Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Siz nirede bolsaňyz-da, Ýehowanyň sesine gulak asyň

Siz nirede bolsaňyz-da, Ýehowanyň sesine gulak asyň

«„Ýol budur, şundan ýöräň“ diýen sesi eşidersiňiz». IŞ. 30:21

1, 2. Ýehowa gullukçylaryna nädip görkezme berýär?

ÝEHOWA hemişe öz halkyna görkezme berýär. Geçmişde Hudaý perişdeler, görnüş ýa-da düýş arkaly boljak zatlary adamlara öňünden habar berýärdi. Şeýle-de ol gullukçylaryna ýumuş tabşyrýardy (San. 7:89; Ezek. 1:1; Dan. 2:19). Käbir ýagdaýlarda Ýehowa görkezmesini ýerdäki guramasynyň agzalary arkaly berýär. Hudaýyň halky onuň görkezmesini nähili usul bilen alsa-da, oňa eýerip bereket alýar.

2 Şu günler Ýehowa halkyna Mukaddes Ýazgylar, mukaddes ruhy we ýygnak duşuşyklary arkaly görkezme berýär (Res. iş. 9:31; 15:28; 2 Tim. 3:16, 17). Hudaýyň berýän görkezmesi şeýle aýdyň bolýar welin, biz: «„Ýol budur, şundan ýöräň“ diýen sesi eşiden» ýaly bolýarys (Iş. 30:21). Aslynda, Ýehowa ýygnagyň başy edip Isany belledi we ol «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» üsti bilen bize görkezme berýär (Mat. 24:45). Biz ebedi ýaşaýyş sylagyny almak üçin, Hudaýyň berýän şol görkezmesine gulak asmaly (Ýew. 5:10).

3. Ýehowanyň görkezmesine eýermäge bize nämeler päsgel berýär? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

3 Şeýtan Iblis bizi Ýehowanyň ýaşaýyş berýän görkezmesine eýertmejek bolýar. Galyberse-de, biziň «hilegär» ýüregimiz Ýehowa doly gulak asasy gelmeýär (Ýer. 17:9). Şol sebäpli, geliň, Hudaýyň sesini eşitmäge päsgel berýän zatlara nädip garşy durup bolýandygyna seredeliň. Şeýle-de ähli ýagdaýlarda Ýehowa gulak asyp, doga etmegiň onuň bilen dostlugymyzy saklamaga nädip kömek edýändigini bileliň.

ŞEÝTANYŇ HÜJÜMLERINE GARŞY DURUŇ

4. Şeýtan adamlaryň oý-pikirlerine nädip täsir etjek bolýar?

4 Şeýtan ýalan maglumatlar we nädogry garaýyşlar arkaly adamlaryň oý-pikirlerine täsir etjek bolýar (1 Ýahýa 5:19-y okaň). Bütin dünýäde gazetler, kitap-žurnallar, radio, telegepleşikler we Internet arkaly dürli maglumatlar ýaýradylýar. Olar gyzykly ýaly görünse-de, köplenç Ýehowanyň kada-kanunlaryna garşy gelýän zatlary öňe sürýär (Ýer. 2:13). Mysal üçin, täzeliklerde we göwnaçma gepleşiklerinde bir jynsdaky adamlaryň nikalaşmagyny adaty zat ýaly edip görkezýärler. Köp adamlar Mukaddes Ýazgylarda gomoseksualizm barada aýdylýan zatlary könelişen hasaplaýarlar (1 Kor. 6:9, 10).

5. Şeýtanyň ýaýradýan nädogry garaýyşlarynyň täsirine düşmez ýaly näme etmeli?

5 Hudaýyň dogrulygyny söýýän adamlar Şeýtanyň ýaýradýan nädogry garaýyşlarynyň täsirine düşmez ýaly näme etmeli? Olara ýagşyny-ýamany saýgarmaga näme kömek eder? Munuň üçin Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan zatlara eýermeli (Zeb. 119:9). Hudaýyň Sözünde hakykaty ýalandan saýgaryp biler ýaly ähli gerekli görkezmeler berilýär (Sül. tym. 23:23). Isa: «Adam... Hudaýyň agzyndan çykan her bir söz bilen hem ýaşaýandyr» diýdi (Mat. 4:4). Şol sebäpli biz Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerini durmuşymyzda nädip ulanmalydygyny öwrenmeli. Meselem, Ýusup atly ýaş ýigit Hudaýyň zyna barada entek ýazylgy kanuny bolmasa-da, zyna etmegiň günädigine düşünýärdi. Potyparyň aýaly Ýusuba günä etdirjek bolanda, ol Ýehowa gulak asmazlyk barada asla pikirem etmändi (Gelip çykyş 39:7—9-njy aýatlary okaň) *. Bu aýal ony birnäçe gezek yrjak bolsa-da, Ýusup oňa däl-de, Ýehowa gulak asdy. Biz ýagşyny ýamandan saýgarmak üçin, Ýehowanyň sesine gulak asyp, Şeýtanyň ýaýradýan nädogry garaýyşlaryna gulak gabartmaly däl.

6, 7. Şeýtanyň erbet maslahatlaryna eýermez ýaly näme etmeli?

6 Şeýtanyň dünýäsi biri-birine garşy gelýän ýalan dini düşünjelerden we taglymatlardan doly. Şol sebäpli köp adamlar hakyky dini tapyp bolmaýar diýýärler. Emma Ýehowa höwes bilen gulak asýan adamlara aýdyň görkezme berýär. Biz kime gulak asjakdygymyzy özümiz saýlamaly. Adam şol bir wagtyň özünde iki sesi diňläp bilmeýär. Şonuň üçin biz Isanyň «sesini tanap», oňa gulak asmaly. Sebäbi Ýehowa Isany goýunlaryna çopan edip belledi (Ýahýa 10:3—5-nji aýatlary okaň).

7 Isa: «Eşidýänleriňize üns beriň» diýdi (Mar. 4:24). Ýehowanyň berýän aýdyň we dogry maslahatlaryny ýürekden kabul etmek üçin, olara ünsli bolup, gulak asmaly. Eger biz seresap bolmasak, Ýehowanyň söýgi bilen berýän maslahatlaryny diňlemän, gaýtam, Şeýtanyň erbet maslahatlaryna gulak gabardarys. Şol sebäpli, geliň, bu dünýädäki aýdym-sazlaryň, filmleriň, telegepleşikleriň, kitaplaryň, dost-ýarlaryň, mugallymlaryň we şonuň ýaly adamlaryň biziň durmuşymyza täsir etmegine ýol bermäliň! (Kol. 2:8).

8. a) Biz nädip Şeýtanyň duzagyna düşüp bileris? b) Ýüregimize täsir edýän zatlara biparh garasak näme bolar?

8 Şeýtan biziň günäli höweslerimiziň bardygyny bilip, olary kanagatlandyrmaga iterýär. Iblis biziň günäli höweslerimizi oýaranda, Hudaýa wepaly galmak kyn bolýar (Ýahýa 8:44—47). Biz muňa nädip döz gelip bileris? Adam nämedir bir zady hiç haçan etmerin diýip pikir etse-de, günäli höweslerine ýol berse, ony edip bilýär (Rim. 7:15). Muňa näme sebäp bolýar? Ol ýuwaş-ýuwaşdan Ýehowanyň sesine üns bermän başlaýar ýa-da ýüregine täsir edýän erbet zatlara biparh garaýar. Ýa-da ol doga etmegini bes edýär, yhlasly wagyz etmeýär we ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli barmaýar. Netijede, ol höweslerine eýerip, bilgeşleýin günä edýär. Biz şeýle ýagdaýa düşmez ýaly ýüregimize täsir edýän erbet zatlara ünsli bolup, aýgytly hereket etmeli. Galyberse-de, biz Ýehowanyň sesine gulak assak, imandan dänen adamlaryň garaýşyny ret ederis (Sül. tym. 11:9).

9. Günäli höwesimiziň bardygyny duýan badymyza näme üçin aýgytly hereket etmeli?

9 Adam agyr keseliniň bardygyny bilen badyna, bejergi alyp başlasa, janyny halas edip bilýär. Şonuň ýaly-da, biz günäli höwesimiziň bardygyny duýan badymyza, aýgytly hereket etsek, diriligimize Şeýtanyň eline düşmeris we onuň «islegini ýerine ýetirmeris» (2 Tim. 2:26). Eger biz pikirimiziň we islegimiziň Hudaýyň talaplaryna laýyk gelmeýändigini bilsek näme etmeli? Biz haýal etmän, pesgöwünlilik bilen Hudaýa dönmeli we onuň görkezmesine gulak asyp, ýürekden kabul etmeli (Iş. 44:22). Biz käbir meselelerde nädogry karara gelsek, onuň netijesiniň erbet bolup, zalym dünýäniň soňuna çenli ejir çekjekdigimize düşünmeli. Şol sebäpli şeýle ýalňyşlyklaryň derrew öňüni alsak nähili paýhasly bolardy!

Ýehowa edýän seždämiz bizi nädip Şeýtanyň duzaklaryndan goraýar? (4—9-njy abzaslara serediň)

TEKEPBIRLIGE WE AÇGÖZLÜGE GARŞY DURUŇ

10, 11. a) Biz nädip tekepbir bolup bileris? b) Biz Kora, Datan we Abyramyň mysalyndan nähili sapak edinip bileris?

10 Ýüregimiz bizi Ýehowadan daşlaşdyryp bilýär. Meselem, tekepbirlik we açgözlük barada oýlanyp göreliň. Bu häsiýetler bizi günä etmäge iterip biler. Tekepbir adam özüni hemmelerden ýokary tutup, islän zadyny edip bilýändirin öýdýär. Ol maňa näme etmelidigini aýtmaga hiç kimiň haky ýok diýip pikir edýär. Tekepbir adam mesihçileriň, ýygnak ýaşulularynyň, hatda Ýehowanyň guramasynyň berýän maslahatlaryna-da gulak asmaýar. Ol Ýehowadan daşlaşyp, Hudaýyň sesini saýgaryp bilmeýär.

11 Gadymy döwürde ysraýyllylar çölde göçüp-gonup ýörkä, Kora, Datan we Abyram Musa bilen Haruna garşy pitne turuzdylar. Pitneçiler tekepbirliginden ýaňa, Ýehowa özleriniň isleýşi ýaly sežde etmek islediler. Bu Ýehowa nähili täsir etdi? Ol pitneçileri öldürdi (San. 26:8—10). Biz mundan gowy sapak edinip bileris. Ýehowa garşy pitne turuzmak heläkçilige eltýär. Şol sebäpli, geliň, «heläkçilikden öň tekepbirlik... gelýändigini» ýatdan çykarmalyň! (Sül. tym. 16:18; Iş. 13:11).

12, 13. a) Açgözlügiň heläkçilige eltýändigini mysal arkaly düşündiriň. b) Açgözlügi aýyrmasak, ol ýüregimizi nädip çalt eýeläp biler?

12 Açgözlük hem howpludyr. Açgöz adam köplenç Ýehowanyň görkezmesini özüne degişli hasaplamaýar. Ol özüniňki bolmadyk zady alyp bilýändirin öýdýär. Elýaşa pygamber aramlylaryň goşun serkerdesi Nagamany pis açma keselinden sagaldýar. Şonda Nagaman Elýaşa pygambere sowgat berjek bolanda, ol ony almaýar. Emma Elýaşanyň hyzmatkäri Geýhazy şol sowgatlary almak isleýär. Ol: «„Rebden ant içýärin, men onuň (Nagamanyň) yzyndan ylgap gidip, ondan bir zatlar alaýyn“ diýen pikire gelýär». Geýhazy Elýaşa hiç zat diýmän, Nagamanyň yzyndan ýetip, oňa ýalan sözleýär we «bir ýarym batman töweregi kümüş bilen iki laý eşik» soraýar. Geýhazynyň açgözlük edip, Ýehowanyň pygamberine ýalan sözländigi üçin näme boldy? Nagamanyň ýokançly deri keseli oňa geçdi! (2 Pat. 5:20—27).

13 Açgözlük kiçi zatdan başlanýar. Emma ony derrew aýyrmasaň, ol adamyň ýüregini çalt eýeleýär. Mukaddes Ýazgylarda Akanyň açgözlügi barada aýdylýar. Geliň, açgözlügiň Akanyň ýüregini nädip çalt eýeländigine seredeliň. Ol şeýle diýýär: «Men olja alnan zatlaryň arasyndan owadan Şingar donuny, bäş gadak kümüş hem-de agramy bir ýarym gadak bolan altyn tokgasyny görenimde, gözüm gidip, olary ogurladym». Akan pälinden gaýtman, açgözlük bilen ogurlyk edýär we alan zatlaryny çadyrynda gizleýär. Akanyň eden işiniň üsti açylanda, Ýeşuwa Ýehowanyň oňa betbagtçylyk indirjekdigini aýdýar. Şol güni Akany we onuň maşgalasyny daşlap öldürýärler (Ýeş. 7:11, 21, 24, 25). Biz hem seresap bolmasak, Akan ýaly açgözlügiň duzagyna düşüp bileris. Şol sebäpli biz «özümizi her hili betnebislikden goramaly» (Luka 12:15). Ahlaksyzlyk hem açgözlügiň bir görnüşidir. Eger biz käte erbet zatlar barada pikir edýän bolsak, ýaramaz isleglerimiz bize günä etdirmez ýaly, olara garşy durmaly (Ýakup 1:14, 15-nji aýatlary okaň).

14. Biz özümizde tekepbirligiň ýa-da açgözlügiň bardygyny duýsak näme etmeli?

14 Tekepbirligem, açgözlügem heläkçilige eltýär. Erbet işleriň netijesi barada öňünden oýlanmak, Ýehowanyň sesini diňlemäge kömek edýär (Kan. tag. 32:29). Hak Hudaý Mukaddes Ýazgylar arkaly bize diňe bir dogry ýoly görkezmän, eýsem, ondan ýöremegiň peýdalydygyny hem düşündirýär. Şeýle-de Ýehowa nädogry ýoldan ýöremegiň erbetlige eltýändigini aýdýar. Şol sebäpli biziň ýüregimiz tekepbirlik ýa-da açgözlük bilen haýsydyr bir erbet zady etdirjek bolsa, onuň netijesi barada oýlansak paýhasly bolar. Biz erbet hereketimiziň özümize, ýakynlarymyza, esasan-da, Ýehowa bilen dostlugymyza nähili täsir etjekdigi barada oýlanmaly.

ÝEHOWA BILEN ÝAKYN GATNAŞYKDA BOLUŇ

15. Biz Isanyň Ýehowa bilen gatnaşygyndan näme öwrenip bilýäris?

15 Ýehowa biziň bagtly ýaşamagymyzy isleýär (Zeb. 1:1—3). Ol bize gerek wagty dogry görkezme berýär (Ýewreýler 4:16-ny okaň). Isa kämil bolsa-da, Hudaý bilen ýakyn gatnaşykda bolup, dyngysyz doga edýärdi. Ýehowa ony täsin usullar arkaly goldap, görkezme berýärdi. Hudaý Isa hyzmat eder ýaly perişdelerini iberdi, mukaddes ruhy arkaly kömek etdi we 12 resulyny saýlanda, oňa görkezme berdi. Şeýle-de Ýehowa gökden gürläp, Isany goldaýandygyny we ondan razydygyny aýtdy (Mat. 3:17; 17:5; Mar. 1:12, 13; Luka 6:12, 13; Ýahýa 12:28). Isa ýaly biz hem Hudaýa doga edip, ýüregimizi dökmeli (Zeb. 62:7, 8; Ýew. 5:7). Doga bize Ýehowa bilen ýakyn gatnaşykda bolmaga we ony şöhratlandyryp ýaşamaga kömek edýär.

16. Ýehowa sesini diňlemäge bize nädip kömek edýär?

16 Ýehowa bize maslahat berse-de, oňa eýermäge mejbur etmeýär. Biz onuň mukaddes ruhuny dilesek, ol ony jomartlyk bilen berýär (Luka 11:10—13-nji aýatlary okaň). Biz, esasanam, «eşidişimize üns bermeli» (Luka 8:18). Meselem, Ýehowadan ahlaksyzlyga garşy göreşmäge kömek etmegini diläp, özümiz bolsa pornografiýa ýa-da ahlaksyz filmleri görsek, ikiýüzlülik etdigimiz bolardy. Biz Ýehowanyň kömegini almak üçin, onuň ruhunyň bar ýerlerine, meselem, ýygnak duşuşyklaryna barmaly. Hudaýyň gullukçylarynyň köpüsi ýygnak duşuşyklarynda Ýehowany diňläp, köp betbagtçylykdan gaça durdular. Olar günäli höweslerini ýüreklerinden sogrup, dogry ýola düşdüler (Zeb. 73:12—17; 143:10).

ÝEHOWANYŇ SESINI HEMIŞE ÜNSLI DIŇLÄŇ

17. Özüňe bil baglamak näme üçin howply?

17 Geliň, gadymy Ysraýylyň patyşasy Dawudyň mysalyna seredeliň. Ol ýetginjek oglanka, Jalut atly piliştli äpet pälwany ýeňdi. Dawut halkyň esgeri, patyşasy, goraýjysy we ýolbaşçysy boldy. Emma Dawut özüne bil baglanda, ýüreginiň aldawyna düşüp, Batşeba bilen zyna etdi. Ol hatda onuň ýanýoldaşy Uryýany hem öldürtdi. Ýehowa Dawudy düzedende, ol kiçigöwünlilik bilen günäsini boýun alyp, Ýehowa bilen gatnaşygyny dikeltdi (Zeb. 51:4, 6, 10, 11).

18. Ýehowanyň sesini hemişe diňlemäge bize näme kömek eder?

18 Geliň, ählimiz 1 Korintoslylar 10:12-däki maslahata eýereliň we özümize göwnüýetiji bolmalyň. «Dogry ädim basmagyň ygtyýarymyzda däldigi» üçin, biz ýa Ýehowanyň, ýa-da Şeýtanyň sesini diňleýäris (Ýer. 10:23). Şol sebäpli biz dyngysyz doga edip, mukaddes ruhuň görkezmesine eýerip, Ýehowanyň sesini hemişe ünsli diňlemeli.

^ abzas 5 Gelip çykyş 39:7 Aradan birnäçe wagt geçenden soň, oňa Potyparyň aýalynyň göwni gidip: «Meniň bilen ýat» diýdi. 8 Emma Ýusup mundan boýun gaçyryp, şeýle diýdi: «Jenabym öýüň hiç bir zady üçin baş galdyrmaýar. Ol öz eýeçiligindäki bar zatlary meniň baştutanlygyma berdi. 9 Şu hojalykda meniň ygtyýarym onuňkydan ýokarydyr. Ol hojalygyň senden başga ähli zadyny maňa ynandy, çünki sen onuň aýalysyň. Onsoň nädip men beýle gabahat iş edip, Hudaýyň öňünde günä gazanyp bilerin?!»