GARAWUL DIŇI (ÖWRENMEK ÜÇIN) Sentýabr 2017

Žurnalyň şu sanynda 2017-nji ýylyň 23-nji oktýabryndan 26-njy noýabr aralygynda öwreniljek makalalar bar.

Özüňize erk etmekligi öwreniň

Mukaddes Ýazgylardaky wakalar bize we maşgalamyza özüňe erk etmekligi ösdürmäge we ony bildirmäge nädip kömek eder? Mesihçiler ony nädip görkezip biler?

Ýehowanyň duýgudaşlygyndan görelde alyň

Ýehowa Musa pygambere adyny we birnäçe häsiýetini aýan edende, ilki bilen, özüniň merhemetli Hudaýdygyny aýdýar. Bu häsiýet nämäni aňladýar we näme üçin biz bu häsiýet barada bilmeli?

TERJIMEHAL

Ruhy taýdan ösen doganlar bilen işleşmek uly bereket

Deýwid Sinkler Bruklindäki Beýtelde 61 ýyllap wepaly dogan-uýalar bilen gulluk etmegiň köp şatlyk getirendigini we uly hormatdygyny ýatlaýar.

«Hudaýymyzyň sözi ebedi galýar»

Mukaddes Ýazgylar asyrlaryň dowamynda dil bilen bagly kynçylyklara, syýasy özgerişliklere we terjime bilen bagly kynçylyklara garamazdan, asyrlaryň dowamynda häzir giňden ýaýran kitap hasaplanýar.

«Hudaýyň sözi... täsirlidir»

Köp adamlar Hudaýyň Sözüni okap, durmuşyny düýpgöter özgertdiler. Hudaýyň Sözüniň durmuşymyza täsir etmegini islesek, biz näme etmeli?

«Mert bol, işe başla!»

Biz näme üçin batyrgaý bolmaly we ony nädip ösdürmeli?