Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ärler, Isanyň baştutanlygyny kabul ediň

Ärler, Isanyň baştutanlygyny kabul ediň

Ärler, Isanyň baştutanlygyny kabul ediň

«Her erkegiň baýary Mesih» (1 KORINTOSLYLAR 11:3).

1, 2. a) Gowy är nähili bolmaly? b) Näme üçin nikany Hudaýyň döredendigini boýun almaly?

 SIZIŇ pikiriňizçe, gowy är nähili bolmaly? Akylly we güýçli bolmalymy? Pul gazanyp bilýän bolmaly? Aýalyny, çagalaryny söýüp, mähirli bolmalymy? Gynansak-da, ärleriň köpüsine dünýäniň erbet ruhy we adamlaryň çykaran kadalary täsir edýändigi üçin, aýalyny, çagalaryny söýüp, olar bilen mähirli gatnaşykda ýaşap bilmeýärler. Näme üçin? Sebäbi olar nikany Döredeniň görkezmesine eýermeýärler, çünki ol «adamdan alan gapyrgasyndan bir aýal ýasady we ony adamyň ýanyna getirdi» (Barlyk 2:21—24).

2 Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, nikany Hudaý döretdi. Muňa ynanýan Isa Mesih öz döwrüniň tankytçylaryna şeýle diýdi: «Ýaradanyň olary başda erkek we aýal edip ýaradanlygyny, «Şonuň üçin erkek adam öz ata-enesini terk edip, aýalyna goşular, onsoň ikisi bir ten bolar» diýip aýdanyny siz okamadyňyzmy? Şunluk bilen, olar artykmaç iki däl, bir tendir. Şeýlelikde, Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn» (Matta 19:4—6). Diýmek, maşgalany bagtly etmek üçin nikany Hudaýyň döredendigine düşünmeli hem-de Hudaýyň Sözi bolan Mukaddes Ýazgylaryň görkezmesine eýermeli.

Gowy är bolmak üçin näme etmeli?

3, 4. a) Näme üçin Isa maşgala barada köp zatlary bilýär? b) Isanyň göçme manydaky aýaly kim we ärler aýallary bilen özüni nähili alyp barmaly?

3 Är Isanyň öwredenlerine gulak asyp, ondan görelde almaga çalyşsa, gowy är bolmagyna kömek eder. Isa maşgala barada köp zatlary bilýär, sebäbi Adam ata bilen How enäni ýaradyp, olary är-aýal edende, Ýehowa Hudaý oňa: «Suratymyza we meňzeýşimize görä ynsan ýasaly» diýdi (Barlyk 1:26). Hawa, Hudaý her mahlukdan we her zatdan öň ýaradan, «ussa kimin Onuň gapdalyndaky» şahsyýete ýüzlendi (Süleýmanyň tymsallary 8:22—30). Bu ussa «bütin ýaradylyşyň ilkinji doglany». Ol «Hudaýyň ýaradanlarynyň başy» bolup, hatda Älem ýaradylmanka bardy (Koloseliler 1:15; Ylham 3:14).

4 Isa «Hudaýyň Guzusy» diýilýär, göçme manyda ol äri suratlandyrýar. Perişdeleriň biri bir sapar şeýle diýdi: «Gel, men saňa Guza aýal boljak gelni görkezeýin» (Ýahýa 1:29; Ylham 21:9). Isanyň gelni ýa-da aýaly kim? «Guzynyň aýaly» Isa bilen gökde höküm sürjek onuň wepaly mesh edilen şägirtleri (Ylham 14:1, 3). Şonuň üçin Isa ýer ýüzünde şägirtleri bilen özüni nähili alyp baran bolsa, ärler-de aýallary bilen özüni şeýle alyp barmaly.

5. Isa kimlere görelde galdyrdy?

5 Dogrudan-da, Isa ähli şägirtlerine görelde galdyrdy, çünki Mukaddes Ýazgylarda şeýle sözleri okaýarys: «Mesih hem Öz yzyny alyp götermegiňiz üçin görgi görüp, size bir nusga galdyrdy» (1 Petrus 2:21). Emma Isa, aýratyn hem, erkek adamlara görelde galdyrdy. Mukaddes Ýazgylarda: «Her erkegiň baýary Mesih, aýalyň baýary erkek, Mesihiň baýary hem Hudaýdyr» diýilýär (1 Korintoslylar 11:3). Isa erkek adamyň başy bolany üçin, ärler ondan görelde almaly. Diýmek, maşgala bagtly bolar ýaly, baştutanlyk prinsipine eýermeli. Şoňa görä-de maşgalanyň abadanlygy üçin Isa göçme manydaky aýalyny, ýagny mesh edilen şägirtlerini nähili söýen bolsa, ärler hem aýalyny şeýle söýmeli.

Maşgaladaky kynçylyklary nädip ýeňmeli

6. Är aýaly bilen nähili ýaşamaly?

6 Häzirki zalym dünýäde ärler Isadan görelde alyp, çydamly bolmaly, söýgi bildirmeli we adyl prinsipleri berk saklamaly (2 Timoteos 3:1—5). Mukaddes Ýazgylarda Mesihiň göreldesine eýermegiň näme aňladýandygy barada şeýle diýilýär: «Eý ärler... olar [aýallaryňyz] bilen paýhasly [alýan bilimiňize görä, TD] ýaşaň» (1 Petrus 3:7). Hawa, ärler maşgalada ýüze çykýan kynçylyklary Isadan görelde alyp, Ýazgylardaky alan bilimine görä çözmeli. Isanyň çeken synaglary islendik adamyň çeken synaglaryndan agyrdyr. Emma ol synaglaryň Şeýtandan, jynlardan we zalym dünýädendigine düşünýärdi (Ýahýa 14:30; Efesliler 6:12). Isa synaglara geň galmaýardy. Şonuň ýaly är-aýal hem «ýaşaýyşda muşakgaty bolanda» geň galmaly däl. Çünki Mukaddes Ýazgylarda är-aýalyň muşakgaty bolar diýilýär (1 Korintoslylar 7:28).

7, 8. a) Aýalyň bilen alýan bilimiňe görä ýaşamaly diýmek nämäni aňladýar? b) Näme üçin aýallar sylaga mynasyp?

7 Mukaddes Ýazgylarda ärlere «ejiz gaby... ýaly hatyny sylap, olar bilen paýhasly [alýan bilimine görä, TD] ýaşamaly» diýilýär (1 Petrus 3:7). Ýazgylarda är aýalyna gödeklik bilen hökümdarlyk eder diýip öňünden aýdyldy, ýöne Hudaýy razy edýän är aýalyna hormat goýýar (Barlyk 3:16). Ol aýalynyň gadyryny bilmeli. Är aýaldan güýçli bolsa-da, ony hiç haçan urup-sögmez, gaýtam, onuň duýgusyny göz öňünde tutup, hemişe hormat goýup sylar.

8 Ärler näme üçin aýalyny sylamaly? Mukaddes Ýazgylarda: «Dogalaryňyzyň bökdelmezligi üçin... ýaşaýyş merhemetiniň mirasdaşlaryny sylaň» diýilýär (1 Petrus 3:7). Ärler Ýehowanyň erkek adamlaryň seždesini aýallaryň seždesinden ýokary tutmaýandygyna düşünmeli. Hudaýyň razylygyny gazanan aýallar erkek adamlaryň aljak ebedi ýaşaýyş sylagyny alar, hatda olaryň köpüsi gökde ýaşar, ol ýerde «erkek ýa aýal» bolmaz (Galatýalylar 3:28). Hudaý adamlaryň wepalylygyny ähli zatdan gymmat hasaplaýandygyna ärler düşünmeli. Ol erkek bolsun ýa-da zenan, är ýa-da aýal bolsun, hatda çaga bolsa-da, Hudaý üçin gymmatly (1 Korintoslylar 4:2).

9. a) Petrusyň sözlerine laýyklykda, är näme üçin aýalyny sylamaly? b) Isa aýallary nädip sylaýardy?

9 Ärlere aýalyny sylamagyň wajypdygyny nygtandan soň, Petrus: «Dogalaryňyzyň bökdelmezligi üçin» diýip, degerli esas getirýär. Nähili täsirli duýduryş! Geçmişde biperwaý gullukçylarynyň dogalaryny eşitmeýşi ýaly, aýalyny sylamaýan äriň hem dogalaryny Hudaý eşitmez (Ýeremiýanyň agysy 3:43, 44). Şonuň üçin öýlenen ýa-da maşgala gurmak isleýän mesihçi Isanyň aýallara nähili hormat goýandygyna üns bermeli. Isa aýallar bilen wagyz edýärdi, olara mähirli we ünslüdi. Bir sapar Isa şatlykly habary ilki bilen aýallara aýdýar, soňra erkek adamlara mälim etmekligi tabşyrýar (Matta 28:1, 8—10; Luka 8:1—3).

Ärler üçin aýratyn görelde

10, 11. a) Aýratyn hem, ärler Isanyň durmuşyny näme üçün özleşdirmeli? b) Ärler aýalyna söýgüsini nädip bildirmeli?

10 Ýokarda aýdylyşy ýaly, Mukaddes Ýazgylarda är-aýallaryň gatnaşygy, Isanyň «gelni», ýagny mesh edilen mesihçiler ýygnagynyň gatnaşygy bilen deňeşdirilýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Mesih... imanlylar ýygnagynyň başy bolşy ýaly, erkek hem aýalyň başydyr» diýilýär (Efesliler 5:23). Bu sözler ärleri Isanyň şägirtlerine nädip ýolbaşçylyk edendigi barada oýlanmaga höweslendirýär. Ärler Isanyň durmuşyny gowy özleşdirseler, aýalyna söýgi bilen ýolbaşçylyk edip bilerler.

11 Mukaddes Ýazgylarda: «Eý ärler, Mesihiň imanlylar ýygnagyny söýşi ýaly, siz hem aýalyňyzy söýüň» diýip tabşyrylýar (Efesliler 5:25). Efeslileriň dördünji babynda «ýygnaga» «Mesihiň bedeni» diýilýär. Göçme manydaky bu bedeniň erkeklerden, aýallardan ybarat bolan agzalary köp, olar bedeniň sazlaşykly işlemegine ýardam edýärler. «Bedeniň, ýagny imanlylar ýygnagynyň başy» bolsa Isadyr (Efesliler 4:12; Koloseliler 1:18; 1 Korintoslylar 12:12, 13, 27).

12. Isa göçme manydaky bedenini söýýändigini nädip görkezdi?

12 Isa göçme manydaky bedeniniň, ýagny «ýygnagyň» geljekki agzalarynyň aladasyny edip, söýýändigini görkezdi. Meselem, şägirtleri ýadanda ol: «Bir çola ýere geliň-de, biraz dem-dynç alyň» diýdi (Markus 6:31). Isanyň ölmeziniň öň ýanyndaky wakalary gürrüň berip, onuň bir resuly: «Isa... özüniňkileri [bedeniniň agzalaryny] nähili söýen bolsa, ahyryna çenli-de şeýle söýdi» diýip ýazdy (Ýahýa 13:1). Aýallary bilen özlerini nähili alyp barmalydygy barada, Isa ärlere nähili ajaýyp görelde galdyrdy!

13. Ärler aýallaryny nädip söýmeli?

13 Ärlere Isanyň galdyran göreldesine eýermegi ündäp, Pawlus resul şeýle ýazdy: «Ärler aýalyny öz teni kimin söýmelidir. Aýalyny söýýän özüni söýýändir. Çünki hiç kim hiç haçan öz tenini ýigrenmän, gaýtam Mesihiň imanlylar ýygnagyny edişi ýaly, ony iýmitlendirip timarlaýandyr». Soňra dowam edip: «Her biriňiz aýalyňyzy özüňiz ýaly söýüň» diýdi (Efesliler 5:28, 29, 33).

14. Är nädip bikämil bedeniniň aladasyny edýär we şonuň üçin aýalyna nähili garamaly?

14 Pawlus resulyň aýdanlary barada oýlanyp gör. Adamyň akyl-huşy ýerinde bolsa, bedenine bilkastlaýyn şikes ýetirermi? Büdräp ýykylany üçin ol aýagyny urarmy? Elbetde ýok! Haýsy adam dostlarynyň ýanynda kemçiliklerini aýdyp, özüni kemsider? Hiç kim. Onda näme üçin aýaly ýalňyşsa, äri ony urup-sögmeli? Är diňe özüniň däl, aýalynyň hem aladasyny etmeli (1 Korintoslylar 10:24; 13:5).

15. a) Şägirtleri ejizlände, Isa özüni nähili alyp bardy? b) Onuň göreldesinden näme öwrenip bolar?

15 Isanyň ölüminiň öň ýanyndaky gije şägirtleri ejizlände, olar barada eden aladasy hakda oýlanyp gör. Getsemani bagynda Isa şägirtlerine doga ediň diýýär, ýöne üç sapar hem baranda olar uklap ýatýarlar. Birdenkä olary ýaragly esgerler gurşap alýar. Isa olardan: «Kimi gözleýärsiňiz?» diýip soraýar. Olar: «Nasyraly Isany» diýende, Isa: «Ol Men» diýýär. Isa ölmeli «sagadynyň gelenini» bilýändigi üçin olara: «Meni gözleýän bolsaňyz, bulary goýberiň, gitsinler» diýýär. Isa göçme manydaky gelniniň, ýagny şägirtleriniň aladasyny hemişe edýärdi, häzir hem elinde baryny edip, olary halas edýär. Isanyň şägirtleri bilen özüni nähili alyp barandygyny öwrense, mesihçi är aýaly bilen özüni nähili alyp barmalydygyna degişli köp prinsipleri tapar (Ýahýa 18:1—9; Markus 14:34—37, 41).

Isanyň söýgüsi diňe bir duýga esaslanmaýar

16. Isa Marta nähili garaýardy we oňa nähili maslahat berdi?

16 Mukaddes Ýazgylarda «Isa Martany, onuň uýasyny we Lazary gowy görýärdi», olara myhmançylyga köp barýardy diýilýär (Ýahýa 11:5). Emma Marta ruhy taýdan bilim almaga derek, wagtynyň köpüsini iýmit taýýarlamaga sarp edende, Isa oňa: «Marta, Marta! Sen köp zatlara aladalanyp, biynjalyk bolýarsyň. Ýöne diňe bir zat gerek» diýip, maslahat berýär (Luka 10:41, 42). Marta Isany gowy görýändigi üçin, onuň maslahatyny aňsat kabul etdi. Ärler hem aýaly bilen gürrüňdeş bolanda, söýgi we mähirlilik bildirip, aýtjak sözlerini öňünden oýlanmaly. Ýöne düzetmeli bolanda, Isa ýaly ýerlikli sözleri ulanyp açyk aýtmaly.

17, 18. a) Petrus Isany nädip yrjak boldy we näme üçin ony düzetmelidi? b) Är nämä jogapkär?

17 Başga bir waka seredeliň. Bir gezek Isa Iýerusalimde yzarlanmalydygy, «baş ruhanylar we kanunçylaryň elinden görgi görmelidigi, öldürilip üçünji güni direlmelidigi» barada resullaryna aýdýar. Şonda Petrus ony bir çete çekip: «Ýa Reb, Hudaý saklasyn! Seniň başyňa asla beýle iş düşmez» diýýär. Elbetde, şol wagt Petrus duýga esaslanyp, nädogry maslahat berýär. Şonuň üçin Isa oňa: «Çekil öňümden, şeýtan! Sen Maňa päsgel berýärsiň, çünki sen Hudaý işlerini däl, ynsan işlerini oýlanýarsyň» diýýär (Matta 16:21—23).

18 Isa resullaryna Hudaýyň islegini berjaý etmek üçin köp görgi görüp, öldürilmelidigi barada ýaňyja aýdypdy (Zebur 16:10; Işaýa 53:12). Petrus bolsa ony yrjak bolýar, şonuň üçin ol berk käýinç alýar. Wagtal-wagtal bize-de şeýle düzedişler gerek bolýar. Maşgalabaşy hökmünde är hem maşgala agzalaryny, şol sanda aýalyny-da düzetmäge hakly we jogapkär. Ýöne berk maslahat bermeli bolanda, ony mähirli sözler we söýgi bilen bermeli. Petrusyň garaýşy nädogry bolanda Isa ony düzetdi. Maşgalabaşy-da şeýle etmeli. Mysal üçin, eger aýalynyň geýnişi, şaý-sepleri we ýüzi-gözüne timar berşi Ýazgylardaky salykatlylyk bilen bolmaly diýen maslahata gabat gelmese, onda äri muny ýumşaklyk bilen aýtmaly (1 Petrus 3:3—5).

Ärler sabyrly bolmaly

19, 20. a) Resullaryň arasynda nähili kynçylyk döredi we Isa näme etdi? b) Isanyň tagallasy nähili netije berdi?

19 Är maşgala agzalarynyň ýalňyşyny düzedende, ak ýürekden edýän tagallasy derrew netije berer öýtmeli däl. Resullarynyň garaýşyny düzetmek üçin Isa köp tagalla etdi. Meselem, olar haýsysynyň uludygy hakda jedelleşip, bu bäsleşik Isanyň gullugynyň ahyryna çenli dowam etdi (Markus 9:33—37; 10:35—45). Bu jedel Isa Pasha baýramyny iň soňky gezek bellände ýene-de ýüze çykýar. Däbe görä, myhmanlaryň aýaklaryny hyzmatkär ýuwýardy, ýöne olar bu işi özüne kiçilik bilip, beýlekileriň aýaklaryny ýuwmak üçin hyzmat etmek islemeýärler. Şonda Isa olaryň aýaklaryny ýuwýar. Soňra: «Men size görelde görkezdim» diýýär (Ýahýa 13:2—15).

20 Eger är Isanyň kiçigöwünliginden görelde alsa, onda aýaly ony hökman goldar. Ýöne şonda-da äre sabyrlylyk gerek. Pasha agşamy resullaryň arasynda haýsysynyň uly saýylmalydygy barada ýene-de jedel turýar (Luka 22:24). Garaýşyňy we häsiýetiňi derrew üýtgedip bolmaýar, munuň üçin wagt gerek. Resullaryň mysalyndan görnüşi ýaly, eden tagallalaryň deregini tutsa, nähili gowy!

21. Häzirki kyn günlerde ärler nämäni unutmaly däl we olar näme etmeli?

21 Häzirki kyn günlerde maşgalada agzybirligi saklamak aňsat däl. Köp är-aýallar wepalylyk wadasyna çynlakaý garamaýarlar. Şonuň üçin ärler nikanyň nädip dörändigi barada oýlanmaly. Ýadyňda bolsun, nikany söýgüli Hudaýymyz Ýehowa döretdi. Onuň Ogly Isa Mesih bolsa diňe bir Halasgärimiz däl-de, ol ärler üçin ajaýyp göreldedir (Matta 20:28; Ýahýa 3:29; 1 Petrus 2:21).

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Näme üçin nikany Hudaýyň döredendigini boýun almaly?

• Ärler aýalyny nädip söýmeli?

• Isa şägirtleri bilen özüni nähili alyp bardy, ärler ýolbaşçylyk edende onuň göreldesine nädip eýermeli?