Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

«Hudaýyň sözi... täsirlidir»

«Hudaýyň sözi... täsirlidir»

«Hudaýyň sözi diri hem täsirlidir». ÝEW. 4:12

AÝDYMLAR: 37, 2

1. Biz Hudaýyň Sözüniň täsirlidigine näme üçin şübhelenmeýäris? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

BIZ, Ýehowanyň gullukçylary Hudaýyň adamlara beren habarynyň «diri hem täsirlidigine» asla şübhelenmeýäris (Ýew. 4:12). Muňa biziň köpümiz öz durmuşymyzda göz ýetirdik. Dogan-uýalarymyzyň käbiri öň ogry, neşekeş, ahlaksyz durmuşy alyp barýardy. Käbirleri bolsa gowy şertlerde ýaşasalar-da, durmuşynda nämedir bir zadyň ýetmeýändigini duýýardylar (Wag. 2:3—11). Emma gelejege umytsyz garap, ýöne Mukaddes Ýazgylaryň kömegi bilen ýaşaýyş ýoluny tapan adamlar hem az däl. Siz olar hakda «Garawul diňindäki» «Mukaddes Ýazgylar durmuşymyzy özgertmäge kömek edýär» atly makalalardan okap, ruhlanan bolsaňyz gerek. Hatda hakykaty kabul edensoňam, mesihçileriň Ýazgylaryň kömegi bilen ruhy taýdan ösýändigini görýänsiňiz.

2. Hudaýyň Sözi I asyrdaky mesihçilere nähili täsir etdi?

2 Biz köp adamlaryň Hudaýyň Sözüni öwrenip, durmuşynda düýpli özgerişlik edýändigine geň galmalymy? Elbetde, ýok. Bu mysallar bize gökde ýaşamaga umydy bolan I asyrdaky dogan-uýalary ýatladýar (1 Korinfliler 6:9—11-nji aýatlary okaň). Pawlus resul Hudaýyň Patyşalygyny miras almajak adamlar barada aýdansoň: «Siziň hem käbiriňiz şeýlediňiz» diýdi. Emma olar Ýazgylaryň we Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen durmuşyny özgerdip bildiler. Ýöne hakykaty kabul edensoňam, käbir mesihçiler ruhy taýdan aýgytly göreş alyp barmaly boldular. Meselem, Mukaddes Ýazgylarda I asyrda ýaşan mesh edilen bir mesihçiniň gatnaşykdan kesilip, soňra ýene-de dikeldilendigi barada agzalýar (1 Kor. 5:1—5; 2 Kor. 2:5—8). Eýsem, imandaşlarymyzyň Hudaýyň Sözüniň kömegi bilen agyr kynçylyklary ýeňmegi başarandygy bizi ruhlandyrmaýarmy?

3. Biz şu makalada nämä serederis?

3 Hudaýyň Sözüniň täsirli bolandygy üçin, biz ony has gowy ulanmak isleýäris (2 Tim. 2:15). Biz şu makalada Hudaýyň Sözüniň täsirlidigini 1) durmuşda, 2) wagyzda we 3) ýygnakda nädip görkezip biljekdigimize serederis. Olar bize peýdaly zatlary öwredýän gökdäki mähriban Atamyza bolan söýgimizi we minnetdarlygymyzy iş ýüzünde görkezmäge kömek eder (Iş. 48:17).

DURMUŞDA

4. a) Hudaýyň Sözi bize täsir eder ýaly näme etmeli? b) Siz Mukaddes Ýazgylary okamaga nädip wagt tapýarsyňyz?

4 Eger biz Hudaýyň Sözüniň durmuşymyza täsir etmegini islesek, ony mümkin boldugyndan her gün okamaga jan etmeli (Ýeş. 1:8). Elbetde, biziň köpümiz ýaşaýşyň aladalary bilen başagaý bolmagymyz mümkin. Emma her näme-de bolsa Hudaýyň Sözüni her gün okamagymyza hiç zada päsgel berdirmeli däl (Efesliler 5:15, 16-njy aýatlary okaň). Ýehowanyň gullukçylarynyň köpüsi Hudaýyň Sözüni her gün okamak üçin irden, agşam ýa-da günüň dowamynda ýörite wagt sarp edýärler. Olar özlerini: «Men Seniň kanunyňy nähili söýýärin! Bütin gün oý-pikirim şol hakda» diýen mezmurçy ýaly duýýarlar (Zeb. 119:97).

5, 6. a) Oýlanmak näme üçin wajyp? b) Okan zatlaryň üstünde oýlanmak üçin näme etmeli? ç) Hudaýyň Sözüni yzygider okap we oýlanyp, siz nähili peýda aldyňyz?

5 Mukaddes Ýazgylary okanymyzda, okan zatlarymyzyň üstünde oýlanmak hem örän wajyp (Zeb. 1:1—3). Diňe şonda ondaky deňi-taýy bolmadyk akyldarlygyň durmuşymyza täsir etmegine ýol bereris. Biz Mukaddes Ýazgylary kitap ýa-da elektron görnüşinde okasak-da, ondaky sözleri ýüregimize ýazmagy maksat edinmeli.

6 Okan zatlarymyzyň üstünde oýlanmak üçin näme etmeli? Käbirleri Ýazgylardan bir parçany okap, soňra özlerine şeýle soraglary berýärler: «Men okan zatlarymdan Ýehowa barada nämeleri bildim? Şu parçada getirilen prinsipleri durmuşymyň haýsy ýagdaýlarynda ulanýaryn? Ýene nirelerde ulanyp bilerin?» Okan zatlarymyzyň üstünde doga edip oýlansak, ondaky maslahatlara eýermäge islegimiz has-da artar. Şonda Hudaýyň Sözüniň täsirlidigi durmuşymyzda aýdyň görner (2 Kor. 10:4, 5).

WAGYZDA

7. Biz wagyzda Hudaýyň Sözüni nädip ökdelik bilen ulanyp bileris?

7 Wagyzda Hudaýyň Sözüni ökdelik bilen ulanmaga näme kömek eder? Ilki bilen, adamlara wagyz edeniňizde we öwredeniňizde, ony hökman ulanmaly. Bu babatda bir dogan şeýle diýýär: «Aýdaly, siz Ýehowa bilen öýden-öýe wagyz etmäge gidýärsiňiz. Şonda diňe özüňiz geplärdiňizmi ýa-da Ýehowa-da ýol bererdiňiz?» Dogrudanam, wagyzda Hudaýyň Sözünden okanymyzda, Ýehowa sözlemäge ýol berýäris. Okajak aýatlarymyzy dogry saýlasak, onda onuň täsiri biziň aýtjak islendik sözümizden has täsirli bolar (1 Sel. 2:13). Özüňize şeýle sorag beriň: «Men wagyz edýän adamlaryma Hudaýyň Sözünden okar ýaly mümkinçilik gözleýärinmi?»

8. Wagyzda näme üçin diňe bir aýady okamak bilen çäklenmeli däl?

8 Elbetde, gürrüňdeş bolýan adamlarymyza Ýazgylardan ýöne bir okamak ýeterlikli däl. Näme üçin? Sebäbi köp adamlar Mukaddes Ýazgylary kän gowy bilmeýärler ýa-da oňa asla düşünmeýärler. Biz hem I asyrdaky mesihçileriň göreldesine eýermeli (Rim. 10:2). Okan aýadymyza adamlar hökman düşüner öýtsek, nädogry bolardy. Şol sebäpli okan aýadymyzyň esasy pikirlerini nygtamak we onuň manysyny düşündirmek üçin ýörite wagt sarp etmeli. Şonda Hudaýyň Sözündäki habaryň diňleýjileriň pikirine we ýüregine täsir etmegini gazanyp bileris (Luka 24:32-ni okaň).

9. Mukaddes Ýazgylara hormat goýýandygymyzy wagyzda nädip görkezip bileris? Mysal getiriň.

9 Adamlar Hudaýyň Sözüne hormat goýar ýaly, biz ony gymmat saýýandygymyzy görkezmeli. Meselem, bir aýady okamazdan öň: «Geliň, bu babatda Ýaradyjymyzyň näme diýýändigini bileliň» diýip bileris. Hristian dinine uýmaýan adamlara bolsa şeýle diýip bileris: «Mukaddes Ýazgylarda näme aýdylýandygyna üns bereliň». Eger Hudaýa sygynmaýan adama wagyz etsek, onda: «Siz bu gadymy atalar sözüni eşidip görüpmidiňiz?» diýip bileris. Geliň, her bir adamyň garaýşyny göz öňünde tutup, şoňa görä teklip taýýarlalyň (1 Kor. 9:22, 23).

10. a) Bir doganymyz bilen bolan wakany gürrüň beriň. b) Siz wagyz edeniňizde, Hudaýyň Sözüniň täsirini görüpmidiňiz?

10 Wagyzda Mukaddes Ýazgylardan okanymyzda, köp adamlara güýçli täsir edýär. Geliň, bir doganymyz bilen bolan waka seredeliň. Bir gezek ol köp ýyl bäri žurnallarymyzy okaýan gartaşan adamy gaýtadan ideg edýär. Ýöne bu gezek ol «Garawul diňi» žurnalynyň soňky sanyny diňe bir teklip etmän, onda getirilen aýatlaryň birini okamagy ýüregine düwýär. Doganymyz 2 Korinfliler 1:3, 4-nji aýatlardaky: «Rehimdarlar Atasy we bütin teselliler Hudaýy... bize ähli kynçylyklarymyzda teselli berýär» diýen sözleri okaýar. Bu sözler ýaňky adama şeýle güýçli täsir edýär welin, doganymyzdan ony ýene bir gezek okamagy haýyş edýär. Ol aýaly ikisiniň tesellä mätäçdigini aýdýar. Şondan soň ol Mukaddes Ýazgylar bilen gyzyklanýar. Bu waka Hudaýyň Sözüniň täsirlidigini görkezmeýärmi näme? (Res. iş. 19:20).

ÝYGNAKDA

11. Çykyş edýän doganlaryň nähili jogapkärçiligi bar?

11 Biz ýygnak duşuşyklaryna we kongreslere hem höwes bilen gatnaşýarys. Biz ol ýerde Ýehowa sežde edýäris we berilýän maslahatlardan köp peýda alýarys. Şeýle çärelerde çykyş etmegi doganlar uly hormat hasaplaýarlar, şol sanda uly jogapkärçilik duýýarlar (Ýak. 3:1). Olar çykyş edenlerinde, hemişe Hudaýyň Sözüne esaslanyp öwretmeli. Eger size-de çykyş etmek hormaty ynanylan bolsa, onda Mukaddes Ýazgylaryň täsirlidigini nädip görkezip bilersiňiz?

12. Nutukçy Mukaddes Ýazgylar esasynda çykyş edýändigine nädip göz ýetirip biler?

12 Nutuga taýýarlananyňyzda, onuň Mukaddes Ýazgylara esaslanýandygyna göz ýetiriň (Ýah. 7:16). Muny nädip etse bolar? Munuň bir usuly getirýän mysallarymyz, wakalarymyz, hatda çykyş edişimiz hem diňleýjileriň ünsüni Mukaddes Ýazgylardan sowmaly däl. Şuny-da unutmaň: ýöne bir aýat okamak Mukaddes Ýazgylara esaslanyp öwretmegi aňlatmaýar. Has köp aýat getirsegem, diňleýjileriň ýadynda galmaz. Şonuň üçin temanyň esasy pikirlerini nygtaýan aýatlary ünsli saýlap, olary okamak, nygtamak, aýdyň mysallar arkaly düşündirmek üçin wagt sarp ediň we durmuşda nädip ulanmalydygyny görkeziň (Neh. 8:8). Eger nutugyň meýilnamasy bar bolsa, ony we içinde getirilen aýatlary gowy özleşdiriň. Meýilnamadaky pikirleriň getirilen aýatlar bilen nähili baglanyşygynyň bardygyny düşünmäge çalşyň. Soňra meýilnamadaky esasy pikirleri nygtaýan aýatlary saýlaň («Wagyz mekdebi» kitabynyň 21—23-nji sapaklaryndan peýdaly maslahatlary tapyp bilersiňiz). Iň wajyby bolsa, Hudaýyň Sözündäki gymmatly pikirleri diňleýjileriň aňyna we ýüregine ýetirmek üçin, Ýehowa doga edip, kömek soraň (Ezra 7:10 *; Süleýmanyň tymsallary 3:13, 14-nji aýatlary okaň).

13. a) Ýygnakda aýadyň düşündirilişi bir uýa nähili täsir edýär? b) Ýazgylaryň düşündirilişi size-de güýçli täsir edipmidi?

13 Geliň, çagalyk döwri agyr geçen awstraliýaly bir uýanyň mysalyna seredeliň. Ol hakykaty kabul edip, özüni Ýehowa bagyş edenem bolsa, Ony söýgüli Ata hökmünde göz öňüne getirmek kyn bolýardy. Emma wagtyň geçmegi bilen, uýamyz Hudaýyň özüni söýýändigine göz ýetirýär. Oňa näme kömek etdikä? Duşuşyklaryň birinde oňa bir aýadyň düşündirilişi güýçli täsir edýär. Uýa bu aýady Mukaddes Ýazgylardaky başga aýatlar bilen baglanyşdyryp, onuň üstünde oýlanýar *. Ýygnaga ýa-da kongrese baranyňyzda, Hudaýyň Sözündäki aýatlaryň düşündirilişi size-de şeýle güýçli täsir edipmidi? (Neh. 8:12).

14. Biz Ýehowa Sözi üçin nädip minnetdar bolup bileris?

14 Biz Mukaddes Ýazgylary berendigi üçin, Ýehowa minnetdar bolmaly dälmi näme? Ol bize diňe bir öz Sözüni sowgat bermän, eýsem, onuň ebedi galjakdygy baradaky wadasyny berjaý edýär (1 Pet. 1:24, 25). Şonuň üçin, geliň, Hudaýyň Sözüni her gün okap, durmuşymyzda we wagyzda ulanmagy maksat edineliň. Şonda diňe bir Mukaddes Ýazgylara däl, eýsem, onuň Awtory Ýehowa Hudaýa bolan söýgimizi we minnetdarlygymyzy görkezip bileris.

^ abzas 12 Ezra 7:10 Ezra Rebbiň kanunyny öwrenip, ony berjaý etmegi, Ysraýylda onuň parzlaryny, hökümlerini öwretmegi ýüregine düwüpdi.

^ abzas 13 « Güýçli täsir etdi» diýen çarçuwa serediň.