Özüňize erk etmekligi öwreniň
«Ruhuň miwesi... özüňe erk etmeklik». GAL. 5:22, 23
AÝDYMLAR: 52, 43
1, 2. a) Adam özüne erk etmese nähili netije berip biler? b) Biz näme üçin özüňe erk etmeklik barada gürrüň ederis?
ÖZÜŇE ERK ETMEKLIK Hudaýyň mukaddes ruhunyň miwesi (Gal. 5:22, 23). Ýehowa bu häsiýeti kämil derejede görkezýär. Emma bikämil adamlar özüne erk etmek üçin hemişe göreşmeli bolýar. Dogrudan-da, şu günler köp kynçylyklar adamlaryň özüne erk edip bilmeýändigi sebäpli döreýär. Meselem, olar mekdepde ýa-da işde etmeli borçlaryna ýüzleý garap, soňa goýýarlar. Şeýle-de adam özüne erk etmese, bu ony göwnedegiji sözleri aýtmaga, arakkeşlige, zorluga, nikany bozmaklyga, biderek ýere bergi etmäge, neşekeşlige iterýär we tussag edilmek, duýgy taýdan ejir çekmek, ahlaksyzlyk sebäpli döreýän kesele uçramak, islenilmedik göwrelilik ýaly zatlara getirýär (Zeb. 34:11—14).
2 Görşümiz ýaly, özüne erk etmeýän adamlar özüne-de, başgalara-da köp zyýan ýetirýär. Şonuň üçin ýagdaý gitdigiçe erbetleşýär. 1940-njy ýyllarda adamlar özüni terbiýelemegi öwrenýärdiler. Emma ýakynda geçirilen barlaga görä, häzir adamlar özlerini terbiýelemek barada asla pikirem etmeýärler. Bu bizi geň galdyrmaýar. Sebäbi Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlige görä, «soňky günlerde» adamlar «özüne erk etmeýän» bolar (2 Tim. 3:1—3).
3. Biz näme üçin özümize erk etmegi öwrenmek isleýäris?
Gel. çyk. 3:6). Bu wajyp häsiýeti ösdürmedik adamlaryň nähili kynçylyklara uçrandyklary barada hem oýlanyp görüň.
3 Biz näme üçin özümize erk etmegi öwrenmeli? Geliň, munuň iki wajyp sebäbine seredeliň. Birinjiden, özüne erk edýän adamlar köp kynçylyklaryň öňüni alýar. Adatça, olar has durnukly bolýarlar, adamlar bilen oňşukly ýaşaýarlar, gahar-gazap, alada etmek, göwnüçökgünlige düşmek ýaly zatlara ýykgyn bolmaýarlar. Ikinjiden, synaga garşy durmak we gaharyňa bäs gelmek ýaly, Hudaýa ýaraýan häsiýetleri görkezýärler. Adam ata we How ene bilen bolan waka munuň hakykatdygyny subut edýär (4. Özüne erk etmäge jan edýän adamlar nämä ynamly bolup biler?
4 Bikämil adam kämil derejede özüne erk edip bilmeýär. Ýehowa hem muňa düşünýär. Şol sebäpli ol gullukçylaryna günäli höweslerine garşy göreşmäge ýardam etmek isleýär (1 Pat. 8:46—50). Ol söýgüli dostumyz hökmünde Özüne gulluk etmek isleýän, ýöne käte özüne erk etmek kyn bolýan akýürekli adamlary ruhdan düşmezlige höweslendirýär. Geliň, Ýehowanyň kämil göreldesine seredeliň. Soňra Mukaddes Ýazgylardan özüne erk eden we erk etmedik adamlar hakda gürrüň ederis. Şeýle-de biz bu häsiýeti ösdürmäge kömek etjek peýdaly maslahatlara serederis.
ÝEHOWANYŇ GÖRELDESI
5, 6. Ýehowa özüňe erk etmekde nähili görelde görkezýär?
5 Ýehowa özüne erk etmekligi kämil derejede görkezýär, onuň edýän işleriniň ählisi kämildir (Kan. tag. 32:4). Ýöne biz bikämil. Şonuň üçin Ýehowanyň göreldesi hakda oýlanyp, özüňe erk etmekligiň nämedigine düşünsek, onuň göreldesine has gowy eýerip bileris. Eýsem, Ýehowa haýsy ýagdaýlarda özüne erk etdi?
6 Geliň, Şeýtan pitne turzanda, Ýehowanyň özüne nädip erk edendigi barada oýlanyp göreliň. Bu meseläni hökman çözmelidi. Iblisiň turzan pitnesi sebäpli wepaly perişdeleriň arasynda nägilelik, gahar-gazap döräp, olar özlerini kemsidilen ýaly duýan bolmaly. Belki, siz hem Şeýtan sebäpli ejir çekeniňizde, şeýle duýgulary başdan geçirýänsiňiz. Ýöne Ýehowa jedelli meseläni çözmäge howlukmady. Ol örän paýhasly we ýerlikli hereket etdi. Ýehowa gaharyny saklap, Şeýtanyň turzan pitnesini adalatly çözmek isledi (Müs. çyk. 34:6; Eýp. 2:2—6). Näme üçin? Sebäbi Ýehowa adamlaryň hiç biriniň «heläk bolman, hemmeleriň toba etmegini isleýär». Ine, şonuň üçinem ol wagt berdi (2 Pet. 3:9).
7. Biz Ýehowadan näme öwrenip bileris?
7 Ýehowanyň göreldesi bize aýdýan sözlerimizi ölçerip, edýän işlerimize ünsli bolmagy öwredýär. Hawa, biz howlukmaç hereket etmeli däl. Wajyp mesele ýüze çykanda, paýhasly hereket edip biler ýaly oýlanmaly. Paýhasly sözleri aýtmak ýa-da dogry işleri etmek üçin doga etmeli (Zeb. 141:3). Dartgynly ýagdaýda adam aňsatlyk bilen özünden çykyp bilýär. Biziň köpümiziň oýlanşyksyz sözleri aýdyp ýa-da hereket edip, soňra ökünendigimiz ýadymyza düşýändir (Sül. tym. 14:29; 15:28; 19:2).
GOWY HEM ERBET MYSALLAR
8. a) Hudaýa mahsus häsiýetleri görkezen adamlaryň mysallaryny nireden tapyp bileris? b) Potyparyň aýaly ahlaksyzlyk etmäge yrjak bolanda, Ýusup özüni nähili alyp bardy? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
8 Mukaddes Ýazgylardaky haýsy mysallar özüňe erk etmegiň wajypdygyny Gel. çyk. 39:6, 9; Süleýmanyň tymsallary 1:10-y okaň).
görkezýär? Mümkin, synagda özüne erk eden Ýakubyň ogly Ýusup ýadyňyza düşýändir. Ol özüne erk etmekde gowy görelde galdyrdy. Ýusup faraonyň janpenalarynyň baştutany Potyparyň öýünde hyzmat edýärdi. Ýusup görmegeý we syratly ýigit bolandygy üçin, Potyparyň aýalynyň oňa göwni gidýär. Ol Ýusuby her gün ahlaksyzlyk etmäge yrjak bolýardy. Oňa garşylyk görkezmäge Ýusuba näme kömek etdikä? Elbetde, ol özüne erk etmese, netijesiniň nähili boljakdygy barada oýlanan bolmaly. Ýagdaý agyrlaşanda bolsa, ol gaçyp gidýär. Ýusup öz ýanyndan: «Nädip men beýle gabahat iş edip, Hudaýyň öňünde günä gazanyp bilerin?!» diýýärdi (9. Synaglarda berk durar ýaly, biz nädip öňünden taýýarlanyp bileris?
9 Ýusubyň mysalyndan näme öwrenýäris? Biz hem Hudaýyň kanunyny bozmaga iterýän zatlardan gaça durmaly. Ýehowanyň Şaýatlarynyň käbiri aşa köp iýip-içmek, çilim we neşe çekmek, arakkeşlik, ahlaksyzlyk ýaly erbet endiklerini ýeňip bildiler. Emma suwa çümdürilenden soňam, olar käte şol endiklerine garşy göreşmeli bolýarlar. Eger sizde-de Ýehowanyň kanunyny bozmaga iterýän ýagdaýlar dörese, günäli höwesiňe ýol bermegiň ruhy saglygyňa zyýan ýetirjekdigi barada oýlanyň. Siz nähili ýagdaýlaryň günäli işlere iterjekdigini öňünden anyklap, olardan nädip gaça durup biljekdigiňiz barada pikirleniň (Zeb. 26:4, 5; Sül. tym. 22:3). Synaga düşeniňizde, Ýehowadan akyldarlyk we özüňize erk edip biler ýaly, güýç diläň.
10, 11. a) Ýaşlaryň köpüsi mekdepde nähili kynçylyga uçraýar? b) Deň-duşlarynyň erbet täsirinden gaça durmaga ýaşlara näme kömek edip biler?
10 Şu günlerem mesihçi ýaşlaryň köpüsi Ýusup ýaly synaga düşýärler. Geliň, uýamyz Kim bilen bolan waka seredeliň. Onuň klasdaşlarynyň köpüsi ahlaksyzdy. Olar dynç günleri şeýle işler bilen meşgullanyp, mekdebe gelenlerinde, öwnüp gürrüň berýärdiler. Emma Kimiň aýdara hiç zady ýokdy. Şeýle ýagdaýda ol käte özüni terk edilen we ýeke galan ýaly duýýardy. Hiç kim bilen duşuşmaýandygy üçin deň-duşlary Kimiň üstünden gülýärdi. Ol şeýle ýaşlaryň içinde özüňe erk etmegiň aňsat däldigine düşünýärdi (2 Tim. 2:22). Klasdaşlary köplenç oňa: «Sen henizem namysyňy goran bolup ýörmüň?» diýýärdiler. Şonda ol mümkinçilikden peýdalanyp, munuň sebäbini düşündirýärdi. Deň-duşlarynyň täsirine düşmän, ahlak taýdan arassa galýan ýaşlarymyza biz örän buýsanýarys. Iň esasy zat bolsa, olara Ýehowa buýsanýar!
11 Mukaddes Ýazgylarda özüne erk edip bilmändigi üçin ahlak taýdan päkligini saklamadyk adamlaryň hem mysaly getirilýär. Munuň üçin olar eden işiniň ajy miwesini datdylar. Uýamyz Kimden tapawutlylykda, Süleýmanyň tymsallary 7-nji bapda agzalýan ýaş ýigit akylsyz hereket edip, özüni başgaça alyp bardy. Şeýle-de özüne erk etmändigi üçin pajygaly ýagdaýa sezewar bolan Amnon hakda-da oýlanyp bileris (2 Şam. 13:1, 2, 10—15, 28—32). Ata-eneler ýokarda agzalan wakalary ulanyp, maşgala okuwynda çagalaryna duşuşmak meselesinde özüňe erk etmegi we akyldar bolmagy öwredip biler.
12. a) Ýusup doganlaryny görende nädip özüne erk etdi? b) Biz haýsy ýagdaýlarda özümize erk etmeli?
12 Ýusup özüňe erk etmekde ýene bir gowy görelde galdyrdy. Doganlary Müsüre azyk satyn almaga gelenlerinde, Gel. çyk. 43:30, 31). Imandaşymyz ýa-da ýakyn dostumyz degnamyza degende, özüni ele alan Ýusubyň göreldesine eýereliň (Sül. tym. 16:32; 17:27). Eger ýygnak gatnaşygyndan kesilen dogan-garyndaşyňyz bar bolsa, onda duýgularyňyza erk edip, olar bilen gepleşmekden gaça duruň. Şeýle ýagdaýlarda özüňe erk etmek kyn bolmagy mümkin. Ýöne özümizi alyp barşymyz bilen Hudaýyň göreldesine we maslahatyna eýerýändigimize düşünsek, bu aňsat bolar.
Ýusup olaryň ýüreginde näme bardygyny bilmek üçin özüniň kimdigini aýtmaýar. Duýgularyny saklap bilmän damagy dolanda bolsa, ol içki otagyna girip aglaýar (13. Dawut patyşa bilen bolan wakadan näme öwrenip bileris?
13 Özüňe erk etmek babatda Dawut patyşa hem ajaýyp görelde galdyrdy. Şawul patyşa we onuň garyndaşy Şimgi Dawudy öjükdirende, ol gaharyna ýol berip, güýjüni hem ygtyýaryny ulanmady (1 Şam. 26:9—11; 2 Şam. 16:5—10). Elbetde, onuň özüne erk edip bilmedik wagty hem bolupdy. Meselem, ol Batşeba bilen zyna etdi we gysganç Nabalyň aýdan sözleri üçin gaharyna ony tas öldüripdi (1 Şam. 25:10—13; 2 Şam. 11:2—4). Muňa garamazdan, biz Dawutdan köp zatlary öwrenip bileris. Birinjiden, Hudaýyň halkyna gözegçilik edýän doganlar öz ygtyýaryny nädogry ulanmaz ýaly, özüne erk etmeli. Ikinjiden, synaglarda berk duraryn öýdüp, özüňe bil baglamakdan seresap bolmaly (1 Kor. 10:12).
SIZ NÄME EDIP BILERSIŇIZ?
14. Bir dogan bilen nähili waka boldy we şeýle ýagdaýda özüňe erk etmek näme üçin wajyp?
14 Biz nädip özümize erk etmegi öwrenip bileris? Geliň, bir bolan waka seredeliň. Bir sürüji Luiji doganyň ulagynyň yzyndan urýar. Sürüji özüniň günäkärdigine garamazdan, Luijä gygyryp, oňa ýumrugyny çeneýär. Luiji özüne erk edip, ony köşeşdirip biler ýaly, Ýehowa doga edip, kömek soraýar. Ýöne ol şonda-da köşeşmän, gaýtam, Luijiň üstüne gygyrýar. Muňa garamazdan, ol özüne erk etmegi başarýar. Bir hepdeden Luiji gyzyklanan bir aýaly ideg edende, hälki sürüji onuň ýanýoldaşy bolup çykýar. Ol adam öz bolşuna utanyp, doganymyzdan ötünç soraýar we ätiýaçlandyryş edarasyndan tölegi çaltlandyrmagy haýyş etjekdigini aýdýar. Ol doganymyz bilen ruhy zatlar barada gürrüňdeş bolup, oňa beren gürrüňleri üçin minnetdarlyk bildirýär. Bu waka Luijä parahatlygy saklamagyň wajypdygyna we özüňe erk etmezligiň nähili zyýan berip biljekdigine düşünmäge kömek etdi (2 Korinfliler 6:3, 4-nji aýatlary okaň).
15, 16. Mukaddes Ýazgylar özüňe erk etmegi öwrenmäge nädip kömek edip biler?
15 Mukaddes Ýazgylary çuňňur we ünsli öwrensek, özümize erk etmegi öwrenip bileris. Hudaýyň Ýeşuwa aýdan sözlerini ýadyňyza salyň: «Goý, bu Kanun kitaby seniň diliňden düşmesin. Şondaky ýazylanlaryň hemmesini dykgat bilen ýerine ýetirer ýaly, ony gije-gündiz aňyňda sakla, şonda seniň ähli işleriňde üstünlik we abadanlyk hemraň bolar» (Ýeş. 1:8). Şahsy okuw özüňe erk etmegi öwrenmäge nädip kömek edip biler?
16 Üns beren bolsaňyz, Ýazgylarda gürrüň berilýän wakalar peýdaly we edýän işlerimiziň netijesini görmäge kömek edýär. Ýehowa olary biziň peýdamyz üçin ýazdyrdy (Rim. 15:4). Olary okap oýlansak we çuňňur özleşdirsek, paýhasly bolar. Olara nädip eýerip biljekdigiňiz hakda oýlanyň. Ýehowadan öz Sözündäki maslahatlar boýunça ýaşamaga kömek etmegini soraň. Eger size käbir ýagdaýlarda özüňize erk etmek kyn düşýän bolsa, onda muny boýun alyň. Soňra bu hakda doga edip, öz üstüňizde işlemek üçin näme edip biljekdigiňiz barada oýlanyň (Ýak. 1:5). Edebiýatlarymyzdan gözleg geçirseňiz, kömek etjek peýdaly maslahatlary taparsyňyz.
17. Ene-atalar çagalaryna özüne erk etmegi nädip öwredip biler?
17 Ene-atalar çagalaryna özüne erk etmegi nädip öwredip biler? Siz olaryň bu häsiýeti wagtyň geçmegi bilen özleri öwrener diýip pikir etmäň. Başga häsiýetler ýaly özüňe erk etmek babatda-da ene-atalar çagalaryna görelde görkezmeli (Efes. 6:4). Eger siz çagalaryňyzyň özüne erk etmek üçin göreşýändigini görseňiz, onda özüňizden: «Men çagalaryma gowy görelde görkezýärinmi ýa-da erbet?» diýip soraň. Şeýle-de wagza, ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşmagyň we wagtly-wagtynda maşgala okuwyny geçirmegiň çagalara gowy täsir edýändigini ünsden düşürmäň. Eger gerek bolsa, çagalaryňyza «ýok» diýmäge ýaýdanmaň! Ýehowa hem ýer ýüzündäki çagalaryna, ýagny Adam ata bilen How enä belli bir çäk goýupdy. Şonuň ýaly-da ene-atalaryň goýýan tertip-düzgüni we göreldesi çagalaryna olara hormat goýmaga hem-de özüne erk etmegi öwrenmäge kömek edýär. Olara Hudaýyň ygtyýaryna hormat goýmagy we kada-kanunlaryny söýmegi öwretmegiň has-da wajypdygyny unutmaň (Süleýmanyň tymsallary 1:5, 7, 8-nji aýatlary okaň).
18. Gowy dostlara näme üçin berekediň çeşmesi diýse bolar?
18 Çagaňyz bolsa-da, bolmasa-da, siz gatnaşýan adamlaryňyzy paýhasly saýlamaly. Gowy endikleri ösdürmäge we kynçylygyň öňüni almaga kömek etjek adamlar bilen dostlaşyň (Sül. tym. 13:20). Ruhy taýdan ösen mesihçiler bilen gatnaşsaňyz, size gowy täsir eder we olaryň göreldesine eýermäge höweslendirer. Siziň özüňizi alyp barşyňyz bolsa, dostlaryňyza gowy täsir eder. Özüňize erk etmegi öwrenseňiz, her gün Hudaýyň göwnünden turup ýaşamakdan we dostlaryňyz bilen ýakymly gatnaşykdan şatlyk taparsyňyz.