Duşmanyňyzy gowy tanaň
«Biz (Şeýtanyň) hilelerinden habarsyz däldiris». 2 KOR. 2:11
AÝDYMLAR: 133, 27
1. Ýehowa Erem bagynda duşmanymyz barada nämäni aýan etdi?
ADAM ata ýylanyň gepläp bilmeýändigini gowy bilýärdi. Şol sebäpli ol ýylan arkaly How ene bilen perişde gepleşendir öýden bolmaly (Gel. çyk. 3:1—6). Ýöne Adam ata bilen How ene bu perişde barada hiç zat bilmeýärdi. Muňa garamazdan, Adam ata gökdäki söýgüden doly Atasyndan bilgeşleýin ýüz öwürdi we Hudaýyň islegine garşy giden hem-de asla tanamaýan şahsyýetiniň tarapyny tutdy (1 Tim. 2:14). Ýehowa şol bada Adam ata bilen How enäni aldan duşmany ahyrsoňy ýok etjekdigini wada berip, ol hakda käbir zatlary aýan etdi. Şeýle-de Ýehowa ýylan arkaly How ene bilen gepleşen perişdäniň Hudaýy söýýän adamlara birnäçe wagtlap güýçli garşylyk görkezjekdigini duýdurdy (Gel. çyk. 3:15).
2, 3. Mesih gelmezden öň Şeýtan barada näme üçin köp zat aýdylmaýar?
2 Ýehowa akyldar bolandygy üçin, Özüne garşy pitne turzan ruhy oglunyň adyny aýtmady *. Erem bagynda turan pitneden takmynan 2 müň 500 ýyl geçýänçä, Hudaý hatda bu duşmanyň kimdigini aýan edýän atlary hem mälim etmedi (Eýp. 1:6). Dogrudan-da, Şeýtan barada Ýewreý ýazgylarynyň bary-ýogy üç kitabynda, ýagny 1 Ýyl ýazgylary, Eýýup we Zakarýa kitaplarynda agzalýar we onuň ady «Duşman» diýmegi aňladýar. Eýsem, wada edilen Mesih gelýänçä, duşmanymyz barada näme üçin köp zat aýdylmadyka?
3 Aslynda, Ýehowa Ýewreý ýazgylarynyň köp ýerinde Şeýtan we onuň edýän işleri hakda gürrüň berip, oňa çendenaşa ünsümizi çekmek islemedik bolmaly. Ýehowanyň Mukaddes Ýazgylary ýazdyrmagynyň esasy maksady Mesihiň kimdigini aýan etmek we Hudaýy söýýän adamlary Ogluna ýakynlaşdyrmakdy (Luka 24:44; Gal. 3:24). Mesih gelip, Hudaýyň bu maksady amala aşanda, Ýehowa Ogly we onuň şägirtleri arkaly Şeýtan hem-de onuň tarapyna geçen perişdeler barada bilmeli zatlarymyzyň köpüsini aýan etdi *. Bu örän ýerlikli, sebäbi Ýehowa Şeýtany we onuň tarapdarlaryny Isa hem-de onuň mesh edilen doganlary arkaly ýok eder (Rim. 16:20; Ylh. 17:14; 20:10).
4. Biz näme üçin Iblisden gorkmaly däl?
4 Petrus resul Şeýtan Iblisi «arlaýjy arslana» meňzetdi, Ýahýa bolsa ony «ýylan» hem «aždarha» diýip atlandyrdy (1 Pet. 5:8; Ylh. 12:9). Ýöne biz Iblisden gorkmaly däl, sebäbi onuň güýji çäkli (Ýakup 4:7-i okaň). Ýehowa, Isa we wepaly perişdeler biziň tarapymyzda. Olaryň kömegi bilen, biz duşmanymyza gaýtawul berip bileris. Emma biz şu 3 soragyň jogabyny bilmeli: Şeýtanyň täsiri nähili? Ol adamlara nädip täsir edýär? Şeýtanyň nämä güýji ýetmeýär? Bu soraglar barada gürrüň edenimizde, bize peýda getirjek käbir mysallara hem serederis.
ŞEÝTANYŇ TÄSIRI NÄHILI?
5, 6. Näme üçin ynsan hökümetleri adamlaryň zerurlyklaryny doly kanagatlandyryp bilmeýär?
5 Şeýtan pitneçi perişdeleriň belli bir bölegini goly astynda saklaýar. Tupandan öň, Iblis olaryň käbirini ynsan gyzlary bilen ahlaksyzlyk etmäge iterdi. Mukaddes Ýazgylarda göçme manydaky aždarhanyň «gökdäki ýyldyzlaryň üçden bir bölegini alyp» gidendigi aýdylýar (Gel. çyk. 6:1—4; Ýahd. 6; Ylh. 12:3, 4). Şol perişdeler Ýehowanyň maşgalasyndan kowlanda, Şeýtan olaryň üstünden agalyk edip başlady. Emma bu pitneçi perişdeler ýöne bir tertip-düzgüni bozmadylar. Şeýtan Hudaýyň Patyşalyk edişinden nusga alyp, özüni patyşa ýaly alyp barýar; ol jynlara häkimiýet hem ygtyýar berip, olara dünýäniň üstünden höküm sürmäge ýol berýär (Efes. 6:12).
6 Şeýtan ruhy şahsyýetlerden ybarat bolan guramasy arkaly ähli ynsan hökümetlerine täsir edýär. Muny onuň Isa aýdan sözlerinden görse bolýar. Şeýtan Isa Mesihe: «Ýer ýüzündäki ähli patyşalyklary görkezip... „Men şu patyşalyklaryň ählisiniň ygtyýaryny we şöhratyny saňa bererin, sebäbi olar maňa berlendir. Men hem ony kime bermek islesem, şoňa-da berýärin“» diýdi (Luka 4:5, 6). Şeýtanyň erbet täsirine garamazdan, hökümetleriň köpüsi raýatlary üçin köp gowy zatlary edýärler. Käbir hökümet ýolbaşçylarynyň hatda ýagşy niýetleri hem bar. Ýöne hiç bir hökümet ýa-da ýolbaşçy adamlaryň zerurlyklaryny doly kanagatlandyryp bilmeýär (Zeb. 146:3, 4; Ylh. 12:12).
7. Şeýtan ýalan dini we söwda-satyk guramalaryny nädip ulanýar? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
7 Şeýtan we onuň jynlary diňe bir Ylh. 12:9). Ol ýalan din arkaly Ýehowa barada ýalan-ýaşryk zatlary ýaýradýar. Üstesine-de, Iblis, mümkin boldugyndan, köp adamlar Hudaýyň adyny bütinleý unudar ýaly elinde baryny edýär (Ýer. 23:26, 27). Netijede, hak Hudaýa sežde edýärin diýip pikir edýän akýürekli adamlar aslynda, jynlara sežde edýärler (1 Kor. 10:20; 2 Kor. 11:13—15). Şeýle-de Şeýtan söwda-satyk guramalary arkaly adamlary aldawa salýar. Meselem, şeýle guramalar köplenç bagtly bolmagyň iň gowy ýoly köp pul gazanmak we zat edinmek diýip öwredýär (Sül. tym. 18:11). Şeýle ýalan zatlara ynanýan adamlar Hudaýyň däl-de, «baýlygyň» guly bolýarlar (Mat. 6:24). Bu bolsa olaryň Hudaýa bolan söýgüsini bogýar (Mat. 13:22; 1 Ýah. 2:15, 16).
hökümetler arkaly däl-de, ýalan diniň hem-de söwda-satyk guramalarynyň üsti bilen «bütin ýer ýüzüniň ýaşaýjylaryny aldaýar» (8, 9. a) Biz Adam ata bilen How ene we pitneçi perişdeler bilen bolan wakadan näme öwrenýäris? b) Şeýtanyň nähili täsir edýändigini bilmegiň näme peýdasy bar?
8 Adam ata bilen How ene we pitneçi perişdeler bilen bolan wakadan biz iki wajyp zady öwrenýäris. Birinjiden, diňe iki ýol bar, biz olaryň haýsy hem bolsa birini saýlamaly. Biz ýa Ýehowa wepaly galmaly, ýa-da Şeýtanyň tarapyna geçmeli (Mat. 7:13). Ikinjiden, Şeýtanyň tarapyna geçenler az salymlyk döwran sürýärler. Adam ata bilen How ene ýagşy-ýamany özleri saýlamak islediler, jynlar bolsa ynsan hökümetleriniň üstünden agalyk etmek maksadyna ýetdiler (Gel. çyk. 3:22). Emma Şeýtanyň hödürleýän islendik zadyny kabul edenleriň çekýän ýitgisi elmydama gazanan zadyndan köp bolýar (Eýp. 21:7—17; Gal. 6:7, 8).
9 Şeýtanyň nähili täsir edýändigini bilmegiň näme peýdasy bar? Bu bize ynsan häkimiýetleri babatda paýhasly bolmaga we wagyz işine yhlasly gatnaşmaga kömek edýär. Ýehowa biziň hökümet ýolbaşçylaryna hormat goýmagymyzy isleýär (1 Pet. 2:17). Şeýle-de kada-kanunlaryna garşy gelmese, ynsan hökümetleriniň çykarýan kanunlaryna gulak asmagymyzy isleýär (Rim. 13:1—4). Emma biz bitaraplygy saklamalydygymyza düşünýäris. Şonuň üçin bir syýasy guramany ýa-da ýolbaşçyny beýlekisinden hiç haçan ýokary tutmaýarys (Ýah. 17:15, 16; 18:36). Biz Şeýtanyň Ýehowanyň adyna we abraýyna şek ýetirmek isleýändigine düşünýäris. Şol sebäpli adamlara Hudaý barada hakykaty öwretmek üçin elimizde baryny edýäris. Biz Hudaýa bolan söýginiň pula ýa-da başga bir zada bolan söýgüden has köp sylaglanýandygyna düşünýäris. Şonuň üçin Ýehowanyň adyny buýsanç bilen göterýäris we ony başgalara tanadýarys (Iş. 43:10; 1 Tim. 6:6—10).
ŞEÝTAN ADAMLARA NÄDIP TÄSIR EDÝÄR?
10—12. a) Şeýtan jynlar arkaly nädip duzak gurýar? b) Biz Şeýtanyň duzagyna düşen perişdeler bilen bolan wakadan näme öwrenýäris?
10 Şeýtan adamlara täsir etmek üçin ökdelik bilen dürli usullary ulanýar. Meselem, ol adamlary aldawa salmak üçin duzak gurýar. Şeýle-de ol özüne boýun egdirmek üçin gorkyny ulanýar.
11 Geliň, Şeýtanyň ökdelik bilen jynlar arkaly nädip duzak gurýandygyna seredeliň. Şeýtan şol zalym perişdeleri öz tarapyna geçirmek üçin, olary aldawa salmazdan öň, ilki synlan bolmaly. Şeýtanyň duzagyna düşen perişdeler aýallar bilen ahlaksyzlyk etdiler. Olardan bolsa ynsanlaryň üstünden zalymlyk bilen agalyk edýän äpet adamlar doguldy (Gel. çyk. 6:1—4). Ýöne Şeýtan bu biwepa perişdeleri diňe bir ahlaksyzlyk etdirmek üçin däl-de, adamlaryň üstünden höküm sürjekdiklerini söz berip, olary aldan bolmaly. Emma «aýalyň tohumynyň» geljekdigi baradaky wada onuň maksadyny puja çykaryp bilerdi (Gel. çyk. 3:15). Nähili bolaýanda-da, Ýehowa bütin dünýäni Tupan arkaly ýok edip, Şeýtanyň hem-de şol wagtky pitneçi perişdeleriň bar maksadyny puja çykardy.
12 Biz bu wakadan nähili sapak edinip bileris? Hiç haçan ahlaksyzlygyň ýa-da özüňi bilmekligiň duzagyna düşmerin diýip pikir etmeli däl. Şeýtanyň tarapyna geçen perişdeler ençeme asyrlap Hudaýyň huzurynda gulluk etdiler. Muňa garamazdan, olar şeýle gowy ýerde gulluk etseler-de, erbet höwesleriň kök urup, ösmegine ýol berdiler. Şonuň ýaly bizem Hudaýyň guramasynyň ýerdäki böleginde ençeme ýyl bäri wepaly gulluk edýäris. Emma şeýle mukaddes ýerde gulluk etsek-de, erbet höwesleriň duzagyna düşüp bileris (1 Kor. 10:12). Şonuň üçin ahlaksyz pikirleri ret etmek we tekepbirlikden gaça durmak üçin ýüregimizi elmydama barlap durmaly (Gal. 5:26; Koloslylar 3:5-i okaň).
13. Şeýtanyň ökdelik bilen ulanýan ýene bir usuly näme we biz ondan nädip gaça durup bileris?
13 Şeýtanyň ökdelik bilen ulanýan ýene bir usuly — jadygöýlik bilen bagly zatlara gyzyklanma döretmek. Şu günler Şeýtan diňe bir ýalan din däl-de, dynç alşyň käbir görnüşleri arkaly adamlaryň jynlar barada bilesigelijiligini oýarýar. Meselem, filmlerde, wideooýunlarda we gazet-žurnallarda jadygöýlik gyzykly edip görkezilýär. Biz bu duzaga düşmekden nädip gaça durup bileris? Hudaýyň guramasy dynç alşyň peýdaly we zyýanly görnüşleri barada jikme-jik görkezme berer diýip garaşmaly däl. Biziň her birimiz ynsabymyzy Hudaýyň kada-kanunlary esasynda terbiýelemeli (Ýew. 5:14). Eger biz Pawlus resulyň Hudaýa bolan «söýgiňiz ikiýüzli bolmasyn» diýen maslahatyna eýersek, bu meselede paýhasly karara geleris (Rim. 12:9). Biz özümize şeýle soraglary berip bileris: «Saýlan dynç alşym meni ikiýüzli adam edip görkezermi? Muny okuw geçýän ýa-da gaýtadan ideg edýän adamlarymyz görse, wagyz edýän habaryna laýyk gelmeýär diýip pikir edermi?» Aýdýan sözlerimiz bilen edýän işlerimiz bir-birine näçe gabat gelse, şonça-da Şeýtanyň duzagyna düşmän biler (1 Ýah. 3:18).
14. Şeýtan bizi nädip gorkuzjak bolýar we muňa nädip hötde gelip bileris?
14 Dürli hileleri gurmakdan başga-da Şeýtan Ýehowa wepalylygymyzy gowşatmak üçin, bizi gorkuzjak bolýar. Meselem, ol wagyz işimizi gadagan etdirjek bolup, hökümetleri ulanyp biler. Ýa-da Mukaddes Ýazgylardaky ahlak kadalary boýunça ýaşamak islegimizi gowşatmak üçin işdeşlerimizi, ýa-da klasdaşlarymyzy üstümizden gülmäge iterip biler (1 Pet. 4:4). Şeýle-de ol ýagşy niýet bilen ýygnak duşuşyklaryndan galmaga yrjak bolýan maşgala agzalarymyzy ulanyp biler (Mat. 10:36). Biz muňa nädip hötde gelip bileris? Ilki bilen, Şeýtanyň bize garşy söweşýändigine we şeýle hüjümi ulanjakdygyna düşünmeli (Ylh. 2:10; 12:17). Soňra ünsümizi «adam Ýehowa diňe amatly wagty gulluk edýär» diýip töhmet atýan Şeýtanyň has uly aýyplamasyna gönükdirmeli. Aslynda, Şeýtan synaga düşenimizde, Hudaýdan ýüz öwreris diýjek bolýar (Eýp. 1:9—11; 2:4, 5). Şeýle-de synagda berk durup biler ýaly, Ýehowa bil baglamaly. Şuny unutmaň: Ol bizi hiç haçan terk etmez (Ýew. 13:5).
ŞEÝTANYŇ NÄMÄ GÜÝJI ÝETMEÝÄR?
15. Şeýtan bizi öz islegimize garşy gitmäge mejbur edip bilýärmi? Düşündiriň.
15 Şeýtan adamlary öz islegine garşy gitmäge mejbur edip bilmeýär (Ýak. 1:14). Köp adamlar Şeýtanyň islegine laýyk gelýän işleri edýändiklerini hatda özleri hem bilmeýärler. Emma hakykaty bilenden soň, her bir adam kime gulluk etjekdigini özi saýlaýar (Res. iş. 3:17; 17:30). Eger Hudaýyň islegini berjaý etmegi ýüregimize düwsek, onda Şeýtan Ýehowa wepaly galmaga asla päsgel berip bilmez (Eýp. 2:3; 27:5).
16, 17. a) Şeýtanyň we onuň jynlarynyň nämä güýji ýetmeýär? b) Biz näme üçin Ýehowa daşymyzdan doga etmäge gorkmaly däl?
16 Şeýtan we onuň jynlarynyň güýji çäkli. Mysal üçin, Mukaddes Ýazgylaryň hiç ýerinde olaryň pikirimizi we ýüregimizi görüp bilýändigi aýdylmaýar. Şeýle ukyp diňe Ýehowa bilen Isada bar (1 Şam. 16:7; Mar. 2:8). Onda daşymyzdan aýdýan sözlerimiz ýa-da edýän dogamyz barada näme diýse bolar? Biz Iblis ýa-da onuň jynlary edýän dogalarymyzy eşider we zyýan ýetirer diýip gorkmalymy? Elbetde, ýok. Näme üçin? Biz Iblis görer diýip, Ýehowa gulluk edenimizde ýagşylyk etmekden gorkmaýarys. Şonuň ýaly Şeýtan eşider diýip, daşymyzdan doga etmäge gorkmaly däl. Mukaddes Ýazgylarda sesli doga eden Hudaýyň ençeme gullukçylary barada agzalýar we olaryň eden dogasyny Iblis eşider diýip gorkandygy barada hiç zat aýdylmaýar (1 Pat. 8:22, 23; Ýah. 11:41, 42; Res. iş. 4:23, 24). Eger biz Ýehowa bilen gepleşmek üçin elimizde baryny edip, Onuň islegine görä hereket etsek, Iblisiň düzedip bolmajak zyýan ýetirmegine Hudaýyň ýol bermejekdigine ynanyp bileris (Zebur 34:7-ni okaň).
17 Biz duşmanymyzy gowy tanamaly, ýöne ondan gorkmaly däl. Ýehowanyň kömegi bilen, hatda bikämil adamlaram Şeýtandan üstün çykyp bilýär (1 Ýah. 2:14). Eger biz Iblise garşy dursak, ol bizden gaçar (Ýak. 4:7; 1 Pet. 5:9). Şeýtan, esasan-da, ýaşlara topulýar. Ýaşlar Iblise nädip garşy durup biler? Bu barada indiki makalada gürrüň ederis.
^ abzas 2 Mukaddes Ýazgylarda käbir perişdeleriň ady agzalýar (Ser. 13:18; Dan. 8:16; Luka 1:19; Ylh. 12:7). Ýehowanyň asmandaky her bir ýyldyza at berendigi üçin (Zeb. 147:4), onuň ruhy ogullarynyň ählisiniň, şol sanda Şeýtanyň hem adynyň bardygyna şübhelenmän bileris.
^ abzas 3 Ýewreý ýazgylarynda Şeýtan diýen at 18 gezek, Grek ýazgylarynda bolsa 30-dan gowrak sapar agzalýar.