Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýaşlar, siz suwa çümdürilmäge nädip taýýarlanyp bilersiňiz?

Ýaşlar, siz suwa çümdürilmäge nädip taýýarlanyp bilersiňiz?

«Men Seniň islegiňi berjaý etmekden keýp alýaryn». ZEB. 40:8

AÝDYMLAR: 51, 48

1, 2. a) Suwa çümdürilmeklige näme üçin çynlakaý garamaly? Düşündiriň. b) Suwa çümdürilmäge taýyn bolar ýaly näme etmeli we näme üçin?

SEN ýaş bolsaňam suwa çümdürilmek barada oýlanýarsyňmy? Bu wajyp ädimi ätmek bilen, sen her bir ynsana berlen iň uly hormata eýe bolarsyň. Geçen makaladan bilşimiz ýaly, biz suwa çümdürilmeklige çynlakaý garamaly. Suwa çümdürilmek bilen, sen özüňi Ýehowa bagyş edendigiňi, ýagny bütin ömrüňe oňa gulluk edip, islegini ähli zatdan ileri tutjakdygyňy söz berendigiňi görkezýärsiň. Elbetde, suwa çümdürilmek üçin ruhy taýdan ýetişmeli, bu karara öz islegiň bilen gelmeli we özüňi Hudaýa bagyş etmegiň manysyna düşünmeli.

2 Eger sen özüňi suwa çümdürilmäge taýyn görmeýän bolsaň näme? Ýa-da eneň-ataň ruhy taýdan ösýänçäň biraz garaşmagy maslahat berse näme etmeli? Nähili bolaýanda-da, ruhdan düşme. Gaýtam, muňa ruhy taýdan ösmäge mümkinçilik hökmünde garajak bol. Şonda tiz wagtdan suwa çümdürilersiň. Şol maksadyňa ýetip biler ýaly, 1) hakykata bolan ynamyňy berkitmek, 2) hakykata görä ýaşamak we 3) Ýehowa minnetdarlygyňy artdyrmak babatda nämeleri edip biljekdigiňe seredeli.

HAKYKATA BOLAN YNAMYŇYZY BERKIDIŇ

3, 4. Ýaşlar Timoteosyň göreldesinden näme öwrenip biler?

3 Sen şu soraglara nähili jogap berersiň: «Men Hudaýyň bardygyna näme üçin ynanýaryn? Mukaddes Ýazgylary Hudaýyň ýazdyrandygyna meni näme ynandyrýar? Zalym dünýäniň däl-de, Hudaýyň ahlak kadalary boýunça ýaşamagy näme üçin peýdaly hasaplaýaryn?» Bu soraglar barada oýlansaň, seniň ýüregiňde şübhe döremän, gaýtam, Pawlus resulyň aýdyşy ýaly, «Hudaýyň ýagşy, halaýan we kämil isleginiň nämedigine düşünersiň» (Rim. 12:2). Eýsem, ýüregiň bilen kabul eden zatlaryňa «düşünmek» näme üçin wajyp?

4 Geliň, Timoteosyň mysalyna seredeliň. Ol Mukaddes Ýazgylary gowy bilýärdi. Ejesi bilen mamasy oňa hakykaty «bäbekliginden» öwredýärdi. Muňa garamazdan, Pawlus resul Timoteosa: «Öwrenen we iman eden zatlaryňa eýermegiňi dowam et» diýip maslahat berdi (2 Tim. 3:14, 15). Bir ylmy kitapda aýdylmagyna görä, şu aýatdaky «iman etmek» diýen jümläniň asyl manysy «nämedir bir zadyň hakykatdygyna doly göz ýetirmek we ynanmak» diýmegi aňladýar. Timoteos hem ynanýan zatlarynyň hakykatdygyna göz ýetirdi. Ol hakykaty diňe ejesiniň we mamasynyň göwnüni ýykmazlyk üçin däl-de, bu ýoluň dogrudygy barada oýlanyp, iman edendigi üçin kabul etdi (Rimliler 12:1-i okaň).

5, 6. «Pikirlenmek ukybyňy» ýaşlygyňdan ulanmak näme üçin wajyp?

5 Belki, senem hakykaty köpden bäri bilýänsiň. Onda iman edýän zatlaryň hakykatdygyna näme üçin ynanýandygyň barada çuňňur oýlansaň gowy bolmazmy? Bu saňa imanyňy berkitmäge we deň-duşlaryň erbet täsirine, dünýäniň öňe sürýän ýalan taglymatlaryna hem-de öz günäli höwesleriňe garşy durmaga kömek eder.

6 Hawa, «pikirlenmek ukybyňy» ýaşlygyňdan ulansaň, peýdaly bolar. Mysal üçin, deň-duşlaryň saňa: «Sen Hudaýyň bardygyny nireden bilýärsiň? Hudaý adamlaryň aladasyny edýän bolsa, onda ol horluklara näme üçin ýol berýär? Hudaý hemişe-de bar diýýärler, bu boljak zatmy?» diýen soraglary berenlerinde, sen olara paýhasly jogap berip bilersiň. Şeýle soraglara nähili jogap berjekdigiň barada öňünden oýlansaň, imanyň gowşaman, gaýtam, goşmaça şahsy okuwyny geçirmäge höwesiň artar.

7—9. Internet sahypamyzdaky «Dini ynançlarym» diýen bölüm imanyňy berkitmäge nädip kömek eder?

7 Şahsy okuwda gowy gözleg geçirseň, soraglaryňa jogap taparsyň we ýüregiňdäki şübhäni köki bilen aýryp, imanyňy berkidersiň (Res. iş. 17:11). Munuň üçin bizde birnäçe esbaplar bar. Köpler Ýaradyjymyz Ýehowa we onuň ýaradan zatlary baradaky edebiýatlary öwrenmegi gowy görýärler. Şeýle-de ýaşlaryň köpüsi Internet sahypamyzdaky MUKADDES ÝAZGYLARYŇ TAGLYMATLARY > ÝETGINJEKLER > DINI YNANÇLARYM (rus.) diýen bölümi höwes bilen okaýarlar. Şol bölüm Mukaddes Ýazgylara ynamyňy has-da berkitmäge kömek edýär.

8 Sen Mukaddes Ýazgylary eýýäm gowy bilýändigiň üçin, şol bölümdäki käbir soraglara derrew jogap berip bilersiň. Ýöne sen bu taglymatlaryň dogrudygyna näme üçin ynanýarsyň? «Dini ynançlarym» diýen bölümde birnäçe aýatlar getirilýär. Olaryň yzyndan öz pikirleriňi hem ýazyp bilersiň. Bu saňa dini ynançlaryňy başgalara düşündirmegi öwrenmäge kömek eder. Internet sahypamyzdaky «Dini ynançlarym» diýen bölüm ýaşlaryň köpüsine imanyny berkitmäge ýardam edýär. Eger saýtymyzdaky şol bölüme girmäge mümkinçiligiň bar bolsa, ony şahsy okuw geçireniňde ulansaň gowy bolardy.

9 Suwa çümdürilmäge taýýarlanmak üçin, hakykata bolan ynamyňy berkitmeli. Bir ýetginjek uýa şeýle diýýär: «Men suwa çümdürilmegi ýüregime düwmänkäm, Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenip, bu ýoluň hakykatdygyna göz ýetirdim. Meniň hakykata bolan ynamym häzirem günsaýyn berkeýär».

HAKYKATA GÖRÄ ÝAŞAŇ

10. Suwa çümdürilen mesihçi näme üçin imanyny iş ýüzünde görkezmeli?

10 Hudaýyň Sözünde: «Iman... iş ýüzünde görkezilmese ölüdir» diýilýär (Ýak. 2:17). Dogrudan-da, adamyň imanynyň berkdigini edýän işlerinden görse bolýar. Mukaddes Ýazgylarda aýdylmagyna görä, imanyňy iş ýüzünde görkezmek üçin, «Hudaýa wepaly bolup, özüňi mukaddes alyp barmaly» (2 Petrus 3:11-i okaň).

11. «Özüňi mukaddes alyp barmak» diýen jümle nämäni aňladýar? Düşündiriň.

11 «Özüňi mukaddes alyp barmak» üçin ahlak taýdan arassa bolmaly. Senem ahlak taýdan arassa ýaşamaga jan edýärmiň? Soňky alty aýyň dowamynda eden işleriňden «ýagşy we ýamany saýgarmagy öwrenendigiň» görünýärmi? (Ýew. 5:14). Synaga düşeniňde ýa-da deň-duşlaryň täsirine garşy durmaly bolanyňda, özüňi alyp barşyň bilen imanyňy iş ýüzünde görkezýärmiň? Ýa-da üstüňden güldürmejek bolup, klasdaşlaryňa görä bolýarmyň? (1 Pet. 4:3, 4). Elbetde, biziň ählimiz bikämil. Ýehowa ençeme ýyldan bäri gulluk edýän dogan-uýalaram käte köpçülikde imany barada gürrüň bermäge çekinýärler. Emma özüni Ýehowa bagyş eden adam Hudaýyň adyny göterýändigine buýsanýar we muny özüni alyp barşy bilen görkezýär.

12. «Hudaýa wepaly bolmak» nämäni aňladýar we muňa nähili garaýyşda bolmaly?

12 Onda «Hudaýa wepaly bolmak» nämäni aňladýar? Muňa, esasan, ýygnak duşuşyklarynda we wagyzda edýän işlerimiz degişli. Emma bu başgalaryň gözüne ilmeýän zatlary, ýagny doga etmek hem-de şahsy okuw geçirmek ýaly başga-da ruhy işleri öz içine alýar. Özüni Ýehowa bagyş eden adam bu zatlary agyr ýük hasaplamaýar. Gaýtam, ol «Men Seniň islegiňi berjaý etmekden keýp alýaryn, eý, Hudaýym, kanunyň ýüregimiň içindedir» diýen Dawut patyşadan görelde alýar (Zeb. 40:8).

13, 14. Haýsy soraglar size «Hudaýa wepaly bolmaga» kömek eder we ýaşlaryň käbiri onuň peýdasy barada näme diýýär?

13 «Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar» diýen kitabyň (rus.) II tomunyň 308, 309-njy sahypalarynda ruhy maksatlary goýmaga kömek edýän şeýle soraglar getirilýär: «Sen doga edeniňde Ýehowa ähli zady açyk aýdýarmyň? Bu seniň Ýehowa bolan söýgiňi nädip görkezýär? Şahsy okuw geçireniňde nämeleri öwrenýärsiň? Eneň-ataň wagyz etmese-de, sen yhlasly wagyz edýärmiň?» Şol soraglaryň yzyndan doga etmek, şahsy okuw geçirmek hem-de wagyz etmek babatda maksatlaryňy ýazyp bilersiň.

14 Suwa çümdürilmek barada oýlanýan ýaşlaryň köpüsi şol çarçuwadaky soraglaryň peýdalydygyna göz ýetirdiler. Tilda atly bir ýaş uýa şeýle diýýär: «Bu soraglar maňa ruhy maksatlary goýmaga kömek etdi. Men maksatlaryma ýuwaş-ýuwaşdan ýetip, şondan bir ýyl geçensoň suwa çümdürilmäge taýyndygyma göz ýetirdim». Patrik atly ýaş dogan hem: «Men nähili maksatlarymyň bardygyny bilsem-de, olary ýazanymdan soň, şol maksatlaryma ýetmek üçin elimde baryny edip başladym» diýýär.

Eneň-ataň we dostlaryň Ýehowa gulluk etmegini goýsa-da, sen gullugyňy dowam edermiň? (15-nji abzasa serediň)

15. Özüňi Hudaýa bagyş etmek kararyna näme üçin her bir adamyň özi gelmeli? Düşündiriň.

15 Şol çarçuwadaky: «Eneň-ataň we dostlaryň Ýehowa gulluk etmegini goýsa-da, sen gullugyňy dowam edermiň?» diýen sorag has-da oýlandyrýar. Sen özüňi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürileniňden soň, Hudaýyň öňünde özüň jogap bermelidigiňi unutmasaň gowy bolar. Seniň Hudaýa gulluk etmegiň başgalara, hatda eneň-ataňa-da bagly bolmaly däl. «Hudaýa wepaly bolup, özüňi mukaddes alyp barsaň», ynanýan zatlaryň hakykatdygyna doly göz ýetirendigiňi we suwa çümdürilmek üçin ruhy taýdan ýetişendigiňi görkezersiň.

ÝEHOWA MINNETDAR BOLUŇ

16, 17. a) Adamy Hudaýa gulluk etmäge näme höweslendirmeli? b) Töleg gurbany Ýehowa minnetdarlygyňy nädip artdyrýar? Mysal getiriň.

16 Musanyň kanunyny gowy bilýän bir adam Isadan: «Mugallym, Musanyň kanunynda iň wajyp tabşyryk haýsy?» diýip soraýar. Ol hem: «Ýehowa Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň we bütin aň-düşünjäň bilen söý» diýýär (Mat. 22:35—37). Isanyň aýtmagyna görä, adamy Ýehowa gulluk etmäge we suwa çümdürilmäge Hudaýa bolan söýgüsi höweslendirmeli. Ýehowa bolan söýgiňi artdyrmak üçin, esasan, onuň beren gymmatly sowgady, ýagny töleg gurbany barada oýlanmaly (2 Korinfliler 5:14, 15; 1 Ýahýa 4:9, 19-njy aýatlary okaň). Töleg gurbany we onuň biziň üçin ähmiýeti barada pikirlensek, Ýehowa minnetdar bolarys.

17 Töleg gurbanyna minnetdarlygyňy nädip görkezmelidigiňi biler ýaly bir mysala seredeli. Aýdaly, sen suwda gark bolup barýarsyň. Şonda biri seni halas edýär. Sen hiç zat bolmadyk ýaly öýüňe gaýdyp, onuň eden ýagşylygyny unudarsyňmy? Elbetde, ýok! Sen şol adamyň öňünde özüňi borçly duýup, onuň üçin janyňy bermäge-de taýyn bolarsyň. Biz Ýehowa Hudaýa we Isa Mesihe has-da borçly, sebäbi töleg gurbany berilmedik bolsa, biziň ählimiz günäniň we ölümiň içinde heläk bolardyk. Ýöne Ýehowanyň we Isanyň bize bildiren uly söýgüsi Jennetde ebedi ýaşamaga umyt berýär.

18, 19. a) Özüňi Ýehowa bagyş etmäge näme üçin ýaýdanmaly däl? b) Ýehowa gulluk etmek saňa nähili peýda berer?

18 Sen Ýehowanyň beren sowgadyny gymmat saýýarmyň? Onda özüňi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilseň paýhasly bolar. Sen özüňi Ýehowa bagyş edeniňde, durmuşda näme bolaýanda-da bütin ömrüňe Hudaýa gulluk etjekdigiňi söz berýärsiň. Şeýle wadany bermäge ýaýdanmalymy? Ýok, Ýehowa seniň ýürekden edýän tagallalaryňy görüp, hökman sylaglar (Ýew. 11:6). Özüňi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilseň, seniň durmuşyň erbetleşmän, gaýtam, Ýehowa gulluk etmekden şatlyk taparsyň. Ýetginjek ýaşyna ýetmänkä suwa çümdürilen 24 ýaşly bir dogan şeýle diýýär: «Eger men uly ýaşda suwa çümdürilen bolsam, belki, has düşünjeli bolardym. Ýöne özümi Ýehowa bagyş etmek meni dünýäniň erbet işlerinden gorady».

19 Ýehowadan tapawutlylykda, Şeýtan seni diňe öz bähbidine ulanjak bolýar. Şeýtanyň tarapyna geçen adamlara onuň berýän zatlary wagtlaýyn, ol ebedi bereketleri berip bilmeýär. Aslynda, ol muny nädip bersin? Şeýtanyň özüniň ne gowy gelejegi, ne-de umydy bar. Ol özünde ýok zady saňa nädip berip bilsin?! Şeýtana diňe heläkçilik garaşýar, ol saňa-da şondan başga zady berip bilmez (Ylh. 20:10).

20. Ýaşlar özüni Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmek üçin näme etmeli? (Şeýle-de « Ruhy taýdan ösmäge kömek edýän edebiýatlar» diýen çarçuwa serediň).

20 Dogrudan-da, özüňi Ýehowa bagyş etmek iň dogry kararlaryň biridir. Sen bu wajyp ädimi ätmäge taýynmy? Eger taýyn bolsaň, onda muny soňa goýma. Emma biraz garaşmaly bolsaň, ruhy taýdan ösmek üçin şu makalada berlen maslahatlara eýerip bilersiň. Pawlus resul filipililere ýazan hatynda: «Hudaýa gulluk etmekde nähili üstünlik gazanan bolsak, geliň, şeýle etmegimizi dowam edeliň» diýdi (Flp. 3:16). Senem şu maslahata eýerseň, özüňi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilmek islärsiň.

^ abzas 46 Bu edebiýatlar rus dilinde bar.