Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýehowanyň tabşyrygyna eýermegiň peýdasy

Ýehowanyň tabşyrygyna eýermegiň peýdasy

POLŞADA BOLAN WAKA

«MEN suwa çümdürilenimde 15 ýaşymdadym. Alty aýdan kömekçi, ýene bir ýyldan bolsa pioner gullugyna başladym. Orta mekdebi tamamlanymdan soň, wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmegi maksat edindim. Ýehowanyň Şaýady bolmadyk mamam bilen ýaşaýandygym üçin, dogduk şäherimden göçüp gitmek isleýärdim. Etrap gözegçisi maňa ýaşaýan ýerimde gulluk etmäge bellenendigimi aýdanda, gaty gynandym. Emma oňa bildirmedim. Başymy aşak sallap, ýol boýy etrap gözegçiniň aýdanlary hakda oýlanyp gaýtdym. Ýanymdaky wagyzça: „Men özümi Ýunus pygambere meňzedýärin. Ol näme-de bolsa, Ninewiýa gitdi. Şonuň üçin menem bellenen ýerimde gulluk ederin“ diýdim.

Men häzir dört ýyldan bäri, ýaşaýan ýerimde pioner bolup gulluk edýärin we berlen görkezmä eýermegiň paýhaslydygyna göz ýetirdim. Meniň garaýşym nädogry ekeni. Häzir gelen kararyma ökünmeýärin. Sebäbi bir aýyň içinde men 24 adam bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başladym. Şeýle-de garşylyk görkezýän mamam bilen okuw geçip başlanyma Ýehowa minnetdarlyk bildirýärin».

FIJIDE BOLAN WAKA

Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän bir aýal şeýle meseläniň öňünde durdy: ýa mesihçileriň kongresine gitmeli, ýa-da ýanýoldaşy bilen garyndaşynyň doglan gününe. Ýanýoldaşy oňa kongrese gatnaşmaga rugsat berende, aýaly oňa kongresden gelensoň, doglan güne barjakdygyny aýdýar. Ýöne ol öýüne gelende, doglan güne gitmegiň ruhy saglygyna zyýan ýetirjekdigine düşünip, oňa gitmezligi ýüregine düwýär.

Ýanýoldaşy dogan-garyndaşlaryna aýalynyň «Ýygnakdan» soň geljekdigini aýdanda, olar: «Ýok, ol gelmez; Ýehowanyň Şaýatlary doglan gün bellemeýär!» diýýärler *.

Ýanýoldaşy aýalynyň imanyna we ynsabyna görä hereket edendigini bilip, örän begenýär. Aýalynyň gelen karary oňa ýanýoldaşyna hem-de dogan-garyndaşlaryna wagyz etmäge mümkinçilik berýär. Netijesi nähili boldy? Ýanýoldaşy Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip, aýaly bilen ýygnak duşuşyklaryna baryp başlaýar.

^ abzas 7 2001-nji ýylyň 15-nji dekabrynda çykan «Garawul diňindäki» (rus.) «Okyjylaryň sowallary» diýen makala serediň.