Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Sada durmuşyň berýän şatlygy

Sada durmuşyň berýän şatlygy

DANIÝEL BILEN MARÝAM 2000-nji ýylyň sentýabr aýynda durmuş gurýarlar. Olar Ispaniýanyň Barselona şäherinde ýaşaýardylar. Daniýel şeýle gürrüň berýär: «Bizem beýleki adamlar ýaly adaty durmuşda ýaşaýardyk. Edýän gazanjymyz bize ady belli restoranlarda naharlanmaga, daşary ýurtda dynç almaga we gymmatbaha egin-eşikleri geýmäge mümkinçilik berýärdi. Şeýle-de biz yhlasly wagyz edýärdik». Emma soňra olaryň durmuşynda özgerişlik bolýar.

2006-njy ýylda geçirilen kongresde aýdylan bir nutuk Daniýele güýçli täsir edýär. Onda şeýle diýlipdi: «Biz „ölüme äkidilýänlere“ ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ýöremäge kömek etmek üçin elimizde baryny edýärismi?» (Sül. tym. 24:11). Bu sorag mesihçileriň Ýazgylardaky gutulyş habaryny wagyz etmäge borçludygyny ýatladýardy (Res. iş. 20:26, 27). Daniýel: «Ýehowa muny hut maňa aýdýan ýalydy» diýip ýatlaýar. Şeýle-de onda köpräk wagyz etmegiň köp şatlyk getirýändigi aýdylypdy. Daniýel bu sözleriň hakykatdygyna düşünýärdi. Sebäbi Marýam pioner bolup gulluk edýärdi we ondan köp şatlyk tapýardy.

Daniýel şeýle diýýär: «Men durmuşymy bütinleý özgertmelidigime düşündim». Ol aýdyşy ýaly-da edýär. Daniýel iş sagadyny azaldyp, pioner gullugyna başlaýar we aýaly Marýam bilen wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmegiň has-da köp şatlyk berjekdigi barada oýlanýar.

KYNÇYLYGYŇ ÖWEZINI DOLAN TOLGUNDYRYJY HABAR

2007-nji ýylyň maýynda Daniýel bilen Marýam işinden çykyp, Panama wagyz etmäge gidýärler. Olar bu ýurda öňem baryp görüpdiler. Olar Karib deňzindäki Bokas-del-Toro adalarynda wagyz edýärdiler. Ýerli ýaşaýjylaryň köpüsi guaými taýpasyndandy. Daniýel bilen Marýam eden gazançlary Panamada sekiz aý gulluk etmäge kömek eder diýip pikir edýärdiler.

Olar bir adadan beýleki ada çenli gaýykda gidýärdiler. Ol ýere baransoňlar bolsa welosipedli wagyz edýärdiler. Birinji gezek olar ýakyp barýan günüň jöwzasynda baýyrlyk ýerlerden welosipedde 32 km ýol sökendiklerini ýatlaýarlar. Şonda Daniýel halys ýadap, tas özünden gidipdi. Olar ýerli halkyň dilini biraz öwrenendigi üçin, ýolda olary guaými taýpasyndan bolan adamlar myhman alýardy. Biraz wagtdan olar 23 sany adam bilen okuw geçip başladylar.

Emma üýşüren pullary gutarandygy üçin yzlaryna gaýtmaly bolanlarynda, olaryň şatlygy gaýga öwrüldi. Daniýel şeýle ýatlaýar: «Biz Ispaniýa dolanmalydygy barada oýlananymyzda, gözümiz ýaşdan dolýardy. Okuw geçýän adamlarymyzy taşlap gitmek bize juda agyr degýärdi». Emma bir aýdan olar tolgundyryjy habar eşidýärler. Marýam şeýle diýýär: «Bizi ýörite pioner edip bellediler. Gullugymyzy ýene-de şu ýerde dowam etmek bizi örän begendirdi!»

HIÇ ZADA DEŇÄP BOLMAÝAN ŞATLYK

2015-nji ýylda guramamyzda bolan özgerişik sebäpli, Daniýel bilen Marýamdan ýöne pioner bolup gulluk etmegi haýyş etdiler. Bu olara nähili täsir etdi? Olar Zebur 37:5-däki: «Ýoluňy (Ýehowa) tabşyr, oňa bil bagla; ol dilegiňi ýerine ýetirer» diýen sözlere eýerdiler. Olar pioner bolup gulluk eder ýaly, özlerine iş tapdylar we häzir Panamanyň Weraguas welaýatyndaky ýygnakda gulluk edýärler.

Daniýel şeýle gürrüň berýär: «Ispaniýadan gaýtmankak, biz sada ýaşap biljekdigimizi hatda göz öňüne-de getirip bilmeýärdik. Häzir bolsa sada ýaşaýandygymyza asla ökünmeýäris». Özlerini näme üçin şeýle bagtly duýýandyklaryny soranlarynda, olar: «Pesgöwünli adamlara Ýehowa hakda öwretmekden alýan şatlygyňy hiç zada deňäp bolmaýar!» diýip jogap berýärler.