Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Myhmansöýer bolmak örän wajyp

Myhmansöýer bolmak örän wajyp

«Birek-birege igenmän myhmansöýer boluň». 1 PET. 4:9

AÝDYMLAR: 50, 20

1. I asyrda ýaşan mesihçiler nähili kynçylyklary başdan geçirdiler?

TAKMYNAN b. e. 62—64-nji ýyllarynda Petrus resul «Pontusdaky, Galatýadaky, Kappadokiýadaky, Aziýadaky we Bitiniýadaky saýlananlara, ýagny wagtlaýyn ýaşaýjylara hat ýazýar» (1 Pet. 1:1). Orta Aziýada ýerleşýän dürli medeniýetden bolan bu ýygnaklaryň agzalary ruhlandyryjy sözlere we görkezmä mätäçdi. Olar garşylyklardan we kemsitmelerden ýaňa ejir çekýärdiler. Hawa, olar «agyr synaglary» başdan geçirýärdiler we juda kyn döwürde ýaşaýardylar. Şol sebäpli Petrus olara: «Ähli zadyň soňy golaýlandyr» diýip ýazdy. Şondan bary-ýogy on ýyl geçmänkä, Iýerusalim weýran edilende, erbetligiň soňy geldi. Eýsem, şol kyn döwürde mesihçilere näme kömek etdikä? (1 Pet. 4:4, 7, 12).

2, 3. Petrus resul dogan-uýalary näme üçin myhmansöýer bolmaga höweslendirdi? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

2 Petrus resul dogan-uýalara birnäçe maslahatlary berenden soň: «Birek-birege igenmän myhmansöýer boluň» diýip ündedi (1 Pet. 4:9). Grek dilinden «myhmansöýerlik» diýip terjime edilen söz «nätanyş adama söýgi bildirmegi ýa-da ýagşylyk etmegi» aňladýar. Ýöne üns beren bolsaňyz, Petrus resul dogan-uýalary «birek-birege», ýagny köpden bäri tanaýan we gatnaşýan imandaşlaryna myhmansöýer bolmagy ündeýär. Eýsem, myhmansöýer bolmagyň nähili peýdasy bar?

3 Bu dogan-uýalary biri-birine ýakynlaşdyrýar. Oýlanyp görüň: Kimdir biri sizi myhmançylyga çagyranda, özüňizi nähili duýupdyňyz? Eýsem, ol sizde ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary galdyrmadymy? Ýygnagyňyzdaky käbir dogan-uýalar bilen gatnaşyk edip, dostlugyňyz has-da berkemedimi? Myhmansöýerlik dogan-uýalary has ýakyndan tanamaga kömek edýär. Petrusyň günlerinde ýaşan mesihçiler ýagdaýyň gitdigiçe erbetleşýändigi sebäpli biri-birine has-da ýakynlaşmalydylar. Şu «soňky günlerde» ýaşaýan mesihçiler barada hem şeýle diýse bolar (2 Tim. 3:1).

4. Şu makalada haýsy soraglara serederis?

4 Biz «birek-birege» nädip myhmansöýer bolup bileris? Myhmansöýer bolmaga päsgel berýän zatlary nädip ýeňip bileris? Bizi myhmançylyga çagyranlarynda minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris?

MYHMANSÖÝER BOLMAGYŇ USULLARY

5. Biz ýygnak duşuşyklarynda nädip myhmansöýer bolup bileris?

5 Ýygnakda. Biz ruhy nahardan iýmitlenmek üçin ýygnak duşuşyklarymyza gelýän ähli adamlary mähir bilen garşy alýarys. Ýehowa we onuň guramasyna öý eýesi diýse bolýar (Rim. 15:7). Ýygnaga täze adamlar gelende, bizem olar üçin öý eýeleri ýaly bolýarys. Onda geýnişine we daş keşbine garamazdan, olary mähirli garşylasak gowy bolmazmy? (Ýak. 2:1—4). Gelen adam hiç kimi tanamaýan bolsa, onda onuň ýanynda otursaňyz gowy bolmazmy? Mümkin, siz oňa duşuşykda aýdylýan zatlary yzarlamaga we Ýazgylardaky aýatlary tapmaga kömek edersiňiz. Bu siziň hakykatdanam «myhmansöýerdigiňizi» görkezer (Rim. 12:13).

6. Biz esasan kimlere myhmansöýer bolmaly?

6 Çaý-suw ýa-da nahar. Gadymy döwürde, adatça, birini öýüne myhmançylyga çagyranlarynda, hödür-kerem edilýärdi (Gel. çyk. 18:1—8; Ser. 13:15; Luka 24:28—30). Bu dostlugyň hem-de parahatlygyň alamaty hasaplanýardy. Biz esasan kimleri myhmançylyga çagyrmaly? Ýygnagymyzdaky yzygider gatnaşýan dogan-uýalary. Eýsem, kyn döwür gelende biz biri-birimize has-da mätäç bolmarysmy? Şol sebäpli biz dogan-uýalaryň hemmesi bilen dostlukly we parahat gatnaşygy saklamaly. 2011-nji ýylda Ýolbaşçylyk maslahaty ABŞ-daky Beýtelde «Maşgala okuwynyň» geçirilýän wagtyna üýtgeşiklik girizdi. Öňler ol 18:45-de başlanýardy, indi bolsa 18:15-de geçirilýär. Näme üçin? Şol bildirişde beýtelçileriň duşuşykdan soň başgalara myhmansöýerlik bildirmäge mümkinçiliginiň boljakdygy bellenildi. Şeýle görkezmä beýleki filiallar hem eýerip başlady. Bu üýtgeşiklik Beýtel maşgalasynyň agzalaryny biri-birine has-da ýakynlaşdyrdy.

7, 8. Biz Ýehowanyň guramasynyň wekillerine nädip myhmansöýerlik bildirip bileris?

7 Başga ýygnakdan doganlar jemagat nutugy bilen gelende ýa-da etrap gözegçileri we ýerli filialyň wekilleri ýygnagymyzy idände, olara myhmansöýerlik bildirmäge mümkinçilik bolýar (3 Ýahýa 5—8-nji aýatlary okaň). Munuň gowy usuly olara çaý-suw ýa-da nahar hödür etmek. Muny nädip edip bileris?

8 ABŞ-da ýaşaýan bir uýamyz şeýle ýatlaýar: «Adamym ikimiz köp ýyllaryň dowamynda ýygnagymyza nutuk bilen gelen ençeme doganlary we olaryň aýallaryny öýümize myhman aldyk. Olaryň hersi bilen wagtymyzy geçirenimizde, şatlyk tapýardyk, esasan-da, ruhy taýdan berkeýärdik. Biz şeýle edenimize hiç haçan ökünmeýäris».

9, 10. a) Kimler köp wagtlyk myhman alynmaga mätäç bolmagy mümkin? b) Sada ýaşaýan dogan-uýalar imandaşlaryna kömek edip bilermi? Mysal getiriň.

9 Köp wagtlyk gelen myhmanlar. Gadymy döwürde adamlar baran ýerinde köplenç uzak wagtlap myhmançylykda bolýardy (Eýp. 31:32; Fil. 22). Şu günlerem şeýle zerurlyk ýüze çykmagy mümkin. Meselem, etrap gözegçileri ýygnaklary idände, imandaşlarynyň öýünde galmaly bolýarlar. Şeýle-de teokratik mekdeplerde okamaga gelen dogan-uýalara ýa-da meýletin gurluşykçylara hem ýaşamak üçin ýer gerek bolýar. Tebigy betbagtçylyklar sebäpli käbir dogan-uýalar öýsüz galyp, ony dikeldýänçäler, biziň kömegimize mätäç bolmaklary mümkin. Olara diňe gowy şertlerde ýaşaýan dogan-uýalar kömek etmelidir diýip pikir etmeli däl. Mümkin, eýýäm olar şeýle kömegi ençeme gezek berendirler. Siz hatda sada ýaşaýan bolsaňyz-da, öz kömegiňizi teklip edip bilersiňiz.

10 Günorta Koreýada ýaşaýan bir dogan teokratik mekdeplerde okamaga gelen dogan-uýalary myhman alandygyny höwes bilen ýatlaýar. Ol şeýle diýýär: «Başda biz biraz aladalandyk, sebäbi aýalym ikimiz ýaňy durmuş gurupdyk we kiçijik jaýymyz bardy. Ýöne şol dogan-uýalar bizde ýatdan çykmajak ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Ýaş çatynjalar hökmünde bizem Ýehowa bilelikde gulluk etmekden we ruhy maksatlara ýetmekden şatlyk tapyp biljekdigimize göz ýetirdik».

11. Ýygnagyň täze agzalaryna näme üçin myhmansöýerlik bildirmeli?

11 Ýygnagyň täze agzalary. Käbir mesihçiler ýeke özi ýa-da maşgalasy bilen siziň ýaşaýan ýeriňize göçmegi mümkin. Käbirleri bolsa wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmäge göçüp biler. Pionerleri siziň ýygnagyňyza kömek etmäge ugratmaklary mümkin. Şeýle mesihçileriň bary täze ýagdaýa, ýygnaga, hatda medeniýete öwrenişmeli we başga dili öwrenmeli bolýarlar. Olary çaýa, nahara ýa-da dynç almaga çagyrsak, täze dostlary edinmäge we täze şertlere öwrenişmäge kömek ederis.

12. Myhmansöýer bolmak üçin köp zadyň gerek däldigini haýsy waka görkezýär?

12 Myhmansöýer bolmak üçin köp zat gerek däl (Luka 10:41, 42-nji aýatlary okaň). Bir dogan missioner gullugyna başlan günlerini ýatlap, şeýle diýýär: «Biz ýaş, tejribesizdik we öýümizi küýseýärdik. Bir gün agşam aýalymyň gaty ýüregi gysdy. Men onuň göwnüni götermek üçin näçe jan etsem-de, hiç hili netije bermedi. Soňra sagat 19:30 töweregi gapymyz kakyldy. Görsem, okuw geçýänleriň biri eken, onuň elinde üç sany apelsin bardy. Ol bizi, ýagny täze missionerleri görmäge gelipdir. Biz ony içerik salyp, bir käse suw berdik. Soňra onuň üçin çaý we gyzgyn şokolad taýýarladyk. Biz heniz suahili dilinde gepläp bilmeýärdik, ol hem iňlisçe bilmeýärdi. Ýöne bu bize ýerli dogan-uýalar bilen dostlaşmaga mümkinçilik berdi».

PÄSGEL BERÝÄN ZATLARY ÝEŇIŇ

13. Myhmansöýer bolmagyň nähili peýdasy bar?

13 Size myhmansöýer bolmak kyn düşýärmi? Eger şeýle bolsa, siz dost-ýarlaryňyz bilen wagtyňyzy hoş geçirmek we dostlugyňyzy berkitmek mümkinçiligini elden gidirýärsiňiz. Myhmansöýerlik ýekesiremekligi ýeňmegiň iň gowy usullarynyň biridir. Ýöne siz käbirlerine myhmansöýer bolmagyň näme üçin kyn düşýändigini bilseňiz, geň galsaňyz gerek. Munuň birnäçe sebäpleri bar.

14. Myhmansöýerlik bildirmäge wagtymyz we güýjümiz çäkli bolsa näme edip bileris?

14 Wagt we güýç. Adatça, Ýehowanyň gullukçylary örän işli bolýar we köp jogapkärli işleri ýerine ýetirýär. Şol sebäpli käbirleri myhmansöýerlik bildirer ýaly, wagtynyň we güýjüniň ýokdugyny aýdýar. Eger sizem şeýle pikir edýän bolsaňyz, onda gün tertibiňizi barlasaňyz gowy bolar. Eýsem, myhmansöýerlik bildirmäge wagtyňyz we güýjüňiz bolar ýaly, siz käbir özgerişleri edip bilersiňizmi? Injilde: «Myhmansöýer bolmagy unutmaň» diýip maslahat berilýär (Ýew. 13:2). Oňa sarp eden wagtyňyz biderek bolmaz, gaýtam, ýagşy işleri etdigiňiz bolar. Belki-de, munuň üçin käbir wajyp däl işleriňizi çäklendirmeli bolarsyňyz.

15. Myhmansöýer bolmak bilen bagly nähili kynçylyklar ýüze çykmagy mümkin?

15 Özümize bolan garaýşymyz. Mümkin, siz myhmansöýer bolmak isleýänsiňiz, ýöne özüňizi biraz oňaýsyz duýýansyňyz. Käbirleri gürrüňdeşligi goldap ýa-da gelen myhmanlaryň göwnüni göterip bilmerin öýdüp aladalanýarlar. Başgalary bolsa sada ýaşaýandygy üçin ýygnagyndaky dogan-uýalary hiç haçan myhmançylyga çagyryp bilmerin diýip pikir edýär. Emma öýüňiziň kaşaň däl-de, arassa, tertipli we wagtyňy gowy geçirmäge laýyk bolmagynyň has wajypdygyny unutmaň.

16, 17. Myhmanlar bilen bagly ýüze çykýan aladalary ýeňmäge näme kömek eder?

16 Eger myhmansöýerlik bildirmek barada aladalanýan bolsaňyz, onda siz ýeke dälsiňiz. Britaniýada ýaşaýan ýygnak ýaşulusy şeýle diýýär: «Geljek myhmanlar üçin taýýarlyk görmek, biraz alada goýup biler. Ýöne Ýehowa gulluk etmek bilen bagly işleriň hemmesi eden zatlaryňa degýär. Sebäbi olar peýda we lezzet berýär. Men myhmanlar bilen ýöne bir kofe içip, gürrüňdeş bolmakdan hem şatlanýaryn». Myhmanlar bilen ýürekden gyzyklanmagyň hemişe peýda berýändigini unutmaň (Flp. 2:4). Olaryň hersi durmuşynda bolan wakalary gürrüň berýärler. Şeýle oturylyşykda bizde-de gürrüň bermäge mümkinçilik bolýar. Bir ýygnak ýaşulusy şeýle diýýär: «Ýygnakdaky dogan-uýalary myhmançylyga çagyranymda, olaryň hakykata nädip gelendigini bilmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa maňa olary has gowy tanamaga we ýagdaýyna düşünmäge kömek edýär». Dogrudan-da, ýürekden gyzyklanmaklyk hemişe şatlyk berýär.

17 Teokratik mekdeplerde okamaga gelen dogan-uýalary öýüne myhman alan pioner uýamyz şeýle diýýär: «Başda men biraz aladalanýardym. Sebäbi ýaşaýan öýüm we onuň içindäki zatlar ýönekeýjedi. Emma mugallymlaryň biriniň aýaly maňa göwünlik berdi. Ol ýanýoldaşy bilen ýygnaklary idände, maddy taýdan pes ýaşasalar-da, özleri ýaly ünsüni Ýehowa gulluk etmäge we sada ýaşamaga gönükdiren ruhy taýdan ýetişen dogan-uýalaryň öýünde birnäçe hepde bolmagyň ýakymly bolandygyny aýtdy. Bu maňa çagakam ejemiň aýdan şu sözlerini ýatlatdy „söýginiň bar ýerinde gök ösümlikli nahar... gowudyr“» (Sül. tym. 15:17). Geliň, çendenaşa aladalanmalyň we dogan-uýalara söýgi bilen myhmansöýerlik bildireliň.

18, 19. Myhmansöýer bolmak başgalara bolan nädogry garaýşymyzy ýeňmäge nädip kömek edýär?

18 Başgalara bolan garaýşymyz. Ýygnakda dogan-uýalaryň biri bilen düşünişmezlik dörän bolsa näme? Elbetde, oňa başda söýgiňi bildirmek kyn bolup biler. Ýöne erbet duýgularyňyza erk etmek üçin hiç zat etmeseňiz, ol uzaga çeker. Bu siziň myhmansöýer bolmagyňyza hem päsgel berip biler. Ýa-da öň biri siziň göwnüňize degendir we muny ýadyňyzdan çykarmak kyndyr.

19 Mukaddes Ýazgylarda başgalar, hatda duşmanlaryň bilen hem gowy gatnaşygy ösdürmek üçin myhmansöýer bolmak maslahat berilýär (Süleýmanyň tymsallary 25:21, 22-nji aýatlary okaň). Myhmansöýer bolmaga jan etsek, parahatlygy saklamaga we erbet duýgulary ýeňmäge kömek eder. Şeýle-de dogan-uýalaryň gowy häsiýetlerini görmäge ýardam eder. Ýehowa hem kimdir birini hakykata çekende, onuň gowy häsiýetlerine üns berýär (Ýah. 6:44). Eger dogan-uýalara bolan söýgimizi ösdürsek, olary myhmançylyga çagyrarys. Bu bolsa olar bilen dostlugymyzy has-da berkider. Biz muny ýagşy niýet bilen edýändigimize nädip göz ýetirip bileris? Munuň üçin Filipililer 2:3-däki: «Pesgöwünli boluň we başgalary özüňizden ýokary saýyň» diýen maslahata eýermeli. Dogan-uýalar bilen wagtymyzy geçirmek üçin mümkinçilik gözlesek, olaryň imanyndan, çydamlylygyndan, batyrgaýlygyndan ýa-da mesihçilere mahsus beýleki häsiýetlerinden köp zatlary öwreneris. Şeýle-de olara bolan söýgimiz artar we ýürekden myhmansöýer bolmaga mümkinçilik berer.

MINNETDAR BOLUŇ

Adatça, myhman çagyran adamlar gowy taýýarlyk görýär (20-nji abzasa serediň)

20. Bizi myhmançylyga çagyrsalar muňa nähili garamaly we näme üçin?

20 Mezmurçy Dawut: «Ýa Reb, seniň çadyryňda kim mesgen tutar?» diýdi (Zeb. 15:1). Ol bu soragy berenden soň, Hudaýyň öz myhmanlarynda görmek isleýän häsiýetleri hakda gürrüň edýär. Olaryň biri biziň aýdýan sözlerimiz bilen baglanyşykly. Ýazgylarda: «Eden kasamy öz zyýanyna-da bolsa, ondan dänýän däldir» diýilýär (Zeb. 15:4). Diýmek, bizi myhmançylyga çagyran bolsalar muňa sowuk-sala garamaly däl. Sebäbi bizi myhmançylyga çagyran adam gowy taýýarlyk görmegi mümkin. Biz hem oňa barmasak, onuň bar eden tagallasy biderek bolar (Mat. 5:37). Käbirleri gurplurak ýa-da hormatlanýan biri myhmançylyga çagyrsa, ondan öň çagyran adama baryp bilmejekdigini aýdýar. Eýsem, şeýle edýäne söýýän ýa-da hormat goýýan adam diýip bolarmy? Aslynda, biz öý eýesi näme hödür etse-de, onuň myhmansöýerligine ýürekden minnetdar bolmaly (Luka 10:7). Käbir wajyp sebäplere görä baryp bilmejek bolsak, onda myhmançylyga çagyran adama sypaýyçylyk hem söýgi bilen mümkin boldugyndan tizräk duýdursak gowy bolar.

21. Myhmançylyga çagyran adama minnetdar bolmaga näme kömek eder?

21 Ýerli däp-dessurlara hormat goýmak hem örän wajyp. Käbir medeniýetlerde garaşylmadyk myhmanlary hem mähir bilen garşy alýarlar; ýöne başga ýerde barjakdygyň barada öňünden duýdurmak ýerlikli hasaplanýar. Käbir ýerlerde öý eýeleri gelen myhmanlara iň gowy zatlaryny hödür edip, özleri ojuk-bujuk bilen oňýarlar; başga ýerde bolsa hemmelere deň garalýar. Şeýle-de käbir ýerlerde, adatça, gelen myhmanlar ýanlary bilen ony-muny getirýärler; başga ýerlerde bolsa myhmanlar azara galmasa, öý eýeleri begenýär. Käbir medeniýetlerde myhmançylyga çagyranlarynda, bir-iki sapardan soň razylyk bildirilýär; ýöne başga medeniýetde birinji gezek çakylygy kabul etmeseň, ýerliksiz hasaplanýar. Geliň, bizi myhmançylyga çagyran adamlar begener ýaly, elimizde baryny edeliň.

22. Näme üçin «birek-birege... myhmansöýer bolmak» örän wajyp?

22 Biz häzir «ähli zadyň soňunyň golaýlan» döwründe ýaşaýarys (1 Pet. 4:7). Tizden görlüp-eşidilmedik agyr muşakgat başlar. Şol sebäpli biz birek-birege bolan söýgimizi artdyrmaly. Petrus resulyň mesihçilere: «Birek-birege... myhmansöýer boluň» diýen maslahaty häzir örän ýerlikli. Sebäbi myhmansöýerligiň hiç haçan gymmaty gaçmaz (1 Pet. 4:9).