Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Maksat goýmak çyzgy çyzan ýaly. Tagalla etseň, çyzgyňy durmuşa geçirip bilersiň

ÝAŞLARA

12. Maksat goýmak

12. Maksat goýmak

NÄME?

Maksat goýmak bir zady arzuw etmegi ýa-da «alma biş, agzyma düş» diýip oturmagy aňlatmaýar. Maksadyňa ýetmek üçin wagt bellemeli, her dürli ýagdaýa taýyn bolmaly we ýan bermän hereket etmeli.

Maksatlar her dürli bolýar. Olar kiçi, uly we has uly maksatlar. Kiçi maksatlara birnäçe günüň ýa-da hepdäniň dowamynda, uly maksatlara birnäçe aýyň dowamynda, has uly maksatlara birnäçe ýylyň dowamynda ýetip bolýar. Uly maksatlara ýetmek üçin, ilki bilen, kiçi maksatlara ýetmeli bolýar.

NÄME ÜÇIN WAJYP?

Maksatlaryňa ýeteniňde, özüňe bolan ynamyň artýar, adamlar bilen dostlaşýarsyň we özüňem begenýärsiň.

Ynamyň artýar. Eger sen goýan kiçi maksatlaryňa ýetseň, onda uly maksatlara-da ýetip biljekdigiňe ynamyň artar. Özüňe ynamly bolsaň, deň-duşlaryň arasynda-da dogry hereket etmäge çekinmersiň.

Adamlar bilen dostlaşýarsyň. Hemmeler maksada okgunly adamlar bilen dostlaşasy gelýär. Şeýle adamlar näme etjekdigini bilýär we maksadyna ýetmek üçin güýjüni gaýgyrmaýar. Onsoňam, maksady birmeňzeş adamlar bir-biri bilen hasam dostlaşýarlar.

Begenýärsiň. Goýan maksadyňa ýeteniňde, monça bolýarsyň.

«Men hemişe maksat goýup, şoňa ýetmegi gowy görýärin. Şonda boş entäp ýörmeýärin. Maksadyma ýetemsoň: „Bäh, boljak eken-ow, menem bir zatlar başarjak ekenim!“ diýip begenýärin» (Kakyş).

MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Şemala seredýän tohum sepmez, buluda seredýän hasyl ormaz» (Nesihat 11:4).

NÄME EDIP BILERSIŇIZ?

Aşakdaky maslahatlar maksat goýup, oňa ýetmäge kömek eder.

Maksat goý. Birnäçe maksat goýup, hersine wagt belle.

Öňünden oýlan. Her maksadyňa ýetmek üçin, şulary et.

  • Anyk wagt goý.

  • Etmeli işleriňi anykla.

  • Nähili kynçylyklaryň döräp biljekdigini we olary nädip çözjekdigiňi ýaz.

Hereket et. Hemme zadyň gülala-güllük bolaryna garaşyp oturma. Maksadyňa ýetmek üçin ilki bilen näme etmelidigini bilip, hereket edip başla. Ýeten maksatlaryňy bellik et.

MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Işeňňiriň maksady amala aşýar» (Nakyllar 21:5).