Ene-atalar, çagalaryňyza Hudaýa iman etmäge kömek ediň!
«Eý ýaş ýigitler we gyzlar... Rebbiň adyna sena ediň». ZEB. 148:12, 13
AÝDYMLAR: 41, 48
1, 2. a) Ene-atalar nähili kynçylyga duş gelýärler we oňa döz gelmäge näme kömek eder? b) Biz haýsy dört ädime serederis?
FRANSIÝADA ýaşaýan bir är-aýal şeýle diýýär: «Biz Ýehowa iman edýäris, ýöne bu çagalarymyzyň hem Oňa iman etjekdigini görkezmeýär. Iman bu nesilden-nesle geçýän zat däldir. Bu babatda çagalarymyzyň özleri karara gelmeli». Awstraliýada ýaşaýan dogan bolsa şeýle diýýär: «Çagalaryň ýüreginde imany ösdürmek üçin gaty köp tagalla etmeli bolarsyňyz. Munuň üçin elýeterli bolan ähli gerekli esbaplary ulanyň. Olarda çagaňyzy kanagatlandyrjak meseleleriň ara alyp maslahatlaşylýandygyny görersiňiz. Emma wagtyň geçmegi bilen olar şeýle soragy ýene-de bererler. Ýöne çagalar soraglaryna kanagatlanarly jogap alsalar-da, bu olaryň gaýdyp şeýle soragy bermejekdigini aňlatmaýar. Siz käbir temalar barada gaýta-gaýta gürrüň etmeli bolarsyňyz».
2 Eger siziňem çagaňyz bar bolsa, onda käte oňa dogry tälim berip, berk imanly adam edip ýetişdirip bilmerin öýdýärsiňizmi? Elbetde, biz muny öz düşünjämiz bilen başarmasak gerek! (Ýer. 10:23). Ýöne Hudaýyň görkezmesini agtarsak, üstünlik gazanyp bileris. Geliň, çagalarymyza iman etmäge kömek etjek dört ädime seredeliň: 1) olary gowy tanamaly, 2) ýürekden öwretmeli, 3) aýdyň mysallary ulanmaly we 4) sabyrly bolmaly hem doga etmeli.
ÇAGALARYŇYZY GOWY TANAŇ
3. Ene-atalar tälim bermekde Isanyň göreldesine nädip eýerip bilerler?
3 Isa şägirtlerinden nämä ynanýandygyny soramaga çekinmeýärdi (Mat. 16:13—15). Sizem ondan görelde alyň. Arkaýyn wagty çagalaryňyzy öz duýgularyny aýtmaga höweslendirseňiz gowy bolar. Meselem, olaryň biynjalyk bolýan ýa-da şübhelenýän zatlary hakda sorap bilersiňiz. Awstraliýada ýaşaýan 15 ýaşly doganymyz şeýle diýýär: «Kakam köplenç imanym barada gürrüň bermäge höweslendirýärdi we oýlanmaga kömek edýärdi. Ol: „Bu barada Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýär? Sen muňa ynanýaňmy? Näme üçin?“ diýen soraglary berýärdi. Ol özüniň ýa-da ejemiň aýdanlaryny gaýtalamagymy däl-de, öz sözüm bilen jogap bermegimi isleýärdi. Men ulaldygymça, şeýle soraglara has giňişleýin jogap berip başladym».
4. Çaganyň berýän soragyna näme üçin çynlakaý garamaly? Düşündiriň.
4 Eger çagaňyz käbir taglymatlara şübhelenýän bolsa, onda gaharlanyp ýa-da özüňizi goraýan ýaly edip jogap bermäň. Sabyrly boluň-da, beren soragy babatda bile pikir alşyň. Bir ata şeýle diýýär: «Çagaňyzyň berýän soraglaryna ähmiýetsiz zatdyr öýtmäň, olara çynlakaý garaň. Ol sizi oňaýsyz ýagdaýa salýan sorag berse-de, oňa jogap bermekden gaçmaň». Aslynda, çagaňyzyň berýän soragyny ara alyp maslahatlaşmak peýdaly, sebäbi bu onuň ünslüdigini we düşünmek isleýändigini görkezýär. Isa 12 ýaşynda-da wajyp soraglary berýärdi (Luka 2:46-ny okaň). Daniýada ýaşaýan 15 ýaşly doganymyz şeýle diýýär: «Dinimiziň hakykatdygy barada soranymda, ejem bilen kakam alada etseler-de, özüni gaty parahat alyp bardylar. Olar meniň ähli soraglaryma Mukaddes Ýazgylar arkaly jogap berdiler».
5. Ene-atalar näme üçin çaganyň imany öz-özünden dörär öýtmeli däl?
5 Çagalaryňyzy gowy tanaň, ýagny olaryň pikirini, duýgularyny we biynjalyk edýän zatlaryny biljek boluň. Diňe ýygnak duşuşyklaryna barsa we siziň bilen wagyz etse, olaryň imany öser öýtmäň. Olar bilen her gün ruhy zatlar barada gürrüň ediň. Çagalaryňyz bilen bile we olar üçin doga ediň. Iman babatda olaryň nähili synaglara uçraýandygyny biljek boluň we olara hötde gelmäge kömek ediň.
ÝÜREKDEN ÖWREDIŇ
6. Ene-atalar hakykaty öz ýüreginde ornaşdyrsalar, bu olara tälim bermekde nädip kömek eder?
6 Isa adamlaryň ýüregine täsir edip öwredýärdi, sebäbi ol Ýehowany, Onuň Sözüni we adamlary söýýärdi (Luka 24:32; Ýah. 7:46). Şeýle söýgi ene-atalara-da çagalarynyň ýüregine täsir etmäge kömek eder (Kanun taglymaty 6:5—8 *; Luka 6:45-nji aýatlary okaň). Şol sebäpli ene-atalar, Mukaddes Ýazgylary we okuw geçilýän esbaplary gowy özleşdiriň. Ýaradylan zatlar hakda gyzyklanyň we edebiýatlarymyzdaky ýaradylyş baradaky makalalary öwreniň (Mat. 6:26, 28). Öz bilimiňizi we Ýehowa bolan minnetdarlygyňyzy artdyrsaňyz, çagalaryňyza tälim bermekde has-da ukyply bolarsyňyz (Luka 6:40).
7, 8. Ene-atanyň ýüregi Mukaddes Ýazgylardaky hakykatdan doly bolsa, bu nähili netije berer? Mysal getiriň.
7 Siziň ýüregiňiz Mukaddes Ýazgylardaky hakykatdan doly bolsa, olary maşgala
agzalaryňyza gürrüň bermek islärsiňiz. Muny diňe ýygnak duşuşyklaryna taýýarlananyňyzda ýa-da maşgala okuwynda däl-de, hemişe ediň. Ýöne şeýle söhbetdeşligi özüňe zor salyp etmeli däl, ol gündelik iş ýaly adaty zat bolmaly. ABŞ-da ýaşaýan bir är-aýal çagalary bilen tebigaty syn edende ýa-da nahar iýende, Ýehowa hakda oýlanýarlar. Olar: «Çagalarymyza ähli zatda Ýehowanyň söýgüsiniň we aladasynyň görünýändigini ýatladýarys» diýip, gürrüň berýärler. Günorta Afrikada ýaşaýan är-aýal iki gyzy bilen mellekde ekin ekende, tohumdan ösümligiň gögerip çykyşynyň täsindigine üns berýärler. Olar: «Biz gyzlarymyza çylşyrymly we täsin döredilen ýaşaýşa hormat goýmagy öwredýäris» diýýärler.8 Awstraliýada ýaşaýan bir ata ogly on ýaşyndaka, onuň Hudaýa we ýaradylyşa bolan imanyny berkitmek üçin, muzeýe alyp gidýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Biz deňizde ýaşan we ölüp ýitip giden jandarlary, ýagny ammonitleri hem-de trilobitleri gördük. Bir wagt ýaşap giden bu haýwanlaryň şu günki görýän haýwanlarymyz ýaly owadan, çylşyrymly we gutarnykly ýaradylandygyny görenimizde, biz gaty haýran galdyk. Eger ýönekeý jandarlar çylşyrymly jandarlara öwrülen bolsa, onda näme üçin gadymy döwürde ýaşap giden jandarlar şeýle çylşyrymlyka? Bu maňa güýçli täsir etdi we muny ogluma gürrüň berdim».
AÝDYŇ MYSALLARY ULANYŇ
9. Aýdyň mysallar näme üçin täsirli bolýar we bir ene muny nädip görkezdi?
9 Isa köplenç adamlaryň pikirini bilmek, ýüregine täsir etmek we ýatlaryndan çykmazlygy üçin, aýdyň mysallary ulanýardy (Mat. 13:34, 35). Adatça, çagalar islendik zady göz öňüne getirmegi gowy görýärler. Şonuň üçin ene-atalar, mysallary köp ulanyň. Ýaponiýada ýaşaýan uýamyz sekiz we on ýaşly ogullary bilen ýeriň atmosferasy hakda gürrüň edende, Ýehowanyň aladasyny görkezmek üçin, aýdyň mysal getirdi. Munuň üçin ol ogullaryna süýt, şeker we kofe berip, hersinden bir käse kofe taýýarlamagy haýyş edipdir. Ol şeýle gürrüň berýär: «Olar jan etdiler. Men bu hakda soranymda, olar meniň göwnümden turmak isleýändigini aýtdylar. Şonda men olara Hudaýyň hem howadaky gazy bize peýdaly bolar ýaly edendigini düşündirdim». Bu ýönekeý mysal olara şeýle güýçli täsir etdi welin, muny hiç wagt ýatlaryndan çykarmasalar gerek!
10, 11. a) Çagalaryňyza Hudaýa iman etmäge kömek etmek üçin aýdyň mysallary nädip ulanyp bilersiňiz? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Siz nähili mysallary ulanýarsyňyz?
10 Siz çagalaryňyza Hudaýa iman etmäge kömek etmek üçin, hatda bir zadyň taýýarlanyş usulyny hem ulanyp bilersiňiz. Nädip? Meselem, köke ýa-da tort bişireniňizden soň, onuň taýýarlanyş usulynyň peýdasyny düşündiriň. Çagaňyzyň eline alma ýa-da şoňa meňzeş bir miwe berip, ondan: «Sen almanyň „taýýarlanyş usulyny“ bilýärmiň?» diýip soraň. Soňra almany ikä bölüp, içindäki dänesini oňa beriň. Almanyň taýýarlanyş usulynyň dänesiniň içinde
«ýazylandygyny», ýöne onuň dili şeýle bir çylşyrymly welin, hatda kitaba-da ýazyp bolmaýandygyny düşündiriň. Soňra şeýle sorag beriň: «Eger kökäniň taýýarlanyş usulyny biri ýazan bolsa, onda almanyň şeýle çylşyrymly taýýarlynyşyny kim ýazdyka?» Çagaňyz biraz uly bolsa, onda almanyň, has dogrusy, agajyň taýýarlanyş usuly DNK atly kodunda ýerleşýändigini aýdyň. «Ýaşaýşyň gelip çykyşy baradaky bäş sorag» (rus.) atly broşýuranyň 10—20-nji sahypalaryndaky käbir mysallary ara alyp maslahatlaşyp bilersiňiz.11 Ene-atalaryň köpüsi çagalary bilen «Oýanyň!» žurnalyndaky ýaradylyşa degişli makalalary okaýarlar. Eger çagalary has kiçi bolsa, şol makalalaryň aýratynlygyna esaslanyp tälim berýärler. Meselem, Daniýada ýaşaýan bir är-aýal uçarlary guşlar bilen deňeşdirýär. Olar şeýle gürrüň berýär: «Uçarlar guşlara meňzeýär. Ýöne olar guşlar ýaly ýumurtga guzlaýarmy ýa-da kiçi uçarlary ýasaýarmy? Guşlara uçmak üçin ýörite uçuş meýdançasy gerekmi? Eýsem, uçarlaryň sesi guşlaryň sesine meňzeýärmi? Onda uçarlary ýasan adam akyldarmy ýa-da guşlary Ýaradan?» Şeýle aýdyň mysallar we oýlandyryjy soraglar çagalara «düşünjesini» hem-de Hudaýa bolan imanyny ösdürmäge kömek eder (Sül. tym. 2:10—12).
12. Çagalara aýdyň mysal arkaly Mukaddes Ýazgylaryň ynama mynasypdygyny nädip düşündirse bolar?
12 Şeýle-de gowy mysallar çagaňyza Mukaddes Ýazgylaryň ynama mynasypdygyna düşünmäge kömek edip biler. Geliň, Eýýup 26:7-däki (okaň) * sözlere seredeliň. Siz şu aýadyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazylandygyny nädip düşündirersiňiz? Elbetde, siz ýöne bir delilleri getirip bilersiňiz. Emma çagaňyza göz öňüne getirmäge nädip kömek etse bolar? Siz Eýýubyň döwründe teleskopyň we howa gämisiniň bolmandygyny ýatladyň. Şonda çagaňyz kimdir birine ýer şary ýaly asman jisiminiň hiç zatdan asylgy durmandygyna ynanmak kyn boljakdygyna düşünse gerek. Goý, çagaňyz bir topy ýa-da daşy alyp, ony howada saklap görkezsin. Şeýle aýdyň mysal çagaňyza güýçli täsir etse gerek, sebäbi Ýehowa Mukaddes Ýazgylara bu sözleri ýazdyranda, entek adamlar muny subut etmändiler (Neh. 9:6).
MUKADDES ÝAZGYLARDAKY PRINSIPLERIŇ GYMMATYNY GÖRKEZIŇ
13, 14. Ene-atalar çagalaryna Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleriň gymmatyny nädip görkezip bilerler?
13 Çagalara Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleriň gymmatyny düşündirmek örän wajypdyr (Zebur 1:1—3-nji aýatlary okaň). Munuň usullary gaty kän. Meselem, çagaňyza ençeme adamlar bilen uzak bir adada ýaşamalydygyny göz öňüne getirmegi haýyş ediň. Soňra ondan: «Parahat we agzybir ýaşamagyňyz üçin siziň her biriňize nähili häsiýetler gerek?» diýip soraň. Şeýle-de Galatýalylar 5:19—23-nji aýatlardaky görkezmä eýermegiň paýhaslydygyny aýdyň.
14 Bu mysal arkaly iki wajyp zady öwrense bolar. Birinjiden, Hudaýyň kadalary parahat we agzybir ýaşamaga höweslendirýär. Ikinjiden, Ýehowanyň berýän bilimi Täze dünýäde ýaşamaga taýýarlaýar (Iş. 54:13; Ýah. 17:3). Siz bu babatda biziň edebiýatlarymyzdaky meselem, «Garawul diňindäki» «Mukaddes Ýazgylar durmuşyňy özgertmäge kömek edýär» atly makalalardaky wakalary saýlap bilersiňiz. Ýa-da ýygnagyňyzdan Ýehowanyň göwnünden turmak üçin ýaşaýşynda uly özgerişler eden dogany ýa uýany myhmançylyga çagyryp, ondan özi hakda gürrüň bermegi haýyş edip bilersiňiz. Eýsem, şeýle mysallar Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri durmuşda ulanyp bolýandygyny görkezmeýärmi näme?! (Ýew. 4:12).
15. Çagalaryňyza tälim bereniňizde, siziň esasy maksadyňyz näme bolmaly?
15 Emma çagalaryňyza tälim bereniňizde, dürli usullary ulanyň. Göz öňüne getirmek ukybyňyzy ulanmaga çalşyň. Çagalaryňyzyň ýaşyny göz öňünde tutup, olary oýlanmaga höweslendiriň. Okuwy gyzykly we imanyny berkider ýaly edip geçiriň. Bir ata: «Täze usullary ulanyp, geçen temalary gaýtalamakdan ýadamaň» diýip maslahat berýär.
WEPALY WE SABYRLY BOLUŇ HEM-DE DOGA EDIŇ
16. Çagalara tälim berende näme üçin sabyrly bolmaly? Düşündiriň.
16 Imany berkitmekde Hudaýyň mukaddes ruhy wajyp orun tutýar (Gal. 5:22, 23). Miwäniň bişmegi üçin wagtyň gerek bolşy ýaly, imanyň berkemegi hem wagty talap edýär. Siz hem çagalaryňyza tälim bereniňizde, sabyrly we erjel boluň. Ýaponiýada ýaşaýan iki çaganyň atasy şeýle gürrüň berýär: «Aýalym ikimiz çagalarymyza köp üns berýärdik. Olar kiçikä, ýygnak bolýan günlerinden başga her gün 15 minut okuw geçýärdik. 15 minut biziň üçin hem, olar üçin hem agyr däldi». Bir etrap gözegçisi şeýle diýýär: «Ýetginjek wagtym ynanýan zatlaryma şübhelenýändigim üçin, soraglarym gaty köpdi. Wagtyň geçmegi bilen ýygnak duşuşyklarynda, maşgala we şahsy okuwynda olara jogap tapdym. Ine, şonuň üçin hem ene-atalar çagalaryna tälim bermegi bes etmeli däl».
17. Ene-atanyň göreldesi näme üçin wajyp we bir ene-ata gyzlaryna nähili görelde görkezýär?
17 Çagalaryňyza terbiýe bereniňizde, iň esasy zat — siziň imanyňyz. Çagalaryňyz siziň edýän işleriňize üns berer, bu bolsa olara gowy täsir eder. Şonuň üçin siz hem öz imanyňyzy berkidiň. Çagalar siziň Ýehowa bilen ýakyn gatnaşygyňyzyň bardygyny bilsinler. Bermudada ýaşaýan bir är-aýal kynçylyga uçranda, çagalary bilen bile Ýehowa doga edip, ondan görkezme soraýar we çagalaryny hem bu hakda doga etmäge höweslendirýär. Olar şeýle gürrüň berýär: «Biz uly gyzymyza: „Ýehowa doly bil bagla, hemişe Patyşalygyň işleri bilen meşgullan, köp alada etme“ diýip, maslahat berýäris. Ol munuň gowy netije berýändigini görüp, Ýehowanyň bize kömek edýändigini duýýar. Şonuň üçin hem onuň Hudaýa we Mukaddes Ýazgylara bolan imany berkedi».
18. Ene-atalar nämä düşünmeli?
18 Elbetde, çagalar öz imanyny özleri ösdürmeli. Emma ene-atalar olarda iman tohumyny ekip, suwaryp bilerler. Ony diňe Hudaý ösdürip bilýändir (1 Kor. 3:6). Şol sebäpli mukaddes ruhy diläň, çagalaryňyza tälim bermekde janyňyzy gaýgyrmaň, şonda Ýehowadan bol bereket alarsyňyz (Efes. 6:4).
^ abzas 6 Kanun taglymaty 6:5 Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen, ähli güýjüňiz bilen söýüň. 6 Meniň bu günki buýurýan şu sözlerimi ýüregiňizde saklaň. 7 Bulary çagalaryňa hem öwret, öýde-de, ýolda-da, ýatanyňda-turanyňda-da şular hakda söz sözlegin. 8 Olary bellik hökmünde eliňe dak, maňlaýyňa nyşan edip belle.
^ abzas 12 Eýýup 26:7 Hudaý gökleri boşlugyň üstüne ýazýar, Ýeri-de hiç zatdan asýar.