Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Aýallar, äriňize çuňňur hormat goýuň

Aýallar, äriňize çuňňur hormat goýuň

Aýallar, äriňize çuňňur hormat goýuň

«Eý aýallar, Rebbe tabyn bolýan ýaly, äriňize tabyn boluň» (EFESLILER 5:22).

1. Äre hormat goýmak näme üçin kyn bolýar?

 ÝURTLARYŇ köpüsinde gyz nikadan geçende ýanýoldaşyna çuňňur hormat goýmagy wada berýär. Ýöne köp ärleriň özüni alyp barşy sebäpli, aýallara beren wadasy boýunça ýaşamak kyn bolýar. Emma maşgalanyň we nikanyň başy gowy başlapdy. Hudaý Adam atanyň gapyrgalaryndan birini alyp, aýal ýasady. Şonda Adam ata begenip: «Bu meniň süňklerimden süňki, etlerimden etdir» diýdi (Barlyk 2:19—23).

2. Soňky ýyllarda maşgalada aýallaryň roly we nika bolan garaýyş nähili üýtgedi?

2 Nikanyň başlangyjynyň gowy bolmagyna garamazdan, aýallar äriniň hökümdarlygyna boýun bolmak islemediler. 1960-njy ýyllaryň başynda Birleşen Ştatlarda aýallar hukugy diýen hereket ýüze çykdy. Şol wagtlar maşgalasyny taşlaýan erkekleriň sany 300 bolsa, aýallaryň şondan 1-i taşlaýardy. 1960-njy ýyllaryň ahyrynda maşgalasyny taşlaýan erkekleriň sany 100 bolsa, şondan 1-i aýaldy. Häzir aýallar hem erkek adamlar ýaly ahlaksyz ýaşaýarlar, paýyş sözleri aýdýarlar, spirtli içgileri içýärler, çilim çekýärler. Aýallar şeýtmek bilen bagtly boldularmy? Ýok. Käbir ýurtlarda durmuş guranlaryň takmynan ýarysy aýrylyşýar. Aýallaryň şeýle etmegi maşgala ýagdaýyna nähili täsir etdi? Peýda getirdimi ýa-da zyýan? (2 Timoteos 3:1—5).

3. Maşgaladaky kynçylyklaryň esasy sebäbi näme?

3 Şeýle kynçylyklaryň döremegine näme sebäp boldy? How enäni bir gozgalaňçy perişde, ýagny «iblis ýa şeýtan diýip atlandyrylan... köne ýylan» aldady, kynçylyklaryň bary şonda başlandy (Ylham 12:9; 1 Timoteos 2:13, 14). Şeýtan Hudaýyň sözlerini şübhä goýdy. Meselem, Iblis nika adamy çäklendirip, köp muşakgat getirýär diýen pikir döretdi. Şeýle-de öz golastyndaky dünýäniň habar beriş serişdeleri arkaly Hudaýyň tabşyryklaryny adalatsyz we köneçil edip görkezýär (2 Korintoslylar 4:3, 4). Emma aýalyň maşgaladaky roly hakda Hudaýyň aýdýanlaryny dogry garaýyş bilen öwrensek, Hudaýyň Sözüniň paýhaslydygyna we peýdalydygyna göz ýetireris.

Durmuş gurjaklar üçin duýduryş

4, 5. a) Durmuş gurmak barada pikirleneniňde näme üçin seresap bolmaly? b) Durmuşa çykmaga razylyk bermänkä gyz näme etmeli?

4 Mukaddes Ýazgylarda Iblisiň golastyndaky dünýäde hatda bagtly maşgalalar hem «muşakgat» çeker diýilýär. Nikany Hudaý döretse-de, Mukaddes Ýazgylarda durmuş gurýanlara seresap bolmaly diýip duýduryş berilýär. Äri aradan çykyp, durmuşa çykmaga hakly aýal barada Injilde: «Eger-de ol ärsiz galsa... has hem bagtyýardyr» diýilýär. Isa Mesih hem «kabul edip biljeklere» durmuş gurmazlygy maslahat berdi. Ýöne kimdir biri durmuş gurmak islese, onda «Rebde bolmaly», ýagny Hudaýa özüni bagyş edip, suwda çokundyrylan mesihçi bilen durmuş gurmaly (1 Korintoslylar 7:28, 36—40; Matta 19:10—12).

5 Aýratynam, gyz durmuşa çykjak ýigidi saýlanda pikirlenmeli, sebäbi Mukaddes Ýazgylarda: «Ärli aýal diri ärine kanun arkaly baglydyr» diýilýär. Diňe äri ölse ýa-da äri zyna edip aýrylyşsa, aýal «nika kanunyndan boşaýar» (Rimliler 7:2, 3). Köpler bir bakyşda söýgi oduna uçrap aşyk bolýarlar, ýöne bagtly maşgala gurmak üçin bu ýeterlikli däl. Şonuň üçin gyz özünden: «Men durmuş gurup, şu adamyň kanuny astynda ýaşamaga taýynmy?» diýip soramaly. Bu sowal barada durmuşa çykanyňdan soň däl-de, öňünden oýlanmaly.

6. Köp gyzlar nämäni özleri çözýär we bu karar näme üçin wajyp?

6 Köp ýurtlarda durmuşa çykmagy gyzyň özi çözýär. Emma dogry karara gelmek aňsat däl. Bu adamyň durmuşynda kyn meseleleriň biri bolup durýar, sebäbi söýmek we ýakyn gatnaşykda bolmak islegi güýçli bolýar. Bir habarçy şeýle diýýär: «Maşgala gurmak, dagyň depesine çykmak ýa-da başga bir zat etmäge islegimiz näçe güýçli bolsa, şonça-da essasyz umyt baglaýarys we şol barada gulagymyza ýakymly sözleri gözleýäris». Dagyň depesine çykmaga oýlanman karara gelýän adamyň heläk bolmagy mümkin. Şonuň ýaly ýanýoldaşy paýhassyz saýlamak hem heläkçilige eltip biler.

7. Ýanýoldaş saýlamak hakda nähili paýhasly maslahat berilýär?

7 Gyz durmuşa çykjak ýigidiniň kanuny astynda ýaşamagyň näme bilen baglanyşyklydygy hakda çynlakaý oýlanmaly. Ençeme ýyl mundan öň, bir hindi gyzy pespällik bilen şeýle diýdi: «Ata-enemiz bizden has uly hem paýhasly. Bize garanyňda olary aldamak aňsat däl. [...] Meniň ýalňyşmagym mümkin». Bu meselede ata-eneleriň we dost-ýarlaryň kömegi ähmiýetli bolup biler. Bir adam ýaşlara şeýle paýhasly maslahat berýär; geljekki ýanýoldaşyň ata-enesi bilen tanşyp, onuň ata-enesi we maşgala agzalary bilen özüni alyp barşyna üns bermeli.

Isanyň görkezen tabynlygy

8, 9. a) Hudaýa tabyn bolmaklyga Isa nähili garaýardy? b) Tabyn bolmagyň nähili peýdasy bar?

8 Tabyn bolmak kyn düşse-de, aýallar muny özüne hormat hasaplap bilerler. Çünki Isa-da tabynlyga şeýle garaýardy. Ol Ýehowa tabyn bolandygy üçin horluk çekip, jebir pürsünde öldürilmeli bolsa-da, Hudaýa tabynlykdan şatlyk tapýardy (Luka 22:41—44; Ýewreýler 5:7, 8; 12:3). Aýallar hem Isanyň göreldesine eýermeli, sebäbi Injilde: «Aýalyň baýary erkek, Mesihiň baýary hem Hudaýdyr» diýilýär (1 Korintoslylar 11:3). Emma aýallar durmuşa çykanyndan soň däl-de, ondan öň erkekleriň baştutanlygyny kabul etmeli.

9 Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, aýal-gyzlar mesihçiler ýygnagyna gözegçilik edýän ruhy taýdan ösen erkeklere tabyn bolmaly (1 Timoteos 2:12, 13; Ýewreýler 13:17). Aýal-gyzlar Hudaýyň şu tabşyrygyna eýerip, Hudaýyň guramasyndaky perişdelere görelde görkezýärler (1 Korintoslylar 11:8—10). Şeýle-de gartaşan aýallar öz göreldesi hem peýdaly maslahaty bilen ýaş gelinlere «öz ärlerine tabyn bolmagy» öwredýärler (Titus 2:3—5).

10. Tabyn bolmakda Isa nähili görelde galdyrdy?

10 Isa Mesih ýerlikli tabynlygyň peýdalydygyna düşünýärdi. Bir gezek ol Petrus resula ynsan häkimiýetlerine özleri üçin salgyt tölemegi tabşyrdy, hatda salgytlyk pul hem tapyp berdi. Biraz wagt geçenden soň, Petrus şeýle ýazdy: «Rebbiň hatyrasyna, bütin adamzat düzgünine tabyn boluň» (1 Petrus 2:14; Matta 17:24—27). Isanyň tabyn bolmakda galdyran iň beýik göreldesi hakda Injilde şeýle sözleri okaýarys: «Gaýtam gul häsiýetini alyp, adam keşbine girdi, özüni hiç etdi. Sypatda ynsan bolup, ölüme, hatda haç üstündäki ölüme-de boýun egip, Özüni kiçeltdi» (Filipililer 2:5—8).

11. Petrus resul aýallary näme üçin imansyz ärine-de tabyn bolmaga çagyrdy?

11 Petrus resul mesihçileri rehimsiz hem adalatsyz dünýewi häkimiýetlere tabyn bolmaga höweslendirip, ony şeýle düşündirdi: «Çünki siz şeýle bolmaga çagyryldyňyz; sebäbi Mesih hem Öz yzyny alyp götermegiňiz üçin görgi görüp, size bir nusga galdyrdy» (1 Petrus 2:21). Isanyň gören görgüleri, çydam bilen tabyn bolandygy hakda gürrüň berip, Petrus imansyz ärli aýallara şeýle maslahat berýär: «Eý hatynlar, siz-de şonuň ýaly, öz äriňize tabyn boluň. Şeýdip, eger käbirleri Hudaýyň sözüne boýun bolmaýan bolsa, siziň gorky içindäki päk edim-gylymyňyzy görüp, öz hatynynyň ýaşaýşy arkaly gürrüňsiz Mesihe gazanylsyn» (1 Petrus 3:1, 2).

12. Isanyň tabynlygy nähili peýda getirdi?

12 Kemsitmelere we ýaňsylanmalara garamazdan tabyn bolsaň, gowşaklyk hasaplanylmagy mümkin. Emma Isa muňa başgaça garaýardy. Bu barada Petrus şeýle ýazýar: «Sögülende sögmän, görgi görende gorky salmady» (1 Petrus 2:23). Isanyň çekýän görgülerini görüp, käbir adamlar, şol sanda onuň bilen pürse çüýlenen garakçy we ölüm jezasyna syn eden ýüzbaşy iman etdiler (Matta 27:38—44, 54; Markus 15:39; Luka 23:39—43). Şeýle-de Petrus resul käbir imansyz, hatda aýalyny kemsidýän ärler, aýalynyň tabynlygyny görüp, mesihçi bolar diýdi. Şu günler biz şeýle mysallary görýäris.

Aýallar nädip ärini gazanyp biler

13, 14. Imansyz ärlere tabyn bolmagyň nähili peýdasy bar?

13 Mesihçi aýallar öz edim-gylymy bilen ärini gazandylar. Ýehowanyň Güwäçileriniň ýakynda bolup geçen welaýat kongresinde bir adam mesihçi aýaly hakda şeýle gürrüň berdi: «Men aýalym bilen özümi örän gödek alyp barýardym, ýöne ol şonda-da maňa çuňňur hormat goýýardy, dinine ynandyrjak bolmaýardy. Söýgi bilen meniň aladamy edýärdi. Ýygnaga gitmeli bolanda, öňünden naharymy taýýarlap, öýüň ähli işlerini etmeli bolýardy. Onuň özüni alyp barşy mende Mukaddes Ýazgylara gyzyklanma döretdi. Indi men Ýehowanyň Güwäçisi!» Hawa, ol aýalynyň edim-gylymy bilen «gürrüňsiz gazanyldy».

14 Petrus resulyň belläp geçişi ýaly, aýalyň aýdýan sözleri däl-de, edýän işleri gowy netije berýär. Muny indiki mysal gowy görkezýär. Bir aýal hakykaty bilip, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmagy ýüregine düwýär. Ýöne ýanýoldaşy: «Agnes, gapydan çyksaň, öýe gaýdyp dolanma!» diýdi. Şonda aýaly «şol gapydan» däl-de, başga gapydan çykýar. Indiki sapar ýygnaga gitmeli wagty, ýanýoldaşy haýbat atyp: «Öýe geleniňde meni tapmarsyň» diýýär. Ol, hakykatdan-da, öýünden gidýär. Üç günläp gara bermeýär. Öýüne gaýdyp gelende, aýaly ýumşaklyk bilen: «Çaý-nahar edinjekmi?» diýip soraýar. Kynçylyklara garamazdan, Agnes Ýehowa wepaly galýar. Ahyrsoňy, onuň ýanýoldaşy Mukaddes Ýazgylary öwrenip, Hudaýa özüni bagyş edýär. Soňra ol gözegçi bolup, köp jogapkärli işleri ýerine ýetirýär.

15. Mesihçi aýallara nähili «bezeg» maslahat berilýär?

15 Petrus resulyň maslahat berşi ýaly, ýokarda agzalan aýallar «bezegini» görkezdiler. Ýöne bu «bezeg» özüňe aşa üns berip, «saç örmegi» ýa-da «esbap geýmegi» aňlatmaýar. Petrus şeýle diýdi: «Bezegiňiz... Hudaýyň ýanynda has gymmatly bolan ýumşak, ýuwaş ruhuň bozulmaz bezegi, ýüregiň gizlin ynsany bolsun». Bu ýumşak ruh boýun egmezligi, närazylygy bildirmän, hoşniýetlik bilen gepleýiş äheňde we tärde görünýär. Şeýdip, mesihçi aýal ärine çuňňur hormat bildirýär (1 Petrus 3:3, 4).

Öwrenerli wakalar

16. Sara mesihçi aýallara nähili görelde galdyrdy?

16 Petrus şeýle ýazdy: «Bir wagtlar Hudaýa umyt baglan mukaddes hatynlar-da öz ärlerini şeýle bezeýärdiler» (1 Petrus 3:5). Olar Ýehowanyň maslahatyna eýerip, ony razy etseler, maşgalasynyň bagtly boljakdygyna we ebedi ýaşaýyş sylagyny aljakdygyna düşünýärdiler. Petrus Ybraýymyň owadan aýaly Sarany agzap, ol «Ybraýyma: «Baýar» diýip, boýun boldy» diýýär. Sara Hudaýyň uzak ýurtlarda gulluk etmegi tabşyryk beren hudaýhon äri Ybraýymy goldaýardy. Sara baý ýaşaýşyny goýup, hatda janyny hem howp astyna saldy (Barlyk 12:1, 10—13). Petrus Saranyň batyrgaýlygyny görelde edip: «Siz hem hiç bir howpdan gorkman, ýagşylyk etseňiz, onuň perzentleri bolarsyňyz» diýdi (1 Petrus 3:5, 6).

17. Petrus mesihçi aýallara görelde hökmünde näme üçin Abigaili hem göz öňünde tutan bolmaly?

17 Abigail hem Hudaýa bil baglan batyrgaý aýallaryň biridi. Petrus ony hem göz öňünde tutan bolmaly. Abigail «pähim-paýhasly» aýaldy, ýöne onuň äri Nabal «rehimsiz we gaharjaň» adamdy. Nabal Dawuda we onuň ýigitlerine kömek etmekden boýun gaçyranda, olar Nabaly tutuş maşgalasy bilen öldürmekçidiler. Şonda Abigail maşgalasyny halas etmegiň ugruna çykýar. Ol azyk önümleri eşeklere ýükläp, ýaragly goşuny bilen üstüne gelýän Dawudyň öňünden çykýar. Ol Dawudy görüp eşekden düşýär, onuň aýagyna ýykylyp, oýlanyşyksyz iş etmezligi haýyş edýär. Onuň hereketi Dawuda güýçli täsir edip, şeýle diýýär: «Seni şu gün maňa duşurmak üçin iberen Ysraýylyň Hudaýy Ýehowa mübärek bolsun we seniň pähim-paýhasyň mübärek bolsun!» (1 Patyşalar 25:2—33).

18. Ärinden başga biri söýgi bildirende, aýallar kimiň göreldesi barada oýlanmaly we näme üçin?

18 Sulamly ýaş gyz hem kiçigöwünli çopan oglana wepalylygyny saklap, aýallara ajaýyp görelde galdyrdy. Ol baý hökümdaryň söýgi bildirendigine garazmazdan, öz söýgüsinden ýüz öwürmedi. Ynha, ol şeýle sözler bilen çopan oglana duýgusyny bildirýär: «Meni ýüregiňe möhür kimin bas, ýüzük kimin barmagyňa dak, çünki söýgim ölüm kimin güýçlüdir... Söýgimi ne bol suwlar söndürer, ne-de derýalar weýran eder» (Süleýmanyň aýdymy 8:6, 7). Şonuň ýaly durmuşa çykjak gyzlar hem ärine wepaly bolmagy we oňa çuňňur hormat goýmagy ýüregine berk düwsünler.

Hudaýyň ýene-de bir maslahaty

19, 20. a) Aýallar näme üçin ärine tabyn bolmaly? b) Aýallar üçin nähili ajaýyp görelde bar?

19 Indi bolsa makalanyň baş aýadynyň beýleki aýatlar bilen baglanyşygyna seredeliň: «Eý aýallar, Rebbe tabyn bolýan ýaly, äriňize tabyn boluň» (Efesliler 5:22). Şeýle tabynlyk näme üçin gerek? Indiki aýatda: «Çünki Mesihiň... imanlylar ýygnagynyň başy bolşy ýaly, erkek hem aýalyň başydyr» diýip düşündirilýär. Şoňa görä-de, aýallara: «Imanlylar ýygnagynyň Mesihe tabyn bolşy ýaly, aýallar-da herki zatda öz ärine tabyn bolsun» diýilýär (Efesliler 5:23, 24, 33).

20 Şu tabşyrygy berjaý etmek üçin aýallar mesh edilen mesihçiler ýygnagynyň göreldesini öwrenmeli we şoňa eýermeli. 2 Koritoslylar 11:23—28-nji aýatlary okamagy haýyş edýäris. Ýygnagyň agzasy bolan Pawlus resul ýygnagyň Başy Isa Mesihe wepaly galmak üçin nämeleri başdan geçirendigine üns beriň. Aýallar we ýygnagyň beýleki agzalary Pawlusdan görelde alyp, Isa ýürekden tabyn bolmaly. Aýallar bolsa ärine tabyn bolmaly.

21. Ärine tabyn bolmaga aýallary näme höweslendirip biler?

21 Şu günler aýallaryň köpüsi tabyn bolmagy halamasalar-da, paýhasly aýal tabynlygyň peýdalydygyny bilýär. Meselem, imansyz ärli aýal Hudaýyň kanunyna we prinsiplerine garşy gelmeýän zatlarda ýanýoldaşyna tabyn bolup, ajaýyp sylag alar, ýagny «ärini halas edip» biler (1 Korintoslylar 7:13, 16). Mundan başga-da, Ýehowa Hudaýyň ondan razydygyny we eziz Oglunyň göreldesine eýerýändigi üçin bol sylag aljakdygyna ynanýandygy mesihçi aýala şatlyk getirýär.

Ýadyňyzdamy?

• Ärine hormat goýmak aýallara näme üçin kyn bolmagy mümkin?

• Durmuş gurmaga näme üçin çynlakaý garamaly?

• Isa aýallara nähili görelde galdyrdy we onuň göreldesine eýermegiň nähili peýdasy bar?