ENE-ATALARA
8. Görelde
NÄME?
Öwredýän zadyňy özüň edip görkezmek. Aýdaly, siz çagaňyza ýalan sözleme diýip gulagyna guýýarsyňyz. Ýöne biri sizi soranda, çagalaryňyza öýde ýok diýdirseňiz, çagaňyzam dogruçyl bolar öýtmäň.
«Çagalara: „Aýdanymy et, edenimi etme“ diýip bolmaýar. Olar edil gubka ýaly gören-eşiden zadyny aňyna siňdirýär. Ene-atasynyň aýdýany bir zat, edýäni başga zat bolsa, çagalar muny derrew aýdýarlar» (Dawut).
MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «„Ogurlyk etme“ diýip, özüň näme üçin ogurlyk edýärsiň» (Rimliler 2:21).
NÄME ÜÇIN WAJYP?
Çagalara, ýaşlara ene-atasy ýaly hiç kim köp täsir edip bilmeýär. Diýmek, diňe siz öz göreldäňiz bilen çagaňyza dogruçyl adam bolmaga kömek edip bilýärsiňiz.
«Biz şol bir zady ýüz gezek gaýtalasagam, çagalaryň bir gulagyndan girip, beýleki gulagyndan çykýandyr. Ýöne ýekeje ýalňyş hereketiň olaryň gözünden sypmaýar. Çagalar känbir üns bermeýän ýalydyr, ýöne her bir hereketiňe üns berýär» (Nartäç).
MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Gökden inýän akyldarlyk... ikiýüzli däldir» (Ýakup 3:17).
NÄME EDIP BILERSIŇIZ?
Özüňizi barlaň. Siz nähili filmleri görýärsiňiz? Ýanýoldaşyňyz, çagalaryňyz bilen özüňizi nähili alyp barýarsyňyz? Kimler bilen dost bolýarsyňyz? Başgalaryň aladasyny edýärsiňizmi? «Gawun gawundan reňk alar» diýlişi ýaly, çagalaryňyz hem size meňzär.
«Biz çagalarymyzdan özümiziň etmeýän zadymyzy talap etmeýäris» (Käkilik).
Ýalňyşsaňyz ötünç soraň. Çagalaryňyz siziňem ýalňyşyp bilýändigiňize düşünýär. Siz ýanýoldaşyňyzdan, çagalaryňyzdan ötünç sorap, olara dogruçyl, pesgöwünli bolmagy öwredýärsiňiz.
«Biz çagalarymyzyň ýanynda ýalňyşymyzy boýun alyp, ötünç soramaga çekinmeli däl. Şonda olar hem ýalňyşyny boýun almagy öwrener» (Rejep).
«Iň gowy terbiýe — ene-atanyň göreldesi. Çagalar ene-atasyndan görenini edýär. Ene-atalar edil kitap ýaly. Çagalar hem olary günde görýär, okaýar we öwrenýär» (Weli).