Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Söýgiňiz sowamasyn!

Söýgiňiz sowamasyn!

«Kanunsyzlygyň artýandygy sebäpli, köpleriň söýgüsi sowar». MAT. 24:12

AÝDYMLAR: 23, 24

1, 2. a) Isanyň Matta 24:12-däki sözleri esasan kimlere degişli? b) Irki mesihçileriň köpüsiniň söýgüsiniň sowamandygyny Resullaryň işleri kitaby nädip görkezýär? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

ISA «dünýäniň soňuny görkezýän alamatlar» barada aýdanda, «köpleriň söýgüsi sowar» diýdi (Mat. 24:3, 12). I asyrda ýaşan ýehudylar özlerini Hudaýyň halky hasaplasa-da, oňa bolan söýgüsi sowapdy.

2 Emma mesihçileriň köpüsi «Mesih Isa hakda hoş habary wagyz edýärdiler» we Hudaýa, imandaşlaryna hem-de başga adamlara söýgüsini bildirýärdiler (Res. iş. 2:44—47; 5:42). Muňa garamazdan, şägirtleriň käbiri söýgüsiniň sowamagyna ýol berdiler.

3. Käbir mesihçileriň söýgüsi näme sebäpden sowan bolmaly?

3 Direlen Isa Mesih Efesdäki mesihçilere: «Saňa garşy aýtjak bir zadym bar: seniň başdaky söýgiň sowapdyr» diýdi (Ylh. 2:4). Olaryň söýgüsiniň sowamagyna näme sebäp bolduka? Olara dünýäniň garaýşy täsir eden bolmaly (Efes. 2:2, 3). Şu günler köp ýerlerde bolşy ýaly, I asyrdaky Efes şäheri hem erbetlikden doludy. Bu juda baý şäherde adamlar wagtyny hoş geçirmäge, bolçulykda we amatly şertlerde ýaşamaga köp üns berýärdiler. Bu zatlar adamy diňe özüňi bilip ýaşamaga höweslendirýärdi. Şeýle-de haýasyz we ahlaksyz işleriň artmagyna getirdi.

4. a) Söýgimiziň sowamagyna näme sebäp bolup biler? b) Şu makalada nämä serederis?

4 Isanyň «köpleriň söýgüsi sowar» diýen sözleri biziň günlerimizde has uly möçberde ýerine ýetýär. Adamlaryň Hudaýa bolan söýgüsi gitdigiçe sowaýar. Millionlarça adamlar Hudaýdan ýüz öwürýär we kynçylyklaryny çözmek üçin ynsan guramalaryna ýüz tutýarlar. Emma şonda-da adamlaryň söýgüsi gitdigiçe sowaýar. I asyrda Efesdäki ýygnakda bolşy ýaly, şu günlerem mesihçiler özüne bil baglap, söýgüsiniň sowamagyna ýol bermekleri mümkin. Biz şu makalada 1) Ýehowa, 2) Ýazgylardaky hakykata we 3) dogan-uýalara bolan söýgimiziň sowamazlygy üçin näme edip biljekdigimize serederis.

ÝEHOWA BOLAN SÖÝGI

5. Biz näme üçin Hudaýy söýmeli?

5 Isa adamlaryň söýgüsiniň sowajakdygy barada aýdan güni ýene bir wajyp zady belledi. Ol: «„Ýehowa Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň we bütin aň-düşünjäň bilen söý“. Bu birinji we iň wajyp tabşyrykdyr» diýdi (Mat. 22:37, 38). Dogrudan-da, Ýehowa bolan güýçli söýgi onuň tabşyryklaryny berjaý etmäge, çydamly bolmaga we ýamanlygy ýigrenmäge kömek edýär (Zebur 97:10-y okaň). Emma Şeýtan we onuň dünýäsi Hudaýa bolan söýgimizi sowatjak bolýar.

6. Hudaýa söýgüsi sowan adamyň ýagdaýy nähili bolýar?

6 Dünýädäki adamlaryň söýgä bolan garaýşy ýoýlan. Olar Ýaradyjyny däl-de, özlerini söýýärler (2 Tim. 3:2). Şeýtanyň dünýäsinde «ten höwesleri, göz höwesi we zadyňa öwünmeklik» giňden ýaýran (1 Ýah. 2:16). Pawlus resul imandaşlaryny ten höweslerine garşy göreşmäge ündäp: «Ten höwesleri barada pikirlenmeklik ölüme eltýär... Hudaýa duşman edýär» diýdi (Rim. 8:6, 7). Dogrudan-da, maddy zatlara kowalaşýan ýa-da ten höweslerini kanagatlandyryp ýaşaýan adamlar köplenç göwnüçökgünlige düşýärler we özüne köp zyýan ýetirýärler (1 Kor. 6:18; 1 Tim. 6:9, 10).

7. Şu günler mesihçilere nähili howp abanýar?

7 Käbir ýurtlarda ateistler, agnostikler we ewolýusiýa taglymatyna ynanýan adamlar diňe bir Hudaýy söýmezlige höweslendirmän, eýsem, Oňa iman etmezligi öňe sürýärler. Olar Ýaradyja iman edýän adamlary türkana ýa-da bilimsiz hasaplaýarlar. Adamlary Ýaradyjydan daşlaşdyrýan alymlara bolsa hormat goýýarlar (Rim. 1:25). Eger biz olaryň taglymatyna gulak gabartsak, Ýehowadan daşlaşarys we söýgimiz sowar (Ýew. 3:12).

8. a) Ýehowanyň gullukçylarynyň köpüsi nähili kynçylyklary başdan geçirýär? b) 136-njy mezmurda nähili göwünlik beriji sözler bar?

8 Eger biz ruhdan düşsek, Hudaýa bolan imanymyzyň gowşamagyna we söýgimiziň sowamagyna hem ýol bereris. Şeýtanyň zalym dünýäsinde ýaşaýandygymyz üçin, biz ruhdan düşürýän ýagdaýlara uçraýarys (1 Ýah. 5:19). Mümkin, biz garrylyk, keselçilik ýa-da ýeter-ýetmezçilik ýaly kynçylyklara duş gelýändiris. Ýa-da ýaramaz pikirler, tamaň puja çykmagy we kemçiliklerimiz bilen göreşýändiris. Emma biz şeýle ýagdaýlaryň bizi Ýehowadan aýra salmagyna hiç haçan ýol bermeli däl. Gaýtam, Onuň bizi söýýändigi baradaky göwünlik beriji sözleri hakda oýlanmaly. Meselem, Zebur 136:23-de: «Pes ýagdaýdakak bizi ýatlan (Oldur), çünki merhemeti ebedidir» diýilýär. Dogrudan-da, Ýehowanyň wepaly gullukçylaryna bolan söýgüsi sowamaýar. Şol sebäpli biz onuň ahy-nalamyzy eşidýändigine we oňa jogap berjekdigine asla şübhelenmän bileris (Zeb. 116:1; 136:24—26).

9. Pawlusa Hudaýyň söýgüsinde galmaga näme kömek etdi?

9 Mezmurçy ýaly Pawlus resula Ýehowanyň kömegi güýç berýärdi. Ol: «Ýehowa meniň kömekçimdir; men gorkmaryn. Eýsem, adam maňa näme edip bilsin?» diýdi (Ýew. 13:6). Ýehowanyň söýgi bilen edýän aladasy Pawlusa kynçylyklary bilen göreşmäge kömek etdi. Ol erbet ýagdaýlar sebäpli göwnüçökgünlige düşmedi. Aslynda, Pawlus resul türmede otyrka, birnäçe ruhlandyryjy hatlary ýazýar (Efes. 4:1; Flp. 1:17; Flm. 1). Ol ýowuz yzarlamalara uçrasa-da, Hudaýa bolan söýgüsiniň sowamagyna ýol bermedi. Oňa berk durmaga näme kömek etdikä? Ol «ähli kynçylyklarymyzda teselli berýän» «bütin teselliler Hudaýyna» bil baglaýardy (2 Kor. 1:3, 4). Biz nädip Pawlusyň göreldesine eýerip, Ýehowa bolan söýgimizi artdyryp bileris?

Ýehowa bolan söýgimizi görkezeliň (10-njy abzasa serediň)

10. Biz Ýehowa bolan söýgimizi nädip artdyryp bileris?

10 Pawlusyň imandaşlaryna aýdan sözleri Ýehowa bolan söýgimizi artdyrmaga kömek edýär. Ol: «Hemişe doga ediň», «erjellik bilen doga ediň» diýip ýazdy (1 Sel. 5:17; Rim. 12:12). Hudaý bilen doga arkaly gepleşsek, dostlugymyz berkär (Zeb. 86:3). Biz ýagdaýy üýtgedip bilmesek-de, çuň pikirlerimizi we duýgularymyzy Ýehowa aýtmaga ýeterlik wagt sarp etsek, «dogalary eşidýän» Hudaýa ýakynlaşarys (Zeb. 65:2). Ýehowanyň dogalarymyza jogap berýändigini görenimizde, oňa bolan söýgimiz has-da artýar. Şeýle-de onuň «özüni çagyrýanlaryň ählisine... ýakyndygyna» göz ýetirýäris (Zeb. 145:18). Bu bize imanymyz synalanda, Ýehowanyň söýgi bilen goldajakdygyna ynamymyzy artdyrýar.

ÝAZGYLARDAKY HAKYKATA BOLAN SÖÝGI

11, 12. Ýazgylardaky hakykata bolan söýgimizi nädip artdyryp bileris?

11 Biz, mesihçiler hakykata berk ýapyşmaly. Hudaýyň Sözi hakykatyň gözbaşy. Isa Atasyna ýüzlenende: «Seniň sözüň hakykatdyr» diýdi (Ýah. 17:17). Diýmek, Hudaýyň Sözünden dogry bilim alsak, hakykata bolan söýgimiz artar (Kol. 1:10). Emma bilim almak ýeterlikli däl. 119-njy mezmurda hakykata bolan söýginiň näme aňladýandygy düşündirilýär (Zebur 119:97—100-nji aýatlary okaň). Ýazgylardan öwrenen zatlarymyz hakda oýlanmak üçin her gün wagt sarp edýärismi? Eger biz Ýazgylardan öwrenen zatlarymyzyň durmuşda berýän peýdasy hakda oýlansak, hakykata bolan minnetdarlygymyz artar.

12 Mezmurçy sözüni dowam edip: «Sözleriň damagyma nähili süýji! Agzyma baldan hem süýji!» diýdi (Zeb. 119:103). Şonuň ýaly bizem Hudaýyň guramasy arkaly berýän ruhy iýmitinden lezzet alyp bileris. Göçme manyda aýdanyňda, onuň tagamyny duýmaly. Şonda hakykatyň «ýakymly sözlerini» ýadymyza salyp, olary başgalara kömek etmek üçin ulanyp bileris (Wag. 12:10).

13. Ýermeýa pygambere Ýazgylardaky hakykaty söýmäge näme kömek etdi we bu oňa nähili täsir etdi?

13 Ýermeýa pygamber hakykaty söýýärdi. Hudaýyň sözleriniň onuň ýüregine nähili täsir edendigine üns beriň: «Seniň sözleriňi tapyp iýdim. Sözleriň maňa şatlyk, ýüregime begenç berdi. Çünki men Seniň adyň bilen tutuldym, eý, Reb, Hökmürowan Hudaý!» (Ýer. 15:16). Ýermeýa göçme manyda Hudaýyň sözlerini iýýär we ony siňdirmek, ýagny gymmatyna düşünmek üçin oýlanýar. Bu ony Hudaýyň adyny götermek hormatyna minnetdar bolmaga höweslendirdi. Ýazgylardaky hakykata bolan söýgimiz Hudaýyň adyny götermek we şu soňky günlerde Patyşalygy barada wagyz etmek hormatyny gymmat saýmaga höweslendirmeýärmi näme?!

Ýazgylardaky hakykata bolan söýgimizi görkezeliň (14-nji abzasa serediň)

14. Ýazgylardaky hakykata bolan söýgimizi nädip artdyryp bileris?

14 Ýazgylardaky hakykata bolan söýgimizi artdyrmaga ýene näme kömek edip biler? Munuň üçin ýygnak duşuşyklaryna yzygider barmaly. Her hepde geçirilýän «Garawul diňi» duşuşygy Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenmäge kömek edýär. Şol sebäpli oňa gowy taýýarlanmaly, makalada getirilýän her bir aýady açyp okamaly. «Garawul diňi» žurnalyny köp dillerde elýeterli bolan jw.org web-saýtyndan ýa-da JW Library programmasyndan ýükläp bilersiňiz. Käbir elektron enjamlary makalada getirilen aýatlary aňsatlyk bilen açmaga mümkinçilik berýär. Emma biz nähili usul ulansak-da, aýatlaryň her birini ünsli okasak we olaryň üstünde oýlansak, Ýazgylardaky hakykata bolan söýgimiz artar (Zebur 1:2-ni okaň).

DOGAN-UÝALARA BOLAN SÖÝGI

15, 16. a) Ýahýa 13:34, 35-nji aýatlara laýyklykda, biz näme etmäge borçly? b) Dogan-uýalara bolan söýgimiziň Hudaýa we Mukaddes Ýazgylara bolan söýgimiz bilen nähili baglanyşygy bar?

15 Isa ölmeziniň öň ýanyndaky gije şägirtlerine: «Size täze tabşyryk berýärin: bir-biriňizi söýüň; meniň sizi söýşüm ýaly, siz hem bir-biriňizi söýüň. Eger araňyzda söýgi bolsa, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» diýdi (Ýah. 13:34, 35).

16 Dogan-uýalara bolan söýgimiz Ýehowa bolan söýgimiz bilen berk baglanyşykly. Imandaşlarymyzy söýmesek, Hudaýy söýüp bilmeris. Ýahýa resul: «Gözi bilen görýän doganyny söýmedik adam görmeýän Hudaýyny söýüp bilmez» diýdi (1 Ýah. 4:20). Ýehowa we dogan-uýalara bolan söýgimiz bolsa, Mukaddes Ýazgylara bolan söýgimiz bilen berk baglanyşykly. Sebäbi Ýazgylardaky hakykata bolan söýgi ondaky Hudaýy we doganlary söýüň diýen tabşyryga ýürekden gulak asmaga höweslendirýär (1 Pet. 1:22; 1 Ýah. 4:21).

Dogan-uýalara bolan söýgimizi görkezeliň (17-nji abzasa serediň)

17. Biz imandaşlarymyzy söýýändigimizi nädip görkezip bileris?

17 1 Selanikliler 4:9, 10-njy aýatlary okaň. Biz dogan-uýalary söýýändigimizi nädip görkezip bileris? Mümkin, gartaşan dogany ýa-da uýany ulagda ýygnaga äkitmelidir. Dul galan uýamyza öýünde käbir bejeriş işlerini geçirmäge kömek etmelidir (Ýak. 1:27). Ýaş bolsun, ýa garry bolsun, biz göwnüçökgünlige düşen, ýa-da başga kynçylyga uçran dogan-uýalaryň aladasyny edip, ruhlandyryp we teselli berip bileris (Sül. tym. 12:25; Kol. 4:11). Biz imandaşlarymyzyň sözde we işde ýüzünde aladasyny edip, olary ýürekden söýýändigimizi subut edýäris (Gal. 6:10).

18. Dogan-uýalar bilen aramyzda dörän düşünişmezligi çözmäge bize näme kömek eder?

18 Mukaddes Ýazgylarda şu zalym dünýäniň «soňky günlerinde» adamlaryň diňe özüni söýýän we açgöz boljakdygy barada pygamberlik edildi (2 Tim. 3:1, 2). Emma biz Hudaýa, Ýazgylardaky hakykata we bir-birimize bolan söýgimizi artdyrmak üçin köp tagalla etmeli. Elbetde, käte dogan-uýalar bilen aramyzda düşünişmezlik döräp biler. Emma olara bolan söýgimiziň düşünişmezligi parahat ýagdaýda çözmäge kömek edýändigini görmek nähili begendirýär! (Efes. 4:32; Kol. 3:14). Şol sebäpli, geliň, söýgimiziň sowamagyna hiç haçan ýol bermäliň. Gaýtam, Ýehowa, onuň Sözüne we dogan-uýalara bolan söýgimizi has-da artdyralyň.