Giriş
Maşgalany bagtly edýän 12 maslahat
Şu günler köp maşgalalaryň agzaladygyny eşidýäris. Ýöne maşgalany nädip agzybir hem bagtly edip bolýarka?
1990—2015-nji ýyllaryň hasabatyna görä, ABŞ-da aýrylyşýanlaryň sany 50 ýaşdan geçenleriňki iki esse, 65 ýaşdan geçenleriňki bolsa üç esse artdy.
Käbir bilimli adamlar ene-atalara çagalaryň diýen zadyny etmeli diýip öwretse, käbirleri çagalary berk tutmaly, diýeniňi etdirmeli diýip maslahat berýärler.
Ýaşlar hem paýhasly bolup, dogry karara gelip bilmeýärler.
Ýöne şeýle kynçylyklaryň çözgüdi bar.
Är-aýallar ömrüniň ahyryna çenli bagtly ýaşap bilýär.
Ene-atalar çagalaryna söýgi bilen terbiýe berip bilýär.
Ýaşlar hem paýhasly karara gelip bilýär.
Žurnalyň şu sanynda maşgalany bagtly edýän 12 maslahat berilýär.