Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýehowanyň bereketlerini almak üçin göreşiň

Ýehowanyň bereketlerini almak üçin göreşiň

«Sen Hudaý hem adamlar bilen göreş tutuşyp, olardan üstün çykdyň». GEL. ÇYK. 32:28

AÝDYMLAR: 23, 38

1, 2. Ýehowanyň gullukçylary nämä garşy göreşmeli?

HABYLYŇ döwründen bäri Hudaýyň wepaly gullukçylary iman ugrunda göreş alyp barýarlar. Pawlus resul ýewreý mesihçileriniň Ýehowanyň razylygyny gazanyp, berekedini almak üçin «ençeme kynçylyklara garamazdan, agyr söweş alyp barandygy» barada aýtdy (Ýew. 10:32—34). Pawlus mesihçileriň söweşini Gresiýadaky sportyň göreş we boks ýaly görnüşleri bilen meşgullanýan türgenleriň edýän tagallalary bilen deňeşdirdi (Ýew. 12:1, 4). Şu günler biz ýaşaýşa eltýän ýoldan ylgap barýarys, duşmanlarymyz hem bizi şatlykdan we gelejekdäki sylaglardan mahrum etmek üçin ünsümizi sowmak, ýalňyşdyrmak hem-de ýykmak isleýär.

2 Biz Şeýtana we onuň zalym dünýäsine garşy güýçli söweş alyp barýarys (Efes. 6:12). Şol sebäpli dünýäniň täsirine garşy durmak üçin, onuň «güýçli ýaraglaryny», ýagny taglymatlaryny, filosofiýasyny we ahlaksyzlyk, çilim çekmek, arakkeşlik, neşekeşlik ýaly zyýanly endiklerini inkär etmeli. Hawa, biz hemişe ten höweslerine we lapykeçlige garşy göreşmeli (2 Kor. 10:3—6; Kol. 3:5—9).

3. Hudaý nädip duşmanlarymyza garşy göreşmegi öwredýär?

3 Eýsem, şeýle güýçli duşmanlary ýeňip bolýarmy? Hawa, ýöne munuň üçin göreşmeli. Pawlus gadymy döwürdäki boksçyny mysal getirip, özi hakda şeýle diýdi: «Howany ýumruklaýan ýaly, boş ýeri urmaýaryn» (1 Kor. 9:26). Boksçynyň garşydaşyna gaýtawul berşi ýaly, biz hem duşmanlarymyza gaýtawul bermeli. Ýehowa bize nädip göreşmelidigini öwredýär we goldaýar. Ol öz Sözi arkaly bize wajyp görkezmeleri berýär. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlar, ýygnak duşuşyklary we kongresler arkaly kömek edýär. Siz öwrenýän zatlaryňyzy durmuşda ulanýarmysyňyz? Eger ulanmaýan bolsaňyz, onda «howany ýumruklaýan» ýaly, duşmana garşy durup bilmersiňiz.

4. Biz ýamanlygy nädip ýeňip bileris?

4 Adatça, duşman garaşmaýan wagtyň we kynçylyga düşeniňde hüjüm edýär. Şol sebäpli oýa bolmaly. Mukaddes Ýazgylarda: «Ýamanlykdan ýeňilmäň-de, ony hemişe ýagşylyk bilen ýeňiň» diýip maslahat berilýär (Rim. 12:21). «Ýamanlykdan ýeňilmäň» diýen jümle erbetligi ýeňip bilýändigimizi görkezýär. Munuň üçin oňa garşy göreşmegimizi dowam etmeli. Eger gowşap, göreşmegimizi bes etsek, onda Şeýtan, onuň zalym dünýäsi we bikämillik bizden üstün çykar. Hiç haçan Şeýtana özüňizi gorkuzyp, eliňizi gowşatmaga ýol bermäň! (1 Pet. 5:9).

5. a) Hudaýyň berekedini almak üçin göreşmäge näme kömek eder? b) Biz kimleriň mysalyna serederis?

5 Göreşde ýeňmek üçin maksadyňy unutmaly däl. Hudaýyň razylygyny gazanyp, berekedini almak üçin, ünsümizi Ýewreýler 11:6-daky: «Hudaýa ýakynlaşýan adam onuň bardygyna we ony ýürekden agtarýanlary sylaglajakdygyna iman etmelidir» diýen sözlere gönükdirmeli. Grek dilinden «ýürekden agtarmaly» diýip terjime edilen işlik ähli güýjüň bilen tagalla etmegi we bar ünsüňi jemlemekligi aňladýar (Res. iş. 15:17). Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň berekedini almak üçin bar ünsüni jemlän erkekdir aýallaryň mysallary getirilýär. Ýakup, Rahel, Ýusup we Pawlus ýadap, halys bolanda-da, bol bereketlere eýe bolmak üçin erjellik bilen göreşdiler. Biz şu dört göreşijiniň göreldesine nädip eýerip bileris?

BEREKET ALMAK ÜÇIN ERJELLIK GEREK

6. Ýakuba erjel bolmaga näme kömek etdi we ol nähili sylag aldy? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

6 Ysraýyl halkynyň atasy Ýakup pygamber erjellik bilen göreşdi, sebäbi ol Ýehowany söýýärdi, ruhy zatlary gymmat saýýardy we nesil baradaky wada doly ynanýardy (Gel. çyk. 28:3, 4). Şonuň üçin hem ol takmynan 100 ýaşynda Hudaýyň berekedine eýe bolmak üçin elinde baryny etdi; ol hatda ynsan bedeninde gelen perişde bilen göreşdi (Gel. çyk. 32:25—27; Gelip çykyş 32:24, 28-nji aýatlary okaň *). Ýakup bu güýçli perişdäni öz güýji bilen ýeňdimi? Elbetde, ýok! Ýöne ol dogumly göreşijidi we kynçylykdan el çekjek adam däldi! Şonuň üçin hem ol erjelligi üçin sylaglandy we Ysraýyl diýen ada mynasyp boldy («Hudaý bilen göreşýän, ýagny Hudaý arkaly erjellik bilen göreşýän» ýa-da «Hudaý göreşýär» diýmegi aňladýar). Ýakup baý sylagyň eýesi boldy, ýagny Ýehowanyň razylygyny gazanyp, berekedini aldy. Biz hem şoňa ymtylýarys.

7. a) Raheliň ýagdaýy nähilidi? b) Ol nädip göreşdi we netijesi nähili boldy?

7 Rahel ýanýoldaşy Ýakuba berlen wadanyň ýerine ýetişini görmek isleýärdi. Ýöne olaryň çagasy ýokdy. Şol döwürde çagasyzlyk aýal maşgala üçin agyr synagdy. Eýsem, Rahel göwnüçökgünlige salýan we özüne bagly bolmadyk ýagdaýda göreşmäge güýji nireden aldy? Ol hiç haçan umydyny ýitirmedi. Gaýtam, gyzgyn doga edip göreşdi. Ýehowa Raheliň ýalbarmalaryny eşitdi we wagtyň geçmegi bilen oňa çaga berdi. Şol sebäpli Raheliň begenip: «Juda çynlakaý göreşdim we ýeňdim» diýmegi geň galdyrmaýar (Gel. çyk. 30:8, 20—24).

8. Ýusup ençeme ýyllap nähili kyn ýagdaýlary başdan geçirdi we bize nähili ajaýyp görelde galdyrdy?

8 Ýakup bilen Raheliň erjelligi ogly Ýusuba güýçli täsir eden bolmaly, sebäbi ol hem synaglara düşende, imanyny görkezdi. Ýusup 17 ýaşyndaka, onuň durmuşy düýpgöter üýtgedi. Doganlary göriplik edip, ony gulçulyga satdylar. Soňra ol Müsürde adalatsyzlyk sebäpli ençeme ýyl türmede oturmaly boldy (Gel. çyk. 37:23—28; 39:7—9, 20, 21). Ýusup göwnüçökgünlige düşmedi; ol gaharlanyp, ar aljagam bolmady. Gaýtam, pikirini we ýüregini Ýehowa bilen dostlugyna gönükdirdi (Lew. 19:18; Rim. 12:17—21). Ýusubyň mysaly bize-de kömek eder. Meselem, biziň çagalyk döwrümiz kynçylykda geçen bolsa ýa-da häzir çykgynsyz ýagdaýda bolsak, erjellik bilen göreşmeli. Şonda Ýehowanyň patalajakdygyna ynamly bolup bileris (Gelip çykyş 39:21—23).

9. Ýehowanyň berekedini almak üçin, Ýakup, Rahel we Ýusubyň göreldesine nädip eýerip bileris?

9 Siz hem öz ýagdaýyňyz we çekýän kynçylygyňyz barada oýlanyp görüň. Belki-de, siz adalatsyzlyk, öňden galan ters düşünjeler we ýaňsylamalar bilen göreşmeli bolýansyňyz. Mümkin, kimdir biri size göriplik edip, ýalan zatda aýyplaýandyr. Lapykeç bolmaga derek, Ýakup, Rahel we Ýusubyň şatlyk bilen Ýehowa gulluk edendigini ýadyňyza salyň. Ruhy zatlary ýürekden gymmat saýandyklary üçin, Hudaý olara güýç berip, bereketledi. Olar göreşmegini bes etmediler we dogalaryna görä hereket etdiler. Biz zalym dünýäniň soňky günlerinde ýaşaýarys, şol sebäpli gelejege bolan umydymyzy ýitirmezlige berk esas bar. Siz Ýehowanyň razylygyny gazanmak üçin göreşmäge taýynmysyňyz?

BEREKET ALMAK ÜÇIN GÖREŞMÄGE TAÝYN BOLUŇ

10, 11. a) Hudaýyň berekedini almak üçin nämeler bilen göreşmeli bolýarys? b) Lapykeçlige we ünsüňi bölýän zatlara garşy göreşip, dogry karara gelmäge näme kömek eder?

10 Hudaýyň berekedini almak üçin, biz nähili ýagdaýlar bilen göreşmeli bolýarys? Köpleri ten höweslerine garşy göreşmeli bolýarlar. Başgalar wagyz edende dogry garaýşy saklamak üçin göreşýärler. Belki-de, siz ýarawsyzlykdan ejir çekýänsiňiz ýa-da ýekelik duýgusyna döz gelmeli bolýansyňyz. Şeýle-de käbirleri göwnüne degen ýa-da günä eden adamlaryny bagyşlamak üçin göreşýärler. Hakykatda näçe wagt bolandygymyza garamazdan, biziň ählimiz Hudaýa gulluk etmäge päsgel berýän zatlara garşy göreşmeli, çünki Ol wepaly adamlary sylaglaýandyr.

Siz Hudaýyň bereketlerini almak üçin göreşýärmisiňiz? (10, 11-nji abzaslara serediň)

11 Dogry karara gelmek we hakykat ýolundan ýöremek aňsat bolmasa gerek. Eger biwepa ýüregimiz başga zady islese, bu göreş has-da kynlaşýar (Ýer. 17:9). Eger siz azajygam bolsa nädogry ýoluň täsirine düşen bolsaňyz, doga edip, mukaddes ruhy diläň. Bu size Ýehowanyň bereketleýän dogry ýolundan ýöremäge güýç berer. Eden dogalaryňyza görä hereket ediň. Mukaddes Ýazgylary her gün okaň, şahsy we maşgala okuwyny geçirmäge wagt tapyň (Zebur 119:32-ni okaň).

12, 13. Iki mesihçä erbet höweslerine garşy göreşmäge näme kömek etdi?

12 Günäli höwesleri Hudaýyň Sözüniň, Onuň ruhunyň we edebiýatlarymyzyň kömegi bilen ýeňip bolýar. Meselem, 17 ýaşly bir mesihçi 2003-nji ýylyň 8-nji dekabrynda çykan «Oýanyň!» (rus.) žurnalyndaky «Günäli höweslere garşy nädip göreşmeli?» diýen makalany okaýar. Bu oňa nähili täsir etdikä? Ol şeýle gürrüň berýär: «Men nädogry pikirlerime erk etmek üçin göreşýärin. Şu makalada men „Hudaýyň halamaýan zatlaryna garşy göreşmegiň köplere has-da agyr düşýändigi“ barada okanymda, bütindünýä doganlygyň agzasydygyma we özümiň ýeke däldigime düşündim». Şeýle-de oňa 2003-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda çykan «Oýanyň!» (rus.) žurnalyndaky «Adaty ýaşaýşy inkär etmekligi Hudaý halaýarmy?» diýen makala kömek edýär. Ol käbirleriniň «bedenindäki... tikene» garşy göreşýändigine üns berýär (2 Kor. 12:7). Olar dogry hereket etmek üçin göreşýärler we şol bir sanda gelejege umyt bilen garaýarlar. Ýetginjek mesihçi sözüni dowam edip, şeýle diýýär: «Mende her gün wepaly galmaga sebäp bar. Ýehowanyň öz guramasy arkaly her gün zalym dünýä garşy göreşmäge kömek edýändigine örän minnetdar».

13 ABŞ-da ýaşaýan bir uýa şeýle gürrüň berýär: «Gerekli ruhy iýmiti wagtly-wagtynda berýändigiňize sagbolsun aýdýaryn. Makalalaryň köpüsi edil meniň üçin ýazylan ýaly. Men ençeme ýyldan bäri Ýehowanyň ýigrenýän zatlaryny ýigrenmek üçin göreş alyp barýaryn. Käte elim sowap, ähli zady taşlasym gelýär. Ýehowanyň rehimdar we jomartlyk bilen bagyşlaýandygyny bilýärin, ýöne erbet zatlara bolan islegim zerarly özümi Hudaýyň kömegine mynasyp hasaplamaýaryn. Bu göreş meniň durmuşymy has-da agyrlaşdyrdy... 2013-nji ýylyň 15-nji martynda çykan „Garawul diňi“ žurnalyndaky „Ýehowany tanaýan ýüregiňizi barlaň“ atly makalany okanymda, Ýehowanyň maňa kömek etmek isleýändigine doly göz ýetirdim».

14. a) Pawlus nähili göreş alyp bardy? b) Biz ten höweslerimizi nädip ýeňip bileris?

14 Rimliler 7:21—25-nji aýatlary okaň. Pawlus günäli höwesleriňe we ejizlikleriňe garşy göreşmegiň aňsat däldigine gowy düşünýärdi. Emma ol Ýehowa dogada bil baglap we Isanyň töleg gurbanyna iman edip, bu göreşde ýeňiş gazanyp bolýandygyna doly göz ýetirdi. Biz barada näme diýse bolar? Ten höweslerine garşy göreşmäge bize näme kömek eder? Munuň üçin bizem Pawlus ýaly öz güýjümize däl-de, Ýehowa doly bil baglap, töleg gurbanyna iman etmeli.

15. Doga näme üçin wepaly galmaga we kynçylyklarda çydamly bolmaga kömek edip biler?

15 Käte Hudaý biziň näme hakda has köp biynjalyk bolýandygymyzy bilmäge kömek edýär. Meselem, biz (ýa-da maşgala agzalarymyzdan biri) agyr kesele ýa-da adalatsyzlyga uçrap bileris. Wepaly galmak we şatlygymyzy ýitirmän, ruhy taýdan berk bolmak üçin Ýehowa ýalbaryp, güýç bermegini sorasak, oňa doly bil baglaýandygymyzy görkezip bileris (Flp. 4:13). Pawlusyň günlerinde bolşy ýaly, şu günlerem doga bize güýç berip, kynçylyklarda çydamly bolmaga kömek edip biler.

ÝEHOWANYŇ BEREKETLERINI ALMAK ÜÇIN GÖREŞIŇ

16, 17. Siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?

16 Eger eliňiz sowap, göreşmegiňizi bes etseňiz, Iblis begener. «Gowy zada... berk ýapyşmagy» ýüregiňize düwüň (1 Sel. 5:21). Şeýtany, onuň zalym dünýäsini we günäli höwesleriňizi ýeňip biljekdigiňize şübhelenmäň. Munuň üçin Hudaýyň güýjüne doly bil baglaň (2 Kor. 4:7—9; Gal. 6:9).

17 Her näme-de bolsa, göreşmegiňizi dowam ediň. Eliňizi gowşatmaň. Erjel boluň. Ýehowanyň «üstüňize dolup-daşýan bereket ýagdyrjakdygyna» berk ynanyň (Mal. 3:10).

^ abzas 6 Gelip çykyş 32:24 Ýakubyň ýeke özi galdy. Tä daň şapagy dogýança, bir kişi bilen göreş tutdy. 28 Ol adam Ýakuba: «Indi seniň adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl bolar, çünki sen Hudaý hem adamlar bilen göreş tutuşyp, olardan üstün çykdyň» diýdi.