Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Elleriň gowşamasyn!»

«Elleriň gowşamasyn!»

«Elleriň gowşamasyn!» SEF. 3:16

AÝDYMLAR: 54, 32

1, 2. a) Şu günler köpler nähili kynçylyklara uçraýarlar we bu olara nähili täsir edýär? b) Işaýa 41:10, 13-däki sözler bizi nämä ynandyrýar?

BIR ýygnak ýaşulynyň pioner bolup gulluk edýän aýaly şeýle diýýär: «Ruhy taýdan ähli işlerim ýerbe-ýer bolsa-da, men köp ýyllap göwnüçökgünlige garşy göreşmeli boldum. Gijelerini ukusyz geçirýärdim, bu meniň saglyk ýagdaýyma we başgalar bilen gatnaşygyma hem täsir etdi. Käte men hemme zady taşlap, nirädir bir uzak ýerlere gaçyp gidesim gelýärdi».

2 Sizem bu uýanyň ýagdaýyna düşünseňiz gerek. Gynansak-da, Şeýtanyň dünýäsi çar tarapdan gysýar, şol sebäpli biz biynjalyk bolup ruhdan düşýäris. Şeýle ýagdaýy gäminiň ýüzmegine päsgel berýän labyr bilen deňeşdirse bolýar (Sül. tym. 12:25). Eýsem, siziň şeýle ýagdaýa düşmegiňize näme sebäp bolup biler? Belki-de, size dogan-garyndaşlaryňyzyň ölümi, agyr keselçilik, pul ýetmezçiligi ýa-da garşylyklar sebäp bolandyr. Onda siz özüňizi agyr ýüküň aşagynda galan ýaly duýýansyňyz, hatda şatlygyňyzy hem ýitirensiňiz. Her näme-de bolsa, ruhdan düşmäň, sebäbi Hudaý size elini uzatmaga taýyn (Işaýa 41:10, 13-nji aýatlary okaň) *.

3, 4. a) Mukaddes Ýazgylarda «el» sözi haýsy manyda ulanylýar? b) Biziň elimiz näme sebäpden gowşamagy mümkin?

3 Mukaddes Ýazgylarda köplenç ynsan bedeniniň dürli agzalary agzalanda, ol belli bir hereketi aňladýar. Meselem, «el» sözi ýüzlerçe gezek ulanylýar. Kimdir biriniň «eli berkedi» diýlende, onuň ruhlanandygy, goldaw alandygy we güýçlenendigi göz öňünde tutulýar (1 Şam. 23:16). Ýönekeý söz bilen aýdanyňda, bu dogry garaýşy saklap, gelejege umydyňy ýitirmezligi aňladýar.

4 Käte «eli gowşady» diýen jümle göçme manyda ulanylyp, kimdir biriniň ruhdan düşüp, gam-gussa batandygyny ýa-da gelejege umydyny ýitirendigini görkezýär (2 Ýyl. 15:7; Ýew. 12:12). Bu köplenç adamyň göreşmäge güýjüniň galmandygyny aňladýar. Kynçylyklar sebäpli sizem özüňizi şeýle duýýan bolsaňyz ýa-da ýadap, güýjüňiz galmadyk bolsa we bu siziň ruhy saglygyňyza-da täsir edýän bolsa, onda kömegi nireden alsa bolar? Kynçylyklara hötde gelip, şatlygyňyzy ýitirmezlige size näme kömek edip biler?

«REBBIŇ ELI GYSGA DÄLDIR HALAS ETMEZ ÝALY»

5. a) Kynçylyklara uçranymyzda, biz näme etmegimiz mümkin, ýöne nämäni ýadymyza salmaly? b) Şu makalada nämä serederis?

5 Sefanýa 3:16, 17-nji aýatlary okaň *. Biz özümizi gorka we göwnüçökgünlige aldyrman, gaýtam, «ähli ýükümizi» aladaçyl Atamyz Ýehowanyň «üstüne atmaly» (1 Pet. 5:7). Ysraýyllylara: «Rebbiň eli gysga däldir halas etmez ýaly» diýlen sözler bize-de degişli bolup biler (Iş. 59:1). Şu makalada Mukaddes Ýazgylardan üç gyzykly waka serederis. Olarda çykgynsyz bolup görünýän ýagdaýlarda Ýehowanyň öz halkyny güýçlendirmek isleýändigi we güýjüniň hem ýetýändigi görkezilýär. Bu wakalar bizi ruhlandyryp biler.

6, 7. Ysraýyllylaryň amalekleriň üstünden ýeňiş gazanmagyndan biz näme öwrenip bileris?

6 Ysraýyl halky Müsür gulçulygyndan çykyp, biraz wagt geçende, amalekler olaryň üstüne hüjüm edýär. Musanyň ýolbaşçylygynda batyrgaý Ýeşuwa ysraýyllylary söweşe alyp barýar. Musa pygamber bolsa ýanyna Harun bilen Hury alyp, söweşe syn etmek üçin, golaýdaky bir depäniň üstüne çykýar. Olar söweşden gaçjak boldularmy? Elbetde, ýok!

7 Musa olara nämäniň kömegi bilen ýeňiş gazanjakdyklaryny görkezmekçidi. Ol hak Hudaýyň hasasyny alyp, ellerini göge galdyrýar. Musa elini göterip duranda, Ýehowa ysraýyllylara ýeňiş berýärdi. Emma ol ýadap, elini aşak goýberende, amalekler ýeňýärdi. Şonda Harun bilen Hur «ony oturdar ýaly daş getirip goýup, Musany onuň üstünde oturtdylar. Harun bilen Hur onuň ellerini ýokaryk galdyryp, hersi bir ýandan tutup durdy. Tä gün ýaşýança onuň ellerini göterip durdular». Hawa, Hudaýyň güýçli gollarynyň astynda ysraýyllylar söweşde ýeňiş gazandylar (Müs. çyk. 17:8—13).

8. a) Efiopiýalylar Ýahudanyň üstüne hüjüm edende, Asa patyşa näme etdi? b) Biz Asanyň göreldesine nädip eýerip bileris?

8 Ýehowa Asa patyşanyň döwründe-de halkyny halas etmek üçin eliniň gysga däldigini subut etdi. Mukaddes Ýazgylarda köp söweşler hakda gürrüň berilýär. Zera million esgerden ybarat bolan ägirt uly goşun ýygnaýar. Asa patyşanyň ýygnan goşuny bolsa iki esse azdy. Şeýle ýagdaýda her kimiň hem ýüregi ýarylyp, eli gowşardy. Emma Asa şol bada kömek üçin Ýehowa ýüz tutýar. Harby taýdan garanyňda, efiopiýalylary ýeňip bolmajak ýalydy, ýöne «Hudaý üçin ähli zat mümkindir» (Mat. 19:26). Hudaý ägirt uly güýji bilen «efiopiýalylary Asanyň... öňünde ýeňlişe sezewar etdi» we onuň «ýüregi bütin ömrüne Rebbe wepaly boldy» (2 Ýyl. 14:8—13; 1 Pat. 15:14).

9. a) Iýerusalimiň diwarlaryny gurmak aňsat bolmasa-da, Nehemýa näme üçin ondan el çekmedi? b) Ýehowa Nehemýanyň dogasyna nädip jogap berdi?

9 Iýerusalime gelende, Nehemýanyň özüni nähili duýandygyny göz öňüne getiriň. Şäher diwarsyzdy, ýehudylar bolsa göwnüçökgün ýagdaýdadylar. Olar daş-töwerekdäki duşmanlar sebäpli ruhdan düşüp, şäheriň diwarlaryny gurup bilmediler. Eýsem, bu ýagdaý Nehemýanyň-da elini gowşatdymy? Ýok! Musa pygamber, Asa patyşa we Ýehowanyň başga-da wepaly gullukçylary ýaly, ol eýýäm Ýehowa doga edip, oňa bil baglapdy. Sebäbi Nehemýanyň ýagdaýy olaryňkydan tapawutlanmaýardy. Ýehudylar üçin ýagdaý çykgynsyz ýalydy, emma Ýehowa Nehemýanyň ýürekden eden dogasyna jogap berýär. Hudaý «beýik güýji» we «gudraty bilen» halkyň elini berkitdi (Neh. 2:17—20; Nehemýa 1:10; 6:9-njy aýatlary okaň *). Siz Ýehowanyň şu günler hem gullukçylaryny berkitmek üçin «beýik güýjüni» we «gudratyny» ulanýandygyna ynanýarmysyňyz?

ÝEHOWA SIZIŇ HEM ELLERIŇIZI BERKIDER

10, 11. a) Şeýtan elimizi gowşatmak üçin näme edýär? b) Ýehowa bizi näme arkaly berkidip, güýç berýär? ç) Ýehowanyň tälimi size nähili peýda getirýär?

10 Iblis biziň işimizi togtatmak üçin tagalla etmegini hiç haçan bes etmez. Munuň üçin ol ýalan zatlary ulanýar, döwlet işgärleri, dini ýolbaşçylar we imandan dänen adamlar arkaly Hudaýyň halkyny yzarlaýar. Näme maksat bilen? Ol biziň Patyşalyk baradaky hoş habary ýaýratmakda elimizi gowşatjak bolýar. Emma Ýehowa bize mukaddes ruhy arkaly güýç berip bilýär we muňa hemişe taýyn (1 Ýyl. 29:12). Şol sebäpli mukaddes ruhuň güýjüne bil baglamaly, şonda biz Şeýtanyň we bu zalym dünýäniň islendik hüjümine gaýtawul berip bileris (Zeb. 18:39; 1 Kor. 10:13). Şeýle-de biz mukaddes ruh arkaly ýazylan Hudaýyň Sözüniň bardygyna we her aý Mukaddes Ýazgylara esaslanyp çykýan ruhy edebiýatlarymyza begenýäris. Zakarýa 8:9, 13-nji aýatlarda (okaň) * Iýerusalimiň ybadathanasynyň dikelmegi barada aýdylan sözler bize-de degişli.

11 Biz ýygnak duşuşyklarynda, kongreslerde we teokratik mekdeplerde ruhy taýdan berkeýäris. Alýan bilimimiz bize dogry garaýşy saklamaga, ruhy maksatlary goýmaga we ýygnakda jogapkärli borçlary almaga kömek edýär (Zeb. 119:32). Siz şeýle ruhy çäreler arkaly berkemek üçin ýürekden tagalla edýärmisiňiz?

12. Biz ruhy taýdan güýçli bolar ýaly näme etmeli?

12 Ýehowa ysraýyllylara amaleklerden we efiopiýalylardan üstün çykmaga, Nehemýa hem-de onuň ýoldaşlaryna Iýerusalimiň diwarlaryny gurmaga kömek etdi. Hudaý bize-de wagyz işini ýerine ýetirip biler ýaly, garşylyklara, lapykeçlige we biynjalyklara döz gelmäge güýç berer (1 Pet. 5:10). Biz Ýehowadan gudrat görkezmegine garaşmaýarys. Bizem öz tarapymyzdan hereket edip, her gün Hudaýyň Sözüni okamaly, ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanyp, olara gatnaşmaly. Pikirimizi we ýüregimizi şahsy hem-de maşgala okuwy arkaly iýmitlendirip durmaly, elmydama Ýehowa doga edip, oňa bil baglamaly. Başga zatlara we işlere ymtylyp, Ýehowanyň berkitmek hem-de ruhlandyrmak üçin berýän kömeginden el çekmeli däl. Eger şu zatlaryň haýsy-da bolsa birini etmäge eliňiz sowan bolsa, onda Hudaýdan kömek soraň. Şonda onuň ruhunyň «sizi höweslendirip, hereket etmegiňiz üçin hem isleg, hem güýç berşini» duýarsyňyz (Flp. 2:13). Emma siz başgalaryň elini berkitmek üçin näme edip bilersiňiz?

GOWŞAN ELLERIŇIZI BERKIDIŇ

13, 14. a) Bir dogana aýalynyň ölümine döz gelmäge näme kömek etdi? b) Biz nädip başgalary goldap bileris?

13 Ýehowa bizi ruhlandyrmak üçin bütindünýä doganlygyny berdi. Pawlus resul: «Gowşan elleriňizi we aýaklaryňyzy berkidiň. Bedeniňiziň şikesli ýeri has-da erbetleşmän, gaýtam, sagalsyn» diýip ýazdy (Ýew. 12:12, 13). I asyrdaky ýaly şu günlerem dogan-uýalar şeýle kömegi alýarlar. Bir doganyň aýaly aradan çykanda, ol düşen erbet ýagdaýy barada şeýle diýýär: «Men synaglary saýlap bolmaýandygyna düşündim, muňa wagt we tötänlik sebäp bolýan eken. Doga etmek we şahsy okuwyny geçirmek halas ediş gursakça kimin maňa kömek edýärdi. Şeýle-de dogan-uýalaryň kömegi maňa köp teselli berdi. Men Ýehowa bilen dostlugyňy kyn ýagdaýlara düşmänkäň berkitmegiň wajypdygyna düşündim».

Ýygnagyň her bir agzasy başgalary goldap bilýär (14-nji abzasa serediň)

14 Harun bilen Hur söweşde Musanyň ellerini göni manyda göterip durdular. Emma biz başgalary goldamak we kömek etmek üçin dürli ýollary agtaryp bilýäris. Eýsem, biz kime kömek etmeli? Garrylyk, saglyk ýagdaýy, maşgala agzalarynyň garşylygy, ýekelik duýgusy bilen göreşýän ýa-da dogan-garyndaşlaryny ýitiren imandaşlarymyza kömek etmeli. Şeýle-de dürli synaglara duş gelýän ýa-da ýokary bilim almak, baýamak ýa-da kär edinmek ýaly dünýäniň «üstünligini» agtarýan ýaşlara kömek edip bileris (1 Sel. 3:1—3; 5:11, 14). Ýygnak duşuşyklarynda, wagyzda, saçak başynda ýa-da telefonda gepleşeniňizde, başgalaryň ýürekden aladasyny edýändigiňizi görkeziň.

15. Imandaşlaryň ýagşy sözi nähili täsir edýär?

15 Asa patyşanyň gudrat bilen gazanan ýeňşi Azarýa pygamberi oňa we halka şeýle sözleri aýtmaga höweslendirdi: «Ýöne siz berk duruň! Ruhdan düşmäň! Eden işleriňiziň hözirini görersiňiz» (2 Ýyl. 15:7). Bu sözler Asany arassa seždäni dikeltmek üçin köp özgerişler etmäge höweslendirýär. Siziň hem ýagşy sözleriňiz başgalara güýçli täsir edip biler. Siz olara Ýehowa doly gulluk etmäge kömek edip bilersiňiz (Sül. tym. 15:23). Ýygnakda ruhlandyryjy jogaplaryňyzyň berýän täsirine kembaha garamaň.

16. Ýygnak ýaşululary Nehemýanyň göreldesine nädip eýerip biler? Imandaşlaryňyzyň size nädip kömek edendigini gürrüň beriň.

16 Ýehowanyň goldawy bilen Nehemýa we onuň ýoldaşlary halkyň elini berkitdiler. Netijede, olar Iýerusalimiň diwarlaryny bary-ýogy 52 günde gurup gutardylar (Neh. 2:18; 6:15, 16). Nehemýa gurluşyk işine diňe bir gözegçilik etmän, eýsem, diwarlary gurmaga-da gatnaşdy (Neh. 5:16). Şonuň ýaly-da söýgüden doly ýaşulularymyzyň köpüsi Nehemýanyň göreldesine eýerip, gurluşyk işlerine ýa-da patyşalyk zalynyň arassaçylyk we bejeriş işlerine gatnaşýarlar. Olar imandaşlary bilen wagyz edende, çopançylyk idegini edende, biynjalyk bolýan dogan-uýalaryň gowşan ellerini berkidýärler (Işaýa 35:3, 4-nji aýatlary okaň) *.

«ELLERIŇ GOWŞAMASYN!»

17, 18. Kynçylyklara uçranymyzda ýa-da biynjalyk bolanymyzda nämä ynamly bolup bileris?

17 Dogan-uýalar bilen eginme-egin işleşip, biz agzybirligiň berkemegine ýardam edýäris. Şeýle-de bu dostlukly gatnaşyklary we Hudaýyň Patyşalygynyň berjek bereketlerine bolan ynamymyzy berkidýär. Biz başgalaryň ellerini berkidip, kynçylyga döz gelmäge we gelejege bolan umydyny ýitirmezlige kömek edýäris. Başgalara kömek etmek bilen, Hudaýyň gelejekde berjek bereketlerine bolan ynamymyz berkeýär. Galyberse-de, özümiz hem ruhlanýarys.

18 Geçmişde Ýehowanyň wepaly gullukçylaryny dürli ýagdaýlarda goldandygy we gorandygy biziň hem şu günler imanymyzy berkidip, oňa bil baglamaga höweslendirýär. Şol sebäpli, geliň, nähili kyn ýagdaýa düşsek-de, «ellerimizi gowşatmalyň»! Gaýtam, Ýehowa doga edip, oňa bil baglalyň we güýçli gollarynyň astynda Patyşalygyň bereketlerini almaga jan edeliň (Zeb. 73:23, 24).

^ abzas 2 Işaýa 41:10 Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin size. 13 Hudaýyňyz Men-Reb sag eliňizden tutaryn, size: «Gorkmaň, ýardam ederin» diýýän Mendirin.

^ abzas 5 Sefanýa 3:16 Şol gün Iýerusalime şeýle diýler: «Gorkma, eý, Siýon, elleriň gowşamasyn! 17 Hudaýyňyz Reb, ýeňiş berýän Söweşiji siziň araňyzda, Reb size guwanyp şatlanar, Ol söýgüsinde size täze durmuş berer, nagmalar bilen Onuň size ýüregi joşar».

^ abzas 9 Nehemýa 1:10 Olar Seniň beýik güýjüň, gudratyň bilen halas eden Öz gullaryň we halkyňdyr. 6:9 Çünki olaryň hemmesi bizi gorkuzmak isleýärdiler we: «Elleri işden sowap, iş togtar» diýip pikir edýärdiler. Şonuň üçinem men işi dowam etmek üçin güýç-kuwwat diledim.

^ abzas 10 Zakarýa 8:9 Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde Hökmürowan Rebbiň ybadathanasynyň düýbüniň tutulmagyna gatnaşan pygamberlerden şu sözleri eşidenleriňiziň gollary kuwwatly bolsun! 13 Eý, ýahudalar hem ysraýyllar, siz halklar arasynda nälete öwrüldiňiz. Indi Men sizi halas ederin, siz ýalkaýjy bolarsyňyz. Gorkmaň, gollaryňyz kuwwatly bolsun!»

^ abzas 16 Işaýa 35:3 Ejiz gollara gujur beriň, kuwwat beriň ejiz dyzlara. 4 Towşanýüreklilere: «Gaýrata galyň! Gorkmaň! Ine, Hudaýyňyz öç almaga gelýär, Ol mynasyp hak bilen gelip, sizi halas eder» diýiň.