Ýaşlar, siz suwa çümdürilmäge taýynmy?
«Siziň haýsy biriňiz bina gurmakçy bolanyňyzda, ony tamamlamaga güýjüňiziň ýetjekdigini ýa-da ýetmejekdigini bilmek üçin, ilki oturyp, çykdajylary hasaplamaz?» LUKA 14:28
AÝDYMLAR: 6, 34
Şu we indiki makala suwa çümdürilmek barada oýlanýan ýaşlar üçin niýetlendi
1, 2. a) Şu günler Hudaýyň halky nämä begenýär? b) Mesihçi ene-atalar we ýaşulular ýaşlara suwa çümdürilmegiň manysyna düşünmäge nädip kömek edýärler?
ÝYGNAK ýaşulusy 12 ýaşly Kristofere ýüzlenip, şeýle diýýär: «Men seni kiçijik bäbekligiňden bäri tanaýaryn. Seniň suwa çümdürilmek isleýäniňe gaty begenýärin. Ýöne men senden bir zady sorasym gelýär. Aslynda, sen näme üçin suwa çümdürilmek isleýärsiň?» Hawa, ýaşulynyň beren soragy wajypdy. Biz bütin dünýäde her ýyl müňlerçe ýaşlaryň suwa çümdürilýändigine diýseň begenýäris (Wag. 12:1). Emma mesihçi ene-atalar we ýygnak ýaşululary ýaşlaryň öz islegi bilen suwa çümdürilýändigine hem-de onuň manysyna doly düşünýändigine göz ýetirjek bolýarlar.
Sül. tym. 10:22; 1 Pet. 5:8). Şol sebäpli mesihçi ene-atalar çagalaryna Isanyň şägirdi bolmagyň näme aňladýandygyny öwretmek üçin wagtyny gaýgyrmaýarlar. Emma ene-atasy Ýehowa iman etmeýän ýaşlara ýygnak ýaşululary söýgi bilen kömek edýär (Luka 14:27—30-njy aýatlary okaň). Jaýyň gurluşygyny doly tamamlamak üçin öňünden çykdajysyny hasaplamaly. Şonuň ýaly-da, Ýehowa «soňuna çenli» wepaly gulluk etmek üçin gowy taýýarlyk görmeli (Mat. 24:13). Bütin ömrüne Ýehowa gulluk etmegi ýüregine düwer ýaly ýaşlaryň özi näme edip biler? Geliň, muny bileliň.
2 Mukaddes Ýazgylarda aýdylmagyna görä, adam özüni Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilensoň, Hudaýyň berekedini alýar, ýöne oňa Şeýtanam topulyp başlaýar (3. a) Isa bilen Petrusyň sözleri suwa çümdürilmegiň wajypdygyny nädip görkezýär? (Mat. 28:19, 20; 1 Pet. 3:21). b) Biz haýsy soraglara serederis we näme üçin?
3 Sen ýaş bolsaňam suwa çümdürilmek barada oýlanýarsyňmy? Eger şeýle bolsa, onda sen öwgä mynasyp. Suwa çümdürilip, Ýehowanyň Şaýady bolmak — biziň üçin uly hormat. Aslynda, mesihçilerden suwa çümdürilmek talap edilýär we bu halas bolmaga ýol açýar (Mat. 28:19, 20; 1 Pet. 3:21). Sen Ýehowa beren sözüňde tapylmak isleýändigiň üçin, şol wajyp ädime öňünden taýýarlanasyň gelýändir. Suwa çümdürilmäge taýyndygyňa göz ýetirer ýaly şu soraglaryň üstünde oýlansaň gowy bolar: 1) Men ruhy taýdan ýetişenmi? 2) Bu karara öz islegim bilen gelýänmi? 3) Özüňi Ýehowa bagyş etmegiň näme aňladýandygyna düşünýärinmi? Geliň, bu soraglara seredeliň.
RUHY TAÝDAN ÝETIŞEN BOLMALY
4, 5. a) Diňe uly adamlar suwa çümdürilmelimi? b) Ruhy taýdan ýetişen bolmak nämäni aňladýar?
4 Mukaddes Ýazgylarda diňe uly ýaşly ýa-da kämillik ýaşyna ýeten adamlaryň suwa çümdürilmelidigi aýdylmaýar. Süleýmanyň tymsallary 20:11-de: «Işi sapmy, dogrumy ýa dälmi, çaga-da öz edenleri bilen tanalýandyr» diýilýär. Hawa, çagalaram nämäniň dogrudygyna we özüňi Hudaýa bagyş etmegiň näme aňladýandygyna düşünip bilýär. Şol sebäpli ruhy taýdan ýetişendigini görkezýän we özüni Ýehowa bagyş eden ýaşlar suwa çümdürilip, wajyp ädim ädýärler (Sül. tym. 20:7).
5 Eýsem, ruhy taýdan ýetişen bolmak nämäni aňladýar? Bu diňe bir uly adam bolup ýetişmegi öz içine almaýar. Mukaddes Ýazgylarda ruhy taýdan ýetişen adamlaryň öz «aň-düşünjesini ýagşy we ýamany saýgarmaga öwrenişdirendikleri» barada aýdylýar (Ýew. 5:14). Diýmek, ruhy taýdan ýetişen adam Ýehowanyň nazarynda nämäniň dogrudygyna düşünip, oňa berk ýapyşmagy ýüregine düwýär. Şonuň üçin adamlar oňa erbet iş etdirjek bolanlarynda, ol aňsatlyk bilen yrylmaýar. Ýa-da oňa nämäniň dogrudygyny aýdyp, hemişe dürtüp durmaly bolmaýar. Hawa, suwa çümdürilýän ýaşlar ýanynda ene-atasy ýa-da uly ýaşdaky mesihçiler bolmasa-da, Hudaýyň kada-kanunlaryna eýerýär (Filipililer 2:12-ni deňeşdiriň).
6, 7. a) Danyýel Babylda nähili synaglara düşdi? b) Danyýel ruhy taýdan ýetişendigini nädip görkezdi?
6 Ýaşlar ruhy taýdan ýetişendigini görkezip bilýärmi? Elbetde, görkezip bilýär. Geliň, Danyýel pygamberiň mysalyna seredeliň. Ol ýetginjekkä Babyla (Wawilon) sürgün edilip, ene-atasyndan aýra düşýär. Şeýdip, Danyýel ýagşy-ýamana düýbünden başgaça garaýan adamlaryň arasynda ýaşamaly bolýar. Emma ol ýene-de bir synaga düşýär. Danyýeliň zehinlidigini görüp, ony patyşanyň köşgünde hyzmat etmäge saýlaýarlar (Dan. 1:3—5, 13). Göräýmäge, Danyýeliň Babyldaky ýagdaýy Ysraýyldakydan has gowy ýalydy.
7 Ýaş Danyýel bu zatlara nähili garady? Babylyň şan-şöhraty we baýlygy onuň gözüni gapdymy? Ol daş-töweregindäki zatlaryň özüne erbet täsir etmegine we imanyny gowşatmagyna ýol berdimi? Elbetde, ýok. Mukaddes Ýazgylarda Danyýeliň ýalan dine degişli zatlar bilen «özüni haram etmezligi ýüregine düwendigi» aýdylýar (Dan. 1:8). Şeýdip, Danyýel ruhy taýdan ýetişendigini görkezdi.
8. Biz Danyýeliň mysalyndan näme öwrenýäris?
8 Danyýeliň mysalyndan görnüşi ýaly, ruhy taýdan ýetişen ýaşlaryň imany berk bolýar. Olar daş-töweregindäki ýagdaýa görä derisiniň reňkini üýtgedýän hameleon ýaly bolmaýar. Olar özüni ýygnakda Hudaýyň dosty, mekdepde bolsa bu dünýäniň dosty ýaly alyp barmaýar. Synaga düşenlerinde-de «eýläk-beýläk çaýkanman», imanda berk durýarlar (Efesliler 4:14, 15-nji aýatlary okaň).
9, 10. a) Ýaşlar ýaňy-ýakynda imany synalanda nähili hereket edendigi barada näme üçin oýlanmaly? b) Adam suwa çümdürilmek bilen nämäni görkezýär?
9 Elbetde, biziň ählimiz bikämil bolanymyz üçin, ýaşlaram, uly adamlaram käte ýalňyşýar (Wag. 7:20). Senem suwa çümdürilmek barada oýlanýan bolsaň, Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýermegi berk ýüregiňe düwendigiňi barlasaň gowy bolardy. Muny nädip etse bolar? Sen özüňe: «Men Hudaýyň kada-kanunlaryna häzirden eýerýärinmi?» diýen soragy berip bilersiň. Şeýle-de ýaňy-ýakynda imanyň synalanda nähili hereket edendigiň barada oýlan. Şol ýagdaýda paýhasly bolup, ýagşyny ýamandan saýgaryp bildiňmi? Danyýeliň döwründäki ýaly, Şeýtanyň dünýäsinde saňa-da zehiniňi ulanmagy maslahat berseler näme ederdiň? Seniň islegiň Hudaýyňka garşy gelende-de, «Ýehowanyň isleginiň nämeden ybaratdygyna düşünjek» bolýarmyň? (Efes. 5:17).
10 Biz näme üçin şeýle gönümel soraglary berýäris? Sebäbi olar saňa suwa çümdürilmäge has çynlakaý garamaga kömek eder. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, suwa çümdürilmek seniň Ýehowa özüňi bagyş edip, oňa wada berendigiňi görkezýär. Sen Hudaýy söýjekdigiňi we bütin ömrüňe oňa ýürekden gulluk etjekdigiňi söz berýärsiň (Mar. 12:30). Suwa çümdürilýän her bir adam şol beren wadasyna görä ýaşamagy berk ýüregine düwmeli (Wagyz kitaby 5:4, 5-nji aýatlary okaň) *.
BU SENIŇ ÖZ ISLEGIŇMI?
11, 12. a) Suwa çümdürilmek barada oýlanýan adam nämä doly göz ýetirmeli? b) Suwa çümdürilmeklige Ýehowa ýaly garamaga näme kömek eder?
11 Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň ähli gullukçylarynyň, şol sanda ýaşlaryň hem höwes bilen gulluk etjekdigi aýdylýar (Zeb. 110:3). Şol sebäpli suwa çümdürilmek barada oýlanýan adam şeýle karara öz islegi bilen gelýändigine doly göz ýetirmeli. Munuň üçin özüňi çynlakaý barlamaly. Eger sen hakykaty çagalygyňdan bäri bilýän bolsaň, bu has-da wajypdyr.
12 Belki-de, sen köp adamlaryň, şol sanda käbir deň-duşlaryň ýa-da süýtdeş doganlaryň suwa çümdürilendigini görensiň. Şeýle ýagdaýda bir wajyp zady ýatdan çykarmasaň gowy bolar. Ähli ýaşlaryň iru-giç kämillik ýaşyna ýetişi ýaly, suwa çümdürilmeklige-de öz-özünden bolýan zat hökmünde garamakdan seresap bolmaly. Onda suwa çümdürilmeklige Ýehowa ýaly garamaga näme kömek eder? Şeýle ädimiň näme üçin wajypdygy barada oýlanmaga wagt sarp etseň gowy bolardy. Şu we indiki makalada munuň birnäçe sebäbi düşündiriler.
13. Suwa çümdürilmegi ýürekden isleýändigiňi nädip bilmeli?
13 Suwa çümdürilmegi ýürekden isleýändigiňi birnäçe usul bilen bilip bolýar. Mysal üçin, edýän dogalaryň Ýehowa ýürekden gulluk etmek isleýändigiňi görkezip biler. Eger sen ýygy-ýygydan doga edip, Ýehowa ähli zady açyk aýdýan bolsaň, onuň bilen dostlugyň berkdir (Zeb. 25:4). Ýehowa biziň dogalarymyza, esasanam, Sözi arkaly jogap berýär. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenmäge jan edenimizde, Ýehowa has-da ýakynlaşyp, ýürekden gulluk etmek isleýändigimizi görkezýäris (Ýeş. 1:8). Şonuň üçin özümize şeýle soraglary bermeli: «Men dogalarymda Ýehowa ähli zady açyk aýdýarynmy? Şahsy okuwy yzygiderli geçirýärinmi? Maşgala okuwyna höwes bilen gatnaşýarynmy?» Siziň bu soraglara berýän jogabyňyz suwa çümdürilmek kararyna öz islegiňiz bilen gelýändigiňizi görkezer.
ÖZÜŇI HUDAÝA BAGYŞ ETMEK NÄMÄNI AŇLADÝAR?
14. Özüňi Hudaýa bagyş etmegiň we suwa çümdürilmegiň tapawudyny düşündiriň.
14 Käbirleri özüňi Hudaýa bagyş etmegiň we suwa çümdürilmegiň tapawudyna doly düşünmeýärler. Meselem, ýaşlaryň käbiri özüni Ýehowa bagyş edendigini, ýöne suwa çümdürilmäge taýyn däldigini aýdýarlar. Aslynda, bu dogrumy? Özüňi Ýehowa bagyş etmek Hudaýa ebedi gulluk etjekdigiňi aýtmagy aňladýar. Suwa çümdürilýän adam özüni Hudaýa
eýýäm bagyş edendigini görkezýär. Hawa, sen suwa çümdürileniňde, ýekelikde doga edip, özüňi Ýehowa bagyş edendigiňi başgalaryň öňünde tassyklaýarsyň. Şonuň üçin suwa çümdürilmezden öň, özüňi Hudaýa bagyş etmegiň manysyna doly düşünýändigiňe göz ýetirmeli.15. Özüňi Hudaýa bagyş etmek nämäni aňladýar?
15 Ýönekeý söz bilen aýdanyňda, sen özüňi Ýehowa bagyş edeniňde, öz islegiňden geçýärsiň. Sen Ýehowanyň islegini ýerine ýetirmegi durmuşyňda ähli zatdan ileri tutjakdygyňy söz berýärsiň (Matta 16:24-i okaň). Eger biz adamlara berýän sözümizde durmaly bolsak, onda Ýehowa Hudaýa berýän wadamyzda durmak has-da wajyp dälmi näme?! (Mat. 5:33). Sen özüňden geçendigiňi we Ýehowanyňkydygyňy nädip görkezip bilersiň? (Rim. 14:8).
16, 17. a) Özüňden geçmek nämäni aňladýar? Mysal getiriň. b) Adam özüni Ýehowa bagyş edende näme diýýär?
16 Aýdaly, dostuň saňa maşyn sowgat berýär. Ol maşynyň dokumentlerini saňa berip: «Ine, maşyn seniňki, ýöne açary mende durar. Ony men sürerin» diýýär. Sen şeýle sowgada begenermidiň? Dostuň barada näme pikir ederdiň?
17 Geliň, özüni Ýehowa bagyş edip: «Men özümi saňa bagyş edýärin. Men indi seniňki» diýýän adamdan Hudaýyň nämä garaşýandygy barada oýlanalyň. Eger ol adam ikiýüzlülik edip başlasa näme? Meselem, ol Ýehowa gulluk etmeýän adam bilen gizlin duşuşýar. Ýa-da wagyz gullugyna we ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmagyna päsgel berjek işe girýär. Ol şeýle etse, maşynyň açaryny özünde saklaýan ýaly bolmazmy? Aslynda, adam özüni Ýehowa bagyş edende: «Indi meniň durmuşym özüme däl-de, saňa degişli. Meniň isleýän zadym seniň islegiňe garşy geläýende-de, hemişe seniň islegiňi berjaý ederin» diýýär. Şeýdip, ol Isanyň göreldesine eýerýär. Isa ýer ýüzünde ýaşanda: «Men gökden öz islegimi däl-de, meni ibereniň islegini berjaý etmäge geldim» diýdi (Ýah. 6:38).
18, 19. a) Roza bilen Kristoferiň sözleri suwa çümdürilmegiň köp bereket getirýändigini nädip görkezýär? b) Siz suwa çümdürilmeklige nähili garaýarsyňyz?
18 Görşümiz ýaly, biziň her birimiz suwa çümdürilmeklige ýüzleý däl-de, çynlakaý garamaly. Özüňi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmek — biziň üçin uly hormat. Şol sebäpli Ýehowany söýýän we özüni Hudaýa bagyş etmegiň manysyna düşünýän ýaşlar suwa çümdürilmäge ýaýdanmaýarlar ýa-da şeýle karara gelendigine hiç haçan ökünmeýärler. Roza atly ýetginjek uýa şeýle diýýär: «Men Ýehowany söýýärin we oňa gulluk etmekden alýan şatlygymy hiç bir zat bilen deňäp bolmaýar. Men suwa çümdürilmek kararyna gelenimde hiç hili ikirjiňlenmedim».
19 Makalanyň başynda agzalan 12 ýaşly Kristofer suwa çümdürilmegiň manysyna doly düşünýärdimi? Ol özüni Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilendigine häzirem diýseň begenýär. Kristofer 17 ýaşynda umumy pioner bolup gulluk edip başlaýar, 18 ýaşynda gulluk hyzmatçysy edip bellenilýär, häzir bolsa Beýtelde gulluk edýär. Ol şeýle diýýär: «Men suwa çümdürilendigime ökünmeýärin. Ýehowanyň we onuň guramasynyň işine gatnaşyp, köp şatlyk tapýaryn». Senem suwa çümdürilmek barada oýlanýan bolsaň, bu wajyp ädime nädip taýýarlanyp bilersiň? Biz bu barada indiki makalada gürrüň ederis.
^ abzas 10 Wagyz kitaby 5:4 Wada bermezlik wada berip, ony berjaý etmezlikden ýagşydyr. 5 Diliň saňa günä etdirmesin; Hudaýyň ilçisiniň öňünde: «Wadam säwlik» diýme. Näme üçin Hudaý seniň sözüňe gaharlanyp, elleriňiň işini ýok etsin?