Dinler näme öwredýär?
Induslar
adamyň täzeden dünýä inýändigine ynanýarlar: adam öňki durmuşynda eden etmişi ýa-da häzir goýberýän ýalňyşy üçin ejir çekýär. Eger ol durmuşyň lezzetinden ýüz öwürse, «mokşa» ýagdaýyna ýetýär, ýagny gaýta-gaýta doglup, ejir çekmekden azat bolýar.
Musulmanlar
adamyň eden günäsi üçin ejir çekýändigine we horluklaryň Allanyň öňünde päk imanly edýändigine ynanýarlar. Demirgazyk Amerikanyň Yslam jemgyýetiniň ymamy Saýed Seýid şeýle diýýär: «Adamyň başyna inýän betbagtçylyklar Allatagala şükür etmelidigini ýatladýar we garyp-gasarlara sadaka bermegiň sogap işdigine düşünmäge kömek edýär».
Jöhitler
adamyň günä edendigi üçin horluk çekýändigine ynanýarlar. Käbir jöhitler direlişiň boljagyna we ejir çekýän dogruçyl adam üçin adalatyň dikeldiljegine iman edýärler. Iudaizmiň kabbala (syrly) akymyna uýýan adamlar «reinkarnasiýa», ýagny ölen adamyň ynsan ýa-da haýwan bolup ençeme sapar dünýä inýändigine ynanýarlar. Olaryň aýtmagyna görä, gaýtadan dünýä inen adamyň günäsini ýuwmaga mümkinçiligi bolýar.
Buddistler
adamyň ençeme sapar dünýä inýändigine ynanýarlar: adam erbet işlerini, pikirini we gylyk-häsiýetini düzedýänçä ejir çekýär. Ol paýhasly bolsa, ýagşylyk etse we oý-pikirini arassa saklasa, «nirwana» derejesine ýetýär, ýagny jebir-jepadan azat bolýar.
Konfusiýaçylar
adamyň günäsi we goýberýän ýalňyşlary üçin ejir çekýändigine ynanýarlar: adam ýagşy işleri edip, käbir jebir-jepanyň öňüni alyp biler. Ýöne horluklaryň köpüsi adatdan daşary güýçler sebäpli bolýar, adamyň bolsa çydamakdan başga alajy galmaýar.
Afrika dinleri
adamyň jebir-jepasynyň jadygöýler sebäpli bolýandygyny öwredýär: jadygöýler adamy bagtly hem edip bilýär, betbagt hem edip bilýär. Jadygöýleriň dogasyndan açylmak üçin däp-dessurlary berjaý etmeli we porhanlaryň däri-dermanlaryny içmeli.
Hristianlar
Mukaddes Kitaba iman edýäris diýýärler we Adam ata bilen How enäniň eden günäsi sebäpli ejir çekýändiklerine ynanýarlar. Ýöne hristian dini toparlary Mukaddes Kitaby ýoýup, öz düşünjesini öňe sürýärler. Käbir katolikleriň aýtmagyna görä, adam çekýän jebir-jepasyny Hudaýa «gurban» hökmünde berýär. Hudaý hem berlen «gurban» arkaly tutuş buthana bereket berýär ýa-da bir adamy derdinden gutarýar.
KÖPRÄK BILIŇ
JW.ORG saýtyndan «Hemme dinler Hudaýa ýaraýarmy?» diýen wideony görüň.