Siz ruhy iýmiti «wagtly-wagtynda» alýarmysyňyz?
BIZ adamzat taryhynyň iň kyn döwründe ýaşaýarys (2 Tim. 3:1—5). Biziň Ýehowa bolan söýgimiz we onuň dogry kadalaryna görä ýaşamak islegimiz her gün synalýar. Isa kyn günleriň boljakdygyny önüňden aýdypdy. Şeýle-de ol şägirtlerine dünýäniň soňuna çenli gerekli goldawy berjekdigini wada berdi (Mat. 24:3, 13; 28:20). Ol şägirtlerini ruhy taýdan berkitmek üçin, olara «wagtly-wagtynda» ruhy iýmiti berjek sadyk hyzmatkäri belledi (Mat. 24:45, 46).
Sadyk hyzmatkär 1919-njy ýylda bellenilenden bäri ähli dillerden bolan millionlarça «öýdäki hyzmatkärler» Hudaýyň guramasyna ýygnalyp, ruhy taýdan iýmitlendirilýär (Mat. 24:14; Ylh. 22:17). Emma edebiýatlarymyz ähli dile deň derejede çap edilmeýär we adamlaryň käbirinde olaryň elektron görnüşi ýok. Meselem, käbir wideodyr makalalaryň diňe jw.org saýtymyzda çykýandygy sebäpli, olar dogan-uýalaryň köpüsinde bolmaýar. Bu dogan-uýalaryň ruhy taýdan berk bolmaklary üçin ýeterlikli ruhy iýmiti almaýandygyny aňladýarmy? Geliň, muňa aýdyň düşünmek üçin, dört esasy soragyň jogabyna seredeliň.
1 Ýehowanyň berýän esasy ruhy iýmiti näme?
Şeýtan: «Daşlary çörege öwür» diýip, Isany synanda, ol: «Adam diňe bir çörek bilen däl, eýsem Hudaýyň agzyndan çykan her bir söz bilen hem ýaşaýandyr» diýip jogap berdi (Mat. 4:3, 4). Ýehowanyň sözleri Mukaddes Ýazgylarda ýazylgy (2 Pet. 1:20, 21). Şol sebäpli biziň esasy ruhy iýmitimiz — Mukaddes Ýazgylar (2 Tim. 3:16, 17).
Ýehowanyň guramasy «Mukaddes Ýazgylaryň Täze dünýä terjimesini» tutuşlygyna ýa-da bölekleýin 120-den gowrak dilde çap etdi. Şeýle-de ol her ýyl birnäçe dile terjime edilýär. Mundan başga-da Mukaddes Ýazgylaryň başga terjimeleriniň milliardlarçasy tutuşlygyna ýa-da bölekleýin müňlerçe dilde bar. Bu Ýehowanyň «bütin adamlaryň gutulmagyny, hakykat bilimine ýetmegini isleýändigini» görkezýär (1 Tim. 2:3, 4). «Hudaýdan gizlin hiç bir mahluk ýokdur». Şol sebäpli ol «ruhy garyplary» guramasyna çekýär we olary ruhy iýmit bilen üpjün edýär (Ýew. 4:13; Mat. 5:3, 6; Ýahýa 6:44; 10:14).
2 Ruhy iýmiti almagymyzda edebiýatlarymyzyň nähili orny bar?
Imanymyzy berkitmek üçin, diňe Mukaddes Ýazgylary okamak ýeterlikli däl. Biz okan zadymyza düşünip, öwrenen zadymyzy durmuşda ulanmaly (Ýakup 1:22—25). I asyrda ýaşan hebeşistanly wezir muňa gowy düşündi. Ol Hudaýyň Sözüni okap otyrka, hoş habarçy Filipus ondan: «Okaýan zatlaryňa düşünýärmisiň?» diýip sorady. Ol hem: «Biri ýol görkezmese, nähili düşüneýin?» diýip jogap berdi (Res. iş. 8:26—31). Filipus wezire Hudaýyň Sözüne dogry düşünmäge kömek etdi. Wezire alan bilimi şeýle güýçli täsir etdi welin, ol suwda çokundyryldy (Res. iş. 8:32—38). Şonuň ýaly-da, Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlarymyz bize hakykat bilimine ýetmäge kömek edýär. Bu bilim biziň ýüregimize täsir edip, öwrenen zatlarymyza görä ýaşamaga höweslendirýär (Kol. 1:9, 10).
Ýehowanyň gullukçylaryna edebiýatlar arkaly ruhy taýdan bol iýmit berilýär (Iş. 65:13). Meselem, 210-dan gowrak dilde çykýan «Garawul diňi» žurnalynda pygamberlikler düşündirilýär we ruhy hakykat bilimimiz çuňlaşdyrylýar. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine görä ýaşamaga höweslendirilýär. 100-den gowrak dilde çykýan «Oýanyň!» žurnalynda bolsa, Ýehowanyň ýaradan zatlary hakda gürrüň berilýär we Mukaddes Ýazgylaryň peýdaly maslahatlaryna nädip eýermelidigi düşündirilýär (Sül. tym. 3:21—23; Rim. 1:20). Sadyk hyzmatkär Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary 680-den gowrak dile terjime edýär. Sen her gün Mukaddes Ýazgylary okamak üçin wagt sarp edýärmiň? Sen her bir täze žurnaly we her ýyl ene diliňde çykýan täze edebiýatlary okaýarmyň?
Ýehowanyň guramasy edebiýatlardan başga-da ýygnaklarda, kongreslerde çykyş edilýän Mukaddes Ýazgylara esaslanan nutuklary taýýarlaýar. Sen bu duşuşyklarda aýdylýan nutuklary, görkezilýän sahnalary we berilýän interwýulary halaýarmyň? Hawa, Ýehowa bize ruhy toý saçagyny giňden bezeýär! (Iş. 25:6).
3 Eger siz edebiýatlaryň ählisini öz ene diliňizde almaýan bolsaňyz, ruhy iýmitiň size ýeterlikli berilmeýändigini aňladýarmy?
Ýok, aňlatmaýar. Ýehowanyň gullukçylarynyň käbiri beýlekilere garanyňda, ruhy iýmiti köpräk alýar. Näme üçin? Geliň, resullaryň mysalyna seredeliň. I asyrda Isanyň beýleki şägirtlerine garanyňda, olara has köp görkezme berilýärdi (Mar. 4:10; 9:35—37). Muňa garamazdan, beýleki şägirtler hem ruhy iýmiti ýeterlikli alýardy (Efes. 4:20—24; 1 Pet. 1:8).
Şeýle-de Isanyň aýdan sözleriniň we eden işleriniň ählisi Injilde ýazylmandyr. Ýahýa resul: «Isanyň başga-da eden işleri gaty köpdür. Olar birin-birin ýazylsa, onda ýazylan kitaplar dünýä sygmaz diýip pikir edýärin» diýdi (Ýahýa 21:25). Bize garanyňda, I asyrda ýaşan şägirtler Isa barada has köp bilýärdi. Emma bizde-de ýeterlikli bilim bar. Ýehowa Isanyň göreldesine eýerip bilmegimiz üçin, ol barada bize ýeterlikli bilim berýär (1 Pet. 2:21).
Şeýle-de I asyrda resullaryň ýygnaklara ýazan hatlary barada oýlanyp göreliň. Biz Pawlusyň ýazan hatlarynyň azyndan biriniň Mukaddes Ýazgylara goşulmandygyny bilýäris (Kol. 4:16). Şol hatyň ýokdugy üçin, ruhy iýmiti ýeterlikli almadyk diýip bilerismi? Ýok. Ýehowa biziň zerurlyklarymyzy bilýär we ruhy taýdan berk bolmagymyz üçin ýeterlikli iýmit berýär (Mat. 6:8).
Ýehowa biziň zerurlyklarymyzy bilýär we ruhy taýdan berk bolmagymyz üçin ýeterlikli iýmit berýär
Şu günler Ýehowanyň käbir gullukçylary başgalara garanyňda, ruhy iýmiti köpräk alýar. Siziň ene diliňizde diňe birnäçe edebiýat bar bolsa näme? Onda Ýehowanyň aladaňyzy edýändigini unutmaň. Barja edebiýatlaryňyzy okaň. Şeýle-de mümkinçiligiňiz bolsa, düşünýän diliňizdäki ýygnak duşuşyklaryna gatnaşyň. Ýehowanyň ruhy taýdan sizi berkitjekdigine şübhelenmäň (Zeb. 1:2; Ýew. 10:24, 25).
4 Internetdäki jw.org saýtymyzdan maglumatlaryň ählisini alyp bilmeseňiz ruhy taýdan gowşak bolarsyňyzmy?
Internet saýtymyzda žurnallar we Mukaddes Ýazgylara esaslanan beýleki edebiýatlar bar. Şeýle-de onda maşgalalar, ýetginjekler we çagalar üçin peýdaly boljak dürli maglumatlar berilýär. Şol maglumatlara maşgala okuwynda seretseňiz gowy bolar. Onsoňam, Internet saýtymyzda Gilead mekdebiniň uçurymy, ýyllyk duşuşygy ýaly ýörite programmalar berilýär. Şeýle-de onda bütin dünýädäki doganlara Ýehowanyň halkyna täsir eden tebigy betbagtçylyklar we kazyýet bilen baglanyşykly meseleler barada aýdylýar (1 Pet. 5:8, 9). Galyberse-de, Internet saýtymyz wagyz etmekde gowy gural bolup hyzmat edýär. Hatda wagyz işi çäklendirilen ýa-da gadagan edilen ýurtlarda-da saýtymyz arkaly hoş habar wagyz edilýär.
Emma siz Internet saýtymyzdaky ähli maglumatlary alyp bilmeseňiz-de, ruhy taýdan gowşamarsyňyz. Sadyk hyzmatkär «öýdäki hyzmatkärleri» ruhy taýdan gowy iýmitlendirer ýaly, çap edilen edebiýatlary taýýarlamak üçin jan edýär. Şol sebäpli jw.org saýtymyzdaky maglumaty almak üçin tehniki enjamlary hökman satyn almaly diýip pikir etmäň. Käbirleri Internet saýtymyzdaky edebiýatlary çap edip, Internetden peýdalanyp bilmeýän dogan-uýalara berip biler. Emma şeýle etmek talap edilmeýär.
Biz Isa Mesihiň ruhy zerurlyklarymyzyň aladasyny etjekdigi barada beren wadasynda durýandygyna örän begenýäris. Şu soňky kyn günleriň tizden tamamlanjakdygy üçin, Ýehowanyň bizi mundan beýläk-de ruhy iýmit bilen «wagtly-wagtynda» üpjün etjekdigine ynanýarys.