Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Döwlet işgärleriniň öňünde hoş habary goraýarys

Döwlet işgärleriniň öňünde hoş habary goraýarys

«MEN ony adymy başga halklara, patyşalara... yglan etmek üçin saýladym» (Res. iş. 9:15). Bu sözleri Halypamyz Isa mesihçi dinini kabul edip, Pawlus resul ady bilen tanalan ýehudy hakda aýtdy.

Pawlusyň wagyz eden patyşalarynyň biri Rim imperatory Nerondy. Eger siz şeýle hökümdaryň öňünde imanyňyzy goramaly bolsaňyz özüňizi nähili duýardyňyz? Her näme-de bolsa, mesihçiler Pawlus resulyň göreldesine eýermeli (1 Kor. 11:1). Munuň üçin, geliň, Pawlusyň adam hukuklaryny goraýan kanunlary ulanyşyna seredeliň.

Musanyň kanuny ysraýyl halkynyň Kanuny hasaplanyp, onda hudaýhon ýehudylar üçin ahlak kadalary bardy. B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden soň, Hudaýyň gullukçylaryndan Musanyň kanunyny berjaý etmek talap edilmeýär (Res. iş. 15:28, 29; Gal. 4:9—11). Emma şonda-da Pawlus resul we başga-da mesihçiler Kanuna hormat goýýardylar; olar ýehudylaryň arasynda arkaýyn wagyz edip bilýärdiler (1 Kor. 9:20). Meselem, Pawlus resul sinagogalara baryp, Ybraýym pygamberiň Hudaýyna iman edýän adamlara wagyz ederdi, Ýazgylara salgylanyp, olar bilen pikir alşardy (Res. iş. 9:19, 20; 13:5, 14—16; 14:1; 17:1, 2).

I asyrda resullar wagyz işine Iýerusalim şäherinden ýolbaşçylyk edýärdiler, adamlara ybadathanada öwredýärdiler (Res. iş. 1:4; 2:46; 5:20). Pawlus wagtal-wagtal Iýerusalime baryp durýardy, bir gezek ony şol ýerde tussag edýärler. Şonda hoş habary kanun esasynda goramak işi başlanýar, soňra oňa Rimde seredilýär.

PAWLUS WE RIM KANUNY

Rimiň döwlet işgärleri Pawlusyň wagyz edýän dinine nähili gararlar? Bu soraga jogap bermek üçin, geliň, rimlileriň dine bolan garaýşyna seredeliň. Rim imperiýasynda döwlete ýa-da ahlak kadalaryna howp salmaýan dine uýmaga rugsat berilýärdi.

Rim imperiýasynyň dürli künjeginde ýaşaýan ýehudylaryň öz hukugyny goramaga mümkinçilikleri bardy. Bu babatda bir kitapda şeýle diýilýär: «Tutuş Rim imperiýasynda ýehudylaryň aýratyn hukuklary bardy. . . . Olar öz dinine arkaýyn uýup, rimlileriň ýalan taňrylaryna sežde etmekden el çekip bilýärdiler. Öz jemgyýetini gurnap, öz kanunlaryna eýerip bilýärdiler» (Backgrounds of Early Christianity). Şeýle-de olary harby gullukdan boşadýardylar *. Pawlus ýehudylaryň imanyny goraýan Rim kanunyna salgylanyp, hökümdarlaryň öňünde mesihçiler dinini gorady.

Pawlusyň duşmanlary halky we hökümeti oňa garşy öjükdirjek bolup, dürli ýollary agtarýardylar (Res. iş. 13:50; 14:2, 19; 18:12, 13). Geliň, bir waka seredeliň. Iýerusalimdäki ýygnagyň ýaşululary Pawlusyň ýehudylara «Musanyň kanunyna garşy gelýän zatlary öwredýändigi» baradaky myş-myşlary eşidýärler. Şeýle gürrüňler ýaňy-ýakynda mesihçi dinini kabul eden ýehudylara erbet täsir edip bilerdi. Olar: «Pawlus Hudaýyň ýola goýan zadyna hormat goýmaýar» diýip, pikir etmekleri mümkindi. Sinedrionyň agzalary bolsa: «Mesihçileriň dini ýehudy dinine garşy çykýar» diýip, yglan ederdiler. Şeýle ýagdaýda mesihçileri jezalandyryp bilerdiler. Olary ýigrenip, ybadathanada we sinagogalarda wagyz etmäge ýol bermezdiler. Şol sebäpli ýygnak ýaşululary bu zatlaryň ýalandygyny subut etmek üçin, Pawlusa ybadathana baryp, Hudaý talap etmese-de, oňa käbir zatlary etmegi maslahat berýärler (Res. iş. 21:18—27).

Pawlus berlen maslahata eýerýär, sebäbi bu «kanun taýdan wagyz etmek hukugyny gazanmaga» mümkiçilik berýärdi (Flp. 1:7). Ýehudylar ybadathanada gozgalaň turzup, Pawlusy öldürjek bolýarlar. Şonda Rim goşun serkerdesi ony tussag edýär. Pawlusy gamçylamaga berjek bolanlarynda, ol özüniň rim raýatydygyny aýdýar. Şonda ony Kaýsariýa, ýagny rimlileriň ýehudylaryň üstünden dolandyrýan ýerine äkidýärler. Bu Pawlusa wezipeli adamlara batyrgaýlyk bilen wagyz etmäge gowy mümkinçilik berýärdi. Hawa, hakykaty eşitmedik birgiden adamlar mesihçiler dinini kabul edip bilerdi.

Resullaryň işleri kitabynyň 24-nji babynda Pawlusyň Ýahudanyň Rim hökümdary Feliksa wagyz edendigi barada aýdylýar; ol mesihçiler hakda biraz eşidipdi. Ol ýerde ýehudylar Pawlusy üç zatda, ýagny tutuş Rim imperiýasynda ýehudylaryň arasynda gozgalaň turuzmakda, howply dini garaýyşlary ýaýratmakda we rimlileriň goragy astyndaky ybadathanany haramlamakda aýyplaýarlar (Res. iş. 24:5, 6). Şeýle zatlar üçin adama ölüm jezasy berilýärdi.

Pawlus bilen bolan waka şu günki mesihçileri hem gyzyklandyrmaly. Ol özüni parahat we sylaşykly alyp bardy. Pawlus Musanyň kanunyna we Pygamberler ýazgylaryna salgylanyp, «ata-babalarynyň Hudaýyna» sežde edýändigini aýdýar. Ýehudylaryň Rim kanunynyň astynda ýaşaýandygy dogrudy (Res. iş. 24:14). Biraz wagtdan Pawlus Porkiwus Fest atly başga hökümdaryň hem-de Hirodes Agrippa patyşanyň öňünde imanyny goraýar we wagyz edýär.

Ahyrsoňy, Pawlus işine adalatly seredilmegi üçin: «Men Sezara arz edýärin!» diýýär. Şol döwürde Sezar iň uly hökümdardy (Res. iş. 25:11).

PAWLUS KAZYÝETIŇ ÖŇÜNDE

Bir perişde Pawlusyň ýanyna gelip: «Sen hökman Sezaryň öňünde durmalysyň!» diýýär (Res. iş. 27:24). Rim imperatory Neron tagta geçende, hemmeleriň işine özi seretmän, başgalara tabşyrjakdygyny aýdypdy; hökümdarlygynyň ilkinji sekiz ýyly ol şeýle hem edýär. «Mukaddes Pawlusyň ýaşaýşy we hatlary» diýen kitapda Neronyň öz köşgünde örän tejribeli we abraýly adamlardan ybarat bolan kömekçileri bilen Pawlusyň işine seredendigi aýdylýar.

Mukaddes Ýazgylarda Neronyň Pawlusy diňläp, sud edendigi ýa-da bu işi kimdir birine tabşyryp, soňra oňa habar berendigi hakda hiç zat aýdylmaýar. Her näme-de bolsa, Pawlus ýehudylaryň Hudaýyna sežde edýändigini we ähli adamlaryň hökümete hormat goýmaga borçludygyny düşündiren bolmaly (Rim. 13:1—7; Tit. 3:1, 2). Pawlus hökümdarlaryň öňünde hoş habary goramagy başarýar, sebäbi şondan soň Sezar ony boşadýar (Flp. 2:24; Flm. 22).

HOŞ HABARY GORAMAK SYLAGDYR

Isa Mesih şägirtlerine: «Meniň şägirdimdigiňiz üçin, olar sizi hökümdarlaryň we patyşalaryň öňüne alyp bararlar. Şonda siz olara we özge milletlere şaýatlyk edip bilersiňiz» diýdi (Mat. 10:18). Şeýle adamlaryň öňünde Isa hakda gürrüň bermek uly hormat. Hoş habary goramaga jan etsek, kazyýetde ýeňiş gazanyp bileris. Elbetde, bikämil adamlar «kanun taýdan wagyz etmek hukugyny» doly gazanyp bilmeýärler. Diňe Hudaýyň Patyşalygy zulumyň we adalatsyzlygyň soňuna çykyp biler (Wag. 8:9; Ýer. 10:23).

Muňa garamazdan, şu günlerem mesihçiler imanyny goranda, Ýehowanyň adyny şöhratlandyryp bilýärler. Bizem Pawlus ýaly özümizi parahat alyp barmaly we hakykaty ýoýman, ynamly geplemeli. Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Özüňizi nädip goraryn diýip alada etmezligi ýüregiňize berk düwüň. Sebäbi men size akyldarlyk bererin, näme aýtmalydygyny öwrederin. Şonda duşmanlaryňyz size garşy hiç zat diýip bilmezler» (Luka 21:14, 15; 2 Tim. 3:12; 1 Pet. 3:15).

Patyşalaryň, hökümdarlaryň we başga döwlet işgärleriniň öňünde hoş habary goramaly bolanda, wagyzda duşup bilmeýän adamlara güwälik etmäge mümkinçilik bolýar. Akýürekli kazylaryň käbiri söz we din azatlygy baradaky kanunlary gowulandyrmaly diýen karar çykarýarlar. Emma netijesi nähili bolaýanda-da, batyrgaý gullukçylar synaglarda Hudaýy begendirýärler.

Imanymyzy goranymyzda, Ýehowanyň ady beýgelýär

^ abzas 8 Ýazyjy Jeýms Parks şeýle belleýär: «Ýehudylaryň... öz däp-dessurlaryna eýerip ýaşamaga hukuklary bardy. Şeýle hukuklaryň bolmagy adaty zatdy, sebäbi Rim imperiýasynda ýerli ýaşaýjylaryň ählisine öz däplerine eýermäge mümkinçilik berilýärdi».