1. Horluklar Allanyň jezasymy?
Şu soragyň jogabyny näme üçin bilmeli?
Köp adamlar horluklary Allanyň jezasy hasaplaýarlar we Ondan gorkup ýaşaýarlar.
Oýlanyp görüň
Ruhanylaryň we mollalaryň aýtmagyna görä, Allanyň emri bilen adamlar jebir-jepa çekýärler. Meselem, olar...
-
tebigy betbagtçylyk bolanda: «Bu Allanyň jezasydyr» diýýärler.
-
adamlar aradan çykanda: «Hudaýa-da gowusy gerek» diýýärler.
-
iki döwlet söweşip, adamlar ejir çekende: «Allasyz çöp başy gymyldamaz» diýýärler.
Belki-de, ruhanylar we mollalar Alla hakda nädogry zatlary aýdýandyr? Alla olardan razy hem däldir?
KÖPRÄK BILIŇ
JW.ORG saýtyndan «Mukaddes Kitaby öwrenmegiň näme peýdasy bar?» diýen wideony görüň.
Mukaddes Kitapda näme aýdylýar?
Horluklar Allanyň jezasy däl.
Hak Allanyň bendelerine jebir-jepa çekdirmegi akyla sygjak zat däl. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär:
«(Allanyň) ähli ýollary adyldyr... dogruçyl hem hak howandardyr» (5 MUSA 32:4).
«Hak Hudaý asla erbetlik etmez, Gudratygüýçli adalatsyzlyk etmez» (EÝÝUP 34:10).
«Gudratygüýçli adalaty ýoýmaýar» (EÝÝUP 34:12).
Allatagala ýalan zatlary öwredýän ruhanylardan we mollalardan razy däl.
Olar uruşlary, zorluk-sütemi goldaýarlar we adamlaryň horluklaryny Allanyň jezasy hasaplaýarlar.
«Pygamberler meniň adymdan ýalan welilik edýärler. Men olary ibermedim, hiç zat tabşyrmadym, olara bir sözem aýtmadym. Olar ýalan görnüşleri aýdýarlar... ýalan zatlary toslap tapýarlar» (ÝERMEÝA 14:14).
Isa pygamber dini ýolbaşçylaryň ikiýüzlüligini paş etdi.
«Maňa „Halypam, Halypam!“ diýýän adam gökdäki Patyşalyga girmez, oňa diňe gökdäki Atamyň islegini berjaý edýän girer. Şol gün köp adamlar maňa: „Halypam, Halypam! Biz seniň adyň bilen pygamberlik etmedikmi, seniň adyň bilen jynlary kowmadykmy, seniň adyň bilen gudratlar görkezmedikmi?“ diýerler. Şonda men olara: „Sizi asla tanamaýaryn, eý kanuny bozýanlar, ýanymdan gidiň!“ diýerin» (MATTA 7:21—23).