GARAWUL DIŇI (ÖWRENMEK ÜÇIN) Awgust 2014

Žurnalyň şu sanynda 2014-nji ýylyň 29-njy sentýabryndan 26-njy oktýabr aralygynda öwreniljek makalalar bar.

Siz ruhy iýmiti «wagtly-wagtynda» alýarmysyňyz?

Adama ruhy taýdan berk bolmak üçin sadyk hyzmatkäriň çykarýan ähli edebiýatlary gerekmi?

Ýehowanyň niýetinde aýallaryň nähili orny bar?

Erem bagyndaky pitne erkekdir aýallara nähili täsir edendigini biliň. Geçmişdäki Ýehowa wepaly gulluk aýallar barada okaň. Şeýle-de şu günler aýallaryň hoş habaryň ýaýramagyna nädip goşant goşýandyklaryny biliň.

Hudaýyň Sözüni ulanyň, ol diridir!

Ýehowanyň Şaýatlarynyň ählisi ökdelik bilen wagyz etmek isleýär. Şu makalada Mukaddes Ýazgylary we kitapçalarymyzy ulanyp, adamlar bilen gürrüň etmek hem-de Ýehowanyň diri sözi arkaly olaryň ýüregine täsir etmek barada birnäçe peýdaly maslahatlara serederis.

Ýehowa bize nädip ýakynlaşýar?

Biz Ýaradyjymyz bilen dostlaşmaly. Bu makalada Ýehowanyň töleg gurbany we Sözi arkaly bizi özüne nädip ýakynlaşdyrýandygyny bileris.

Siz nirede bolsaňyz-da, Ýehowanyň sesine gulak asyň

Bu makaladan Ýehowanyň sesine gulak asmagyň we onuň bilen ýakyn gatnaşykda bolmagyň wajypdygyny bileris. Şeýle-de Ýehowanyň sesine gulak asmaga päsgel berýän Şeýtana we ten höweslerine garşy durmagy öwreneris.

«Öwrülip geleňde, doganlara goltgy ber»

Eger dogan bir wagt ýaşuly bolup gulluk eden bolsa, onda ol ýene-de «gözegçi bolmaga jan çekip» bilermi?

Okyjylaryň sowallary

Isa saddukeýlere direlen adamlar «ne öýlener, ne-de äre çykar» diýende, ýer ýüzünde direljek adamlary göz öňünde tutdumyka?

ARHIWIMIZDEN

«Ewrika dramasy» köp adamlara hakykaty bilmäge kömek etdi

«Ýaradylyş fotodramasynyň» bu gysgaldylan görnüşini çet ýerlerde tok bolmasa-da görkezip bolýardy