kanun taglymaty 6:4-däki sözler näme üçin köp adamlara tanyş diýse bolar? b) Musa pygamber şol sözleri näme üçin aýtdy?
ENÇEME asyr bäri ýehudy dinine uýýan adamlar Kanun taglymaty 6:4-däki sözleri her gün irden we agşam dogalarynda gaýtalaýarlar. Olar muny özlerini Hudaýa bütinleý bagyş edendiklerini görkezmek üçin edýärler. Aýadyň ilkinji sözüne salgylanyp, olar bu dilegi «Şema» diýip atlandyrdylar.
2 Aslynda, şol aýatdaky sözleri Musa pygamber aýdypdy. B. e. öň 1473-nji ýylda Musa pygamber Mowap düzlüginde ysraýyl halkyna hoşlaşyk sözlerini aýdýar. Şol wagt olar Wada edilen diýary eýelemek üçin Iordan derýasyndan geçjek bolup durdular (Kan. tag. 6:1). Halka 40 ýyllap ýolbaşçylyk eden Musa pygamber ýüze çykjak kynçylyklary olaryň mertlik bilen ýeňip geçmeklerini isleýärdi. Olar Ýehowa bil baglap, oňa wepaly bolmalydylar. Musanyň soňky sözleri halka has-da güýçli täsir eden bolmaly. Ol Ýehowanyň beren on tabşyrygyny we başga-da düzgünlerini agzandan soň, halka Kanun taglymaty 6:4, 5-nji aýatlardaky (okaň) * sözleri aýtdy.
3. Biz şu makalada haýsy soraglara serederis?
3 Musanyň ýanyndaky ysraýyllylar Ýehowanyň «ýeke-täk» Hudaýdygyny bilmeýärdilermi? Elbetde, bilýärdiler. Wepaly ysraýyllylar ata-babalary Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýyna, ýagny ýeke-täk hak Hudaý Ýehowa sežde edýärdiler. Onda näme üçin Musa pygamber olara «Hudaýymyz Reb ýeke-täk Rebdir» diýdi? Bu sözleriň bäşinji aýatdaky «Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen, ähli güýjüňiz bilen söýüň» diýen sözler bilen nähili baglanyşygy bar? Kanun taglymaty 6:4, 5-nji aýatlardaky sözler biziň üçin nämäni aňladýar?
ÝEHOWA — ÝEKE-TÄK HUDAÝ
4, 5. a) «Ýeke-täk» diýmek nämäni aňladýar? b) Ýehowa özge milletleriň taňrylaryndan nämede tapawutlanýar?
4 Ýeke-täk. Ýewreý we başga-da köp dillerde «ýeke-täk» sözi ýöne bir birlik sany aňlatman, has köp zady öz içine alýar. Meselem, bu sözüň aýratyn, deňi-taýy ýok we üýtgewsiz diýen manylary hem bar. Gögi we Ýeri Ýehowa ýaratdy; ol bütin älemiň Eýesi. Ýehowa — ýeke-täk hak Hudaý, onuň deňi-taýy ýok (2 Şam. 7:22). Musa pygamber Ýehowa «ýeke-täk» Hudaý diýende, üç ýüzli taňry ýaly ýalan dini öwretmeleri paş etjek bolmady. Ol ysraýyllylara diňe Ýehowa sežde etmelidiklerini ýatlatdy. Sebäbi beýleki halklar her hili ýalan taňrylara sežde edýärdiler. Meselem, käbir ýalan hudaýlar tebigatyň belli bir böleginiň taňrysy hasaplansa, käbirleri belli bir taňra degişli hasaplanypdyr.
5 Meselem, müsürliler Gün taňrysy Ra, asman taňrysy Nuta, Nil taňrysy Hapiýe we ençeme haýwanlara sežde edýärdiler. Olar bu haýwanlary mukaddes hasaplaýardylar. Ýehowa Müsüre on jeza berende şol ýalan taňrylaryň güýçsüzdigini görkezdi. Kenganlylar bolsa hasyl taňrysy Bagala sežde edýärdiler. Olar ony asmanyň, ýagşyň we tupanyň taňrysy hasaplaýardylar. Bagal köp halklaryň esasy taňrysy hasaplanýardy (San. 25:3). Ine şonuň üçin hem ysraýyllylar Ýehowanyň «ýeke-täk» hak Hudaýdygyny hemişe ýatda saklamalydy (Kan. tag. 4:35, 39).
6, 7. «Ýeke-täk» sözüniň ýene nähili manysy bar we Ýehowa «ýeke-täk» Hudaýdygyny nädip subut etdi?
6 Üýtgewsiz we wepaly. «Ýeke-täk» diýen söz maksadyňa görä hereket etmegi we beren sözüňde durmagy hem aňladýar. Ýehowa ynamdar, durnukly, wepaly we dogruçyl Hudaý. Onuň deňi-taýy ýok; Ol hiç haçan üýtgemeýär. Ýehowa Ybraýym pygambere nesliniň Wada edilen diýary miras aljakdygyny wada berdi. Ol wadasyny ýerine ýetirmek üçin täsin gudratlary etdi. Şondan 430 ýyl geçen-de, Ýehowa beren wadasyny unutmandygyny görkezdi (Gel. çyk. 12:1, 2, 7; Müs. çyk. 12:40, 41).
7 Bu wakadan ençeme asyr geçensoň, Ýehowa saýlan halkyna ýüzlenip şeýle diýdi: «Meniň Şoldugyma düşüniň, Menden öň hiç hudaý bolan däldir, Menden soň-da hijisi bolmaz». Şeýle-de ol beren wadasynda durýandygyny nygtap: «Owaldan bäri Men Olduryn» diýdi (Iş. 43:10, 13; 44:6; 48:12). Hawa, üýtgewsiz we beren wadasynda hemişe durýan Ýehowa Hudaýa gulluk etmek, gör, nähili uly hormat! (Mal. 3:6; Ýak. 1:17).
8, 9. a) Ýehowa gullukçylaryndan näme talap edýär? b) Musa pygamberiň sözleriniň wajypdygyny Isa nädip görkezdi?
8 Musa pygamber ysraýyllylara Ýehowanyň durnuklydygyny, hiç haçan üýtgemeýändigini we olaryň söýgi bilen aladasyny edýändigini ýatlatdy. Diýmek, olar hem Hudaýa doly wepaly bolup, ony bütin ýüregi, jany we güýji bilen söýmelidi. Ysraýyllylar her bir mümkinçilikden peýdalanyp, çagalaryna-da Hudaýa doly wepaly bolmagy öwretmäge borçludy (9 Ýehowa hiç haçan üýtgemeýär we islegini, maksadyny hemişe amala aşyrýar. Şol sebäpli onuň talaplary häzire çenli üýtgänok. Hudaýa ýaramly sežde eder ýaly, biz Oňa doly wepaly bolmaly we ony bütin ýüregimiz, pikirimiz hem güýjümiz bilen söýmeli. Isa-da munuň wajypdygyny belläp geçipdi (Markus 12:28—31-nji aýatlary okaň). Geliň, Ýehowanyň «ýeke-täk» Hudaýdygyna ynanýandygymyzy iş ýüzünde nädip görkezip biljekdigimize seredeliň.
ÝEHOWA BÜTINLEÝ WEPALY BOLUŇ
10, 11. a) Ýehowa bütinleý wepaly bolmak nämäni aňladýar? b) Ýewreý ýigitleri Wawilondaka Ýehowa doly wepalydyklaryny nädip görkezdiler?
10 Eger biz Ýehowa bütinleý wepaly bolsak, ony «ýeke-täk» Hudaý hasaplaýandygymyzy görkezeris. Biz şol bir wagtyň özünde hem Ýehowa, hem ýalan taňrylara sežde etmek ýa-da ýalan dini däp-dessurlara gatnaşmak islemeýäris. Adamlar ençeme taňrylara sežde edýärler. Biz Ýehowa şolaryň biri hökmünde garamaly däl ýa-da ony taňrylaryň iň beýigi we güýçlüsi hasaplamaly däl. Biz diňe Ýehowa sežde etmeli (Ylham 4:11-i okaň).
11 Danyýel kitabynda ýewreý ýigitleri Danyýel, Hananýa, Mişaýyl we Azarýa barada gürrüň berilýär. Olar patyşanyň saçagyndan iýip-içmekden boýun gaçyryp, Ýehowa doly wepalydyklaryny görkezdiler. Şeýle-de olar Nebukadnesar patyşanyň altyn heýkeline sežde etmediler. Bu olaryň nämäni wajyp saýandyklaryny görkezýär; olar dini ynançlaryndan asla el çekmek islemeýärdiler (Dan. 1:1—3:30).
12. Ýehowa doly wepaly bolmak islesek nämeden seresap bolmaly?
12 Ýehowa doly wepaly bolmak üçin, biz hiç bir zadyň Oňa edýän seždämiziň ornuny eýelemegine ýol bermeli däl. Bulara nämeler degişli? Ýehowa halkyna on tabşyrygy berende, ondan başga hiç bir hudaýa sežde etmeli däldigini we butparazlygyň ähli görnüşinden gaça durmalydyklaryny aýan etdi (Kan. tag. 5:6—10). Şu günler butparazlygyň ençeme görnüşi bar, olaryň käbirini hatda anyklamak hem kyn bolýar. Ýehowa «ýeke-täk» Hudaý bolandygy üçin talaplary hiç haçan üýtgemeýär. Geliň, Musanyň sözleriniň biziň üçin näme aňladýandygyny bileliň.
13. Haýsy zatlar Ýehowa bolan söýgimiziň ornuny eýeläp biler?
13 Koloslylar 3:5-i okaň. Bu aýatda mesihçilere Ýehowa bilen dostlugyna zyýan ýetirýän işlerden gaça durmak maslahat berilýär. Üns beren bolsaňyz, aýatda açgözlük butparazlyk bilen bile agzalýar. Şol sebäpli biz baýamak ýa-da gowy şertlerde ýaşamak ýaly islegleriň ýüregimizde kök urmagyna ýol bermeli däl. Ýogsam, şol zatlar Hudaýa edýän gullugymyzyň ornuny eýeläp biler. Emma biz aýatda agzalýan beýleki günäli işleriň hem açgözlük we butparazlyk bilen baglydygyny görýäris. Bu zatlar aňsatlyk bilen biziň Hudaýa bolan söýgimiziň ornuny eýeläp bilýär. Eýsem, biz olaryň «ýeke-täk» Hudaýymyz Ýehowa bilen dostlugymyza zyýan ýetirmegine ýol bererismi? Elbetde, ýok.
14. Ýahýa resul nähili duýduryş berdi?
14 Ýahýa resul şeýle duýduryş berdi: «Dünýäni-de, dünýädäki zatlary-da söýmäň. Dünýäni söýýän adam Atany söýýän däldir. Sebäbi dünýädäki zatlar — ten höwesleri, göz höwesi we zadyňa öwünmeklik — Atadan däl-de, bu dünýädendir» (1 Ýah. 2:15, 16). Biz bu aýatdaky maslahata eýerip, dynç almak, dost saýlamak, egin-eşik ýa-da daş keşp meselesinde dünýäniň täsirine düşmez ýaly özümizi çynlakaý barlamaly. Şeýle-de dünýäni söýmeklige «çendenaşa» köp zat edinmek, ýagny ýokary bilim almak islegi hem degişli (Ýer. 45:4, 5). Biz täze dünýäniň bosagasynda durus. Şol sebäpli Musa pygamberiň ylhamlanyp aýdan sözlerini ýatda saklamaly. Eger biz Ýehowanyň «ýeke-täk» hak Hudaýdygyna düşünip, ýürekden iman etsek, oňa doly wepaly bolarys we onuň isleýşi ýaly gulluk edip bileris (Ýew. 12:28, 29).
AGZYBIRLIGI SAKLAŇ
15. Pawlus resul mesihçilere Ýehowanyň «ýeke-täk» Hudaýdygyny näme üçin ýatlatdy?
15 Ýehowa «ýeke-täk» diýilmeginiň ýene bir sebäbi, biziň oňa bir maksat bilen agzybir sežde etmelidigimizi görkezýär. I asyrda mesihçiler ýygnagyna ýehudylar, grekler, rimliler we başga-da dürli milletdäki adamlar gelýärdi. Olaryň dini ynançlary, däp-dessurlary we garaýyşlary biri-birinden tapawutlanandygy üçin, käbirlerine hakykaty kabul edip, öňki durmuşyny özgertmek kyn boldy. Ine şol sebäpli Pawlus resulyň mesihçilere Ýehowanyň 1 Korinfliler 8:5, 6-njy aýatlary okaň).
«ýeke-täk» Hudaýdygyny ýatladandygy geň galdyrmaýar (16, 17. a) Şu günler haýsy pygamberlik ýerine ýetýär? b) Ýygnakdaky agzybirligiň bozulmagyna näme sebäp bolup biler?
16 Häzirki mesihçiler ýygnagy barada näme diýse bolar? Işaýa soňky günler barada şeýle pygamberlik etdi: «Köp halklar gelip, şeýle diýerler: „Geliň, Rebbiň dagyna... çykalyň; ýodalaryndan ýörär ýaly, Ol (Ýehowa) bize Öz ýollaryny öwreder“» (Iş. 2:2, 3). Biz bu pygamberligiň ýerine ýetýändigini öz gözümiz bilen görüp, örän begenýäris. Şu günler mesihçiler ýygnagynda dürli milletden, dilden we medeniýetden bolan adamlary görse bolýar. Olar agzybirlikde Ýehowany şöhratlandyrýarlar. Emma käbir zatlar Hudaýa agzybir gulluk etmegimize päsgel berip biler.
17 Meselem, siz başga medeniýetden bolan imandaşyňyza nähili garaýarsyňyz? Belki-de, olaryň dili, geýnişi, özüni alyp barşy we milli naharlary siziňkiden tapawutlanýandyr. Siz olardan özüňizi çetde tutup, diňe öz medeniýetiňizden bolan imandaşlaryňyz bilen gatnaşarsyňyzmy? Ýa-da ýygnagyňyzyň ýaşulularynyň, etrap gözegçisiniň we filial komitetiniň agzalarynyň ýaşy kiçi bolsa, ýa-da olaryň milleti, medeniýeti siziňkiden tapawutlanýan bolsa näme? Siz bu zatlaryň araňyzdaky agzybirligi bozup, Ýehowa bir maksat bilen gulluk etmäge päsgel bermegine ýol berersiňizmi?
18, 19. a) Efesliler 4:1—3-nji aýatlarda nähili maslahat berilýär? b) Ýygnakda agzybirligi saklamak üçin näme etmeli?
18 Bizi bu duzakdan näme gorap biler? Gülläp ösen Efes şäherinde dürli milletden bolan adamlar ýaşaýardy. Pawlus resul şol ýerdäki mesihçilere käbir maslahatlary berdi (Efesliler 4:1—3-nji aýatlary okaň). Üns beren bolsaňyz, Pawlus resul ilki bilen pesgöwünlilik, ýumşaklyk, sabyrlylyk we söýgi ýaly häsiýetleri agzaýar. Bu häsiýetleri jaýyň sütünlerine meňzetse bolýar. Emma sütünler näçe berk bolsa-da, jaýa yzygiderli gözegçilik edip durmasaň, ol öňki durkuny ýitirer. Şol sebäpli Pawlus Efesdäki mesihçilere «mukaddes ruh arkaly alan agzybirligiňizi goramaga jan ediň» diýdi.
19 Biziň ählimiz ýygnakda agzybirligi saklamaga çalyşmaly. Muny nädip etmeli? Ilki bilen, biz Pawlusyň agzan pesgöwünlilik, ýumşaklyk, sabyrlylyk we söýgi ýaly häsiýetlerini ösdürmeli. Soňra «parahatlygy saklap... agzybirligimizi goramaga jan etmeli» we diwary jaýryk atan badyna abatlaýşymyz ýaly, düşünişmezligi hem derrew çözmäge çalyşmaly. Şeýtsek, dogan-uýalaryň arasyndaky parahatlygyň we agzybirligiň has-da berkemegine ýardam ederis.
20. Ýehowanyň «ýeke-täk» Hudaýdygyna ynanýandygymyzy nädip görkezip bileris?
20 Dogrudan-da, «Hudaýymyz Reb ýeke-täk Rebdir» diýen sözler örän ruhlandyrýar! Bu sözler ysraýyllylara Wada edilen diýara girenlerinde ýüze çykan kynçylyklara döz gelmäge kömek etdi. Ol bize-de uly muşakgatda boljak kynçylyklaryň hötdesinden gelip, Jennetde-de dogan-uýalar bilen parahat ýaşamaga kömek eder. Geliň, mundan beýläk-de Ýehowa bütinleý wepaly bolalyň we ony söýüp, ýürekden gulluk edeliň. Şeýle-de dogan-uýalar bilen agzybirligi saklamaga jan edeliň. Şeýtsek, Isanyň: «Atamyň ýalkan adamlary, geliň, dünýäniň başlangyjyndan bäri siziň üçin taýýarlanylan Patyşalygy miras alyň» diýen sözleriniň ýerine ýetişini öz gözümiz bilen göreris (Mat. 25:34).
^ abzas 2 Kanun taglymaty 6:4 Eý ysraýyl halky, gulak goý. Hudaýymyz Reb ýeke-täk Rebdir. 5 Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen, ähli güýjüňiz bilen söýüň.