Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýaşlar, imanyňyzy berkidiň!

Ýaşlar, imanyňyzy berkidiň!

«Iman... görünmeýän zatlary hamala bar ýaly görüp bilmekdir». ÝEW. 11:1

AÝDYMLAR: 41, 11

1, 2. Ýaşlar nähili kynçylyga uçraýarlar we olary ýeňmäge näme kömek eder?

BRITANIÝADA ýaşaýan ýaş uýamyza klasdaşy: «Sen Hudaýa ynanýaň welin, özüňi gaty akylly saýýaň öýdýän» diýipdir. Germaniýada ýaşaýan doganymyz: «Mugallymlarymyz Mukaddes Ýazgylardaky ýaradylyş barada ýazylan wakany rowaýat hasaplaýar. Olar ewolýusiýa taglymatyna ynanýan okuwçylary öwýärler» diýýär. Fransiýada ýaşaýan ýaş uýamyz bolsa: «Mekdep mugallymlarymyz Mukaddes Ýazgylara ynanýan okuwçylaryň bardygyny bilseler, geň galýarlar» diýýär.

2 Siz Ýehowanyň ýaş gullukçysy ýa-da Ol barada bilim alýan bolsaňyz, onda adamlar siziň ewolýusiýa taglymatyna däl-de, Ýaradyja ynanýandygyňyz üçin üstüňizden gülýändirler. Eger şeýle bolsa, onda imanyňyzy berkitmäge kömek etjek ädimleri ädip, olara görä ýaşaň. Munuň üçin Hudaýyň beren pikirlenmek ukybyny ulanmaly, çünki Mukaddes Ýazgylarda «paýhas seni saklar» diýilýär. Bu size imanyňyzy gowşadýan filosofiýa garşy durmaga kömek eder (Süleýmanyň tymsallary 2:10—12-nji aýatlary okaň).

3. Biz şu makalada näme barada gürrüň ederis?

3 Hakyky imany ösdürmek üçin Hudaý barada bilim almaly (1 Tim. 2:4). Munuň üçin Hudaýyň Sözüni we oňa esaslanan edebiýatlary okamak ýeterlikli däl. Okan zatlaryňyzyň «manysyna düşünmek» üçin pikirlenmek ukybyny ulanyň (Mat. 13:23). Geliň, häzir Ýaradyjymyz Hudaýa we Mukaddes Ýazgylara bolan imanymyzy nädip berkidip biljekdigimize seredeliň, çünki «ynandyryjy deliller» az däldir (Ýew. 11:1, çykgyt).

IMANYŇY NÄDIP BERKITMELI?

4. Näme sebäpden Hudaýa we ýaşaýşyň ýaradylandygyna ynanmak üçin iman gerek we munuň üçin näme etmeli?

4 Köp adamlaryň aýtmagyna görä, ewolýusiýa taglymaty ylma, Hudaýa bolan ynam bolsa imana esaslanýar. Ýöne biz Hudaýa ynanmak üçin hem, ewolýusiýa taglymatyna ynanmak üçin hem imanyň gerekdigini unutmaly däl. Näme üçin? Sebäbi hiç kim Hudaýy ýa-da onuň bir zady ýaradyşyny görmedi (Ýah. 1:18). Hiç kim — alym bolsun ýa-da başga biri bolsun, bir jandaryň başga jandara öwrülişini hem gören däldir. Meselem, hiç kim maýmynyň adama öwrülişini görmedi (Eýp. 38:1, 4). Şol sebäpli ählimiz «ynandyryjy delilleri» öwrenmeli we dogry netijä gelmek üçin pikirlenmek ukybyny ulanmaly. Ýaradylan zatlar barada Pawlus resul: «Hudaý göze görünmese-de, adamlar ýaradylan zatlar arkaly onuň güýjüne we häsiýetlerine düşünip bilýärler. Şol sebäpli olar özlerini aklap bilmezler» diýip ýazdy (Rim. 1:20).

Adamlar bilen pikir alşanyňyzda, öz diliňizde elýeterli bolan esbaplary ulanyň (5-nji abzasa serediň)

5. Hudaý halkyny nämeler bilen üpjün etdi?

5 «Göz ýetirmek» diýen jümle bir zada düşünmekligi aňladýar, ýöne munuň üçin wagt gerek (Ýew. 11:3). Düşünjeli adamlar diňe gözüniň gören we gulagynyň eşiden zatlary arkaly däl-de, aň-düşünjesi arkaly karara gelýärler. Bu babatda Ýehowanyň guramasy köp sanly esbaplary taýýarlady. Olar bize «görünmez» Ýaradyjyny iman gözi bilen görmäge kömek edýär (Ýew. 11:27). Meselem: «Täsin ýaradylan zatlar Hudaýy şöhratlandyrýar» (rus.) wideofilm, «Ýaşaýşy Hudaý ýaratdymy?», «Ýaşaýşyň gelip çykyşy baradaky bäş sorag» (rus.) atly broşýuralar, «Biziň aladamyzy edýän Ýaradyjy barmy?» (rus.) atly kitap hem-de žurnallarymyzda ajaýyp makalalar bar. Köplenç «Oýanyň!» (rus.) žurnalynda Hudaýa iman eden alymlaryň we başga adamlaryň interwýulary getirilýär. Şeýle-de ýaradylyşa degişli ençeme makalalar çap edilýär. Olarda alymlaryň tebigatdaky ajaýyp zatlaryň nusgasyny alýandygy barada gürrüň edilýär.

6. Bizde nähili elýeterli edebiýatlar bar we siz olary öwrenýärmisiňiz?

6 Ýokarda agzalan iki broşýura barada ABŞ-da ýaşaýan 19 ýaşly dogan şeýle diýýär: «Olar meniň üçin örän gymmatly. Men olary on gezek dagy okandyryn». Fransiýada ýaşaýan uýamyz bolsa, «Oýanyň!» (rus.) žurnalyndaky ýaradylyş barada çap edilýän makalalaryň haýran galdyrýandygyny aýdýar. Ol: «Ady belli inženerler tebigatdaky zatlaryň nusgasyny alyp bilseler-de, edil şonuň ýaly çylşyrymly zatlary ýasap bilmezler» diýýär. Günorta Afrikada ýaşaýan 15 ýaşly uýamyzyň ene-atasy şeýle diýýär: «Gyzymyz, ilki bilen, „Oýanyň!“ žurnalyndaky interwýulary okaýar». Eýsem, siz barada näme diýse bolar? Sizem olary öwrenýärmisiňiz? Olar size imanyňyzyň berk esasly agaç ýaly bolmagyna kömek edip biler. Şonda ýalan taglymatlaryň güýçli ýeli imanyňyzy ýumrup bilmez (Ýer. 17:5—8).

MUKADDES ÝAZGYLAR IMANYŇY BERKITMÄGE KÖMEK EDÝÄR

7. Näme üçin Hudaý siziň ähli zady barlap görmegiňizi isleýär?

7 Eýsem, Mukaddes Ýazgylar barada sorag bermek nädogrumy? Elbetde, ýok. Ýehowa siziň ýöne bir iman etmegiňizi islemeýär. Gaýtam, Mukaddes Ýazgylary bilmek we onuň Hudaýyň Sözüdigini tassyklaýan subutnamalary tapmak üçin, «ähli zady barlap görmegiňizi» isleýär. Şeýle bilim siziň imanyňyzyň berk esasy bolup biler (1 Selanikliler 5:21; 1 Timoteos 2:4-nji aýatlary okaň). Munuň üçin belli bir temalary saýlap, olary özleşdiriň.

8, 9. a) Mukaddes Ýazgylardaky haýsy temalary öwrense bolýar? b) Okan zadyň hakda oýlanmagyň nähili peýdasy bar?

8 Käbirleri Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikleri ýa-da ondaky taryhy wakalary, arheologik we ylmy maglumatlary öwrenýärler. Geliň, Gelip çykyş 3:15-däki wajyp pygamberlige seredeliň. Bu aýat Mukaddes Ýazgylaryň esasy temasy, ýagny Patyşalyk arkaly Hudaýyň hökümdarlygyny aklamak we onuň adyny şöhratlandyrmak bilen baglanyşyklydyr. Göçme manyda ýazylan bu aýat Ýehowanyň Erem bagyndan başlap, şu günlere çenli bolýan horluklaryň soňuna çykjakdygyny görkezýär. Gelip çykyş 3:15-däki pygamberligi nädip öwrense bolar? Munuň üçin wagt uzynlygyny çyzyp, onda Hudaýyň pygamberliginiň ýerine ýetjekdigini subut edýän aýatlary, meselem, Ýehowanyň kimdir birine aýdan sözlerini we belli bir wakalary görkezýän aýatlary belläp bilersiňiz. Şonda siz olaryň bir-biri bilen baglanyşyklydygyna we Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikleriň hem-de olary ýazan adamlaryň «mukaddes ruhuň kömegi bilen aýdandyklaryna» göz ýetirersiňiz (2 Pet. 1:21).

9 Germaniýada ýaşaýan bir dogan Mukaddes Ýazgylaryň her bir kitabynda Patyşalyk baradaky jikme-jiklikleriň ýazylandygyny aýdýar. Ol: «Mukaddes Ýazgylary 40-a golaý adam ýazsa-da, olaryň köpüsi aýry-aýry döwürde ýaşady we bir-birini tanamaýardy» diýýär. Awstraliýada ýaşaýan bir uýa bolsa 2013-nji ýylyň 15-nji dekabrynda çykan «Garawul diňindäki» «Pasha baýramy» baradaky makalany çuňňur özleşdirmegi maksat edinýär. Bu baýramçylyk Gelip çykyş 3:15-däki pygamberlik we Mesihiň gelmegi bilen berk baglanyşykly. Ol şeýle diýýär: «Bu makala arkaly men Ýehowanyň söýgüden doly Hudaýdygyna göz ýetirdim. Pashanyň ysraýyllylar bilen nähili baglanyşyklydygyny we onuň Isada nädip ýerine ýetendigini bilenimde, haýran galdym. Men bu hakda oýlananymda, Pasha baýramynyň nähili wajyp pygamberlikdigini bildim!» Pygamberlik uýa näme üçin şeýle güýçli täsir etdikä? Sebäbi ol okan zatlary barada çuňňur oýlanyp, «manysyna düşündi». Bu oňa imanyny berkitmäge we Ýehowa ýakynlaşmaga kömek etdi (Mat. 13:23).

10. Mukaddes Ýazgylary ýazan adamlaryň dogruçyllygy imanymyzy nädip berkidýär?

10 Mukaddes Ýazgylary ýazan adamlaryň açyk we hakykaty ýoýman ýazandyklaryny öwrenmek hem imanyňy berkitmäge kömek edýär. Gadymy döwürdäki ýazyjylaryň köpüsi öz hökümdarlaryna ýaranjak bolup, patyşalygyny şöhratlandyrýardylar. Emma Ýehowanyň pygamberleri hiç haçan hakykaty gizlemändirler. Olar öz halkynyň, hatda patyşasynyň hem etmişlerini açyk aýdýardylar (2 Ýyl. 16:9, 10; 24:18—22). Olar özleriniň we Hudaýyň beýleki gullukçylarynyň ýalňyşlyklaryny açyk ýazypdyrlar (2 Şam. 12:1—14; Mar. 14:50). Bu babatda Britaniýada ýaşaýan ýaş doganymyz şeýle diýýär: «Dogruçyllyk seýrek duş gelýän häsiýet. Ol biziň Mukaddes Ýazgylaryň Ýehowanyň Sözüdigine bolan ynamymyzy has-da berkidýär».

11. Ýaşlar Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere nädip minnetdar bolup bilerler?

11 Mukaddes Ýazgylardaky prinsipe görä ýaşaýan adamlaryň köpüsi onuň Hudaýyň ylhamy bilen ýazylandygyna ynanýarlar (Zebur 19:7—11-nji aýatlary okaň). Bu babatda Ýaponiýada ýaşaýan ýaş uýamyz şeýle diýýär: «Biz maşgalamyz bilen Mukaddes Ýazgylardaky taglymatlary ulanyp başlanymyzda, özümizi diýseň bagtly duýduk. Biz parahat, agzybir we bir-birimizi söýüp ýaşamagy öwrendik». Mukaddes Ýazgylardaky prinsipler bizi ýalan dinlerden we adamlary ezýän yrymlardan goraýar (Zeb. 115:3—8). Eýsem, «Hudaý ýok» diýip öwredýän filosofik taglymaty adamlara täsir edýärmi? Meselem, ewolýusiýa taglymaty Ýehowany däl-de, tebigaty taňry hökmünde şöhratlandyrýar. «Hudaý ýok» diýýän adamlar gelejegimiz öz elimizdedir öýdýärler. Şeýdip, olar özlerini gelejege bolan ajaýyp umytdan mahrum edýärler (Zeb. 146:3, 4).

ADAMLAR BILEN PIKIR ALŞYŇ

12, 13. Okuwçylar, mugallymlar ýa-da başga adamlar bilen ýaradylyş we Mukaddes Ýazgylar barada nädip pikir alşyp bolar?

12 Adamlara ýaradylyş we Mukaddes Ýazgylar barada nädip netijeli wagyz etse bolar? Adamyň nämä ynanýandygyny bilýändirin öýtmäň. Sebäbi käbir adamlar ewolýusiýa taglymatyna ynansalar-da, Hudaýy inkär etmeýärler. Olaryň pikirine görä, Hudaý ýaşaýşy ewolýusiýa arkaly ýaratdy. Käbirleri: «Eger ewolýusiýa taglymaty ýalan bolsa, onda mekdepde bu hakda öwretmezdiler» diýýärler. Başgalar bolsa dini ýolbaşçylaryň edýän ýalan işlerini görüp, Hudaýa bolan imanyny ýitirdiler. Şeýle adamlar bilen ýaradylyş hakda gürrüň edeniňizde, ilki sorag berseňiz gowy bolar. Adamyň nämä ynanýandygyny anyklaň. Eger siz adam bilen pikir alşanyňyzda, ony diňlemegi başarsaňyz, ol hem siziň aýdýanlaryňyzy diňlemegi ahmal (Tit. 3:2).

13 Eger adam ýaradylyşa ynanmak akylsyzlykdyr öýtse, onda siz oňa tebigatyň nädip dörändigini düşündirmegi teklip ediň. Goý, ol bu zatlaryň Ýaradyjysyz dörändigini düşündirsin. Başda nämedir bir zat döräp, soňra onda özüniň nusgasyny döretmek ukyby bolmaly. Bir himiýa alymynyň aýmagyna görä, munuň üçin azyndan dört zat gerek: 1) membrana goragy, 2) güýji kabul edip, ony işläp çykarmak ukyby, 3) genlerdäki maglumat we 4) ondaky maglumatyň nusgasyny ýasamak ukyby. Ol: «Hatda iň sada jandarlar hem örän çylşyrymly ýasalandyr» diýýär.

14. Eger siz ewolýusiýa ýa-da ýaradylyş hakda pikir alşyp bilmerin öýtseňiz näme edip bilersiňiz?

14 Eger siz ewolýusiýa ýa-da ýaradylyş hakda pikir alşyp bilmerin öýtseňiz, onda Pawlusyň ulanan tärini ulanmaga çalşyň. Ol: «Her bir öýüň gurujysy bardyr, ähli zady guran bolsa Hudaýdyr» diýip ýazdy (Ýew. 3:4). Bu sözler örän paýhasly we täsirlidir. Hawa, çylşyrymly zat ýasamak üçin aň-düşünje gerek. Şeýle-de siz ýerlikli edebiýaty ulanyp bilersiňiz. Bir uýa Hudaýa däl-de, ewolýusiýa taglymatyna ynanýan ýaş ýigit bilen gürrüňdeş bolanda, ýokarda agzalan iki broşýurany ulanýar. Bir hepdeden gowrak wagt geçende, ýaş ýigit: «Indi men Hudaýa iman edýärin» diýdi. Soňra ol Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlap, doganymyz bolýar.

15, 16. Mukaddes Ýazgylara ynanmaýan adamlar bilen nädip gürrüňdeş bolup bilersiňiz we muny näme maksat bilen etmeli?

15 Siz Mukaddes Ýazgylara ynanmaýan adam bilen hem gürrüňdeş bolanyňyzda, şu prinsiplere esaslanyp bilersiňiz. Adamyň nämä ynanýandygyny we haýsy temanyň gyzykly boljakdygyny soraň (Sül. tym. 18:13). Eger ol ylmy zatlar bilen gyzyklanýan bolsa, onda Mukaddes Ýazgylardan ylma degişli aýatlary görkezseňiz, onuň diňlemegi ahmal. Başga adamlara bolsa Mukaddes Ýazgylardaky ýerine ýeten pygamberlikleri we wakalary görkezseňiz, seslenmegi mümkin. Meselem, Isanyň Dagdaky wagzynda aýdan wajyp prinsipleri esasynda gürrüň edip bilersiňiz.

16 Ýadyňyzda bolsun, biziň maksadymyz jedelde utmak däl-de, adamyň ýüregine täsir etmek. Şol sebäpli adamy ýürekden diňläň. Sorag bereniňizde, esasan-da, uly ýaşly adamlar bilen gürrüňdeş bolanyňyzda, özüňizi mähirli we sylaşykly alyp baryň. Olar siziň sylaşyklydygyňyzy görseler, garaýşyňyza hormat goýarlar. Şeýle-de siziň köre-körlük bilen ynanmaýandygyňyza göz ýetirerler. Sebäbi bu ýaşlaryň köpüsine mahsusdyr. Emma ýerliksiz sorag berseler ýa-da üstüňizden güljek bolsalar, hökman jogap bermelidir öýtmäň (Sül. tym. 26:4).

HAKYKATY ÖZÜŇIZ KABUL EDIŇ

17, 18. a) Hakykaty kabul etmäge size näme kömek edip biler? b) Indiki makalada näme barada gürrüň ederis?

17 Imanyňy berkitmek üçin Mukaddes Ýazgylardan bilim almak ýeterlikli däl. Hudaýyň Sözüni okanyňyzda, ony hazyna agtarýan adam ýaly çuňňur öwreniň (Sül. tym. 2:3—6). Öz diliňizde elýeterli bolan esbaplary, ýagny «Garawul diňi kitaphanasyny», «Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASYNY», «Garawul diňiniň indeksini» ýa-da «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlary boýunça gollanmasyny» ulansaňyz gowy bolar. Şeýle-de bir ýylyň içinde Mukaddes Ýazgylary başdan-aýak okap çykmagy maksat ediniň. Hudaýyň Sözüni okanyňyzda, hatda ujypsyz bolup görünýän zatlar hem imanyňyzyň berkemegine ýardam eder. Bir etrap gözegçisi öz ýaşlygyna ser salyp, şeýle diýýär: «Mukaddes Ýazgylary başdan-aýak okanymda, ony Hudaýyň Sözi hökmünde kabul etmäge kömek etdi. Ondaky wakalar maňa kiçi wagtym güýçli täsir edip, şondan soň ruhy taýdan ösüp başladym».

18 Ene-atalar, siz çagalaryňyzyň ruhy taýdan ösmeginde wajyp orun tutýarsyňyz. Siz olara imanyny berkitmäge nädip kömek edip bilersiňiz? Bu barada indiki makalada gürrüň ederis.