TERJIMEHAL
Lal bolmagym başgalara öwretmäge päsgel bermedi
Men 1941-nji ýylda 12 ýaşymda suwa çümdürildim. Emma 1946-njy ýyla çenli hakykata doly düşünmeýärdim. Belki-de, siz: «Bu nähili beýle bolýar?» diýýänsiňiz. Geliň, men size özüm barada giňişleýin gürrüň bereýin.
1910-NJY ýylda enem-atam Gruziýanyň Tbilisi şäherinden Kanada göçýärler. Olar Kanadanyň günbataryndaky Pelli (Saskaçewan) obasynyň golaýyndaky kiçiräk fermada ýaşap başlaýarlar. Men 1928-nji ýylda 7 çaganyň iň kiçisi bolup dünýä indim. Kakam dogulmagymdan 6 aý öň, ejem bolsa bäbekkäm aradan çykdy. Şondan biraz wagt geçensoň, gyz doganym Lusi hem 17 ýaşynda aradan çykdy. Şol sebäpli Nik daýym meni we jigi-doganlarymy öz ýanyna aldy.
Bir gezek men ýaňy ýörjen-ýörjen bolup başlanymda, maşgala agzalarym meniň fermamyzdaky bir atyň guýrugyndan tutup durandygymy görýärler. Olar at meni deper öýdüp, gaty gorkdular we meni saklajak bolup gygyrdylar. Arkamda bolandyklary üçin men olary görmeýärdim. Hernä, at maňa zyýan ýetirmedi, emma şonda maşgalamyz meniň eşitmeýändigimi bildiler.
Maşgalamyzyň ýakyn dostlarynyň biri meni lal we ker çagalaryň mekdebine bermegi maslahat berdi. Şonda Nik daýym Saskatundaky (Saskaçewan) lallaryň mekdebine berdi. Mekdep öýümizden birnäçe sagat uzaklykda ýerleşýärdi we bu 5 ýaşly çaga üçin gaty gorkunçdy. Men maşgala agzalarymyzy diňe baýramçylyk günleri we tomus kanikulynda görüp bilýärdim. Wagtyň geçmegi bilen, men lallaryň dilini öwrendim we beýleki çagalar bilen oýnap, wagtymy hoş geçirýärdim.
HAKYKATY ÖWRENÝÄRIN
Gyz doganym Marion 1939-njy ýylda Bil Danylçuga durmuşa çykýar. Olar meni we uýam Frensisi ýanlaryna alýarlar. Maşgalamyzda ilkinji bolup Ýehowanyň Şaýatlary bilen tanşan şolardy. Tomus kanikulynda öýe gelenimde, olar maňa Mukaddes Ýazgylardan öwrenen zatlaryny gürrüň
berýärdiler. Dogrumy aýtsam, lallaryň dilini bilmeýändikleri üçin, olar bilen gürrüňdeş bolmak maňa kyn bolýardy. Emma olar meniň ruhy zatlara bolan söýgimiň güýçlüdigini duýan bolmaly. Men olaryň Mukaddes Ýazgylara görä ýaşaýandyklaryna düşündim. Şol sebäpli olar bilen wagyz etmäge gidýärdim. Şondan biraz wagt geçensoň, men suwa çümdürilmek isleýändigimi aýtdym. 1941-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Bil meni demir gapda suwa çümdürdi. Suw guýudan alnandygy üçin buz ýalydy.1946-njy ýylyň tomsunda men öýümize gelenimde, maşgalamyz bilen Kliwlendde (ABŞ, Ogaýo ştaty) geçirilen kongrese gatnaşdyk. Kongresiň birinji güni uýalarym aýdylýan pikirleri maňa ýazyp berdiler. Ýöne ikinji gün men ýörite lallaryň diline terjime edilýändigini bildim. Men muňa diýseň begendim. Şeýdip, men kongresde aýdylýan zatlara doly düşündim. Mukaddes Ýazgylardaky hakykata aýdyň düşünmek nähili gowudy!
HAKYKATY ÖWREDÝÄRIN
II Jahan urşy ýaňy tamamlanypdy, emma adamlaryň arasynda milletparazlyk möwç urýardy. Kongresden gelenimden soň, men mekdepde imanymy goramagy ýüregime düwdüm. Şol sebäpli baýdaga tagzym etmegi we döwlet gimnini aýtmagy bes etdim. Şeýle-de men baýramçylyklara we buthanada edilýän işlere gatnaşmaýardym. Bu bolsa mugallymlara ýaramady. Olar meni gorkuzyp we mekir ýollar bilen garaýşymy üýtgetjek boldular. Bularyň bary klasdaşlarymyň arasynda galagopluk turuzdy, emma bu maňa güwälik etmäge gowy mümkinçilik berdi. Netijede, klasdaşlarym Larri Androsof, Norman Ditrik we Emil Şnaýder dagylar hakykaty kabul etdiler. Olar häzire çenli Ýehowa wepaly gulluk edýärler.
Men başga şäherlere baranymda, hemişe lal adamlara wagyz etmäge mümkinçilik gözleýärdim. Meselem, Monreal şäherinde lallaryň ýygnanyşýan ýerine baryp, olaryň ýolbaşçysy Eddi Tager atly bir oglana wagyz etdim. Ol Lawalda (Kwebek) lallaryň ýygnagynda gulluk etdi we geçen ýyl aradan çykdy. Şeýle-de men Huan Ardanez atly bir oglana duşdum. Ol gadymy Weriýa şäheriniň ýaşaýjylary ýaly Ýazgylary çuňňur özleşdirmegi gowy görýärdi (Res. iş. 17:10, 11). Ol hem hakykaty kabul edip, ömrüniň ahyryna çenli Ottawadaky (Ontario) ýygnakda wepaly ýaşuly bolup gulluk etdi.
1950-nji ýylda men Wankuwer şäherine göçdüm. Men lal adamlara wagyz etmegi gowy görsem-de, bir gezek köçede Kris Spaýser atly bir eşidýän aýala wagyz edendigim hiç ýadymdan çykmaýar.
Ol biziň žurnallarymyza ýazylmaga razylaşyp, soňra ýoldaşy Gerä wagyz etmegi haýyş etdi. Men olaryň öýüne baranymda hat üsti bilen uzak wagtlap gürrüňdeş bolduk. Geň galaýmaly, birnäçe ýyldan men olara Torontoda (Ontario) geçirilen kongresde duşdum. Geri hut şol gün suwa çümdürilmeli eken. Bu maňa hemişe wagyz etmegiň wajypdygyny ýatlatdy. Sebäbi hakykat tohumynyň nirede ýa-da haçan kök urjakdygyny bilmeýärsiň.Men ýene-de yzyma Saskatuna göçüp bardym. Ol ýerde bir aýal menden iki lal gyzy bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmegi haýyş etdi. Jeýn bilen Joanna Rozenberger meniň okan mekdebime gatnaýan eken. Biraz wagtdan olar öwrenen zatlaryny klasdaşlary bilen paýlaşýarlar. Netijede, bäş klasdaşy Ýehowanyň Şaýady boldy. Olaryň biri Ewnika Kolindi. Men ony ilkinji gezek mekdepde gutardyş ýylymda görüpdim. Şonda ol maňa bir kemput berip, meniň bilen dostlaşmak isleýändigini aýdypdy. Geň galaýmaly, ol dogrudanam, meniň durmuşymda iň ýakyn adam, ýagny aýalym boldy!
Ewnikanyň ejesi gyzynyň okuw geçýändigini bilende mekdebiň müdirine aýdýar. Müdir hatda Ewnikanyň okuw geçýän kitaplaryny elinden alýar. Emma Ewnika Ýehowadan ýüz öwürmekçi däldi. Ol ene-atasyna suwa çümdüriljek bolýandygyny aýdanda, olar: «Ýehowanyň Şaýady bolan günüň şu öýden gidersiň!» diýýär. Ewnika 17 ýaşynda öýünden gidýär. Ony Ýehowanyň Şaýady bolan bir maşgala öýüne alyp, mähir bilen aladasyny edýär. Ol okuwyny dowam edýär, soňra bolsa suwa çümdürilýär. 1960-njy ýylda biz durmuş guranymyzda, Ewnikanyň ene-atasy toýumyza-da gelmediler. Emma birnäçe ýyl geçende, olar biziň dini ynançlarymyza hormat goýup başladylar we
çagalarymyzy hakykat ýolunda terbiýelemäge garşylyk görkezmediler.ÝEHOWA ALADAMY ETDI
Biz lal bolsak-da, ogullarymyzyň ýedisem gepläp bilýärler. Bu aňsat bolmasa-da, biz olara lallaryň dilini öwretmek üçin elimizde baryny etdik. Şol sebäpli biz olar bilen gepleşip we hakykaty öwredip bilýärdik. Dogan-uýalaram bize köp kömek etdiler. Meselem, bir gezek bize oglumyzyň Ýygnak jaýynda hapa söz aýdandygyny habar berdiler. Biz oňa şol bada käýäp, temmi berdik. Häzir dört oglumyz, ýagny Jeýms, Jerri, Nikolas we Stiwen aýallary bilen bile Ýehowa wepaly gulluk edýärler. Olaryň dördüsem ýygnak ýaşulusy. Nikolas bilen aýaly Debora Britaniýanyň Beýtelinde lallaryň dilinde terjimeçi bolup gulluk edýärler. Stiwen bilen aýaly Şanon ABŞ-daky Beýtelde edebiýatlary lallaryň dilinde terjime etmäge kömek edýärler.
Ogullarym Jeýms, Jerri we Stiwen aýallary bilen dürli ýollar arkaly lal adamlara kömek edýärler
Durmuş guranymyza 40 ýyl dolmagyna bir aý galanda, Ewnika rak keselinden aradan çykdy. Ol keseline mertlik bilen döz geldi. Onuň direlişe bolan imany gaty berkdi. Men direlişde onuň bilen görüşjek günlerime sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.
2012-nji ýylyň fewral aýynda men ýykylyp, çüýjük süňkümi döwdürdim. Indi maňa kömek gerekdi. Şol sebäpli bir oglumyň ýanyna göçüp bardym. Biz bile Kalgaridäki lallaryň dilindäki ýygnaga gatnaýarys. Men ol ýerde ýygnak ýaşulusy bolup gulluk edýärin. Dogrumy aýtsam, men birinji sapar lallaryň dilinde geçirilýän ýygnagyň agzasy boldum. Eýsem, men şunça ýyllap, ýagny 1946-njy ýyldan bäri nädip ruhy taýdan berk galandyryn öýdýärsiňiz? «Ýetimiň kömekçisi» Ýehowa beren wadasynda durdy (Zeb. 10:14). Maňa kömek etmek üçin ýazyp, lallaryň dilini öwrenip we şol dilde terjime edip beren dogan-uýalara örän minnetdar.
Dogrumy aýtsam, aýdylan zatlara düşünmedik ýa-da lallaryň zerurlyklarynyň kän bir ähmiýeti ýok ýaly bolup görnende, men käte ruhdan düşýärdim. Şeýle ýagdaýda men Petrus resulyň Isa: «Halypam, biz nirä gideli? Ebedi ýaşaýyş berýän sözler sende ahyryn» diýen sözleri hakda oýlanýardym (Ýah. 6:66—68). Menem beýleki lal dogan-uýalar ýaly sabyrly bolmagy öwrendim. Ýehowa we onuň guramasyna garaşmagyň peýdalydygyna göz ýetirdim. Häzir men öz dilimde ruhy iýmiti bolluk bilen alýaryn we lallaryň dilinde geçirilýän ýygnaklara hem-de kongreslere gatnap, gürrüňdeşlikden lezzet alyp bilýärin. Dogrudanam, beýik Hudaýymyz Ýehowa gulluk edip, özümi diýseň bagtly hasaplaýaryn.