Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

TERJIMEHAL

Ruhy taýdan ösen doganlar bilen işleşmek uly bereket

Ruhy taýdan ösen doganlar bilen işleşmek uly bereket

1930-NJY ýyllaryň ortalarynda kakam bilen ejem, ýagny Jeýms we Jessi Sinkler Nýu-Ýorkyň Bronks şäherine göçdüler. Olar Willi Sneddon atly özleri ýaly Şotlandiýadan gelen bir adam bilen tanyşýarlar. Biraz wagtdan olar öý-içerisi barada gürrüň edip başlaýarlar. Bu wakadan birnäçe ýyl geçenden soň, men dünýä indim.

Ejem Willä I Jahan urşy başlamazdan biraz wagt öň, kakasynyň we erkek doganynyň balyk tutýan gaýygy mina degip, Demirgazyk deňzinde gark bolup ölendiklerini gürrüň berýär. Şonda Willi: «Seniň kakaň dowzahda!» diýýär. Willi Ýehowanyň Şaýadydy. Onuň dowzah baradaky aýdanlary ejemi gaty haýran galdyrýar.

Willi bilen Liz Sneddon

Williniň sözleri ejemi gynandyrdy, sebäbi onuň kakasy gowy adamdy. Soňra Willi sözüni dowam edip: «Eger Isanyň hem dowzahda bolandygyny aýtsam, geň galarsyňyzmy?» diýýär. Şonda ejemiň buthanadaka, Isanyň dowzahda bolup, 3 günden direlendigi baradaky aýdylan sözler ýadyna düşýär. Ol geň galyp: «Eger dowzah ody zalym adamlaryň ejir çekýän ýeri bolsa, onda Isa näme üçin ol ýere düşdi?» diýip soraýar. Şeýdip, ejem hakykat bilen gyzyklanýar. Ol Bronksdaky ýygnaga gatnap başlaýar we 1940-njy ýylda suwa çümdürilýär.

Ejem bilen we soňra kakam bilen

Şol döwürde mesihçi ene-atalara çagalary bilen okuw geçmek barada ýörite görkezme berilmeýärdi. Ejem dynç günleri ýygnaga we wagza gidende, kakam öýde maňa seredýärdi. Birki ýyldan kakam ikimizem ejem bilen ýygnaga gatnap başladyk. Ejem örän yhlasly wagyz edýärdi, ol ençeme adam bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýärdi. Ol hatda bir-birine golaý ýaşaýan gyzyklanýanlary üýşürip, olar bilen birbada sapak geçýärdi. Okuwdan boş wagtlarym menem ejem bilen wagza gidýärdim. Şonda men Mukaddes Ýazgylardan köp zatlary bilip, olary nädip gürrüň bermelidigini öwrendim.

Kiçikäm hakykaty kän bir gymmat saýmandygyma gynanýaryn. Ýöne soň minnetdarlygym artyp başlady. Men 12 ýaşymda wagyzçy boldum we şondan bäri wagza yzygiderli gatnaşýaryn. 16 ýaşymda bolsa özümi Ýehowa bagyş edip, 1954-nji ýylyň 24-nji iýulynda Torontoda (Kanada) geçirilen kongresde suwa çümdürildim.

BEÝTELDE GULLUK EDÝÄRIN

Biziň ýygnagymyzda öň Beýtelde gulluk eden ýa-da häzir gulluk edýän doganlar bardy. Olaryň wagyzda ökdelik bilen öwredişi we ýygnakda nutuk bilen çykyş edişi maňa güýçli täsir etdi. Mekdepde mugallymlar ýokary okuw jaýyna girmegi maslahat berseler-de, men Beýtelde gulluk etmegi maksat edindim. Şonuň üçin Torontoda kongres geçirilende, men Beýtelde gulluk etmek isleýändigim barada anketa doldurdym. 1955-nji ýylda Ýanki (Nýu-Ýork) stadionynda geçirilen kongresde ýene-de anketa doldurdym. Şondan köp wagt geçmänkä, 17 ýaşymy dolduranymda, meni 1955-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Bruklindäki Beýtelde gulluk etmäge çagyrdylar. Ertesi men Adams-strit köçesiniň 117-nji jaýynda kitaplary sahaplamak bölüminde işläp başladym. Tizden kitap çykarýan maşynda işlemäge geçirdiler. Men olary 32 sahypadan goýup, tikmäge taýýarlaýardym.

17 ýaşymda Bruklindäki Beýtelde gulluk edip başladym

Çap edip bilýändigim üçin, meni bir aýdan žurnallar bölümine bellediler. Şol döwürde dogan-uýalar ýaňy-ýakynda «Garawul diňi» we «Oýanyň» žurnallaryna ýazylan adamlaryň öý salgysyny kiçijik demir bölejige geçirýärdiler. Birnäçe aýdan meni edebiýatlar ugradylýan bölüme bellediler. Bölümiň gözegçisi Klaus Jensen menden edebiýatlarymyzy dürli ýurtlara ugradylýan gämi duralgasyna çenli äkidýän ýük maşynyň sürüjisine ýoldaş bolmagy haýyş etdi. Şeýle-de biz edebiýatlarymyzy ABŞ-daky ähli ýygnaklara ugradylýan poçta eltip berýärdik. Jensen dogan maňa şeýle agyr işiň peýdalydygyny aýtdy. Sebäbi meniň bary-ýogy 57 kg agramym bolup, örän hordum. Dogrudanam, şeýle gulluk maňa beden taýdan berkemäge kömek etdi. Jensen dogan maňa peýdaly zady bilýän eken!

Žurnallar bölümi ýygnaklary edebiýatlar bilen hem üpjün etmelidi. Şeýdip, men Bruklindäki Beýtelden dünýäniň dürli künjeklerine ugradylýan edebiýatlarymyzyň haýsy dillere çap edilýändigini bildim. Men şeýle dilleriň bardygyny öň asla eşidip hem görmändim. Ýöne müňlerçe žurnallarymyzyň uzak ýerlere ugradylýandygyny bilmek diýseň begendirýärdi. Göz öňüne getiriň, birnäçe wagtdan bolsa meni şol ýurtlarda gulluk edýän dogan-uýalary idemäge bellediler!

Robert Uollen, Çarlz Molohen we Don Adams bilen

1961-nji ýylda meni guramamyzyň pullaryna jogap berýän bölüme geçirdiler. Oňa Grant Sýuter dogan gözegçilik edýärdi. Iki ýyldan bütindünýä wagyz işine ýolbaşçylyk edýän Neýtan Norr dogan meni ýanyna çagyrdy. Ol özüne kömek edýän doganlaryň biriniň bir aýlyk Patyşalyk gulluk mekdebinde okamaga gidendigini we soňra Gulluk bölüminde işlejekdigini aýtdy. Men şol doganyň ýerine geçip, Don Adams bilen işleşmelidim. Ol 1955-nji ýylda kongresde Beýtelde gulluk etmek üçin dolduran anketamy alan doganlaryň biridi. Beýleki ikisi, ýagny Robert Uollen bilen Çarlz Molohen hem Neýtan Norr dogana kömek edýärdiler. Biziň dördimiz 50 ýyldan gowrak bile işleşdik. Şeýle wepaly doganlar bilen işleşmek nähili gowy! (Zeb. 133:1).

Wenesuelada ilkinji gezek sebit gullugynda, 1970-nji ýyl

1970-nji ýylyň başynda meni sebit gözegçisi edip bellediler. Ýylda ýa-da iki ýyldan bir gezek men başga döwletdäki Beýtelde we missioner bolup gulluk edýän dogan-uýalary idäp, olary ruhlandyrmalydym hem-de Beýteliň dokumentlerini barlamalydym. Gilead mekdebinde okan dogan-uýalaryň wepaly gullugyny dowam edýändiklerini görmek örän begendirýär! 90-dan gowrak ýurtda alnyp barylýan wagyz işini görmek meniň üçin uly hormatdy we ol ýerdäki dogan-uýalary idemek diýseň ýakymlydy.

90-dan gowrak ýurtda gulluk edýän doganlary ideg etmek begendirýärdi!

WEPALY ÝANÝOLDAŞ

Bruklindäki Beýtel maşgalasynyň agzalary Nýu-Ýorkda ýerleşýän dürli ýygnaklara bellenilýärdi. Men Bronksdaky ýygnakda gulluk edýärdim. Ol ýerdäki ilkinji ýygnak gitdigiçe ösüp, soňra bölündi. Meniň barýan ýygnagym Ýokarky Bronks diýip atlandyrylýardy.

1960-njy ýyllaryň ortalarynda latwiýaly bir maşgala hakykaty kabul edip, şäheriň günortasynda ýerleşýän ýygnaga gatnap başlady. Olaryň uly gyzy Liwiýa mekdebi gutaransoň, pioner gullugyna başlaýar. Ol birnäçe aýdan wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk etmek üçin Massaçusetse göçýär. Men oňa ýygnakda bolýan täzelikleri ýazýardym, ol hem Bostondaky gullugynyň üstünlikleri bilen paýlaşýardy.

Liwiýa bilen

Birki ýyldan Liwiýany ýörite pioner edip belleýärler. Ol Ýehowa köpräk gulluk etmek isleýärdi. Şeýdip, ony 1971-nji ýylda Beýtelde gulluk etmäge çagyrdylar. Bu hamala Ýehowanyň oňa öýlenmelidigim barada aýdýan ýalydy! Biz 1973-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda durmuş gurduk, toý nutugy bilen Norr doganyň çykyş etmegi bolsa, biziň üçin uly hormatdy. Süleýmanyň tymsallary 18:22-de: «Aýal tapan ýagşylyk tapýandyr we Rebbiň razylygyny gazanýandyr» diýilýär. Liwiýa ikimiz bile 40 ýyldan gowrak Beýtelde gulluk edip, köp şatlyk tapýarys. Biz henizem Bronksdaky ýygnaklaryň birinde gulluk edýäris.

MESIHIŇ DOGANLARY BILEN EGINME-EGIN IŞLEŞMEK

Norr dogan bilen bile işleşmek diýseň ýakymlydy. Ol hakykat üçin ýadamany bilmeýärdi. Bütin dünýäde gulluk edýän missionerler ondan diýseň hoşaldy. Olaryň köpüsi wagyzçylaryň ýok ýerlerine bellenilipdi. 1976-njy ýylda Norr doganyň rak keselinden ejir çekýändigini görmek örän gynandyrýardy. Bir gezek ol ýatan ýerinde menden çap etmäge taýýarlanylan käbir zatlary okap bermegi we Frederik Frens dogan hem diňlär ýaly, ony-da çagyrmagy haýyş etdi. Men Frens doganyň gözüniň kän bir gowy görmeýändigini soň bilip galdym. Norr dogan bolsa onuň wagtyny tygşytlamak isläpdir.

Daniýel we Mariýa Sidlik bilen doganlary ideýäris, 1977-nji ýyl

Norr dogan 1977-nji ýylda aradan çykýar. Emma soňuna çenli wepaly galyp, göge gitmegi ony tanaýan we gowy görýän dogan-uýalara tesselli berýärdi (Ylh. 2:10). Şondan soň bütindünýä wagyz işine Frens dogan ýolbaşçy boldy.

Şol wagt men Norr dogan bilen onlarça ýyl bile işleşen Milton Henşeliň kömekçisi bolup işledim. Ol meniň Frens dogana kömek etmegimiň ähli zatdan wajypdygyny aýtdy. Men çap ediljek maglumatlary oňa okap bermelidim. Frens doganyň ýatkeşligi we ünsli diňläp bilýändigi haýran galdyrýardy. 1992-nji ýylyň dekabr aýynda ýerdäki ýaşaýşyny tamamlaýança, oňa kömek etmek meniň üçin uly hormatdy!

Kolumbiýa-Haýts köçesiniň 124-nji jaýy, men bu ýerde onlarça ýyl işledim

Beýtelde gulluk eden 61 ýylym çalt geçip gitdi. Ejem bilen kakam Ýehowa soňuna çenli wepaly galdylar. Men olary täze dünýäde görjek wagtyma sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn (Ýah. 5:28, 29). Wepaly dogan-uýalar bilen Hudaýyň bütin dünýädäki halky üçin gulluk etmek hormatyny şu dünýädäki hiç zada deňäp bolmaýar. Liwiýa ikimiz uzak wagtly gulluk edip, ak ýürekden: «Taňrymyzyň eçilýän şatlygy (bize) güýç-kuwwat berýär» diýýäris (Neh. 8:10).

Ýehowanyň guramasyndaky edilýän işler adama bagly däl. Sebäbi Patyşalyk baradaky hakykat ýaýramagyny dowam edýär. Ençeme ýyllap wepaly dogan-uýalar bilen gulluk etmek maňa köp şatlyk getirdi we bu uly hormat. Meniň bilen bile işleşen mesh edilen doganlaryň köpüsi eýýäm gökdäki sylagyny aldylar. Ýöne men şeýle doganlar bilen eginme-egin işleşip, Ýehowa gulluk edendigime örän minnetdar.