Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýehowa bize nädip ýakynlaşýar?

Ýehowa bize nädip ýakynlaşýar?

«Hudaýa ýakynlaşyň, Ol hem size ýakynlaşar». ÝAKUP 4:8

1. Ynsanyň dogabitdi nähili islegi bar we ony kimler kanagatlandyryp bilýär?

YNSANYŇ başga adamlar bilen ýakyndan gatnaşmaga dogabitdi islegi bolýar. Käbir adamlaryň aýtmagyna görä, biri-biriňi içgin tanap, ýürekden gowy göreniňde, birek-birege ysnyşýarsyň. Maşgala agzalarymyz we dostlarymyz bizi söýende, gadyrymyzy bilende we ýagdaýymyza düşünende özümizi bagtly duýýarys. Emma biz, esasanam, Beýik Ýaradyjymyz bilen dostlugymyzy berkitmeli (Wag. 12:1).

2. Ýehowa bize näme wada berýär, emma köp adamlar näme üçin muňa ynanmaýarlar?

2 Ýehowa Mukaddes Ýazgylarda özüne «ýakynlaşmaga» çagyrýar. Şeýle etsek, onuň hem bize «ýakynlaşjakdygyny» wada berýär (Ýakup 4:8). Bu bizi begendirmeýärmi näme?! Emma köp adamlar Hudaýyň bize ýakynlaşmak isleýändigine ynanmaýarlar. Olar özlerini Hudaýa ýakynlaşmaga mynasyp görmeýärler ýa-da Hudaý bizden has uzakda diýip pikir edýärler. Aslynda, Ýehowa ýakynlaşyp bolýarmy?

3. Biz Ýehowanyň nähili Hudaýdygyna ynanmaly?

3 Ýehowa özüni agtarýanlaryň «hiç birinden uzakda däldir»; ony ýakyndan tanap bolýar (Resullaryň işleri 17:26, 27; Zebur 145:18-nji aýatlary okaň). Ýehowa Hudaý hatda bikämil adamlaryň hem oňa ýakynlaşmagyny isleýär. Ol merhemeti bilen olary dost hökmünde kabul etmäge hemişe-de taýyndyr (Iş. 41:8; 55:6). Muňa göz ýetiren mezmurçy Ýehowa barada şeýle diýdi: «Ähli adamzat dogalary eşidýän Saňa gelýär... Saýlan adamyň, Özüňe ýakynlaşdyran adamyň, gör, ne bagtly!» (Zeb. 65:2, 4). Geliň, Mukaddes Ýazgylarda agzalýan Ýahuda patyşasy Asanyň mysalyndan Hudaýa ýakynlaşýan adamlara Ýehowanyň nähili garaýandygyny bileliň *.

ASANYŇ MYSALYNDAN ÖWRENÝÄRIS

4. Asa patyşa ýehudylara nähili görelde görkezdi?

4 Asa patyşanyň höküm sürýän döwründe ýurtda ahlaksyzlyk we butparazlyk giňden ýaýrapdy. Asa ybadathanany bu zatlardan arassalap, hakyky seždä bolan yhlasyny görkezdi (1 Pat. 15:9—13). Ol halka ýüzlenip: «Atalarymyzyň Hudaýy Rebbi agtaryp, Onuň kanunyny we tabşyryklaryny berjaý ediň» diýdi. Ýehowa Asanyň hökümdarlygynyň ilkinji on ýylyny parahatlyk berip bereketledi. Asa parahatçylygy Ýehowanyň berýändigine düşünip, halka şeýle diýdi: «Biz Ony agtardyk, Ol bize her tarapdan asudalyk berdi» (2 Ýyl. 14:1—7). Geliň, soňra näme bolandygyny bileliň.

5. Asa haýsy ýagdaýda Ýehowa bil baglady we netijesi näme boldy?

5 Özüňi Asanyň ýerine goýup gör. Efiopiýaly Zera bir million esgeri we 300 goşun arabasy bilen Ýahuda hüjüm etmäge gelýär (2 Ýyl. 14:8—10). Şeýle ägirt uly goşunyň seniň patyşalygyňa çozup gelýändigini göreniňde, özüňi nähili duýardyň? Seniň goşunyňda bolsa, bary-ýogy 580 müň esger bar! Şonda sen Hudaýyň iki esse köp goşunyň hüjüm etmegine näme üçin ýol berendigine geň galarmydyň? Şeýle çykgynsyz ýagdaýda öz düşünjäňe bil baglardyňmy? Asa patyşanyň eden hereketi onuň Ýehowa bil baglaýandygyny we onuň bilen ýakyn dost bolandygyny görkezdi. Ol Ýehowa gyzgyn doga edip şeýle diýdi: «Eý Ýehowa Hudaýymyz, bize ýardam et, çünki biz saňa bil baglaýarys. Seniň adyň bilen biz bu ummasyz goşunyň garşysyna çykdyk. Eý Ýehowa, sen biziň Hudaýymyzsyň, ynsana senden üstün çykmaga ýol berme». Hudaý Asanyň ýürekden eden dilegine nähili jogap berdi? Ýehowa «efiopiýalylaryň baryny gyryp, ýekejesini hem diri galdyrmady» (2 Ýyl. 14:11—13, TD).

6. Biz Asanyň göreldesine nädip eýerip bileris?

6 Asa patyşa Hudaýyň görkezme berjekdigine we gorajakdygyna näme üçin ynanýardy? Mukaddes Ýazgylarda Asanyň «Rebbiň nazarynda dogry işleri edendigi» we bütin ýüregi bilen Hudaýa bil baglandygy aýdylýar (1 Pat. 15:11, 14). Bizem Ýehowa Hudaýa bütin ýüregimiz bilen gulluk etsek, häzir hem, gelejekde hem onuň bilen dost bolarys. Ýehowanyň bizi özüne çekýändigine we onuň bilen dostlaşmaga kömek edýändigine diýseň begenýäris! Geliň, häzir Ýehowanyň bizi özüne haýsy iki usul bilen ýakynlaşdyrýandygyna seredeliň.

ÝEHOWA TÖLEG GURBANY ARKALY ÖZÜNE ÝAKYNLAŞDYRÝAR

7. a) Ýehowa bizi özüne ýakynlaşdyrmak üçin näme edýär? b) Hudaý, aýratynam, bizi näme arkaly özüne ýakynlaşdyrýar?

7 Ýehowa ynsan maşgalasyna owadan Ýeri sowgat berip, söýgüsini görkezdi. Ol häzirem bizi ýaşaýyş üçin gerekli zatlar bilen üpjün edip, söýgüsini bildirýär (Res. iş. 17:28; Ylh. 4:11). Ýehowa, esasanam, biziň ruhy zerurlyklarymyzyň aladasyny edýär (Luka 12:42). Şeýle-de ol biziň edýän dogalarymyzy diňe özi diňleýär (1 Ýahýa 5:14). Emma Hudaý, aýratynam, töleg gurbany arkaly bizi özüne ýakynlaşdyryp, söýýändigini görkezýär (1 Ýahýa 4:9, 10, 19-njy aýatlary okaň). Ýehowa bizi günäden we ölümden azat etmek üçin, özüniň «ýekeje Ogluny» ýer ýüzüne iberdi (Ýahýa 3:16).

8, 9. Ýehowanyň niýetinde Isanyň nähili orny bar?

8 Ýehowa hatda Mesihden öň ýaşan adamlara-da töleg gurbanyndan peýdalanmaga mümkinçilik berdi. Ýehowa adamzadyň Halasgäri barada pygamberlik edende, ol tölegi eýýäm tölenen hasaplaýardy. Sebäbi ol niýetini amala aşyrmaga hiç zadyň päsgel berip bilmejekdigini bilýärdi (Gel. çyk. 3:15). Şondan birnäçe asyr geçensoň, Pawlus resul Isa Mesihiň töleg gurbany üçin Hudaýa minnetdarlyk bildirip: «Ol (Hudaý)... Öz sabry astynda ýüze çykan günäleri ötdi» diýdi (Rim. 3:21—26). Dogrudan-da, biziň Hudaý bilen dostlaşmagymyzda Isanyň wajyp orny bar.

9 Kiçigöwünli adamlar diňe Isa arkaly Ýehowany tanap, onuň bilen dostlaşyp, şatlyk tapyp bilýärler. Mukaddes Ýazgylar muny nädip tassyklaýar? Pawlus resul: «Hudaý bize bolan söýgüsini, biz entek günäkärkäk, Mesihiň biziň ugrumyzda ölmegi bilen görkezdi» diýdi (Rim. 5:6—8). Ýehowa Isanyň töleg gurbanyny biziň mynasyp bolanymyz üçin däl, eýsem, bizi söýýändigi üçin berdi. Isa: «Meni iberen Atam çekmese, hiç kim Meniň ýanyma gelip bilmez» diýdi. Şeýle-de ol: «Mensiz hiç kim Ata baryp bilmez» diýdi (Ýahýa 6:44; 14:6). Ýehowa Isa arkaly adamlary özüne çekip, Hudaýyň söýgüsinde galmaga we ebedi ýaşaýşa umyt etmäge nädip kömek edýär? Ol gullukçylaryna mukaddes ruhuny berýär (Ýahuda 20, 21-nji aýatlary okaň). Geliň, indi Ýehowanyň ýene-de nähili usul bilen bizi özüne ýakynlaşdyrýandygyny bileliň.

ÝEHOWA SÖZI ARKALY ÖZÜNE ÝAKYNLAŞDYRÝAR

10. Mukaddes Ýazgylar bize Hudaýa ýakynlaşmaga nädip kömek edýär?

10 Biz şu makalanyň ýokarky abzaslarynda Mukaddes Ýazgylaryň 14 sany kitabyna salgylandyk. Mukaddes Ýazgylar bolmadyk bolsa, biz Ýaradyjymyza ýakynlaşyp bolýandygyny bilermidik? Şeýle-de biz töleg gurbany we Isa arkaly Ýehowa bilen dostlaşyp bolýandygyny nädip bilerdik? Ýehowa ruhy arkaly Mukaddes Ýazgylary ýazdyryp, özüniň ajaýyp häsiýetlerini we beýik niýetini aýan etdi. Mysal üçin, Müsürden çykyş 34:6, 7-nji aýatlarda Ýehowa Musa pygambere şeýle diýdi: «Men... rehimli we merhemetli Hudaýdyryn. Men giň göwünli, söýgä, wepadarlyga baý. Müňlerçe nesillere baky söýgimi görkezerin. Etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýaryn». Eýsem, şeýle Hudaý bilen kimiň dostlaşasy gelmeýär?! Ýehowa biziň Mukaddes Ýazgylardan ol barada näçe köp bildigimizçe, onuň diri Hudaýdygyna göz ýetirip, oňa ýakynlaşjakdygymyzy bilýär.

11. Ýehowany tanamak näme üçin wajyp? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

11 Biz adamy ýakyndan tanap, gylyk-häsiýetlerini gowy görenimizde, onuň bilen dostlaşýarys. Şonuň ýaly-da, Hudaý bilen dostlaşmak üçin Mukaddes Ýazgylardan onuň häsiýetlerini bilip, ony tanamaly. Ýehowanyň Mukaddes Ýazgylary bize düşnükli edip ýazdyrandygyna örän minnetdardyrys!

12. Ýehowa näme üçin Mukaddes Ýazgylary adamlara ýazdyrdy?

12 Ýehowa Mukaddes Ýazgylary perişdelere-de ýazdyryp bilerdi. Aslynda, olar biziň özümiz we edýän işlerimiz bilen örän gyzyklanýar (1 Pet. 1:12). Elbetde, perişdeler Hudaýyň habaryny adamlar üçin ýazyp bilerdi. Emma olar ähli zada ynsanyň garaýşy ýaly garap bilerdimi? Olar biziň zerurlyklarymyzy, ejizliklerimizi we isleglerimizi düşündirip bilerdimi? Ýok, Ýehowa olaryň muny başarmajakdygyny bilýär. Şol sebäpli Hudaý Mukaddes Ýazgylaryň bize has düşnükli bolmagy üçin, ony adamlara ýazdyrdy. Biz Mukaddes Ýazgylarda agzalýan we ony ýazan adamlaryň pikirlerine we duýgularyna düşünýäris. Şeýle-de biz olaryň lapykeçligine, şübhesine, gorkusyna, bikämilligine deň gynanyp, begenjine we üstünligine şatlanýarys. Ylýas pygamberde-de, Mukaddes Ýazgylary ýazan adamlaryň ählisinde-de «biziňki ýaly duýgulary» bardy (Ýakup 5:17).

Ýehowanyň Ýunus pygambere we Petrus resula bolan garaýşy seni Hudaýa nädip ýakynlaşdyrýar? (13, 15-nji abzaslara serediň)

13. Ýunus pygamberiň eden dogasy seniň ýüregiňe nähili täsir edýär?

13 Geliň, Ýunus pygamberiň mysalyna seredeliň. Ol Hudaýyň beren ýumşuny ýerine ýetirmejek bolup gaçyp gidýär. Şonda Ýunusyň nähili duýgulary başdan geçirendigini perişde doly beýan edip bilerdimi? Ýehowanyň Ýunus pygamberiň başyndan geçiren wakalaryny, deňziň düýbünde eden gyzgyn dogasyny onuň özüne ýazdyrmagy, gör, nähili paýhasly! Ýunus dogasynda: «Ýa Reb, jandan umyt üzenimde, Seni çagyrdym» diýdi (Ýunus 1:3, 10; 2:1—9).

14. Biz Işaýa pygamberiň ýagdaýyna näme üçin gowy düşünýäris?

14 Geliň, indi Işaýa pygamberiň ýazan sözleri barada oýlanalyň. Ol görnüş arkaly Ýehowanyň şöhratyny görende, özüniň bikämilligi barada şeýle diýdi: «Meniň dat günüme! Men heläk boldum, çünki men agzy haram adamdyryn we agzy haram adamlaryň arasynda ýaşaýaryn. Ine, gözlerim Şany–Hökmürowan Rebbi gördi» (Iş. 6:5). Şeýle sözleri perişde hiç haçan aýtmazdy! Biz hem Işaýa pygamber ýaly günälidigimiz üçin, onuň ýagdaýyna gowy düşünýäris.

15, 16. a) Biz adamlaryň duýgularyna näme üçin düşünýäris? Mysal getiriň. b) Hudaý bilen dostlaşmaga bize näme kömek edýär?

15 Perişdeler Ýakup ýaly özüniň «mynasyp däldigini» ýa-da Petrus resul ýaly «günäkärdigini» aýdyp bilerdimi? (Gel. çyk. 32:10; Luka 5:8). Perişdeler Isanyň şägirtleri ýaly «gorkardymy»? Ýa-da olara yzarlamalarda hoş habary wagyz etmek üçin Pawlus resula we beýleki şägirtlere berlişi ýaly, «gujur-gaýrat bermek» gerekdimi? (Ýahýa 6:19; 1 Sel. 2:2). Ýok, perişdeler kämil we ynsandan has güýçli. Bikämil adam duýgularyny beýan edende, biz muňa gowy düşünýäris. Sebäbi bizem şonuň ýaly duýgulary başdan geçirýäris. Biz Hudaýyň Sözüni okanymyzda, «şatlanýanlar bilen şatlanyp, aglaýanlar bilen aglaýarys» (Rim. 12:15).

16 Biz Mukaddes Ýazgylardan Ýehowanyň wepaly gullukçylaryna bolan garaýşy barada oýlananymyzda, Hudaýyň bikämil adamlara sabyr edýändigini we olar bilen dostlaşýandygyny bilip, onuň gowy häsiýetlerini görýäris. Biz Hudaýy näçe gowy tanadygymyzça, şonça-da oňa bolan söýgimiz artýar. Netijede, biz onuň bilen ýakyndan dostlaşýarys (Süleýmanyň tymsallary 3:32-ni okaň).

ÝEHOWA BILEN DOSTLUGYŇYZY BERKIDIŇ

17. a) Azariýa pygamber Asa nähili gowy maslahat berdi? b) Asa Azariýa pygamberiň maslahatyny nädip äsgermezlik etdi we netijede näme boldy?

17 Asa patyşa efiopiýalylaryň goşunyny derbi-dagyn edensoň, Hudaýyň pygamberi Azariýa oňa we halka öwüt-ündew berdi. Ol şeýle diýdi: «Siz Reb bilen bolsaňyz, Ol hem siziň bilendir. Ony agtarsaňyz, taparsyňyz; Ony terk etseňiz, Ol-da sizi terk eder» (2 Ýyl. 15:1, 2). Emma Asa gartaşan çagynda bu maslahata eýermedi. On taýpaly demirgazyk Ysraýyl patyşalygy Ýahuda howp salanda, Asa Siriýa patyşalygyna ýüz tutup, kömek sorady. Ol Ýehowa bil baglamagyň deregine, butparazlar bilen äht baglaşdy. Şol sebäpli Hudaý Asa: «Sen akmaklyk etdiň. Mundan beýläk sen mydama uruş içinde bolarsyň» diýdi (2 Ýyl. 16:1—9). Biz mundan nähili sapak edinip bileris?

18, 19. a) Biz Ýehowadan sähelçe-de daşlaşsak näme etmeli? b) Biz Ýehowa nädip ýakynlaşyp bileris?

18 Biz hiç haçan Ýehowadan daşlaşmaly däl. Eger biz Ýehowadan sähelçe-de daşlaşsak, Hoşea 12:6-daky şu maslahata eýermeli: «Indi sen Hudaýyň kömegi bilen oňa dolan. Wepaly söýgini we adalatlylygy saklap, hemişe öz Hudaýyňa umyt baglap göz dik». Şol sebäpli, geliň, töleg gurbanyna minnetdarlygymyzy bildirip we Hudaýyň Sözüni yhlas bilen öwrenip, Ýehowa has-da ýakynlaşalyň! (Kanun taglymaty 13:4-i okaň) *.

19 Mezmurçy: «Maňa bolsa Hudaýa ýakynlaşmak gowudyr» diýdi (Zeb. 73:28). Biziň ählimiz Ýehowa barada näçe köp bildigimizçe, şonça-da ony söýmäge köp sebäbiň bardygyna göz ýetireris. Şonda Ýehowa häzir hem, ebedi hem biziň dostumyz bolar!

^ abzas 3 2012-nji ýylyň 15-nji awgustynda çykan «Garawul diňi» žurnalyndaky «Eden işleriňiz üçin sylaglanarsyňyz» diýen Asa patyşa baradaky makala serediň.

^ abzas 18 Kanun taglymaty 13:4 Hudaýyňyz Rebbiň yzyna eýeriň, diňe Ondan gorkuň, Onuň buýruklaryny ýerine ýetiriň, Oňa gulak asyň, gulluk ediň, Oňa bil baglaň.