Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Hudaýyň sözi diri»

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

Ýewreýler 4:12-de: «Hudaýyň sözi diri hem täsirlidir» diýilýär. «Hudaýyň sözi» diýmek nämäni aňladýar?

Konteksti göz öňünde tutsak, Pawlus resul Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň habary ýa-da niýeti barada aýdýar.

Biziň edebiýatlarymyzda köplenç Ýewreýler 4:12-däki sözler ulanylanda, Mukaddes Ýazgylaryň adama durmuşyny özgertmäge kömek edýändigi görkezilýär we bu örän ýerlikli. Emma Ýewreýler 4:12-däki sözleriň has giň manysy hem bar. Pawlus ýewreý mesihçilerini Ýewreý ýazgylarynda aýdylýan Hudaýyň niýetine görä ýaşamaga höweslendirýär. Munuň üçin Pawlus Müsürden çykan ysraýyllylary mysal getirýär. Olaryň «süýt we bal akýan baý toprakly ýurda» girmäge ajaýyp mümkinçiligi bardy. Ysraýyllylar ol ýerde hakykatdanam parahat ýaşap bilerdiler (Müs. çyk. 3:8; Kan. tag. 12:9, 10).

Şol döwürde Hudaýyň niýeti şundan ybaratdy. Emma wagtyň geçmegi bilen ysraýyllylaryň ýüregi gatap, imanyny ýitirdiler we köpüsi bu mümkinçiligini elden gidirdiler (San. 14:30; Ýeş. 14:6—10). Pawlus «Hudaýyň dynçlyk ýerine girmäge heniz hem mümkinçiligiň bardygyny» aýdýar (Ýew. 3:16—19; 4:1). Görşümiz ýaly, bu «wada» Hudaýyň niýetiniň bir bölegi hasaplanýardy. Ýewreý mesihçileri ýaly biz hem, Hudaýyň niýeti hakda okap, şoňa görä ýaşap bileris. Pawlus bu wadanyň Mukaddes Ýazgylara esaslanýandygyny görkezmek üçin, Gelip çykyş 2:2-däki we Zebur 95:11-däki sözleri getirýär.

«Hudaýyň dynçlyk ýerine girmäge heniz hem mümkinçiligiň bardygy» baradaky wada bizi-de gyzyklandyrmaly. Sebäbi biz Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan Hudaýyň dynçlyk ýerine girmegiň mümkindigine ynanýarys we oňa girmek üçin gerekli ädimleri ädýäris. Munuň üçin biz Musanyň kanunyny berjaý etjek ýa-da Ýehowanyň niýetine degişli bolmadyk zatlary edip, onuň razylygyny gazanjak bolmaýarys. Gaýtam, iman edip, Hudaýyň açýan niýetine görä ýaşamak üçin jan edýäris. Mundan başga-da ýokarda aýdylyşy ýaly, bütin dünýäde müňlerçe adamlar Mukaddes Ýazgylary okap, Hudaýyň niýetine görä ýaşamagy öwrenýärler. Olaryň aglabasy ýaşaýşyny özgertdiler, imanyny ösdürip, mesihçi boldular. Olar «Hudaýyň sözüniň diri hem täsirlidigini» subut etdiler. Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, Hudaýyň niýeti biziň durmuşymyza täsir etdi we mundan beýläk hem täsir eder.