Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Mysapyrlara» Ýehowa «begenç bilen gulluk etmäge» kömek ediň

«Mysapyrlara» Ýehowa «begenç bilen gulluk etmäge» kömek ediň

«Reb mysapyrlary goraýandyr». ZEB. 146:9

AÝDYMLAR: 25, 73

1, 2. a) Käbir dogan-uýalar nähili kynçylyklary başdan geçirýärler? b) Şu makalada haýsy soraglara serederis?

DOGANYMYZ Lije şeýle ýatlaýar: «Burundide graždanlyk urşy başlanda, biz maşgalamyz bilen kongresdedik. Adamlar biri-biri bilen atyşyp, dumly-duşa gaçýardy. Biz ejem, kakam we 11 sany jigi-doganlarym bolup gaçdyk, ýanymyza diňe gerek-ýarak zatlarymyzy aldyk. Maşgalamyzyň käbir agzalary 1 600 km ýol ýöräp, Malawidäki gaçgaklaryň lagerine bardylar. Galanymyz bolsa başga ýerlere gitdik».

2 Bütin dünýä boýunça uruşlar we yzarlamalar sebäpli öýüni taşlap gaýdan adamlaryň sany häzir 65 milliondan geçdi. Bu öň görlüp-eşidilen zat däldi *. Olaryň arasynda müňlerçe Ýehowanyň Şaýatlary hem bar. Köpleri dogan-garyndaşlaryny, bar emlägini diýen ýaly ýitirdiler. Olar ýene nähili kynçylyklary başdan geçirýärler? Biz olara Ýehowa «begenç bilen gulluk etmäge» nädip kömek edip bileris? (Zeb. 100:2). Şeýle-de Ýehowany tanamaýan gaçgaklara hoş habary nädip netijeli wagyz edip bileris?

GAÇGAKLARYŇ DURMUŞY

3. Isa we şägirtleriniň köpüsi näme üçin gaçgaklykda ýaşamaly boldular?

3 Ýehowa perişdesi arkaly Ýusuba Hirodes patyşanyň Isany öldürjek bolýandygyny habar berende, ol aýalyny we çagasyny alyp, Müsüre gaçýar. Olar tä Hirodes patyşa ölýänçä, şol ýerde gaçgak bolup ýaşaýarlar (Mat. 2:13, 14, 19—21). Şondan onlarça ýyl geçende, Isanyň şägirtleri yzarlamalar sebäpli «Ýahuda we Samariýa dargadylar» (Res. iş. 8:1). Isa şägirtleriniň köpüsiniň mejbury ýagdaýda öýüni terk etmeli boljakdygyny öňünden aýdyp: «Sizi bir şäherde yzarlasalar, başga şähere gaçyň» diýdi (Mat. 10:23). Hawa, gaçgaklykda ýaşamak gaty kyn.

4, 5. a) Öýüni terk etmäge mejbur bolan adamlar nähili howply ýagdaýlary başdan geçirýärler? b) Gaçgaklaryň lagerinde ýaşaýanlar nähili kynçylyklara uçraýarlar?

4 Öýüni terk etmäge mejbur bolan ýa-da gaçgaklaryň lagerinde ýaşaýan adamlar howply ýagdaýlary başdan geçirmekleri mümkin. Makalanyň başynda agzalan doganymyz Lijeniň jigisi Gad şeýle ýatlaýar: «Biz birnäçe hepdeläp ýöremeli bolduk, ýolda ýüzlerçe adamlar öldi. Şonda men bary-ýogy 12 ýaşymdadym. Aýaklarym şeýle bir çişdi welin, ýöremäge-de halym galmady. Ýakynlaryma ýoly mensiz dowam etmeklerini aýdanymda, kakam maňa kömek etdi. Ol meniň gozgalaňçylaryň eline düşmegimi islemeýärdi. Biz Ýehowa doga edýärdik we oňa bil baglaýardyk. Käte diňe ýoluň ugrunda ösüp duran mangolary iýýärdik. Şeýdip, biz zordan diri galdyk» (Flp. 4:12, 13).

5 Lijeniň maşgala agzalarynyň köpüsi birnäçe ýyllap BMG-niň gaçgaklar üçin lagerinde ýaşadylar. Emma ol ýerde ýaşamak örän howpludy. Lije häzir etrap gözegçisi bolup gulluk edýär. Ol lagerdäki ýaşaýyş hakda şeýle gürrüň berýär: «Adamlaryň köpüsi işsizdi. Olar gep-gybat edýärdiler, içýärdiler, humarly oýunlary oýnaýardylar, ogrulyk we ahlaksyzlyk edýärdiler». Ýehowanyň Şaýatlary bolsa özlerini erbet täsirden goramak üçin ruhy işler bilen meşgullanýardylar (Ýew. 6:11, 12; 10:24, 25). Olar ruhy saglygynyň aladasyny edip, wagtyny peýdaly geçirmek üçin jan edýärdiler, köpüsi pioner bolup gulluk edýärdi. Olar çölde sergezdan bolup ýaşan ysraýyllylary ýatlap, lagerdäki durmuşynyň ahyrsoňy tamamlanjakdygyna ynanýardylar. Bu olara dogry garaýşy saklamaga kömek etdi (2 Kor. 4:18).

GELMIŞEKLERE SÖÝGI BILDIRIŇ

6, 7. a) Ýehowa bolan söýgimiz imandaşlarymyz üçin näme etmäge höweslendirýär? b) Mysal getiriň.

6 Esasan-da, agyr ýagdaýlarda Hudaýa bolan söýgi birek-birege söýgi bildirmäge höweslendirýär (1 Ýahýa 3:17, 18-nji aýatlary okaň). I asyrda ýehudy mesihçileri açlykdan ejir çekende, dogan-uýalar olara kömek etdiler (Res. iş. 11:28, 29). Pawlus bilen Petrus resul hem mesihçilere myhmansöýer bolmagy ündedi (Rim. 12:13; 1 Pet. 4:9). Eger mesihçiler asudalykda ýaşaýan dogan-uýalary myhmançylyga çagyrýan bolsa, onda howply ýagdaýda ýaşaýan ýa-da imany zerarly yzarlanýan imandaşlaryna myhmansöýerlik bildirmeli dälmi näme?! * (Süleýmanyň tymsallary 3:27-ni okaň).

7 Ýaňy-ýakynda Ukrainanyň gündogarynda ýaşaýan müňlerçe Ýehowanyň Şaýatlary harby çaknyşyklar we yzarlamalar sebäpli öýüni taşlap gaýtmaly boldular. Gynansak-da, käbir dogan-uýalary öldürdiler. Emma olaryň köpüsini Ukrainadaky we Russiýadaky dogan-uýalar öz öýüne kabul etdiler. Olar iki ýurtda-da dünýäniň syýasy işlerine goşulman, bitaraplygyny sakladylar we hoş habary yhlasly «wagyz edýärdiler» (Ýah. 15:19; Res. iş. 8:4).

IMANYNY BERKITMÄGE ÝARDAM EDIŇ

8, 9. a) Gaçgaklar baran ýerlerinde nähili kynçylyklara uçramaklary mümkin? b) Biz näme üçin olara sabyrly bolup kömek etmeli?

8 Käbir adamlar öz ýurdunyň içinde gaçgaklykda ýaşasa, başgalary ýat ýurtda gaçgak bolup ýaşamaga mejbur bolýarlar. Hatda hökümetler olary iýmit, egin-eşik we ýaşar ýaly ýer bilen üpjün etse-de, öňki öwrenişen iýmitleri elýeterli bolmazlygy mümkin. Yssy ýurtdan gelen gaçgaklara sowuk howa öwrenişmek kyn bolýar, olar nädip geýinmelidigini hem bilýän däldirler. Eger oba ýerden gelen bolsalar, onda öýde ulanylýan tehniki enjamlardan baş çykarmak olara kyn bolup biler.

9 Käbir hökümetler gaçgaklara täze ýagdaýa öwrenişmäge kömek edýärler. Muňa garamazdan, olar başda birnäçe aýlap öz gününi özleri görmeli bolýarlar. Bu ýagdaýlara döz gelmek aňsat däl. Meselem, täze dili öwrenmek, ýurduň kanunyna öwrenişmek, özüňi alyp barmak, salgyt, töleg tölemek, mekdebe gatnamak, çagalara terbiýe bermek ýaly zatlar bilen bagly kynçylyklar bolup biler. Siz şeýle kynçylyklara uçran dogan-uýalaryň mertebesini peseltmän, sabyrly bolup kömek edermisiňiz? (Flp. 2:3, 4).

10. Biz gaçgak dogan-uýalara imanyny berkitmäge nädip kömek edip bileris? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

10 Hökümet ýolbaşçylary käte gaçgak bolup gelen doganlara ýerli dogan-uýalar bilen gatnaşyk etmäge päsgelçilik döredýärler. Eger olar ýygnaga barmaga päsgel berýändigi üçin hökümetiň teklip edýän işinden ýüz öwürseler, olara pul kömeginiň ýa-da ýaşamak üçin jaýyň berilmejekdigini aýdýarlar. Gynansak-da, käbir dogan-uýalar ejizläp we gorkudan ýaňa olaryň teklibini kabul etdiler. Şol sebäpli gaçgak doganlar gelen badyna, olardan derrew habar tutmaly. Olara aladasynyň edilýändigini duýmaga kömek edeliň! Biz duýgudaşlyk bildirsek we el kömegini bersek, olaryň imanyny berkideris (Sül. tym. 12:25; 17:17).

EL KÖMEGINI BERIŇ

11. a) Gaçgak dogan-uýalar esasan nähili kömege mätäç? b) Olar imandaşlaryna nädip minnetdar bolup bilerler?

11 Ilki bilen, biz dogan-uýalaryň iýmit, egin-eşik ýaly esasy gerek zatlarynyň aladasyny etmeli *. Hatda galstuk ýaly ýönekeýje sowgat hem olaryň göwnüni göterip biler. Gaçgak dogan-uýalar hem imandaşlaryndan köp zada garaşman, berilýän kömegi minnetdarlyk bilen kabul etseler, olara bermekden şatlyk tapmaga kömek ederler. Eger olar başgalaryň hasabyna ýaşasalar, özüne bolan hormatyny ýitirmekleri we dogan-uýalar bilen gatnaşygyna-da zyýan ýetirmekleri mümkin (2 Sel. 3:7—10). Her näme-de bolsa, olaryň biziň kömegimize mätäçdigini unutmalyň.

Biz gaçgak dogan-uýalarymyza nädip kömek edip bileris? (11—13-nji abzaslara serediň)

12, 13. a) Biz gaçgaklara nähili kömegi berip bileris? b) Mysal getiriň.

12 Gaçgaklaryň aladasyny etmek üçin köp pul däl-de, köp wagt sarp etmeli bolýar. Meselem, haýsy ulaga münmegiň amatlydygyny, arzan bahadan ýokumly ir-iýmişleri ýa-da gazanç etmek üçin gurallary nireden alyp bolýandygyny aýdyp bilersiňiz. Emma iň esasy zat, olara täze ýygnaga öwrenişmäge kömek ediň. Eger mümkin bolsa, ýygnaga bile gitmegi teklip ediň. Şeýle-de hoş habary ýerli ýagdaýa görä nädip wagyz etmelidigini düşündiriň we bile wagza çykyň.

13 Dört sany ýaş gaçgak dogan bir ýygnaga gelenlerinde, Ýehowa ünsüni bölmän gulluk edip biler ýaly, ýaşulular olara ulag sürmegi, kompýuterde ýazmagy we işe girmek üçin resmi kagyzlary doldurmagy öwretdiler (Gal. 6:10). Tiz wagtdan olaryň dördüsi hem pioner gullugyna başladylar. Elbetde, olaryň özlerem tagalla etdiler. Bu olara öňünde goýan maksatlaryna ýetmek üçin ruhy taýdan berkemäge we Şeýtanyň dünýäsiniň täsirine düşmezlige kömek etdi.

14. a) Gaçgak dogan-uýalar nämeden seresap bolmaly? b) Mysal getiriň.

14 Gaçgak dogan-uýalaram beýleki mesihçiler ýaly Ýehowa bilen dostlugyna zyýan ýetirýän maddy zatlaryň küýüne düşmekden seresap bolmaly *. Gaçgaklykda ýaşan Lije we onuň jigi-doganlary kakasynyň göreldesiniň imanlaryny berkitmäge kömek edendigini ýatlap, şeýle diýýärler: «Ol biziň ýanymyz bilen alan wajyp bolmadyk zatlarymyzy bir-birden zyňyp başlady. Ahyrsoňy, sumka boşanda, ýylgyryp: „Görýäňizmi, bize köp zat geregem däl eken“ diýdi» (1 Timoteos 6:8-i okaň).

IŇ GEREKLI KÖMEGI BERIŇ

15, 16. a)Biz gaçgaklara nädip ruhy taýdan kömek edip bileris? b) Olara nädip duýgudaşlyk bildirip bileris?

15 Gaçgaklykda ýaşaýan adamlar, esasan, ruhy we duýgy taýdan kömege mätäç bolýar (Mat. 4:4). Ýaşulular olara öz dilindäki edebiýatlary we şol dilde gepleýän doganlary tapmaga kömek edip bilerler. Gaçgaklaryň köpüsi dogan-garyndaşlaryndan, öz ilinden we ýygnagyndan aýra düşendikleri üçin, Ýehowanyň söýgüsine has-da mätäç. Şol sebäpli olara duýgudaşlyk bildirmeli, ýogsam, olar Ýehowa iman etmeýän garyndaşlary ýa-da ildeşleri bilen ýakyn gatnaşyk edip başlarlar (1 Kor. 15:33). Eger biz olara ýygnakda özlerini gerekli duýmaga kömek etsek, «mysapyrlary goraýan» Ýehowa bilen hyzmatdaşlyk etmek hormatyna eýe bolarys! (Zeb. 146:9).

16 Gaçgak dogan-uýalaryň hem Isa we ene-atasy ýaly köp wagtlap yzyna dolanyp bilmezligi mümkin. Lije doganymyz şeýle ýatlaýar: «Maşgala agzalarynyň zorlanandygyny we öldürilendigini gören ene-atalaryň köpüsi çagalaryny yzyna alyp gitmek islemeýärler». Şeýle agyr kynçylyklary başdan geçiren imandaşlaryna kömek etmek üçin, ýerli dogan-uýalar «duýgudaş, rehimdar, pesgöwünli bolup... doganlyk söýgüsini» bildirýärler (1 Pet. 3:8). Yzarlamalar sebäpli käbir gaçgak dogan-uýalar başgalara goşulyp bilmeýärler, olar başyna düşen elhenç zatlary hakda, esasan-da, çagalarynyň ýanynda gürrüň etmäge çekinmekleri mümkin. Biz özümize şeýle sorag berip bileris: «Eger şeýle zatlar meniň başyma düşen bolsa, maňa näme edilmegini islärdim?» (Mat. 7:12).

GAÇGAKLARA WAGYZ EDIŇ

17. Hoş habar gaçgak adamlara nädip dynçlyk berýär?

17 Gaçgaklaryň köpüsi öň wagyz işiniň çäklendirilen ýerinde ýaşaýardylar. Indi bolsa yhlasly dogan-uýalaryň kömegi bilen, olaryň müňlerçesi ilkinji sapar «Patyşalyk baradaky habary eşidýärler» (Mat. 13:19, 23). Ençeme «agyr ýükli adamlar» ýygnak duşuşyklaryna baryp, janlaryna aram tapýarlar. Olar: «Hudaý, hakykatdan-da, siziň bilendir» diýýärler (Mat. 11:28—30; 1 Kor. 14:25).

18, 19. Gaçgaklara wagyz edenimizde nädip paýhasly bolup bileris?

18 Gaçgaklara wagyz edenimizde, «seresap» we «paýhasly» bolmaly (Mat. 10:16; Sül. tym. 22:3). Olary sabyrly diňläň, ýöne syýasat bilen bagly gürrüňleri etmäň. Beýteliň we ýerli hökümetiň görkezmesine eýeriň; özüňizi-de, başgalary-da howply ýagdaýa salmakdan ägä boluň. Şeýle-de olaryň dini ynançlaryna we däp-dessurlaryna hormat goýuň. Meselem, käbir ýurtlarda, esasan-da, aýal maşgalanyň salykatly geýinmegi wajyp hasaplanýar. Şol sebäpli gaçgaklara wagyz edenimizde, egin-eşigimize ünsli bolmaly.

19 Isanyň rehimdar samariýaly adam baradaky mysalyndan görnüşi ýaly, bizem horluk çekýän we şol sanda Ýehowanyň Şaýady bolmadyk adamlara kömek etmek isleýäris (Luka 10:33—37). Munuň iň gowy ýoly — olara hoş habary wagyz etmek. Gaçgaklaryň köpüsine kömek eden bir ýaşuly dogan şeýle gürrüň berýär: «Biz özümiziň Ýehowanyň Şaýadydygymyzy, esasan, maddy däl-de, ruhy taýdan kömek edýändigimizi açyk aýtmaly. Ýogsam, olar biziň bilen diňe öz peýdasy üçin gürrüňdeş bolarlar».

BERÝÄN PEÝDASY

20, 21. a) Gaçgaklara söýgimizi bildirsek nähili netije berer? b) Indiki makalada nämä serederis?

20 «Mysapyrlara» söýgimizi bildirsek, gowy netije getirýär. Eritreýada ýaşaýan Alganeş atly uýamyz ýanýoldaşy aýrylanda, yzarlamalar sebäpli alty çagasy bilen bile gaçyp gaýdýar. Olar çölüň içi bilen sekiz gün ýol ýöräp, zordan Sudana gelýärler. Ol şeýle ýatlaýar: «Doganlar bizi edil öz maşgala agzalary ýaly kabul etdiler, olar bize iýmit, egin-eşik we ýol üçin biraz pul berdiler. Eýsem, haýsy dinde gelmişekleri şeýdip kabul edýärler? Diňe Ýehowanyň Şaýatlary!» (Ýahýa 13:35-i okaň).

21 Ene-atalary ýa-da başgalar bilen gaçgak bolup gaýdan çagalaryň köpüsi nähili kynçylyklara uçraýar? Indiki makalada olara Ýehowa «begenç bilen gulluk etmäge» nädip kömek edip bolýandygyna serederis.

^ abzas 2 Şu makalada «gaçgaklar» diýlende, uruşlar, yzarlamalar ýa-da tebigy betbagtçylyklar sebäpli serhetden geçip, başga ýurduň çäginde ornaşan adamlar göz öňünde tutulýar. BMG-niň bosgunlar (gaçgaklar) baradaky Ýokary Komissarlygynyň habar bermegine görä, dünýä boýunça «her 113 adamdan 1-i mejbury ýagdaýda ýurduny taşlap gaýtmaly boldy».

^ abzas 6 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda çykan «Garawul diňi» žurnalyndaky «Nätanyş adama söýgi bildirmegi unutmaň» diýen makalany okap bilersiňiz (sah. 8—12).

^ abzas 11 Gaçgak dogan-uýalar gelen badyna, ýaşulular «Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama» atly kitapda berilýän görkezmä eýermeli (bap 8, abz. 30). Ýaşulular saýtymyzdaky elektron poçtasy arkaly olaryň ýygnak ýaşululary bilen habarlaşyp biler. Olardan habar gelýänçä, gaçgak dogan-uýalaryň ruhy ýagdaýyny bilmek üçin olaryň ýygnagy we gullugy barada ýerlikli soraglary berip bilersiňiz.

^ abzas 14 «Garawul diňi» žurnalyndaky «Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez» we «Batyrgaý boluň, Ýehowa biziň kömekçimiz!» atly makalalary okap bilersiňiz (w14 15/4 sah. 17—26).