Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýehowanyň duýgudaşlygyndan görelde alyň

Ýehowanyň duýgudaşlygyndan görelde alyň

«Men Rebdirin, Rebdirin! Rehimli we merhemetli Hudaýdyryn». MÜS. ÇYK. 34:6

AÝDYMLAR: 142, 12

1. Ýehowa özi hakda Musa pygambere nämäni aýan etdi we muny bilmek näme üçin wajyp?

ÝEHOWA Musa pygambere adyny we birnäçe häsiýetini aýan edende, ilki bilen, özüniň rehimdar hem-de merhemetli Hudaýdygyny aýdýar (Müsürden çykyş 34:5—7-nji aýatlary okaň) *. Elbetde, Ýehowa başda özüniň güýçlüdigini ýa-da akyldardygyny aýdyp bilerdi. Emma ol Musa pygamberiň goldawa mätäçdigine düşünýärdi (Müs. çyk. 33:13). Şonuň üçin ilki gullukçylaryna kömek etmäge taýyndygyny görkezýän häsiýetlerini agzaýar. Eýsem, Hudaýyň bu aýratynlygy biziň göwnümizi götermeýärmi näme?! Biz şu makalada horluk çekýän adamlara göwünlik bermäge ýa-da olaryň ýüküni ýeňletmäge kömek edýän duýgudaşlyk häsiýeti barada gürrüň ederis.

2, 3. a) Adamlaryň ýüregiýuka edip ýaradylandygyny nämeden bilse bolýar? b) Duýgudaşlyk barada köpräk bilmek näme üçin wajyp?

2 Ýehowa duýgudaş Hudaý. Ol adamlary öz keşbinde ýaradany üçin, hatda ony tanamaýan adamlaram köplenç başgalaryň aladasyny edip, duýgudaşlyk bildirýärler (Gel. çyk. 1:27). Mukaddes Ýazgylarda duýgudaşlyk bildirmegiň wajypdygyny görkezýän ençeme wakalar bar. Ýadyňyzda bolsa, iki aýal bir çaganyň üstünde dawa edip, onuň hakyky ejesiniň kimdigini anyklamak üçin, Süleýman patyşanyň ýanyna gelýärler. Süleýman patyşa olary synamak üçin çagany ikä bölmegi tabşyranda, onuň hakyky ejesiniň ogluna rehimi inýär. Ol hatda öz çagasyny beýleki aýala bermäge-de razy bolýar (1 Pat. 3:23—27). Ýa-da Musa bäbekkä, ony halas eden faraonyň gyzyny ýadyňyza salyň. Ol çaganyň ýewreýdigini we öldürilmelidigini bilse-de, oňa «ýüregi gyýlyp», öz çagasy edip ulaldýar (Müs. çyk. 2:5, 6).

3 Biz näme üçin duýgudaşlyk barada gürrüň etmek isleýäris? Mukaddes Ýazgylar bizi Ýehowanyň göreldesine eýermäge höweslendirýär (Efes. 5:1). Emma adamlar ýüregiýuka edip ýaradylanam bolsa, Adam atanyň günäli nesilleri köplenç öz bähbidini ileri tutýar. Käte başgalara kömek edeniňden, öz bähbidiňi gözlemek aňsat düşýär. Şonuň üçin öz üstüňde işlemeli bolýar. Başgalaryň aladasyny etmegi öwrenmäge näme kömek eder? Birinjiden, Ýehowanyň we başga adamlaryň nädip duýgudaşlyk bildirýändigi barada gözleg geçirmeli. Ikinjiden, Ýehowanyň göreldesine nädip eýerip biljekdigimiz we duýgudaşlygyň berýän peýdasy barada oýlanmaly.

ÝEHOWA — DUÝGUDAŞLYGYŇ KÄMIL GÖRELDESI

4. a) Ýehowa näme üçin Sodoma perişdelerini iberýär? b) Lut we onuň gyzlary bilen bolan wakadan biz näme öwrenýäris?

4 Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň duýgudaşlyk bildirendigi barada köp wakalar agzalýar. Geliň, Lut bilen bolan waka seredeliň. Bu dogry adam Sodom bilen Gomorranyň ýaşaýjylarynyň «haýasyz işlerini görüp, örän ejir çekýärdi». Şonuň üçin Hudaý olary ölüme höküm etdi (2 Pet. 2:7, 8). Emma Ýehowa Luty halas etmek üçin perişdelerini iberýär. Olar Luta maşgalasy bilen şäherden çykmalydygyny aýdýar. Ýazgylarda: «Emma Lut ikirjiňlendi. Şol wagt (perişdeler) Lutuň, onuň aýalynyň hem iki gyzynyň elinden tutup, Rebbiň merhemeti bilen olary aman-sag galadan alyp çykdylar» diýilýär (Gel. çyk. 19:16). Bu wakadan Ýehowanyň wepaly gullukçylarynyň ýagdaýyna düşünýändigini görse bolýar (Iş. 63:7—9; Ýak. 5:11; 2 Pet. 2:9).

5. 1 Ýahýa 3:17-däki sözler duýgudaş bolmaga nädip höweslendirýär?

5 Ýehowa diňe bir duýgudaş bolman, eýsem, gullukçylaryna-da bu gerekli häsiýeti bildirmegi öwredýär. Geliň, Musanyň kanunyndaky kimdir biriniň donuny girewine almak bilen bagly tabşyrygy alyp göreliň (Müsürden çykyş 22:26, 27-nji aýatlary okaň) *. Eger adam rehimsiz bolup, alan donuny yzyna gaýtarmasa, ýakynyny kyn ýagdaýa salyp bilýärdi. Emma Ýehowa halkynyň doňýürek däl-de, rehimdar bolmagyny isleýärdi. Eýsem, Kanundaky bu prinsip bizi duýgudaş bolmaga höweslendirmeýärmi näme?! Biziň kömek etmäge mümkinçiligimiz bolup-da, horluk çekýän imandaşlarymyza duýgudaşlyk bildirmesek, dogry bolarmy? (Kol. 3:12; Ýak. 2:15, 16; 1 Ýahýa 3:17-ni okaň).

6. Ýehowanyň günä eden ysraýyllylara rehim edişinden näme öwrenýäris?

6 Ysraýyl halky günä edende-de, Ýehowa olara duýgudaşlyk bildirýärdi. Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Atalarynyň Hudaýy Reb olara pygamberleriň üsti bilen yzygiderli duýduryş berdi, çünki Onuň Öz halkyna we mesgenine rehimi indi» (2 Ýyl. 36:15). Bizem günäli işlerine toba edip, Hudaýyň razylygyny gazanan adamlara duýgudaş bolmaly dälmi näme?! Ýehowa höküm gününde hiç kimiň heläk bolmagyny islemeýär (2 Pet. 3:9). Şol sebäpli zalymlar ýok edilýänçä, geliň, onuň duýgudaş Hudaýdygy barada wagyz etmegimizi dowam edeliň.

7, 8. Bir maşgala Ýehowanyň özlerine duýgudaşlyk bildirendigine nädip göz ýetirdi?

7 Ýehowanyň duýgudaş Hudaýdygyny görkezýän wakalar örän köp. Geliň, 12 ýaşly Milan * atly oglanjygyň maşgalasyna näme bolandygyna seredeliň. Bu waka 1990-njy ýyllaryň başlarynda tire-taýpa urşy döwründe bolupdy. Milan jigisi, ene-atasy we birnäçe Ýehowanyň Şaýatlary bilen awtobusda Bosniýadan Serbiýa kongrese barýardy. Onuň ejesi bilen kakasy şol kongresde suwa çümdürilmelidi. Emma serhetde esgerler olary saklap, başga taýpadan bolandygy üçin Milanyň maşgalasyny awtobusdan düşürýärler. Beýleki dogan-uýalara bolsa gitmäge rugsat berýärler. Iki günden soň serkerdeleriň biri başlygyndan olary näme etmelidigi barada soraýar. Soňra ýanlaryna baryp, hemmeler eşider ýaly: «Bulary äkidiň-de, atyň» diýip buýruk berýär.

8 Ol esgerler bilen gepleşip durka, iki nätanyş adam Milanyň maşgalasynyň ýanyna gelip, ýuwaşjadan özleriniň Ýehowanyň Şaýatlarydygyny aýdýarlar. Olar beýleki giden doganlardan bolan wakany eşidipdirler. Serhetde çagalaryň dokumentlerini barlanmaýandyklary üçin, bu iki dogan Milany we jigisini öz maşynlarynda äkitmekçi bolýarlar. Ene-atasyna bolsa serhetçileriň oturýan ýeriniň arkasyndan ýöräp, beýleki tarapyna geçmegi we şol ýerde garaşjakdyklaryny aýdýarlar. Milan bu sözlere begenjeginem, aglajagynam bilmän, ene-atasyndan: «Olar siziň ýöräp barýanyňyzy görmez öýdýäňizmi?» diýip soraýar. Emma olar ýöräp ugranlarynda, esgerleriň hamala gözleri gapylan ýalydy. Şeýdip, olar serhediň beýleki tarapynda çagalaryna gowuşýarlar we kongres geçirilýän şähere barýarlar. Olar ýalbaryp eden dogalaryna Ýehowanyň jogap berendigine göz ýetirdiler. Elbetde, Ýehowa gullukçylaryny hemişe halas etmeýär (Res. iş. 7:58—60). Emma Milan şeýle sözleri aýtdy: «Meniň pikirimçe, Ýehowanyň perişdeleri esgerleriň gözüni gapyp, bizi halas etdi» (Zeb. 97:10).

9. Isa yzyna düşüp gelýän märekäni görende näme etdi? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

9 Isa-da duýgudaşlyk bildirmekde gowy görelde galdyrdy. «Ol uly märekäni görüp, olara ýüregi awady, sebäbi olar çopansyz goýunlar ýaly alaçsyz we pytraňňydy». Isanyň olara diňe bir ýüregi awaman, eýsem, «köp zatlary öwredip başlady» (Mat. 9:36; Markus 6:34-i okaň). Onuň garaýşy adamlara kömek etmek islemeýän fariseýleriňkiden düýbünden tapawutlanýardy (Mat. 12:9—14; 23:4; Ýah. 7:49). Siz hem Isa ýaly ruhy taýdan aç adamlara kömek etmek isleýärmisiňiz?

10, 11. Ähli ýagdaýda duýgudaşlyk bildirmek dogrumy? Düşündiriň.

10 Elbetde, ähli ýagdaýlarda duýgudaşlyk bildirmek nädogry bolardy. Ýokarda agzalan wakalardan görnüşi ýaly, Hudaý duýgudaşlyk bildirmegi wajyp hasaplaýar. Emma Şawul patyşa Hudaýa gulak asman, bu häsiýeti nädogry ulandy. Ol Hudaýyň halkynyň duşmany bolan Agaga rehim edip, ony we iň gowy mallaryny öldürmedi. Netijede, Ýehowa ondan ýüz öwrüp, patyşalygy elinden aldy (1 Şam. 15:3, 9, 15). Ýehowa adalatly Kazy; ol adamyň ýüregini görýär we haçan duýgudaşlyk bildirmegiň ýerliksizdigini bilýär (Ýer. ag. 2:17; Ezek. 5:11). Onuň gulak asmaýan adamlary höküm etjek wagty golaýlap gelýär (2 Sel. 1:6—10). Şonda zalym adamlara duýgudaşlyk bildirilmez. Ýehowa olary ýok etmek bilen, halas etjek dogry adamlaryna duýgudaşlyk bildirer.

11 Kimiň ýok edilip, kimiň diri galjakdygyny biz bilmeýäris. Şonuň üçin, geliň, häzirden adamlara kömek etmek üçin elimizde baryny edeliň. Ýöne imandaşlarymyza nädip duýgudaşlyk bildirip bileris? Geliň, birnäçe maslahatlara seredeliň.

DUÝGUDAŞ BOLMAGY ÖWRENIŇ

12. Siz gündelik durmuşda adamlara nädip duýgudaşlyk bildirip bilersiňiz?

12 Adamlara peýda getirjek işleri ediň. Isanyň göreldesine eýermäge jan edýän adamlara we imandaşlarymyza duýgudaşlyk bildiriň (Ýah. 13:34, 35; 1 Pet. 3:8). Duýgudaşlyk bu «bile ejir çekmegi» hem aňladýar. Şeýle adam kyn ýagdaýa düşenleriň derdini çekişmäge taýyn bolýar. Siz hem bu häsiýeti bildirmäge mümkinçilik gözläň! Meselem, siz kimdir birine öz kömegiňizi teklip edip bilersiňiz (Mat. 7:12).

Adamlara kömek edip, duýgudaşlygy iş ýüzünde görkeziň (12-nji abzasa serediň)

13. Aýratynam betbagtçylyk bolan ýerlerde Hudaýyň halky haýsy häsiýetleri bildirýär?

13 Betbagtçylyk bolan ýerlerde kömek ediň. Şeýle ýagdaýa düşen adamlara duýgudaşlyk bildirmäge köpler seslenýärler. Bu babatda Ýehowanyň halky gowy görelde görkezýär (1 Pet. 2:17). 2011-nji ýylda Ýaponiýada ýertitreme we sunami bolanda, ýurduň dürli ýerinden hem-de daşary ýurtdan kömek etmäge köp meýletinçiler geldi. Aýylganç zyýan ýeten ýerde ýaşaýan bir uýamyz örän ruhlanandygy we teselli tapandygy barada şeýle ýazdy: «Bu maňa Ýehowanyň aladamyzy edýändigine göz ýetirmäge kömek etdi. Imandaşlarymyzam bir-biriniň aladasyny edýärler. Bütin dünýädäki dogan-uýalar bolsa biziň üçin doga edýärdi».

14. Siz ýarawsyzlara we garrylara nädip kömek edip bilersiňiz?

14 Ýarawsyzlara we gartaşanlara kömek ediň. Biz Adam atanyň günäsi sebäpli adamlaryň ejir çekýändigini görenimizde-de, duýgudaşlyk bildirmäge çalyşýarys. Biz keselçiligiň we garrylygyň ýok boljak gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şonuň üçin Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegini dileýäris. Emma şoňa çenli mätäçlere kömek etmek üçin elimizde baryny edýäris. Bir ýazyjy ejesiniň garranda, Alsgeýmer keseline uçrandygy barada ýazýar. Bir gezek ejesi eşiklerini ýuwjak bolup durka, gapy kakylyp, ony yzygiderli ideýän Ýehowanyň iki Şaýady gelýär. Olar: «Kömek gerekmi?» diýip soranda, ol: «Birhilegem welin, ýöne kömeg-ä gerek» diýip jogap berýär. Uýalar onuň eşiklerini ýuwmaga kömek edip, soňra çaý başynda gürrüňdeş bolýarlar. Ogly muny görüp, örän minnetdar bolýar. Ol: «Ýehowanyň Şaýatlaryna telpek goýaýmaly, olar wagyz edýän zatlaryny iş ýüzünde görkezýärler» diýip ýazýar. Siz hem ýarawsyzlyk we garrylyk sebäpli ejir çekýän adamlara duýgudaşlyk bildirip kömek edýärmisiňiz? (Flp. 2:3, 4).

15. Wagyz işi nähili mümkinçilikleri berýär?

15 Adamlara ruhy taýdan kömek ediň. Biz adamlaryň çekýän kynçylyklaryny we aladalaryny görüp, olara ruhy taýdan kömek etmek isleýäris. Esasanam, biz olara Hudaý we onuň Patyşalygynyň adamzat üçin nämeleri etjekdigi barada öwredýäris. Şeýle-de Hudaýyň kadalary boýunça ýaşamagyň iň gowy ýoldugyny düşündirýäris (Iş. 48:17, 18). Siz başgalara duýgudaşlyk bildirmek üçin köpräk wagyz edip, Ýehowany şöhratlandyryp bilermisiňiz? (1 Tim. 2:3, 4).

DUÝGUDAŞLYGYŇ BERÝÄN PEÝDASY

16. Duýgudaş bolmagyň nähili peýdasy bar?

16 Alymlaryň aýtmagyna görä, duýgudaşlyk bildirmek saglygyňa, içki dünýäňe, adamlar bilen gatnaşygyňa gowy täsir edýär. Horluk çekýän adamlara teselli berseňiz, bagtly bolmaga, dogry garaýşy saklamaga, özüňizi ýeke duýmazlyga we ýaramaz pikirlere garşy göreşmäge kömek eder. Dogrudan-da, duýgudaşlyk bildirmek örän peýdaly (Efes. 4:31, 32). Başgalara kömek etmäge mümkinçilik gözleýän mesihçileriň ynsaby päk bolýar we olar Hudaýyň prinsiplerine görä ýaşaýandyklaryna düşünýär. Bu bize gowy ene-ata, ýanýoldaş we dost bolmaga kömek edýär. Adatça, duýgudaşlyk bildirýän adamyň özi-de kömege mätäç bolanda, ony hökman goldaýarlar (Matta 5:7; Luka 6:38-nji aýatlary okaň).

17. Biz näme üçin duýgudaş bolmak isleýäris?

17 Duýgudaş bolmagyň peýdalydygyna düşünýän adam bu häsiýeti ösdürmäge jan eder. Iň wajyby bolsa, şeýle adam söýginiň we duýgudaşlygyň Gözbaşy bolan Ýehowa Hudaýyň göreldesine eýerýär hem-de oňa şöhrat getirýär (Sül. tym. 14:31). Ol bize kämil derejede görelde görkezýär. Geliň, onuň göreldesine eýermek üçin elimizde baryny edeliň. Şonda biz imandaşlarymyz we beýlekiler bilen ýakyn gatnaşykda bolarys (Gal. 6:10; 1 Ýah. 4:16).

^ abzas 1 Müsürden çykyş 34:5 Reb bulut içinde aşak inip, Musanyň ýanynda durdy-da: «Men — Reb!» diýip Öz adyny yglan etdi. 6 Reb Musanyň öňünden geçip, şuny jar etdi: «Men Rebdirin, Rebdirin! Rehimli we merhemetli Hudaýdyryn. Men giň göwünli, örän wepaly, sadyk söýgä baý. 7 Müňlerçe nesillere sadyk söýgimi görkezerin. Etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýaryn. Ýöne günälini jezasyz hem goýmaýaryn. Atalarynyň etmişiniň jezasyny çagalaryna, olaryň çagalarynyň çagalaryna, olaryň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin».

^ abzas 5 Müsürden çykyş 22:26 Eger goňşyňyň donuny girewine alsaň, Gün batmanka ony yzyna ber. 27 Çünki bu onuň ýeke-täk ýapynjasydyr. Onsuz ol näme ýapynyp ýatsyn? Eger ol Maňa nalyş etse, eşiderin, çünki Men rehimlidirin.

^ abzas 7 Ady üýtgedildi.