Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

Ýehowanyň Şaýatlary Pawlus resulyň suratyny näme üçin kel ýa-da kiçi saçly edip çekýärler?

Dogrusyny aýtsak, şu günler Pawlus resulyň daş keşbi barada hiç kim anyk bir zat aýdyp bilmeýär. Biziň edebiýatlarymyzdaky Pawlusyň suratlary we şekilleri arheologik tapyndylara esaslanyp däl-de, şol döwürdäki adamlaryň daş keşbini çen bilen göz öňüne getirilip çekilýär.

Emma Pawlusyň daş keşbiniň nähili bolandygyny görkezýän käbir maglumatlar bar. Meselem, 1902-nji ýylyň 1-nji martynda çykan «Sion Garawul diňi» žurnalynda şeýle diýlipdi: «Takmynan b. e. 150-nji ýylynda ýazylan „Pawlus bilen Feklanyň eden işleri“ atly kitapda Pawlusyň daş keşbi has takygrak suratlandyrylýar. Şol kitapda onuň gysga boýly, kel, aýagy gyşyk, daýaw, gaşy birleşen we biraz burunlak bolandygy aýdylýar».

1997-nji ýylda neşir edilen «Hristian buthanasynyň Oksford sözlüginde» şol gadymy golýazma barada şeýle diýilýär: «Bu kitapda hakykata laýyk gelýän käbir taryhy maglumatlaryň bardygy şübhesizdir». «Pawlus bilen Feklanyň eden işleri» atly kitap irki asyrlarda gymmat saýylýardy. Bu kitabyň 80 sany grek golýazmasyna we başga dillerde-de terjimesine duş gelse bolýar. Görşümiz ýaly, Pawlus resulyň daş keşbi bilen bagly göz öňüne getirýän zatlarymyz käbir gadymy golýazmalara esaslanýar.

Emma Pawlusyň daş keşbi däl-de, ol baradaky başga zatlary bilmek has ähmiýetlidir. Pawlus Hudaýa yhlasly gulluk etse-de, käbir adamlar ony «gowşak, gepläp başlanda bolsa sözüni diňlär ýaly däl» diýip ýazgarýardylar (2 Kor. 10:10). Ýöne biz Isanyň gudrat bilen Pawlusa görnüp, şondan soň onuň mesihçi bolandygyny unutmaly däl. Şeýle-de biz Pawlusyň «(Isanyň) adyny başga halklara... yglan etmek üçin saýlanandygy» barada oýlanyp bileris (Res. iş. 9:3—5, 15; 22:6—8). Ýehowanyň mukaddes ruhy arkaly Pawlusa ýazdyran kitaplaryndan bolsa has köp peýda alyp bileris.

Pawlus resul mesihçi bolmanka gazanan üstünliklerine öwünmeýärdi we daş keşbi barada hiç zat aýtmady (Res. iş. 26:4, 5; Flp. 3:4—6). Ol: «Men resullaryň iň kiçisi, hatda resul adyny götermäge-de mynasyp däldirin» diýýär (1 Kor. 15:9). Soňra ol: «Bu merhemet mukaddesleriň iň kiçisi bolan maňa edildi. Şonuň üçin men adamlara Mesih baradaky hoş habary, ýagny çäksiz bilimi wagyz etmelidirin» diýip ýazdy (Efes. 3:8). Bu zatlary bilmeklik Pawlus resulyň daş keşbiniň nähili bolandygyndan has wajyp diýse bolýar.