Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Imandaşlaryňyzyň ýalňyşlyklary sizi büdretmesin!

Imandaşlaryňyzyň ýalňyşlyklary sizi büdretmesin!

«Bir-biriňizi ýürekden bagyşlaň». KOL. 3:13

AÝDYMLAR: 53, 28

1, 2. Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň halkynyň ösüşi barada nähili pygamberlik edildi?

ÝEHOWANYŇ wepaly gullukçylarynyň agzybirligi diýseň haýran galdyrýar! Elbetde, olaram beýleki adamlar ýaly bikämil we käte ýalňyşýarlar. Emma Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen, olaryň sany gitdigiçe köpelýär. Geliň, Ýehowanyň bikämil adamlar arkaly edýän ajaýyp işleriniň käbirine seredeliň.

2 1914-nji ýylda soňky günler başlandy. Şol ýyl Hudaýyň gullukçylarynyň sany gaty azdy. Emma Ýehowa olaryň wagyz işini patalaýardy. Bary-ýogy onlarça ýylyň içinde millionlarça adamlar Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty bilip, Ýehowanyň Şaýady boldular. Ýehowa ruhy ösüşiň has-da ilerlejekdigi hakda şeýle diýdi: «Olaryň iň azy urug bolar, güýçli millet bolar iň ejizi; Men—Reb muny öz wagtynda tiz amal ederin» (Iş. 60:22). Bu pygamberlik şu günler örän uly möçberde ýerine ýetýär. Bütin dünýä boýunça Hudaýyň halkynyň sany köp ýurtlaryň ilat sanyndan hem geçýär.

3. Hudaýyň gullukçylarynyň ýakynyny söýýändigi nämeden görünýär?

3 Şu günler Ýehowa halkyna özüniň esasy häsiýeti bolan söýgini ösdürmäge kömek edýär (1 Ýah. 4:8). Isa-da Hudaýyň söýgi häsiýetinden görelde alýardy. Ol şägirtlerine: «Size täze tabşyryk berýärin: bir-biriňizi söýüň... Eger araňyzda söýgi bolsa, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» diýdi (Ýah. 13:34, 35). Bu häsiýetiň wajypdygyny, esasan-da, geçen asyrda bolan elhenç uruşlar aýdyň görkezýär. Meselem, diňe Ikinji jahan urşunda 55 million adam heläk boldy. Emma Ýehowanyň Şaýatlary şol uruşlara gatnaşmady (Mika 4:1, 3-nji aýatlary okaň) *. Bu olara «ähli adamlaryň ganyndan azat» bolmaga kömek etdi (Res. iş. 20:26).

4. Ýehowanyň halkynyň gitdigiçe köpelýändigi näme üçin haýran galdyrýar?

4 Mukaddes Ýazgylarda «şu dünýäniň taňrysynyň» Şeýtandygy aýdylýar. Muňa garamazdan, Hudaýyň halky şeýle kyn döwürde-de gitdigiçe köpelýär (2 Kor. 4:4). Şeýtan dünýäniň syýasy guramalaryna we habar beriş serişdelerine täsir etse-de, wagyz işine päsgel berip bilmeýär. Emma ol wagtynyň az galandygyny bilip, adamlary hakykatdan daşlaşdyrmak üçin elinde baryny edýär (Ylh. 12:12).

WEPALYLYGYŇ SYNALMAGY

5. Käte başgalaryň özüni alyp barşy bizi näme üçin gynandyryp biler? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

5 Mesihçiler Hudaýy we imandaşlaryny söýmegiň wajypdygyna düşünýärler. Isa-da munuň möhümdigini nygtap geçdi. Ol haýsy tabşyrygyň uludygy barada soranlarynda, şeýle jogap berdi: «„Ýehowa Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň we bütin aň-düşünjäň bilen söý“. Bu birinji we iň wajyp tabşyrykdyr. Ikinji tabşyryk hem şuňa meňzeşdir: „Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý“» (Mat. 22:35—39). Emma Mukaddes Ýazgylardan bilşimiz ýaly, Adam atanyň günäsi sebäpli ählimiz bikämil bolup dogulýarys (Rimliler 5:12, 19-njy aýatlary okaň). Şol sebäpli käte ýygnakdaky dogan-uýalar hem sözi ýa-da hereketi bilen göwnümize degip biler. Şonda biziň Ýehowa we imandaşlarymyza bolan wepalylygymyz synalmagy mümkin. Şeýle ýagdaýda biz näme ederis? Hatda Hudaýyň geçmişdäki wepaly gullukçylary hem sözi ýa-da hereketi bilen başgalaryň göwnüne degdiler. Geliň, Mukaddes Ýazgylarda agzalýan käbir wakalara seredeliň.

Eger siz Eliý bilen onuň ogullarynyň döwründe ýaşan bolsaňyz näme ederdiňiz? (6-njy abzasa serediň)

6. Eliý ogullaryna näme üçin temmi bermelidi?

6 Baş ruhany Eliýiň iki ogly bardy. Olar Ýehowanyň kanunlaryny berjaý etmeýärdiler. 1 Şamuwel 2:12-de: «Eliýiň ogullary ýaramazdylar. Olar Rebbi sylamaýardylar» diýilýär. Eliý hakyky sežde-de esasy orun eýelänem bolsa, onuň iki ogly örän agyr günä edýärdiler. Eliý ony bilse-de, olara çäre görmän, sowuk-sala garady. Netijede, Hudaý Eliýiň tutuş maşgalasyny höküm etdi (1 Şam. 3:10—14). Hatda onuň nesilleri baş ruhany bolup gulluk etmek hormatyndan mahrum boldy. Eger siz şol döwürde ýaşan bolsaňyz, ogullarynyň günäsine göz ýuman Eliý barada näme pikir ederdiňiz? Siz onuň goýberen ýalňyşlygyna büdräp, Hudaýa gulluk etmegiňizi bes ederdiňizmi?

7. Dawut nähili agyr günäleri etdi we Ýehowa Dawuda nähili garady?

7 Ýehowa Dawudy juda gowy görýärdi we oňa «göwnüme ýaraýan adam» diýdi (1 Şam. 13:13, 14; Res. iş. 13:22). Emma Dawut Batşeba bilen zyna edýär we ol göwreli bolýar. Şol wagt Batşebanyň adamsy Uryýa söweşdedi. Ol birnäçe günlük öýüne gelende, Dawut ony aýaly Batşeba bilen ýatmagy üçin öýüne ugradýar. Şeýdip, Dawut özüniň çaganyň kakasydygyny ýaşyrjak bolýar. Emma Uryýa patyşanyň teklibinden ýüz öwürýär. Şonda Dawut onuň söweşde öldürilmegini gurnaýar. Dawut eden etmişiniň ajy miwesini datmaly boldy; onuň öý-içerisi köp betbagtçylyklara sezewar boldy (2 Şam. 12:9—12). Emma Hudaý şonda-da «sap ýüreklilik» ýollaryndan ýörändigi üçin, Dawuda rehimdarlyk bildirdi (1 Pat. 9:4). Eger siz şol döwürde Hudaýyň halkynyň arasynda ýaşan bolsaňyz, bolýan zatlara nähili garardyňyz? Siz Dawudyň eden nädogry işleri zerarly büdrärdiňizmi?

8. a) Petrus beren sözünde näme üçin durmady? b) Ýehowa näme üçin Petrusa merhemet etdi?

8 Geliň, indi Mukaddes Ýazgylarda agzalýan Petrus resul bilen bolan waka seredeliň. Isa ony resullarynyň biri edip saýlaýar. Emma käte Petrus aýdan we eden zatlaryna ökünmeli bolýardy. Meselem, Isanyň ömrüniň iň agyr pursatynda şägirtleriniň ählisi ony taşlap gidýär. Şondan biraz wagt öň, Petrus hatda hemmeler Isadan ýüz öwürse-de, oňa wepaly boljakdygyny aýdypdy (Mar. 14:27—31, 50). Emma Isany tussag etmäge gelenlerinde, resullaryň ählisi, şol sanda Petrus hem ony taşlap gidýär. Hatda ol Isany tanaýandygyny birnäçe gezek inkär edýär (Mar. 14:53, 54, 66—72). Ýöne Petrus eden etmişine ökünendigi üçin, Ýehowa oňa merhemet etdi. Eger siz Isanyň şägirtleriniň arasynda bolan bolsaňyz, Petrusyň goýberen ýalňyşlyklary sebäpli Ýehowa wepaly gulluk etmegiňizi bes ederdiňizmi?

9. Biz Hudaýyň hemişe adalatlylyk edýändigine näme üçin ynanyp bileris?

9 Biz adamlaryň goýberen ýalňyşlyklarynyň başgalary gynandyrandygyny görkezýän käbir wakalara seretdik. Şu günlerem Ýehowanyň käbir gullukçylarynyň özüni alyp barşy başgalary gynandyryp biler. Şeýle ýagdaýda siz näme edersiňiz? Olaryň ýalňyşlyklary sebäpli büdräp, Ýehowadan we imandaşlaryňyzdan daşlaşarsyňyzmy? Ýa-da siz Ýehowanyň olara eden etmişine toba edip düzelmekleri üçin wagt berendigine düşünýändigiňizi görkezersiňiz? Käte agyr günä eden adam Ýehowanyň rehimdarlygyndan ýüz öwrüp, toba etmeýär. Biz Ýehowanyň şeýle adama öz wagtynda çäre görjekdigine, hatda ýygnakdan hem çykarjakdygyna doly ynanyp bileris.

HEMIŞE WEPALY BOLUŇ

10. Iuda bilen Petrusyň eden günäsi Isa Hudaýa wepaly galmaga päsgel berdimi?

10 Mukaddes Ýazgylarda başgalaryň ýalňyşlyklary sebäpli büdremän, gaýtam, Ýehowa wepaly galan adamlar barada gürrüň berilýär. Meselem, Isa 12 resulyny saýlamazdan öň, bütin gijäni Atasyna doga edip geçirdi. Resullaryň arasynda Iuda Iskariot hem bardy. Soňra ol Isa dönüklik edýär. Petrus bolsa Isany üç gezek inkär edýär. Emma Isa bu zatlaryň gökdäki Atasy Ýehowa bilen dostlugyna zyýan ýetirmegine ýol bermedi (Luka 6:12—16; 22:2—6, 31, 32). Sebäbi ol muňa Ýehowanyň ýa-da onuň halkynyň günäkär däldigini bilýärdi. Şägirtleriniň käbiri ony gynandyrsa-da, ol özüne tabşyrylan işleri wepaly ýerine ýetirýärdi. Ýehowa bolsa ony ölümden direldip, gökdäki Patyşalygynyň patyşasy bolmak sylagyny berdi (Mat. 28:7, 18—20).

11. Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň häzirki gullukçylary barada näme diýilýär?

11 Isa Ýehowa we onuň halkyna doly ynanýardy, ol häzirem olara ynanýar. Dogrudan-da, Ýehowanyň öz halky arkaly edýän ajaýyp işleri diýseň haýran galdyrýar! Şu günler hakykat görlüp-eşidilmedik derejede wagyz edilýär. Bu işi diňe Hudaýyň halky ýerine ýetirýär. Sebäbi başga adamlar Ýehowanyň agzybir halky ýaly onuň görkezmesine eýermeýär. Işaýa 65:14-de Hudaýyň halkynyň arasyndaky ruhy jennet şeýle beýan edilýär: «Bendelerim ýürek şatlygyndan aýdym aýdarlar».

12. Biz imandaşlarymyzyň ýalňyşlyklaryna nähili garamaly?

12 Ýehowanyň gullukçylary adamlara ýagşylyk etmekden şatlyk tapýarlar, sebäbi olar Hudaýyň görkezmesine eýerýärler. Emma Şeýtanyň goly astyndaky dünýäde ýaşaýan adamlar biri-birine ýamanlyk edýärler. Elbetde, Hudaýyň käbir gullukçylarynyň ýalňyşlyklary sebäpli, Ýehowany we onuň halkyny günäkärlemek nädogry bolardy. Biz Ýehowa wepaly bolup, onuň guramasyndaky tertip-düzgüne eýermeli we imandaşlarymyzyň ýalňyşlyklaryna dogry garaýyşda bolmagy öwrenmeli.

ÝALŇYŞLYKLARY HASABA ALMAŇ

13, 14. a) Biz näme üçin biri-birimize sabyrly bolmaly? b) Biz Hudaýyň haýsy wadasyny ýatda saklamaly?

13 Dogan-uýalaryň biri sözi ýa-de hereketi bilen göwnümize degse näme etmeli? Wagyz kitaby 7:9-da: «Tizgahar bolma, çünki gahar akylsyzlaryň gursagynda ornaşýar» diýilýär. Biziň ählimiz Erem bagynda turan pitne sebäpli bikämil bolup dogulýarys. Şondan bäri 6 müň ýyl geçdi. Bikämil adamlar häli-şindi ýalňyşlyk goýberýärler. Ine, şonuň üçinem imandaşlarymyzdan köp zada garaşmasak we olaryň ýalňyşlyklary sebäpli Hudaýyň halkyndan çetleşip, şatlygymyzy ýitirmäge ýol bermesek gowy bolar. Biz dogan-uýalaryň goýberýän käbir ýalňyşlyklary sebäpli büdräp, hatda Ýehowanyň guramasyndan gitmegimiz mümkin. Şeýle ýagdaýda biz diňe bir Hudaýa gulluk etmek hormatyndan mahrum bolman, gelejekde täze dünýäde ýaşamak umydymyzy hem ýitirýäris.

14 Biz şatlygymyzy we umydymyzy gorap saklar ýaly Ýehowanyň: «Ine, Men täze gök, täze dünýä ýaratmakçy, öňki zatlar ýatlanmaz, ýada düşmez» diýen wadasyny hemişe ýatda saklamaly (Iş. 65:17; 2 Pet. 3:13). Geliň, dogan-uýalaryň ýalňyşlyklarynyň bizi bu bereketlerden mahrum etmegine ýol bermäliň!

15. Isa başgalar ýalňyşlyk goýberende näme etmegi maslahat berdi?

15 Heniz täze dünýä gelmändigi üçin, biz göwnümize degenlerinde Hudaýyň isleýşi ýaly hereket etmegi öwrenmeli. Geliň, Isanyň aýdan bir prinsipine seredeliň. Ol: «Siz adamlaryň etmişini bagyşlasaňyz, gökdäki Ataňyz hem sizi bagyşlar» diýdi. Ýadymyzda bolsa Petrus «ýedi gezek» bagyşlamalymy diýip soranda, Isa: «Saňa diýýärin, ýedi gezek däl, 77 gezek» diýip, jogap berdi. Isa şeýle diýmek bilen, göwnümize degen adamlary hemişe bagyşlamalydygyny göz öňüne tutdy. Hawa, biz bagyşlamaga hemişe taýyn bolmaly (Mat. 6:14, 15; 18:21, 22).

16. Ýusup bize nähili görelde galdyrdy?

16 Ýusup hem adamlary bagyşlamak babatda gowy görelde galdyrdy. Ol Ýakubyň aýaly Rahelden bolan iki oglunyň ulusydy. Doganlary Ýusuby ýigrenýärdi, sebäbi kakasy ony juda gowy görýärdi. Bir gezek olar Ýusuby gul edip satýarlar. Aradan ep-esli wagt geçensoň, Müsüriň patyşasy Ýusuby eden ýagşy işleri üçin hormatlap, oňa tutuş ýurdy dolandyrmagy tabşyrýar. Haçanda açlyk düşende, Ýusubyň doganlary iýmit satyn almak üçin Müsüre gelýärler. Şonda Ýusup wezipesinden peýdalanyp, doganlarynyň özüne eden ýamanlygy üçin olardan ar alyp bilerdi. Emma ol doganlarynyň garaýşyny özgerdendigini bilmek isleýärdi. Ol doganlarynyň hakykatdan-da özgerendigini bilende, olara özüni tanatdy. Ýusup olara: «Siz gorkmaň. Men siziň-de, siziň çagalaryňyzyň-da aladasyny ederin» diýdi. Mukaddes Ýazgylarda «Ýusup olara mähirli sözler bilen göwünlik berdi» diýilýär (Gel. çyk. 50:21).

17. Siz adamlaryň ýalňyşlyklaryna nähili garaýyşda bolmak isleýärsiňiz?

17 Bizem başgalaryň göwnüne degmegimiz mümkin. Şol sebäpli hemmämiziň ýalňyşýandygymyzy unutmasak paýhasly bolar. Mukaddes Ýazgylarda göwnüne degen adamyň bilen ýaraşmak maslahat berilýär (Matta 5:23, 24-nji aýatlary okaň). Dogan-uýalar biziň ýalňyşlyklarymyzy hasaba almasa, biz örän begenýäris. Eýsem, bizem olara şeýle etmeli dälmi näme? Koloslylar 3:13-de şeýle diýilýär: «Eger biriniň başga birinden öýkelemäge sebäbi bolsa-da, sabyrly bolup, bir-biriňizi ýürekden bagyşlaň. Ýehowanyň sizi ýürekden bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi ýürekden bagyşlamalysyňyz». 1 Korinfliler 13:5-de bolsa söýýän adam: «Ýalňyşlyklary hasaba alýan däldir» diýilýär. Biz adamlary bagyşlasak, Ýehowa-da bizi bagyşlar. Geliň, ýalňyşlyklary hasaba alman, rehimdarlyk bilen bagyşlaýan gökdäki Atamyzyň göreldesine eýermegi berk ýüregimize düweliň! (Zebur 103:12—14-nji aýatlary okaň).

^ abzas 3 Mika 4:1 Şeýle günler geler, Rebbiň öýüniň duran dagy ähli daglardan belentde bolar, ähli baýyrlardan üstün bolar, halklar oňa tarap eňerler. 3 Reb halklary höküm eder. Uzakdaky güýçli milletleriň dawa-jenjelini çözer; olar gylyçlaryndan azal, naýzalaryndan orak ýasarlar. Millet millete garşy gylyç galdyrmaz, uruş tälimini almazlar indi.