Gaýyň doganlara kömek edişi
I ASYRYŇ ahyrynda Gaý we başga-da mesihçiler käbir kynçylyklara uçraýarlar. Şol döwürde ýalan dini taglymatlary ýaýradyp, dogan-uýalaryň imanyny gowşatjak bolýan we ýygnaklarda bölünişik döredýän adamlar bardy (1 Ýah. 2:18, 19; 2 Ýah. 7). Meselem, Diotref atly dogan Ýahýa resul we başga mesihçiler hakda ýaramaz sözleri ýaýradýardy. Şeýle-de ol aýlanýan gözegçileri myhmançylyga almakdan boýun gaçyryp, başgalary öz yzyna eýertjek bolýardy (3 Ýah. 9, 10). Hut şol wagt hem Ýahýa resul Gaýa hat ýazýar. B. e. 98-nji ýylynda ýazylan bu hata Injilde «Ýahýanyň üçünji haty» diýilýär.
Şeýle kynçylyklara garamazdan, Gaý Ýehowa wepaly gulluk edýärdi. Ol wepalylygyny nädip görkezdi? Biz näme üçin onuň göreldesine eýermek isleýäris? Bu babatda Ýahýanyň haty bize nädip kömek edip biler?
GADYRLY DOSTA ÝAZYLAN HAT
Ýahýa üçünji hatynda özüne resul däl-de, «ýaşuly» diýýär. Şeýle diýmek bilen, ol ýaşynyň bir çene ýetendigini görkezýär. Bu söz onuň ruhy ogly Gaý üçin ýeterliklidi. Sebäbi Gaý ony resul hökmünde kabul edýärdi. Ýahýa resul hatyny «çyn ýürekden söýýän dostum» diýen sözler bilen başlaýar. Soňra oňa jan saglygynyň hem edil ruhy saglygy ýaly berk bolmagyny arzuw edýär. Nähili mähirli we ruhlandyryjy sözler! (3 Ýah. 1, 2, 4).
Ýahýanyň hatynda Gaýyň kimdigi aýdylmasa-da, ol ýygnak ýaşulusy bolan bolmaly. Ýahýa resul Gaýy tanamaýan doganlaryny myhman alandygy üçin öwýär. Şeýdip, ol Gaýyň wepaly dogandygyny nygtaýar. Sebäbi Hudaýyň gullukçylary hemişe-de myhmansöýerligi bilen tapawutlanýardy (Gel. çyk. 18:1—8; 1 Tim. 3:2; 3 Ýah. 5).
Ýahýa resulyň Gaýa aýdan öwgüli sözleri ýygnaklara aýlanýan gözegçi doganlaryň ýygy-ýygydan Ýahýanyň ýanyna barandyklaryny we görüp-eşiden zatlaryny oňa gürrüň berendiklerini görkezýär. Şeýdip, Ýahýa resul ýygnaklarda bolýan zatlardan habarly bolandyr.
Elbetde, aýlanýan gözegçileriň özlerem imandaşlarynyň öýünde galmak isländirler. Sebäbi myhmanhanalar ahlaksyz we ýigrenji işleriň mesgenidi. Üstesine-de, ol ýerde gowy hyzmat etmeýärdiler. Şol
sebäpli, mümkin boldugyndan, doganlar imandaşlarynyň öýünde galýardylar. Hatda syýahat edýän adamlaram dost-ýarlarynyňkyda düşleýärdiler.«HUDAÝYŇ ADYNYŇ HATYRASYNA WAGYZ EDENLER»
Ýahýa resul Gaýy ýene-de myhmansöýer bolmaga ündäp, doganlary «Hudaýa mynasyp tärde ýola salmagyňy haýyş edýär». Ol doganlary ýol üçin gerekli zatlar bilen üpjün etmelidi. Gaý öňem şeýle eden bolmaly. Sebäbi doganlar onuň söýgüsi we imany hakda Ýahýa resula gürrüň beripdiler (3 Ýah. 3, 6).
Gaý missionerleri, Ýahýanyň wekillerini ýa-da aýlanýan gözegçileri myhman alan bolmaly. Nähili bolaýanda-da, olar hoş habaryň hatyrasy üçin janaýaman zähmet çekýärdiler. Ýahýa: «Bu doganlar Hudaýyň adynyň hatyrasyna wagyz edip, adamlardan hiç zada garaşmaýarlar» diýdi (3 Ýah. 7). Görşümiz ýaly, ýygnagyň agzasy bolan bu doganlar gowy garşylanmaga mynasypdy. Ýahýa resul: «Biz şeýle doganlara myhmansöýerlik bildirmäge borçludyrys. Şonda biz bile işleşip, hakykaty goldarys» diýip ýazdy (3 Ýah. 8).
KYN ÝAGDAÝDA BERLEN KÖMEK
Ýahýa hatyny Gaýa diňe sagbolsun aýtmak üçin ýazmady. Ol dörän kyn meseläni çözmäge kömek etmek isleýärdi. Meselem, Diotref atly dogan aýlanýan gözegçileri myhman almaýardy. Ol hatda başgalara-da muny etmäge päsgel berýärdi (3 Ýah. 9, 10).
Wepaly doganlaryň özleri-de hatda mümkinçilik bolaýanda-da, Diotrefiň öýünde galmazdylar. Sebäbi ol men-menlik etmegi gowy görýärdi we Ýahýa resula hormat goýmaýardy. Şeýle-de ol Ýahýa we beýleki doganlar hakda ýaramaz zatlary aýdýardy. Doganlar Diotrefe hiç haçan ýalan mugallym diýmese-de, ol Ýahýa resulyň ygtyýaryna garşy çykýardy. Onuň tekepbirligi we nädogry garaýşy wepaly mesihçidigine şübhe döredýärdi. Diotref bilen bolan waka diňe özüni bilýän we tekepbir adamlaryň ýygnakda bölünişik döredip bilýändigini görkezýär. Şol sebäpli Ýahýa resulyň Gaýa: «Erbetlige däl-de, ýagşylyga eýer» diýen sözleri bize-de degişli (3 Ýah. 11).
ÝAGŞYLYK ETMÄGE DEGERLI SEBÄP
Diotrefden tapawutlylykda Dimitris gowy görelde galdyrdy. Ýahýa ol hakda şeýle diýdi: «Doganlaryň ählisi Dimitris hakda öwgüli sözleri aýdýarlar... Biz hem onuň gowy edim-gylymyna şaýatlyk edýäris. Sen biziň şaýatlygymyzyň hakykatdygyny bilýänsiň» (3 Ýah. 12). Diýmek, Dimitrise Gaýyň kömegi gerek bolan bolmaly. Muňa Ýahýanyň üçünji haty hem güwä geçýär. Gaýa haty Dimitrisiň özi getirip beren bolmaly. Belki-de, Dimitris aýlanýan gözegçi bolup gulluk edendir. Ol Ýahýanyň wekili hökmünde hatdaky sözleri has aýdyň düşündiren bolmaly.
Gaý myhmansöýer dogandy. Onda näme üçin Ýahýa resul ony myhmansöýer bolmaga ündeýär? Belki-de, ol Gaýyň goldawa mätäçdigini duýandyr? Mümkin, Ýahýa resul Gaý Diotrefden çekinýändir öýdüp aladalanandyr. Sebäbi ol doganlary öýüne myhman alýan mesihçileri ýygnakdan çykarjak bolýardy. Her näme-de bolsa, Ýahýa: «Ýagşylyk edýänler Hudaýdandyr» diýen sözler bilen Gaýa teselli berýär (3 Ýah. 11). Bu sözler ýagşylyk etmäge degerli sebäbiň bardygyny görkezýär.
Eýsem, Ýahýanyň haty Gaý dogany mundan beýläk-de myhmansöýerlik bildirmäge höweslendirdimi? Ýahýanyň üçünji haty Hudaýyň ylhamy bilen ýazylandygy üçin
hemmeleri «ýagşylyga eýermäge» höweslendirýär.ÝAHÝANYŇ ÜÇÜNJI HATYNYŇ PEÝDASY
Biz gartaşan we gadyrly doganymyz Gaý hakda köp zat bilmesek-de, oňa ýazylan gysgaça hatdan köp zatlary öwrenýäris.
Birinjiden, biziň köpümiz hakykaty adamlara ýetirmek üçin uzak ýollary söken wepaly dogan-uýalar arkaly eşidendiris. Elbetde, şu günler mesihçileriň ählisi hoş habary uzak ýerlere gidip wagyz etmeýärler. Muňa garamazdan, Gaýyň göreldesine eýerip, bizem aýlanýan gözegçiler we olaryň aýallary ýaly hoş habaryň hatyrasy üçin janaýaman gulluk edýän imandaşlarymyzy goldap hem-de ruhlandyryp bileris. Şeýle-de wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmek üçin başga şähere ýa-da ýurda göçen dogan-uýalara el kömegini berip bileris. Geliň, myhmansöýer bolmagy unutmalyň (Rim. 12:13; 1 Tim. 5:9, 10).
Ikinjiden, ýygnakda gözegçilik edýän doganlaryň ygtyýary şübhä goýulsa, geň galmaly däl. Meselem, Ýahýa we Pawlus resul hem şeýle ýagdaýa uçrapdy (2 Kor. 10:7—12; 12:11—13). Ýöne ýygnakda şeýle kynçylyk dörände, özümizi nähili alyp barmaly? Pawlus Timoteosa şeýle maslahat berdi: «Hudaýyň guly dawalaşmaly däldir, gaýtam, ol hemmeler bilen ýumşak, öwretmäge ukyply, erbetlige sabyrly çydaýan adam bolmaly. Aýdýan zatlaryňa garşy çykýanlara mylakatlylyk bilen görkezme ber». Şeýle ýagdaýda özümizi ýumşak alyp barsak, käbirleri nädogry garaýşyny düzetmäge höweslenerler. Şonda «hakykat bilimine ýeter ýaly, belki-de, Hudaý olara toba etmäge mümkinçilik berer» (2 Tim. 2:24, 25).
Üçünjiden, garşylyklara garamazdan, Ýehowa wepaly gulluk edýän mesihçiler öwgüli sözleri eşitmäge mynasypdyr. Ýahýa resul Gaý dogany ruhlandyryp, dogry işleri edýändigine ynandyrdy. Şu günlerem ýygnak ýaşululary Ýahýanyň göreldesine eýerip, dogan-uýalar «ýadamaz» ýaly, olary ruhlandyryp durmaly (Iş. 40:31; 1 Sel. 5:11).
Ýahýa resulyň Gaýa ýazan haty Injiliň asyl nusgasynda bary-ýogy 219 söz bolup, ol Ýazgylarda iň kiçi kitap hasaplanylýar. Emma onda häzirki mesihçiler üçin hem gymmatly dürdäneler bar.