Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

2. Horluklara özümiz günäkärmi?

2. Horluklara özümiz günäkärmi?

Şu soragyň jogabyny näme üçin bilmeli?

Eger horluklara özümiz günäkär bolsak, onda öňüni hem alyp bileris.

Oýlanyp görüň

Şu kynçylyklaryň haýsyna adamlar günäkär?

  • Zorluk-sütem

    Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) hasabatyna görä, adamlaryň dörtden biri çagalykda zorluk-süteme duçar bolýar. Gelin-gyzlaryň bolsa üçden biri urulýar ýa-da zorlanýar (käbirleri hem urulýar, hem zorlanýar).

  • Ölüm-ýitim

    BSGG şeýle hasabat berýär: «2016-njy ýylda 477 000 adam öldürildi». Ýöne uruşlarda we harby çaknyşyklarda wepat bolan 180 000 adam hasaba alynmady («Bütindünýä saglygy goraýyş statistikasy — 2018»).

  • Keselçilik

    «Neşnl jeografik» žurnalynyň bir sanynda bütin dünýäde bir milliarddan gowrak adamyň çilim çekýändigi aýdylýar. Çilim çekýän adamlar ýürek agyrydan, beýnä gan inmeden we öýken ragyndan aradan çykýar.

  • Deňsizlik

    Jeý Watts psiholog şeýle diýýär: «Baý-garyplyk, adalatsyzlyk, milletparazlyk, bosgunlyk, bäsdeşlik, aýal-gyzlaryň kemsidilmegi sebäpli köpler göwnüçökgünlige düşýär we gorkuda ýaşaýar».

    KÖPRÄK BILIŇ

    JW.ORG saýtyndan «Hudaý ýeri näme üçin ýaratdy?» diýen wideony görüň.

Mukaddes Kitapda näme aýdylýar?

Ýer ýüzünde bolýan kynçylyklaryň köpüsine adamlaryň özleri günäkär.

Döwlet işgärleri halkynyň aladasyny etmegiň deregine, olaryň durmuşyna awy gatýar.

«Bir adamyň beýleki adamyň üstünden hökümdarlyk etmegi hemişe zyýanly» (NESIHAT 8:9).

Käbir kynçylyklaryň öňüni alyp bolýar.

Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary sagdyn we agzybir ýaşamaga kömek edýär.

«Rahatlyk ömrüňi uzaldýar, gabanjaňlyk süňkleri çüýredýär» (NAKYLLAR 14:30).

«Özüňizden öýke-kinäni, gahar-gazaby, gykylygy, sögünç sözleri hem-de ähli erbetligi aýryň» (EFESLILER 4:31).