Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

3. Gowy adamlar näme üçin ejir çekýär?

3. Gowy adamlar näme üçin ejir çekýär?

Şu soragyň jogabyny näme üçin bilmeli?

Gowy adamlaryň ejir çekýänini görenimizde, ýüregimiz gyýlyp: «Bäş gün ýalançyda adalat ýok. Gowy adam horluk çekýän bolsa, ýagşy işleri etmek nämä gerek?!» diýýändiris.

Oýlanyp görüň

Käbir adamlar başyna betbagtçylyk inende: «Allanyň ýazanyna kaýyl bolmaly» diýýärler. Olar erbet adamlaryň horluk çekýändigini görende: «Allanyň jezasydyr» diýýärler. Gowy adamlar kösense: «Bu bir synag dünýäsi. Alla bendesini synap, päk imanly edýär» diýýärler.

  • Eger Alla adamyň ykbalyny öňünden kesgitleýän bolsa, onda horluklaryň öňüni almak we ýamandan gaça durmak üçin jan etmek nämä gerek?!

  • Rehim-şepagatly Allatagala bendelerine jebir-jepa çekdirermi?!

    KÖPRÄK BILIŇ

    JW.ORG saýtyndan «Hudaý horluklara näme üçin ýol berýär?» diýen wideony görüň.

Mukaddes Kitapda näme aýdylýar?

Adamlaryň çekýän jebir-jepasy Allanyň jezasy däl.

Betbagtçylyklaryň köpüsi garaşylmadyk ýagdaýda we tötänden bolýar.

«Ýaryşda hemişe ýüwrük ozmaýar, göreşde hemişe pälwan ýeňmeýär, akyldaryň saçagynda hemişe çörek bolmaýar, paýhasly adam hemişe baý bolmaýar, bilimli adam hemişe üstünlik gazanmaýar, sebäbi olaryň hemmesi garaşylmadyk ýagdaýa tötänden duçar bolýarlar» (NESIHAT 9:11).

Adamlar günäli bolandyklary üçin ejir çekýärler.

Adamlar «günä» diýlende erbet işleri göz öňünde tutýar. Emma Mukaddes Kitapda gowy adamlaryň hem, erbet adamlaryň hem günäli dogulýandygy aýdylýar. Günä nesilden nesle geçýär.

«Men günäli bolup doguldym, ejemiň göwresinde galanymdan bäri günäli» (ZEBUR 51:5).

Günä adamlaryň gül ömrüni kül edýär.

Günä adamlary Ýaradandan daşlaşdyrýar we agzalalyk döredýär. Günä sebäpli adamlar tebigata zyýan ýetirýär. Netijede, ähli adamlar kösenýär.

«Dogry zat etjek bolanymda, erbetlik peýda bolýar» (RIMLILER 7:21).

«Ýaradylan zatlar şu wagta çenli ahy-nala çekip, görgi görýär» (RIMLILER 8:22).