Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

Isa saddukeýlere direlen adamlar «ne öýlener, ne-de äre çykar» diýende, ýer ýüzünde direljek adamlary göz öňünde tutdumyka? (Luka 20:34—36).

Bu sorag, esasan-da, söýýän ýanýoldaşyny ýitiren adamlar üçin wajyp bolsa gerek. Belki-de, olar täze dünýäde ýanýoldaşy direlende, onuň bilen birleşmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýandyr. Aýaly aýrylan bir dogan şeýle diýýär: «Aýalym ikimiz nikamyzyň bozulmagyny asla islemeýärdik. Biz hemişe är-aýal bolup Hudaýa ebedi sežde etmek isleýärdik. Meniň bu islegim henizem üýtgänok». Emma direljek adamlar durmuş gurup bilermi? Biz muňa anyk jogap berip bilmeýäris.

Birnäçe ýyllap biziň edebiýatlarymyzda Isanyň direliş we durmuş gurmak babatda aýdan sözleriniň ýer ýüzünde direljek adamlara degişlidigi aýdylýardy. Şeýle-de olaryň täze dünýäde durmuş gurmajakdyklary düşündirilýärdi * (Mat. 22:29, 30; Mar. 12:24, 25; Luka 20:34—36). Emma biz muny anyk bilmeýändigimiz üçin, Isanyň sözleri gökdäki direlişe degişli diýse bolarmy? Bu babatda bize Isanyň aýdan sözleri kömek eder.

Geliň, Isa bilen bolan waka seredeliň (Luka 20:27—33-nji aýatlary okaň). Direlişe ynanmaýan saddukeýler direliş we Musanyň kanuny esasynda durmuş gurmak barada sorag berip, Isany sözünde tutjak boldular *. Isa olara şeýle jogap berdi: «Bu döwrüň adamlary öýlenýändir, äre çykýandyr. Ýöne ol döwre, ölülerden direlişe ýetmäge mynasyp görlenler ne öýlener, ne-de äre çykar. Artykmaç, ölüp hem bilmez; çünki olar perişdeler ýalydyr. Direlişiň ogludyklary üçin Hudaýyň ogludyrlar» (Luka 20:34—36).

Aslynda, edebiýatlarymyzda näme üçin Isa ýerdäki direliş barada aýdandyr diýlipdi? Bu iki sebäbe görä düşündirilipdi: 1. Saddukeýler ýerdäki direlişi göz öňünde tutup, sorag bereni üçin, Isa-da şoňa görä jogap berdi; 2. Isa sözüniň soňunda ýer ýüzünde direljek Ybraýym, Yshak we Ýakup pygamberleri agzady (Luka 20:37, 38).

Emma Isa gökdäki direlişi göz öňünde tutan bolmaly. Biz näme üçin şeýle diýip bileris? Geliň, Isanyň aýdan sözleriniň iki esasy jümlesine seredeliň.

«Ölülerden direlişe ýetmäge mynasyp görlenler». Wepaly mesh edilen mesihçiler «Hudaýyň Patyşalygyna mynasyp saýylýarlar» (2 Sel. 1:5, 11). Sebäbi olar Isanyň töleg gurbany esasynda Hudaýyň öňünde dogry adam hasaplanýarlar. Diýmek, olar günäsi üçin ölmeýärler (Rim. 5:1, 18; 8:1). Mukaddes Ýazgylarda olaryň «bagtly, mukaddesdigi» we gökdäki direlişe mynasypdygy aýdylýar (Ylh. 20:5, 6). Ýer ýüzündäki ýaşaýyş üçin direljeklere bolsa, «egri» adamlar hem degişli (Res. iş. 24:15). Eýsem, olar direlişe «mynasyp saýylýar» diýse bolarmy?

«(Olar) ölüp hem bilmez». Mukaddes Ýazgylaryň başga terjimelerinde bu jümle «indi olara ölüm agalyk etmez» we «ölümiň olara güýji ýetmez» diýip terjime edilipdir. Mesh edilen mesihçiler ýer ýüzünde wepaly bolup ölensoň, gökde direlip, ölümsiz, ýagny tükeniksiz, mukaddes ýaşaýşy alýarlar (1 Kor. 15:53, 54). Gökde direlenlere ölümiň asla güýji ýetmeýär *.

Ýokarda agzalanlary göz öňünde tutup, nähili netijä gelip bileris? Isanyň durmuş gurmak we direliş baradaky sözleri gökdäki direlişe degişli diýse bolar. Isanyň aýdan sözleri gökdäki ýaşaýyş üçin direljekler babatda birnäçe zatlara düşünmäge kömek edýär: Olar durmuş gurmaýar, ölmeýär, gökdäki Patyşalygy miras alyp, perişdeler ýaly hormata eýe bolýar. Elbetde, şeýle netijä gelmegimiz bilen birnäçe sorag hem ýüze çykýar.

Birinjiden, ýerdäki direlişi göz öňünde tutan saddukeýleriň soragyna Isa näme üçin gökdäki ýaşaýyş bilen baglanyşdyryp jogap berdi. Isa käwagt duşmanlarynyň soragyna olaryň pikir edişine görä jogap bermeýärdi. Meselem, ýehudylar Isadan alamat görkezmegini soranlarynda, ol: «Siz şu ybadathanany ýykyň, Men ony üç günüň içinde dikelderin» diýip jogap berdi. Isa olaryň gurlan ybadathanany göz öňünde tutýandygyny bilýärdi, «ýöne Isa ybadathana diýip, Öz bedenine aýdýardy» (Ýahýa 2:18—21). Belki-de, Isa direlişe we perişdeleriň bardygyna ynanmaýan ikiýüzli saddukeýleriň soragyna jogap bermegi wajyp hasaplan däldir (Sül. tym. 23:9; Mat. 7:6; Res. iş. 23:8). Munuň deregine, ol akýürekli şägirtlerine gökdäki direliş barada hakykaty aýtmak isländir. Sebäbi olar günlerde bir gün gökde direlmelidi.

Ikinjiden, Isa sözüniň ahyrynda näme üçin ýer ýüzünde direljek Ybraýym, Yshak we Ýakup pygamberleri agzady? (Matta 22:31, 32-nji aýatlary okaň). Üns beren bolsaňyz, Isa şol pygamberleri agzamanka, «ölümden direlmek» diýen jümläni aýtdy. Muny aýtmak bilen, Isa saddukeýleriň pikirini başga zada gönükdirdi. Soňra ol Musanyň kitabyna salgylandy. Sebäbi saddukeýler şol kitaplara ynanýardylar. Isa Ýehowanyň Musa pygambere aýdan sözlerini getirip, Hudaýyň niýetine görä, ýer ýüzünde direlişiň, hakykatdanam, boljakdygyny subut etdi (Müs. çyk. 3:1—6).

Üçünjiden, eger Isanyň direliş we durmuş gurmak barada aýdan sözleri gökdäki direlişe degişli bolsa, onda ýer ýüzünde direljek adamlar durmuş gurup bilermi? Hudaýyň Sözünde bu soraga anyk jogap berilmeýär. Eger Isa gökdäki direliş barada aýdan bolsa, onuň sözleri ýer ýüzünde direljek adamlaryň täze dünýäde durmuş gurup biljekdigini ýa-da bilmejekdigini açyk görkezmeýär.

Häzirlikçe, biz Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, nika bagynyň ölüm bilen üzülýändigini bilýäris. Şol sebäpli ýanýoldaşy aýrylan erkek ýa-da aýal täzeden durmuş gurmak islese, ol özüni günäkär duýmaly däl. Şeýle-de başgalar hem olary maşgala gurup, bagtly ýaşamak isleýändigi üçin ýazgarmaly däl. Çünki muny her kimiň özi çözýär (Rim. 7:2, 3; 1 Kor. 7:39).

Görşümiz ýaly, täze dünýäde boljak ýaşaýyş barada biziň köp soraglarymyz bar. Biz şol soraglaryň jogaby barada oýlanman, gaýtam, boljak zatlary görüp bilmegimiz üçin diňe garaşmaly. Emma dogry adamlaryň bagtly boljakdygyna ynanyp bileris. Sebäbi Ýehowa olaryň ähli zerurlyklaryny we isleglerini doly kanagatlandyrar (Zeb. 145:16).

^ abzas 4 1989-njy ýylyň 15-nji iýunynda çykan «Garawul diňi» (rus.) žurnalynyň 22, 23-nji sahypalaryna serediň.

^ abzas 5 Musanyň kanunyna görä, bir aýalyň ogly dogulmanka äri ýogalsa, doganynyň neslini dowam etdirmek üçin, ýogalan adamyň dogany şol aýala öýlenmelidi (Gel. çyk. 38:8; Kan. tag. 25:5, 6).

^ abzas 9 Ýer ýüzünde direljek adamlar ölümsiz ýaşaýşy däl-de, ebedi ýaşaýşy alarlar. Ölümsiz ýaşaýyş bilen ebedi ýaşaýşyň tapawudyna has gowy düşünmek üçin 2009-njy ýylyň 15-nji fewralynda çykan «Garawul diňi» žurnalyna serediň (sah. 25, abz. 6).