Gapyňyzy giňden açyň
Näme üçin?
Başga milletli adamlar bilen gatnaşmasak, olary äsgermän başlarys. Biz diňe öz milletimizdäki adamlar bilen dostlaşsak, başga milletli adamlary medeniýetsiz we dünýägaraýşy dar hasaplarys.
Mukaddes Kitapdaky maslahat
«Ýüregiňizi giňden açyň» (2 KORINFLILER 6:13).
Aýadyň manysy: «ýürek» sözi adamyň içki dünýäsini aňladýar. Eger biz diňe öz milletimizdäki adamlar bilen gatnaşsak, başgalar üçin gapymyz ýapyk bolar. Şonuň üçin dürli medeniýetli adamlar bilen dostlaşsak gowy bolar.
Gapymyzy giňden açmagyň nähili peýdasy bar?
Biz dürli medeniýetli adamlary gowy tanamaly. Şonda olaryň käbir zatlary näme üçin biziňkiden başgaça edýändigine düşüneris. Biz olar bilen dostlaşsak, dogan-garyndaşlarymyz ýaly göreris. Olaryň gadyryny bileris, şatlananda şatlanyp, aglanda aglarys.
Geliň, Nazira hakda gürrüň edeliň. Ol daşary ýurtdan gelen adamlary halamaýardy. Nazira garaýşyny üýtgetmäge nämäniň kömek edendigi hakda şeýle gürrüň berýär: «Men olar bilen işleýärin, gezelenç edýärin we dynç alýaryn. Men gowy gelin-gyzlar bilen jora boldum, il-günüň olar hakda aýdýanlary ýalan eken. Dürli milletli adamlar üçin gapyňy giňden açsaň, adamlary ala tutmaýarsyň, gaýtam olara sylag-hormat goýýarsyň».
Näme edip bileris?
Dürli milletli we medeniýetli adamlar bilen gürrüňdeş bolmak üçin mümkinçilik gözläliň. Meselem:
-
Özleri hakda gürrüň bermegi haýyş edeliň.
-
Myhmançylyga çagyralyň.
-
Berýän gürrüňlerini ünsli diňläliň we garaýşyna düşünmäge çalşalyň.
Olaryň alan terbiýesi we durmuşy barada bilsek, ýagdaýyna has gowy düşüneris. Şonda olara hormat goýup, ala tutmarys.