Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

TERJIMEHAL

Ýehowa meni hiç haçan taşlamady!

Ýehowa meni hiç haçan taşlamady!

Bir gezek meni Adolf Gitleriň çykyşyndan soň, oňa gül bermek üçin dört gyzyň biri edip saýladylar. Meni näme üçin saýlandyklaryny bilýäňizmi? Sebäbi kakam faşistleriň gurnaýan çärelerine yhlasly gatnaşýardy. Ol şol çäräni gurnan ýerli komitetiň bir ýolbaşçysynyň sürüjisidi. Ejem bolsa katolik dinine uýýardy we meniň monah bolmagymy isleýärdi. Şeýle güýçli täsire garamazdan, men ne faşist, ne-de monah boldum. Geliň, men size munuň sebäbini gürrüň bereýin.

MEN Awstriýanyň Gras şäherinde önüp-ösdüm. Ýedi ýaşymdakam, ene-atam meni dini mekdebe berdiler. Emma men ol ýerdäki ruhanylaryň monahlar bilen ahlaksyzlyk edýändiklerini görenimde, ör-gökden geldim. Şonda ejem maňa bir ýylyň içinde mekdepden gaýtmaga rugsat berdi.

Kakamyň maşgalamyz bilen harby eşikdäki düşen suraty

Soňra men ýatymlaýyn mekdebe geçdim. Bir gün agşam kakam gelip, Gras şäherini güýçli bombalap başlandyklary üçin, meni howpsuz ýere alyp gitdi. Biz Şladming şäherine gaçyp gitdik. Ol ýere baryp, köprüden geçen badymyza, ol ýumruldy. Başga bir sapar bolsa howlymyzda otyrkak, uçarlar enem ikimizi atyp başladylar. Uruş gutaranda, buthanamyzam, hökümetem bizi taşlan ýaly duýduk.

YNAMDAR KÖMEKÇINI TANAÝARYN

1950-nji ýylda ejem Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçip başlady. Men olaryň gürrüňlerini höwes bilen diňleýärdim, hatda ejem bilen ýygnak duşuşyklaryna-da gatnaşdym. Ejem Ýehowanyň Şaýatlarynyň öwredýän zatlarynyň hakykatdygyna göz ýetirendigi üçin 1952-nji ýylda suwa çümdürildi.

Şol wagtlar ýerli ýygnak garry aýallaryň ýygnanyşýan ýerine meňzeýärdi. Ýöne soňra biz diňe garry uýalaryň däl-de, ýaş uýalaryň hem gatnaýan ýygnagyna bardyk. Men Grasa dolananymdan soň, ýygnak duşuşyklaryndan galman gatnap başladym we tizden öwrenýän zatlarymyň hakykatdygyna göz ýetirdim. Şeýle-de men Ýehowa Hudaýyň öz gullukçylaryny hemişe goldaýandygyny bildim. Ol hatda biz çykalgasyz ýagdaýlarda ýeke galanymyzda-da, kömek edýän eken (Zeb. 3:5, 6).

Men öwrenen hakykatlarymy beýlekiler bilen paýlaşmak isledim. Muny, ilki bilen, jigi-doganlarymdan başladym. Dört gyz doganym mekdepde mugallym bolup işleýärdi we hersi bir obada ýaşaýardy. Men olara myhmançylyga baryp, Mukaddes Ýazgylary öwrenmäge höweslendirdim. Netijede, jigi-doganlarymyň hemmesi okuw geçip, Ýehowanyň Şaýady boldy.

Bir gezek öýden-öýe wagyz edip ýörkäm, 30 ýaşlaryndaky bir aýala duşdum we onuň bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başladym. Ol ruhy taýdan ösüp, suwa çümdürildi. Soňra onuň ýanýoldaşy bilen iki ogly hem suwa çümdürildi. Bu maňa ruhy taýdan gaty güýçli täsir etdi. Sebäbi meniň bilen öň hiç kim aýratyn okuw geçmändi. Men her sapaga gowy taýýarlyk görýärdim. Ýöne muny özüme, soňra bolsa sapak geçýänlerime öwretmek üçin edýärdim. Bu maňa hakykata ýürekden minnetdar bolmaga kömek etdi. Şeýdip, 1954-nji ýylyň aprel aýynda men özümi Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürildim.

«YZARLANÝARYS, ÝÖNE TAŞLANAN DÄLDIRIS»

1955-nji ýylda men Germaniýada, Fransiýada we Angliýada geçirilen halkara kongreslere gatnaşdym. Men Londonda wagtym Albert Şrýoder dogana duşdum. Ol Gilead mekdebiniň mugallymydy, soňra Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy bolup hem gulluk etdi. Britaniýadaky muzeýa baranymyzda, Şrýoder dogan Mukaddes Ýazgylaryň käbir golýazmalaryna ünsümizi çekdi. Olarda ýewreý harplary bilen Hudaýyň ady ýazylandy we ol munuň wajypdygyny bize düşündirdi. Bu maňa güýçli täsir etdi we Ýehowa hem-de hakykata bolan söýgimi has-da artdyryp, Hudaýyň Sözüniň ilerlemegine köpräk goşant goşmaga höweslendirdi.

Ýörite pioner ýoldaşym (sagda) bilen Awstriýanyň Mistelbah şäherinde gulluk edýäris

Men 1956-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda uzak wagtly gulluga başladym. Dört aý geçenden soň, meni Awstriýada ýörite pioner bolup gulluk etmäge bellediler. Şol wagt Mistelbah şäherinde Ýehowanyň Şaýatlary ýokdy. Men käbir kynçylyklara duşdum. Bile pioner bolup gulluk edýän ýoldaşym ikimiz biri-birimizden düýpgöter tapawutlanýardyk. Men 19 ýaşlarymdadym we özümem şäherli gyzdym; ol bolsa 25 ýaşynda we obadandy. Men her gün irden gijiräk turmagy halaýardym, ol bolsa ir turmagy gowy görýärdi. Agşamlaryna hem men-ä giç, ol bolsa irräk ýatýardy. Ýöne biri-birimizden tapawutlanýandygymyza garamazdan, biz Mukaddes Ýazgylaryň maslahatyna eýerip, agzybir gulluk etmekden şatlyk tapýardyk.

Biz başga-da agyr kynçylyklara-da uçradyk. Hatda yzarlamalara duş gelsek-de, «taşlanmadyk» (2 Kor. 4:7—9). Bir gezek pioner ýoldaşym bilen oba ýerlerinde wagyz edip ýörkäk, birnäçe adam itlerini gaçyrypdyrlar. Biraz wagtdan biziň daşymyzy dişini gyjap, üýrýän itler gurşap aldy. Biz bir-birimiziň elimizden tutup durduk. Men hatda: «Ýehowa, eger itler üstümize topulsa, onda gynanman ölmegimize ýol ber!» diýip haýyş etdim. Şonda itler golaýymyza gelip durdular-da, guýruklaryny oýnadyp, yzlaryna gitdiler. Biz Ýehowanyň gorandygyny duýduk. Soňra biz ýene-de şol obada wagyz etmegimizi dowam etdik. Adamlaryň hakykata gowy seslenýändigini görüp, biz diýseň begendik. Mümkin, olar itleriň bize topulmandygyny ýa-da şeýle howpdan soň wagyz edýändigimizi görüp, haýran galandyrlar. Wagtyň geçmegi bilen, olaryň käbiri Ýehowanyň Şaýady boldy.

Biz ýene bir zatdan gaty gorkduk. Bir gezek bolýan öýümiziň eýesi içgili gelip, bizi öldürjekdigini aýtdy. Sebäbi onuň pikiriçe, biz «goňşulary bimaza edýärdik». Aýaly ony saklajak bolsa-da, başarmady. Biz ýokarky otagda bolýan zatlaryň ählisini eşidip, gapymyzyň öňünde derrew oturgyç goýduk we goşlarymyzy ýygnaşdyryp başladyk. Biz gapyny açanymyzda, öý eýesi ýokarky basgançakda duran eken, elinde bolsa ullakan pyçak bardy. Şonda biz öýüň arka tarapyndaky gapydan ylgap çykdyk-da, ekiniň içi bilen gaçyp gitdik we gaýdyp yzymyza dolanmadyk.

Biz myhmanhana baryp, otag bermegi haýyş etdik. Ol ýerde bir ýyla golaý wagt ýaşadyk we wagzymyz gowy netije berdi. Nädip? Myhmanhana şäheriň merkezinde ýerleşýärdi we gyzyklanýanlaryň käbiri sapak geçmek üçin ol ýere gelmek isleýärdiler. Biraz wagtdan biz myhmanhanada her hepde kitap we «Garawul diňi» duşuşygyny geçirip başladyk. Toparymyza takmynan 15 adam gelýärdi.

Biz bir ýyldan gowrak Mistelbahda galdyk. Soňra Grasyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Feldbah şäherine bellediler. Men başga bir pioner uýa bilen gulluk etmelidim, ýöne ol ýerde hem ýygnak ýokdy. Biz agaçdan ýasalan kiçijik öýüň ikinji gatynda bolýardyk. Agaçlaryň arasyndan şuwwuldap ses gelýärdi. Şol sebäpli biz agaçlaryň arasyna gazetleri dykyşdyrdyk. Şeýle-de biz suwy guýudan daşamaly bolýardyk. Ýöne bu eden tagallamyza degdi. Sebäbi birnäçe aýyň içinde ol ýerde täze topar peýda boldy. Netijede bolsa, okuw geçýän bir maşgalamyzda 30 adam hakykata geldi!

Şeýle wakalar arkaly Ýehowa bolan minnetdarlygym has-da artýardy, sebäbi ol Patyşalygyň bähbitlerini ileri tutýan adamlary goldaýar. Hatda adamyň başarmaýan işlerini hem Ýehowanyň kömegi bilen hemişe edip bolýar (Zeb. 121:1—3).

HUDAÝ «SADYK SAG GOLY BILEN» GOLDADY

Men 1958-nji ýylda Nýu-Ýorkyň Ýanki we Polo Graunds stadionlarynda geçirilen halkara kongreslere gatnaşdym. Şonda Awstriýanyň filialynyň wekilleri maňa Gilead mekdebiniň 32-nji klasynda okamagy teklip etdiler. Heý-de şeýle teklipden ýüz öwrüp bolarmy?! Men şol bada: «Hawa!» diýip jogap berdim.

Gilead mekdebinde ýanymda Martin Pýotsinger dogan oturýardy. Ol faşistleriň konslagerinde ölüm howply ýagdaýlary başdan geçiripdi. Wagtyň geçmegi bilen, ol Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy bolup hem gulluk etdi. Käte Martin okuwda mahalymyz, pyşyrdap: «Erika, bu söz nemesçe näme bolýar-a?» diýip soraýardy.

Okuwyň ýarysynda Neýtan Norr dogan biziň nirede gulluk etjekdigimizi aýtdy. Men Paragwaýda gulluk etmelidim. Ýöne men gaty ýaşdym, şol sebäpli Paragwaýa gitmek üçin kakamdan rugsatnama gerekdi. Ony alanymdan soň, 1959-njy ýylyň mart aýynda Paragwaýa geldim. Meni Asunson şäherindäki missionerler öýüne iberdiler we ýanyma başga ýoldaş bellediler.

Şondan biraz wagt öň men Gilead mekdebiniň 30-njy klasyny tamamlan Uolter Braýt dogan bilen tanyşdym. Biraz wagtdan biz durmuş gurduk we indi durmuşda ýüze çykýan kynçylyklary ikimiz bile çözýärdik. Her gezek kynçylyk ýüze çykanda, biz Işaýa 41:10-daky Ýehowanyň şu wadasyny okaýardyk: «Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin». Hudaýyň bu wadasy bize wepaly galmaga kömek edip, Patyşalygy durmuşymyzda birinji orunda goýsak, onuň bizi hiç haçan taşlamajakdygyna ynamymyzy berkidýärdi.

Wagtyň geçmegi bilen, bizi Braziliýanyň serhedine golaý ýerde gulluk etmäge bellediler. Ol ýerdäki ruhanylar ýaşlary missionerleriň bolýan köne jaýyny daşlamaga küşgürdi. Soňra Uolter polisiýanyň başlygy bilen okuw geçip başlady. Ol bizi polisiýa işgärleriniň bir hepdeläp öýümizi gorajakdygyna we duşmanlaryň gaýdyp biynjalyk etmejekdigine ynandyrdy. Şondan biraz wagt geçenden soň, biz Braziliýanyň serhedine golaý ýerdäki has asuda raýonlaryň birine göçdük. Bu bize ýygnak duşuşyklaryny hem Paragwaýda, hem-de Braziliýada geçirmäge mümkinçilik berýärdi. Biz gullugyň bu görnüşindekäk, ol ýerde kiçiräk iki sany ýygnak peýda boldy.

Paragwaýyň Asunson şäherinde ýanýoldaşym Uolter bilen missioner gullugynda

ÝEHOWA MENI GOLDAMAGYNY DOWAM EDÝÄR

Lukmanlar meniň çaga dogrup bilmejekdigimi aýtdylar, ýöne 1962-nji ýylda göwrelidigimi bilenimizde, biz haýran galdyk. Ahyrsoňy, biz Florida ştatynyň Golliwud şäherine, ýagny Uolterleriň öýüniň golaýyna göçdük. Birnäçe ýyllap Uolter bilen pioner bolup gulluk edip bilmedik. Sebäbi maşgalamyzyň aladasyny etmelidik. Ýöne şonda-da biz Patyşalygyň bähbitlerini ileri tutmagymyzy dowam edýärdik (Mat. 6:33).

1962-nji ýylyň noýabr aýynda biz Florida baranymyzda, ýerli dogan-uýalaryň arasynda milletparazlygyň bardygyny görüp, diýseň geň galdyk. Sebäbi garaýagyz doganlar akýagyz dogan-uýalardan duşuşyklary aýry geçirýärdiler we aýratyn wagyz edýärdiler. Öňler ýygnaklaryň arasynda milletara bölünişik bardy. Emma Ýehowa halkynyň arasynda şeýle zatlaryň bolmagyny islemeýär. Muny Ýehowanyň şol ýerdäki dogan-uýalary goldaýşyndan görse bolýar. Häzir ol ýerde ençeme ýygnak bar.

Gynansak-da, 2015-nji ýylda ýanýoldaşym Uolter rak keselinden aradan çykdy. Biz 55 ýyllap bile ýaşaşdyk. Ol Ýehowany ýürekden söýýärdi we dogan-uýalara elmydama kömek ederdi. Men ony gelejekde direliş bolanda ýene-de görmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn (Res. iş. 24:15).

Men 40 ýyldan gowrak wagt uzak wagtly gulluk edip, köp şatlykly wakalary başdan geçirdim we ençeme bereketleri aldym. Meselem, Uolter ikimize okuw geçen adamlarymyzyň 136 sanysynyň suwa çümdürilendigini görmek miýesser etdi. Elbetde, käbir kynçylyklaram bolupdy. Ýöne biz wepadar Hudaýymyza gulluk etmegi hiç haçan bes etmedik. Gaýtam, oňa has-da ýakynlaşyp, kynçylyklarymyzy öz wagtynda we islegine laýyk çözjekdigine umyt edýärdik. Ol aýdyşy ýaly hem edýär! (2 Tim. 4:16, 17).

Men Uolteri gaty küýseýärin, ýöne pioner gullugy maňa güýç berýär. Başgalara kömek edenimde, esasan-da, olara direliş baradaky umyt hakynda gürrüň berenimde, kalbyma rahatlyk aralaşýar. Dogrudanam, Ýehowanyň meni hiç haçan taşlamandygyna ençeme gezek göz ýetirdim. Ol beren wadasynda durup, meni hemişe goldaýardy, berkidýärdi we «sadyk sag goly bilen söýget berýärdi» (Iş. 41:10).