Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ene-atalar, çagalaryňyza suwa çümdürilmäge kömek ediň!

Ene-atalar, çagalaryňyza suwa çümdürilmäge kömek ediň!

«Indi bolsa eglenme. Tur-da, suwa çümdüril». RES. IŞ. 22:16

AÝDYMLAR: 7, 11

1. Mesihçi ene-atalar çagalary suwa çümdürilmezden öň nämä göz ýetirmek isleýärler?

BLOSSOM Brandt uýamyz suwa çümdürilmek babatda karara gelende bolan wakany ýatlap, şeýle diýýär: «Men birnäçe aýyň dowamynda ejem bilen kakama suwa çümdürilmek isleýändigimi aýdýardym. Biz köplenç bu barada gürrüň edýärdik. Enem-atam meniň gelen kararymyň wajypdygyna düşünýändigimi bilmek isleýärdiler. Ine, 1934-nji ýylyň 31-nji dekabrynda şol wajyp gün gelip ýetdi». Şu günlerem mesihçi ene-atalar çagalaryna paýhasly karara gelmäge kömek edýärler. Suwa çümdürilmeklige sowuk-sala garamak ýa-da ony soňa goýmak ruhy taýdan howply bolup biler (Ýak. 4:17). Ýöne ene-atalar çagalary suwa çümdürilmezden öň, Mesihiň şägirdi bolmagyň jogapkärçilikdigine düşünýändiklerine göz ýetirmek isleýärler.

2. a) Etrap gözegçileriniň käbiri nämä biynjalyk bolýar? b) Şu makalada nämä serederis?

2 Etrap gözegçileriniň käbiri hakykatda önüp-ösen ýetginjekleriň we ýaňy 20 ýaşlaryna ýeten ýaşlaryň henizem suwa çümdürilmändigini görüp, biynjalyk bolýarlar. Bu ýaşlar ýygnak duşuşyklaryna barýarlar we wagyz edýärler; özlerini Ýehowanyň Şaýady hasaplaýarlar. Emma durmuşyny Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilmekligi soňa goýýarlar. Näme üçin? Sebäbi kä halatda ene-atalar çagalaryny suwa çümdürilmäge höweslendirmeýärler. Biz şu makalada käbir mesihçi ene-atalaryň haýsy dört sebäbe görä çagalarynyň suwa çümdürilmegini soňa goýýandygyna serederis.

OL HENIZ KIÇI DÄLMI?

3. Blossomyň ene-atasy nämä biynjalyk bolýardy?

3 Ýokarda agzalan Blossomyň ene-atasy gyzynyň suwa çümdürilmegiň manysyna we wajypdygyna düşünmek üçin ýaşynyň kiçidigine biynjalyk bolýardylar. Ene-atalar çagasynyň özüni Hudaýa bagyş etmäge taýyndygyna ýa-da däldigine nädip göz ýetirip bilerler?

4. Isanyň Matta 28:19, 20-nji aýatlardaky tabşyrygy ene-atalara çagalaryna tälim bermekde nädip kömek edýär?

4 Matta 28:19, 20-nji aýatlary okaň. Geçen makaladan bilşimiz ýaly, Mukaddes Ýazgylara görä suwa çümdürilmek üçin belli bir ýaşda bolmak hökman däl. Ýöne ene-atalar şägirt taýýarlamagyň näme aňladýandygy barada oýlansalar gowy bolar. Matta 28:19-daky «şägirt taýýarlamak» diýip terjime edilen grek jümlesi adamlara Mesihiň şägirdi bolmaga kömek etmek maksady bilen tälim bermelidigini aňladýar. Şägirt bolan adam Isanyň taglymatlaryny öwrenip, oňa düşünýär we ýürekden berjaý edýär. Diýmek, mesihçi ene-atalar Mesihiň suwa çümdürilen şägirdi bolmaga kömek etmek üçin, çagalaryna bäbeklikden tälim bermeli. Elbetde, çagany bäbekkä suwa çümdürip bolmaz. Emma Mukaddes Ýazgylarda aýdylmagyna görä, hatda ýaş çagalar hem Hudaýyň Sözündäki hakykatlara düşünip, olary gymmat saýyp bilýär.   

5, 6. a) Mukaddes Ýazgylardan Timoteosyň suwa çümdürilendigi barada nämäni bilýäris? b) Paýhasly ene-atalar çagalaryna nädip goldaw berip biler?

5 Timoteos hakykaty ýaşlykdan bäri bilýärdi. Pawlus resul Timoteosyň Ýazgylardaky hakykaty bäbeklikden bilýändigini aýtdy. Timoteosyň ene-atasynyň dini ynançlary tapawutlansa-da, ejesi bilen mamasy ýehudy bolandygy üçin Ýazgylara bolan minnetdarlygy kiçilikden oňa guýup bildiler. Şeýdip, onuň imany berk boldy (2 Tim. 1:5; 3:14, 15). Timoteos 20 ýaşlaryna ýetmänkä, ýygnakda jogapkärli borçlary ýerine ýetirmäge mynasyp bolýar (Res. iş. 16:1—3).

6 Elbetde, hemme çagalar birmeňzeş bolmaýar. Olaryň düşünjesi, dünýägaraýşy we ruhy taýdan ösüşi biri-biriniňkiden tapawutlanýar. Käbir çagalar pikir we duýgy taýdan çalt ösüp, suwa çümdürilmek isleýändigini aýdýarlar. Başgalary bolsa bu ädimiň wajypdygyna biraz ulalandan soň düşünýärler. Şonuň üçinem paýhasly ene-atalar çagalaryny suwa çümdürilmäge mejbur etmeýärler. Gaýtam, olara ruhy taýdan ösmäge kömek edenlerinde, hersiniň ösüşini we ukybyny göz öňünde tutýarlar. Ene-atalar çagalarynyň Süleýmanyň tymsallary 27:11-däki (okaň) sözlere çynlakaý garaýandygyny görüp begenýärler. Muňa garamazdan, olar çagalarynyň Mesihiň şägirdi bolmalydygy baradaky maksadyny ünsden düşürmeli däl. Şoňa görä-de ene-atalar: «Özüni Hudaýa bagyş edip, suwa çümdüriler ýaly, çagamyň ýeterlik bilimi barmyka?» diýen soragyň üstünde oýlansalar gerek.

ÝETERLIKLI BILIMI BARMY?

7. Suwa çümdürilmek üçin Mukaddes Ýazgylary jikme-jik bilmek hökmanmy? Düşündiriň.

7 Ene-atalar çagalarynyň esasy taglymatlary gowy özleşdirmeklerini isleýär. Muňa garamazdan, özüňi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmek üçin hemme zady jikme-jik bilmek hökman däl. Biziň ählimiz suwa çümdürilenimizden soň, bilim almagymyzy dowam etmeli (Koloslylar 1:9, 10-njy aýatlary okaň). Onda suwa çümdürilmek üçin näçeräk bilimiň bolmaly?

8, 9. Biz Pawlus resul we türmeçi bilen bolan wakadan näme öwrenip bileris?

8 Geliň, ene-atalara gowy kömek edip biljek I asyrda ýaşan bir maşgalanyň mysalyna seredeliň (Res. iş. 16:25—33). Pawlus resul takmynan b. e. 50-nji ýylynda ikinji missionerlik syýahatynda Filipä barýar. Ol ýerde Silas ikisine töhmet atyp, türmä basýarlar. Gije güýçli ýer titräp, türmäniň gapylary açylýar. Türmeçi tussaglar gaçandyr öýdüp, janyna kast etjek bolanda, Pawlus ony saklaýar. Pawlus bilen Silas türmeçä we maşgala agzalaryna gowy güwälik edýärler. Eýsem, Isa barada eşiden hakykatlaryna bolan minnetdarlygy olary wajyp ädim ätmäge höweslendirdimi? Hawa, olar soňa goýman, şol bada suwa çümdürilýärler. Biz bu wakadan näme öwrenýäris?

9 Adatça, harby gullukçy zähmet rugsadyna çykanda, türmeçi edip bellenilýärdi. Şol türmeçi Ýazgylar bilen tanyş däldi. Ol hakykaty özleşdirmek üçin Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymatlaryny öwrenmelidi. Şonda ol Hudaýyň gullukçysy bolup, Isanyň taglymatlaryna ýürekden eýerip bilerdi. Onuň gysga wagtyň içinde öwrenen zatlary we Ýazgylardaky hakykatlara bolan minnetdarlygy ony suwa çümdürilmäge höweslendirdi. Elbetde, ol suwa çümdürilenden soňam bilim almagyny dowam edendir. Diýmek, çagaňyz Ýazgylardaky esasy taglymatlara ýürekden minnetdarlygyny we şol sanda özüňi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmekligiň manysyna hem-de wajypdygyna düşünýändigini aýtsa, siz näme edip bilersiňiz? Siz mesihçi ene-ata hökmünde çagaňyzyň suwa çümdürilmek üçin talaplara laýyk gelýändigini anyklar ýaly ýygnak ýaşulularyna aýdyp bilersiňiz *. Beýleki suwa çümdürilen dogan-uýalar ýaly ol hem Ýehowanyň niýeti barada bilim almagyny häzir, hatda ebedi dowam eder (Rim. 11:33, 34).

BAŞDA ÝOKARY BILIM ALSA GOWY BOLMAZMY?

10, 11. a) Käbir ene-atalar çagalarynyň gelejegi barada nähili pikir edýärler? b) Ene-atalar öňürti nämäniň aladasyny etmeli?

10 Käbir ene-atalar ogly ýa-da gyzy suwa çümdürilmänkä, öňürti bilim alsa we kär edinse gowy bolar diýip pikir edýär. Elbetde, olar muny ýagşy niýet bilen edýändirler. Ýöne bu çaga durmuşda hakyky üstünligi gazanmaga kömek edermi? Iň wajyby bolsa, bu Mukaddes Ýazgylara laýyk gelýärmi? Eýsem, Ýehowanyň Sözi bizi näme etmäge höweslendirýär? (Wagyz kitaby 12:1-i okaň) *.

11 Dünýä we onuň hödürleýän zatlarynyň Ýehowanyň garaýşyna hem-de islegine düýbünden garşy gelýändigini ýatda saklamak örän wajyp (Ýak. 4:7, 8; 1 Ýah. 2:15—17; 5:19). Şeýtandan, onuň dünýäsinden we hudaýsyz adamlaryň garaýşyndan çagaňyzy goramagyň iň gowy usuly — Ýehowa bilen ýakyn gatnaşykda bolmakdyr. Eger ene-ata ýokary bilim almagy birinji ýerde goýsa, çagasyna dogry karara gelmek kyn bolar, bu bolsa onuň gelejegini howp astyna salar. Eýsem, söýýän ene-atalar çagalarynyň üstünlige bolan garaýşyna dünýäniň täsir etmegine ýol berermi? Aslynda, biz Ýehowa gulluk etmegi birinji orunda goýanymyzda, hakykatdan bagtly bolýarys we üstünlik gazanýarys (Zebur 1:2, 3-nji aýatlary okaň).

GÜNÄ ETSE NÄME?

12. Näme üçin käbir ene-atalar çagasynyň suwa çümdürilmegini soňa goýýarlar?

12 Bir uýamyz gyzyny näme sebäpden suwa çümdürilmäge höweslendirmändigini ýatlap, şeýle diýýär: «Dogrymy aýtsam, munuň esasy sebäbi ol gatnaşykdan kesiler öýdüp gorkýardym». Şol uýa ýaly käbir ene-atalar çagalary akylsyz hereket etmez ýaly biraz ulalsa gowy bolar diýip pikir edýärler (Gel. çyk. 8:21; Sül. tym. 22:15). Olar: «Çagam suwa çümdürilmese gatnaşykdanam kesilmez» diýip pikir etmekleri mümkin. Ýöne şeýle pikirde bolmak näme üçin nädogry? (Ýak. 1:22).

13. Suwa çümdürilmekligi soňa goýmaklyk Ýehowanyň öňündäki jogapkärçilikden boşadýarmy? Düşündiriň.

13 Elbetde, mesihçi ene-atalar çagasy ruhy taýdan ýetişýänçä özüni Hudaýa bagyş etmegini islemeýärler. Ýöne çaga suwa çümdürilmese, Ýehowanyň öňünde jogapkär däl diýip pikir etmek hem nädogry bolardy. Näme üçin? Sebäbi Ýehowanyň öňündäki jogapkärçiligimiz suwa çümdürilmeklige bagly däl. Çaga Ýehowanyň nazarynda nämäniň dogrudygyny we nädogrudygyny bilensoň, Hudaýyň öňünde jogapkär hasaplanýar (Ýakup 4:17-ni okaň). Şol sebäpli paýhasly ene-atalar çagasynyň suwa çümdürilmegini soňa goýman, gaýtam, gowy görelde görkezmäge tagalla edýärler. Olar çagalaryna Ýehowanyň ahlak kadalaryna ýürekden minnetdar bolmagy bäbeklikden öwretmek isleýärler (Luka 6:40). Bu bolsa olaryň çagalary üçin gorag bolup durýar. Sebäbi olar ulalanda, Ýehowanyň kadalaryna eýerip ýaşamagy endik edinýärler (Iş. 35:8).

DOGAN-UÝALARYŇ BERÝÄN KÖMEGI

14. Ýaşulular çagalaryna suwa çümdürilmäge kömek edýän ene-atalary nädip goldap biler?

14 Ýygnagyň ruhy taýdan ýetişen çopanlary ene-atalara ruhy maksatlar hakda gowy gürrüňleri etmäge ýardam edip bilerler. 70 ýyldan gowrak pioner bolup gulluk eden bir uýamyz 16 ýaşyndaka Çarlz T. Rassel doganyň oňa nähili kömek edendigini ýatlap, şeýle diýýär: «Ol ruhy maksatlarym barada bary-ýogy 15 minut gürrüňdeş boldy». Dogrudan-da, ýagşy hem-de ruhlandyryjy sözler uzak wagtlap täsir edip bilýär (Sül. tym. 25:11). Ýaşulular ene-atalary we olaryň çagalaryny Ýygnak jaýynyň gurluşyk hem abatlaýyş işlerine gatnaşmaga çagyryp, ýaşlaryň ýaşyna hem-de ukybyna görä käbir ýumuşlary tabşyryp biler.

15. Ýygnakdaky dogan-uýalar ýaşlara nädip kömek edip bilerler?

15 Ýygnagyň beýleki agzalary hem ýaşlar bilen ýürekden gyzyklanyp kömek edip bilerler. Bu ýaşlaryň ruhy taýdan ösýändigini bilmäge ýardam eder. Meselem, ol ýygnak duşuşyklarynda gowy hem-de manyly jogaplary berýärmi? Synagda berk durýarmy we mekdepde mümkinçilik dörände wagyz etmäge tagalla edýärmi? Eger şeýle bolsa, onda olara ýürekden öwgüli sözleri aýdyň. Siz ýygnak duşuşygyndan öň ýa-da soň ýaşlar bilen gürrüňdeş bolup, ýürekden gyzyklanýandygyňyzy görkezip bilersiňizmi? Şeýle kömek ýaşlara «uly ýygnagyň» agzasydygyna düşünmäge kömek eder (Zeb. 35:18).

ÇAGALARYŇYZA SUWA ÇÜMDÜRILMÄGE KÖMEK EDIŇ

16, 17. a) Suwa çümdürilmek adamyň gelejegine nähili täsir edýär? b) Ähli mesihçi ene-atalar nämäni arzuw edýärler? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

16 Çagalary «Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi bilen ulaltmak» ene-atalar üçin iň uly jogapkärçilikleriň biri hasaplanýar (Efes. 6:4; Zeb. 127:3). Gadymy ysraýyl halkyndan tapawutlylykda, şu günler ene-atasy mesihçi bolan çagalar Ýehowa bagyş edilen halka degişli bolup dogulmaýarlar. Galyberse-de, Hudaýa hem-de hakykata bolan söýgi nesilden-nesle geçmeýär. Çaga dünýä inen gününden başlap ene-atalar onuň özüni Hudaýa bagyş edip, Ýehowanyň suwa çümdürilen gullukçysy bolmagynyň aladasyny etmeli. Eýsem, şundan wajyp zat barmy näme?! Özüni Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilen we Oňa wepaly gulluk edýän her bir adam agyr muşakgatda halas bolar ýaly bellik alar (Mat. 24:13).

Ene-atalar çagalaryna Hudaýyň gullukçysy bolmaga kömek etmegi maksat edinmeli (16, 17-nji abzaslara serediň)

17 Blossom Brandt uýamyz suwa çümdürilmek kararyna gelende, onuň hudaýhon ene-atasy bu iň wajyp ädimi ätmäge taýyndygyny bilmek isleýärdiler. Olar muňa göz ýetirende, gyzynyň gelen kararyny höwes bilen goldadylar. Suwa çümdürilmeginiň öň ýanyndaky gije onuň kakasy üýtgeşik bir zat edýär. Blossom şeýle ýatlaýar: «Kakam hemmämiziň öňünde dyzyna çökdi-de, Hudaýa doga etdi. Ol Ýehowa kiçijik gyzynyň özüni oňa bagyş etmek kararyna gelendigine gaty begenýändigini aýtdy». Şondan 60 ýyldan gowrak wagt geçensoň, Blossom şeýle diýýär: «Şol gün agşam bolan zatlary hiç haçan unutmajakdygyma ynanyp bilersiňiz!» Goý, çagalarynyň özüni Hudaýa bagyş edip, Ýehowanyň suwa çümdürilen gullukçysy bolandygyny görmek bagty her bir ene-ata miýesser etsin!

^ abzas 9 Ene-atalar «Ýaşlaryň sowallary. Peýdaly maslahatlar» atly kitabyň II tomunyň 304—310-njy sahypalaryndan çagalaryna kömek etjek maglumatlary tapyp biler. Şeýle-de 2011-nji ýylyň aprel aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzdaky» «Sowally bukja» (sah. 2) serediň.

^ abzas 10 Wagyz kitaby 12:1 Juwanlygyňda, agyr günler gelmänkä, «olardan lezzet almaryn» diýjek ýyllaryň golaýlaşmanka, özüňi Ýaradany ýatla.