Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Suwa çümdürilmek — mesihçiler üçin talap

Suwa çümdürilmek — mesihçiler üçin talap

«Siz suwa çümdürilmek bilen,.. halas bolýarsyňyz». 1 PET. 3:21

AÝDYMLAR: 7, 6

1, 2. a) Çagalary suwa çümdürilmek islese, käbir ene-atalar muňa nähili garaýar? b) Suwa çümdüriljek mesihçilerden näme üçin özlerini Ýehowa bagyş edendikleri barada sorag berilýär? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

MARIÝA * atly ýaş gyzyň mesihçi ene-atasy onuň beýleki suwa çümdürilýänleriň arasynda durandygyna syn edýär. Mariýa nutukçynyň beren iki soragyna sesli we ynamly jogap berýär. Biraz wagtdan ol suwa çümdürilýär.

2 Mariýanyň ene-atasy gyzynyň özüni Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilendigine diýseň buýsanýarlar. Emma ýaňy-ýakynda onuň ejesini şeýle soraglar biynjalyk edýärdi: «Mariýa suwa çümdüriler ýaly entek ýaş dälmi? Ol bu ädime çynlakaý garamalydygyna düşünýärmikä? Biraz garaşsa gowy bolmazmy?» Çagalary suwa çümdürilmek isleýän ene-atalaryň köpüsi şeýle soraglary berýär (Wag. 5:5). Sebäbi özüňi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmek mesihçiler üçin iň wajyp ädim hasaplanýar (« Sen özüňi Ýehowa bagyş etdiňmi?» diýen çarçuwa serediň).

3, 4. a) Petrus resul suwa çümdürilmegiň wajypdygyny nädip görkezdi? b) Suwa çümdürilmegi näme üçin Nuhuň günlerindäki gäminiň gurluşyna meňzetse bolýar?

3 Petrus resul suwa çümdürilmek barada gürrüň edende, Nuh pygamberiň gämini guran döwrüne salgylanyp: «Siz suwa çümdürilmek bilen... halas bolýarsyňyz» diýdi (1 Petrus 3:20, 21-nji aýatlary okaň). Gämini gurmak bilen, Nuh pygamber Hudaýyň islegini berjaý edip ýaşandygyny aýdyň subut etdi. Ol Ýehowanyň tabşyrygyny wepaly ýerine ýetirdi. Dogrudan-da, ol imanyny iş ýüzünde görkezip, özüni we maşgalasyny Tupandan halas etdi. Eýsem, Petrus resul bu mysaly näme üçin getirdikä?

4 Nuh pygamber gämini gurup, imanynyň berkdigini görkezdi. Suwa çümdürilmegi hem şuňa meňzetse bolýar. Näme üçin? Sebäbi adam Mesihiň direlendigine iman edip, özüni Ýehowa bagyş edýär. Nuh pygamber ýaly olar hem Hudaýyň tabşyran işini ýürekden berjaý edýärler. Nuhuň Tupandan halas bolşy ýaly, suwa çümdürilen mesihçilerem zalym dünýäniň soňy gelende halas bolarlar (Mar. 13:10; Ylh. 7:9, 10). Görşümiz ýaly, özüňi Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilmek örän wajyp. Muny soňa goýýan adam ebedi ýaşaýşa bolan gelejegini howp astyna salýar.

5. Biz şu makalada nämä serederis?

5 Suwa çümdürilmegiň wajypdygyna düşünmek üçin, geliň, şu üç soraga seredeliň: Mukaddes Ýazgylarda suwa çümdürilmek babatda näme diýilýär? Suwa çümdürilmek isleýän adam nähili ädimleri ätmeli? Mesihçi çagasyna ýa-da okuw geçýän adamyna tälim berende, suwa çümdürilmekligiň wajyp ädimdigini näme üçin düşündirmeli?

MUKADDES ÝAZGYLARDA SUWA ÇÜMDÜRILMEK BARADA NÄME DIÝILÝÄR?

6, 7. a) Ýahýanyň suwa çümdürmeginiň näme aňladýandygyny düşündiriň. b) Ýahýa nähili hormata eýe boldy?

6 Suwa çümdürilmek diýen jümlä ilkinji gezek Mukaddes Ýazgylarda suwa çümdürýän Ýahýa barada okanymyzda duş gelýäris (Mat. 3:1—6). Ol Musanyň kanunyna garşy eden günälerine toba edýän adamlary suwa çümdürýärdi. Ýöne bir gezek Ýahýa hiç hili günä etmedik adamy suwa çümdürmek hormatyna eýe bolýar. Ol Hudaýyň kämil Ogly Isany suwa çümdürýär (Mat. 3:13—17). Isa günäsizdi, şonuň üçin oňa toba etmek gerek däldi (1 Pet. 2:22). Ol Hudaýyň islegini berjaý etmek üçin suwa çümdürilipdi (Ýew. 10:7).

7 Isa ýerde gulluk edende, onuň şägirtleri hem adamlary suwa çümdürýärdi (Ýah. 3:22; 4:1, 2). Olar hem Ýahýa ýaly Musanyň kanunyna garşy eden günäsine toba eden adamlary suwa çümdürýärdiler. Emma Isa ölümden direlenden soň, onuň şägirtleri suwa çümdürilmekligiň düýbünden başga manysynyň bardygyna düşündiler.

8. a) Isa direlenden soň, şägirtlerine nähili tabşyryk berdi? b) Suwa çümdürilmekligiň näme aňladýandygyny düşündiriň.

8 B. e. 33-nji ýylynda ölümden direlen Isa 500-den gowrak erkek adama we aýallara görünýär. Olaryň arasynda hatda çagalar hem bolan bolmaly. Şonda ol: «Şonuň üçin gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň. Olary Ata, Ogul we mukaddes ruhuň ady bilen suwa çümdüriň. Olara meniň ähli tabşyran zatlarymy berjaý etmegi öwrediň» diýdi (Mat. 28:19, 20; 1 Kor. 15:6). Isanyň bu tabşyrygyny ýüzlerçe şägirdi eşiden bolmaly. Ol şägirdi hökmünde boýuntyrygyny almak isleýän adamlaryň hökman suwa çümdürilmelidigini aýdyň görkezdi (Mat. 11:29, 30). Hudaýa ýaramly gulluk etmek isleýän her bir adam Isanyň Ýehowanyň niýetinde tutýan ornuna düşünmeli we ony kabul etmeli. Şondan soň ol suwa çümdürilip biler. Hudaý diňe şeýle suwa çümdürilmekligi makullaýar. Mukaddes Ýazgylarda I asyrda ýaşan Mesihiň şägirtleriniň suwa çümdürilmekligiň manysyna düşünendiklerini görkezýän ençeme wakalar bar. Dogrudanam, olar suwa çümdürilmekligi soňa goýmandyrlar (Res. iş. 2:41; 9:18; 16:14, 15, 32, 33).

SOŇA GOÝMAŇ

9, 10. Biz efiopiýaly weziriň we Pawlus resulyň mysalyndan näme öwrenýäris?

9 Resullaryň işleri 8:35, 36-njy aýatlary okaň. Geliň, sežde etmek üçin Iýerusalime baryp, yzyna gaýdyp gelýän efiopiýaly wezir bilen bolan waka seredeliň. Ýehowanyň perişdesiniň görkezmesi bilen Filipus onuň ýanyna baryp, «Isa hakda hoş habary gürrüň berýär». Ol muňa nähili seslenýär? Onuň indiki eden işi öwrenen hakykatlaryna ýürekden minnetdar bolandygyny subut edýär. Ol Ýehowanyň islegine görä hereket edip, soňa goýman suwa çümdürilýär.

10 Geliň, başga bir waka seredeliň. Bu waka mesihçileri yzarlan we Hudaýa bagyş edilen halkdan bolan ýehudy bilen bolupdy. Ýehudylar Ýehowa bilen ýakyn dostlukly gatnaşygyny ýitiripdiler. Ol adam ýehudylaryň däp-dessurlaryny yhlasly berjaý edýärdi. Ýöne indi ol has wajyp hakykaty bilýär. Oňa ölümden direlen we şöhratlanan Isa Mesih görnüp, gürleşýär. Ol muňa nähili seslenýär? Ol Hananýa atly şägirdiň kömegini höwes bilen kabul edýär. Bu adam hakda Mukaddes Ýazgylarda: «Soňra turup, suwa çümdürildi» diýilýär (Res. iş. 9:17, 18; Gal. 1:14). Mümkin, siz şol ýehudynyň soňra Pawlus resul ady bilen tanalandygyny bilýänsiňiz. Oýlanyp görüň, ol Isanyň Hudaýyň niýetinde tutýan orny baradaky hakykaty bilende, ony minnetdarlyk bilen kabul edip, soňa goýman suwa çümdürilýär (Resullaryň işleri 22:12—16-njy aýatlary okaň).

11. a) Okuw geçýän adamlary suwa çümdürilmäge näme höweslendirýär? b) Suwa çümdürilýänleri görenimizde bize nähili täsir edýär?

11 Şu günlerem okuw geçýän adamlar barada şeýle diýse bolar. Olar ýaş ýa-da gartaşandygyna garamazdan, Mukaddes Ýazgylardaky hakykata iman edip, ony minnetdarlyk bilen kabul edendikleri üçin özüni Hudaýa bagyş edýärler we suwa çümdürilýärler. Şeýle mesihçiler üçin her kongresde ýörite nutuk bilen çykyş edilýär. Okuw geçýän adam hakykaty kabul edip, suwa çümdürilmek üçin ruhy taýdan ösende, Ýehowanyň Şaýatlary diýseň begenýär. Suwa çümdüriljekleriň arasynda çagalary bar bolan ene-atalar hem şatlanýarlar. 2017-nji gulluk ýylynda «ebedi ýaşaýşa eltýän hakykaty kabul eden» 284 müňden gowrak adam özüni Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürildi (Res. iş. 13:48). Elbetde, olar mesihçi bolmak üçin suwa çümdürilmegiň wajypdygyna düşündiler. Eýsem, suwa çümdürilmek üçin nähili ädimleri ätmeli?

12. Okuw geçýän adam suwa çümdürilmezden öň nähili ädimleri ätmeli?

12 Okuw geçýän adam suwa çümdürilmezden öň, Hudaý, onuň niýeti we gutulyş babatda eden işleri hakda dogry bilim alyp, imanyny ösdürmeli (1 Tim. 2:3—6). Şeýle iman ony Hudaýa ýaramaýan işlerden el çekip, Ýehowanyň dogry kadalary boýunça ýaşamaga höweslendirýär (Res. iş. 3:19). Eger adam Patyşalyga girmäge päsgel berýän islendik günäli işe baş goşsa, Hudaýa doly wepaly bolup bilmez (1 Kor. 6:9, 10). Bu Ýehowanyň ýokary ahlak kadalaryna eýermekden has köp zady aňladýar. Dogry işleri etmäge jan edýän adam ýygnak duşuşyklaryna we ýaşaýyş berýän wagyz hem-de şägirt taýýarlamak işine yzygider gatnaşmaly. Isa bu işi hakyky şägirtleriniň ýerine ýetirjekdigini aýtdy (Res. iş. 1:8). Okuw geçýän adam diňe şu ädimleri ädeninden soň, dogada özüni Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilip biler.

MUKADDES ÝAZGYLARY ÖWRENÝÄNLER ÜÇIN MAKSAT

Siz okuw geçýän adama suwa çümdürilmegiň wajypdygyny düşündirýärsiňizmi? (13-nji abzasa serediň)

13. Okuw geçirýän mesihçiler suwa çümdürilmegiň wajypdygyny näme üçin unutmaly däl?

13 Biz çagalarymyza we gyzyklanýanlara wajyp ädimleri düşündirenimizde, suwa çümdürilmegiň hem möhümdigini aýtmagy ýatdan çykarmaly däl. Bu bize okuwy ökdelik bilen geçirmäge kömek eder. Özüňi Hudaýa bagyş etmek we suwa çümdürilmek baradaky temany ýüzleý geçmeris. Biz çagalarymyzyň we okuw geçýän adamlarymyzyň suwa çümdürilmek üçin gerekli ädimleri ätmegini isleýäris.

14. Näme üçin hiç kimi suwa çümdürilmäge mejbur etmeli däl?

14 Elbetde, ene-atalar, okuw geçirýän adam ýa-da ýygnakdaky dogan-uýalaryň biri gyzyklanýan adamy suwa çümdürilmäge mejbur etmeli däl. Sebäbi Ýehowa-da hiç kimi mejbur etmeýär (1 Ýah. 4:8). Gaýtam, biz okuw geçýänlerimize Hudaý bilen dostlukly gatnaşygyny berkitmegiň wajypdygyny düşündirmeli. Okuw geçýän adamyň hakykata bolan minnetdarlygy we Mesihiň boýuntyrygyny almak islegi ony suwa çümdürilmäge höweslendirmeli (2 Kor. 5:14, 15).

15, 16. a) Suwa çümdürilmek üçin belli bir ýaşda bolmak hökmanmy? Düşündiriň. b) Okuw geçýän adam öňki dininde suwa çümdürilenem bolsa näme üçin täzeden suwa çümdürilmeli?

15 Suwa çümdürilmek üçin belli bir ýaşda bolmak hökman däl. Ruhy taýdan hemmeler birmeňzeş ösmeýär. Ýaş wagty suwa çümdürilen mesihçileriň köpüsi häzirem Ýehowa wepaly gulluk edýärler. Käbirleri bolsa hakykaty bilip, ençeme ýyl geçenden soň, suwa çümdürilmegiň wajypdygyna düşündiler. Olaryň arasynda 100 ýaşyndan geçip suwa çümdürilen mesihçiler hem bar!

16 Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän bir gartaşan aýal okuw geçirýäninden «ýene-de suwa çümdürilmek hökmanmy?» diýip soraýar. Sebäbi ol köp ýyl mundan ozal başga dindekä suwa çümdürilipdi. Olar Ýazgylardan käbir aýatlary okap, pikir alyşýarlar. Şonda ol aýal suwa çümdürilmegiň Mukaddes Ýazgylarda talap edilýändigine düşünip, biraz wagtdan bu wajyp ädimi ädýär. Onuň ýaşy 70-den geçenem bolsa, suwa çümdürilmek zerur däl diýip pikir etmeýär. Suwa çümdürilmek Ýehowanyň islegi baradaky dogry bilime esaslanýar. Görşümiz ýaly, öň başga dinde suwa çümdürilen adamlar hem täzeden suwa çümdürilmeli (Resullaryň işleri 19:3—5-nji aýatlary okaň).

17. Suwa çümdürilen güni mesihçi näme barada çynlakaý oýlanmaly?

17 Suwa çümdürilmek — adamyň durmuşynda iň şatlykly gün. Ýöne ol şol güni wajyp zatlar hakynda hem çuňňur oýlanmaly. Sebäbi özüňi Hudaýa bagyş edendigiňe görä ýaşamak üçin köp tagalla etmeli bolýar. Şonuň üçinem Isa şägirt bolmaklygy boýuntyryk bilen deňeşdirdi. Isanyň şägirtleri «özleri üçin däl-de, olaryň ugrunda ölen we direlen üçin ýaşamaly» (2 Kor. 5:15; Mat. 16:24).

 18. Indiki makalada haýsy soraglara serederis?

18 Makalanyň başynda agzalan Mariýanyň ejesini hem käbir zatlar biynjalyk edýärdi. Eger siz ene-ata bolsaňyz, özüňize şeýle soraglary berýänsiňiz: «Çagam suwa çümdürilmäge hakykatdan-da taýýarmy? Hudaýa özüni bagyş eder ýaly onuň ýeterlik bilimi barmy? Onuň bilim almak we kär edinmek bilen bagly nähili maksatlary bar? Birden ol suwa çümdürileninden soň agyr günä etse näme?» Indiki makalada biz şu soraglara seredip, ene-atalaryň suwa çümdürilmek meselesinde nädip paýhasly hereket edip biljekdikleri hakda gürrüň ederis.

^ abzas 1 Käbir atlar üýtgedilen.