Doly wagt gulluk edýän dogan-uýalary goldalyň
«Imanyň hasyly bolan işiňizi, söýgüden emele gelen zähmetiňizi... dyngysyz ýatlaýarys». 1 SEL. 1:3
1. Pawlus resul Ýehowa ýürekden gulluk edýänlere nähili garaýardy?
PAWLUS resul hoş habaryň ugrunda agyr zähmet çekýän dogan-uýalary unutmaýardy. Ol şeýle ýazdy: «Imanyň hasyly bolan işiňizi, söýgüden emele gelen zähmetiňizi, Rebbimiz Isa Mesihe baglan umydyňyzdan dörän çydamyňyzy Hudaýymyz hem Atamyz öňünde dyngysyz ýatlaýarys» (1 Sel. 1:3). Ýehowa-da elinde baryny edýän wepaly gullukçylarynyň söýgi bilen edýän işleriniň hiç birini ýatdan çykarmaýar (Ýew. 6:10).
2. Biz şu makalada nämä serederis?
2 Geçmişde hem, şu günler hem dogan-uýalaryň köpüsi Ýehowa doly wagt gulluk etmek üçin köp zatdan geçdiler. Biz şu makalada I asyrdaky käbir mesihçileriň Ýehowa gulluk etmek üçin nämeleri edendigi barada gürrüň ederis. Şeýle-de biziň günlerimizde doly wagt gulluk edýän dogan-uýalaryň nähili işleri edýändigine we olara nädip kömek edip bolýandygyna serederis.
I ASYRDAKY MESIHÇILER
3, 4. a) I asyrda käbir dogan-uýalar Ýehowa nädip gulluk etdiler? b) Olar maddy zerurlyklarynyň aladasyny nädip edýärdiler?
3 Isa Mesih suwda çokundyrylandan soň, derrew Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edip başlady we muny şägirtlerine-de öwretdi (Luka 3:21—23; 4:14, 15, 43). Isanyň ölüminden soň, resullar hoş habaryň ýaýradylmagyna ýolbaşçylyk etdiler (Res. iş. 5:42; 6:7). Filipus ýaly käbir mesihçiler Palestinada hoş habarçy we missioner bolup gulluk etdiler (Res. iş. 8:5, 40; 21:8). Pawlus resul we başga mesihçiler öýünden uzak ýerlerde wagyz etdiler (Res. iş. 13:2—4; 14:26; 2 Kor. 1:19). Silwanus (Silas), Markus we Luka ýaly käbir mesihçiler bolsa, Mukaddes Ýazgylaryň kitaplaryny ýazdylar ýa-da ony ýazanlaryň kätibi bolup hyzmat etdiler (1 Pet. 5:12). Mesihçi uýalar hem bu wepaly doganlar bilen bilelikde zähmet çekýärdiler (Res. iş. 18:26; Rim. 16:1, 2). Biz şol mesihçileriň başdan geçiren gyzykly wakalaryny Injilden okaýarys. Bu wakalar Ýehowanyň öz gullukçylarynyň edýän işlerini gymmat saýýandygyny we olaryň zerurlyklarynyň aladasyny edýändigini görkezýär.
4 I asyrda doly wagt gulluk eden mesihçiler maddy zerurlyklarynyň aladasyny nädip edýärdiler? Käwagt dogan-uýalar olary myhmançylyga çagyrýardy we başga kömegi berýärdi. Emma olar şeýle kömegiň berilmegini talap etmeýärdiler (1 Kor. 9:11—15). Käbir dogan-uýalar we ýygnaklar doly wagt gulluk edýän mesihçileri höwes bilen goldaýardylar (Resullaryň işleri 16:14, 15; Filipililer 4:15—18-nji aýatlary okaň). Muňa garamazdan, Pawlus resul we onuň ýoldaşlary çykdajylaryny ödemek üçin ýarym gün işleýärdiler.
ŞU GÜNLER DOLY WAGT GULLUK EDÝÄN MESIHÇILER
5. Doly wagt gulluk edýän mesihçi är-aýal durmuşy barada näme diýýär?
5 Şu günlerem köp mesihçiler doly wagt gullugyň dürli görnüşine gatnaşyp, jan aýaman zähmet çekýärler (« Doly wagt gullugyň görnüşleri» diýen çarçuwa serediň). Olar saýlan gullugyna nähili garaýarlar? Siz olardan bu barada sorasaňyz, örän ruhlanarsyňyz. Başda umumy pioner, ýörite pioner, soňra missioner, häzir bolsa daşary ýurtda Beýtelde gulluk edýän bir dogan şeýle diýýär: «Meniň doly wagt gullugy saýlamagym, gelen kararlarymyň iň gowusy boldy. Men 18 ýaşymda uniwersitetde okamalymy, wezipä kowalaşmalymy ýa-da pioner bolup gulluk etmelidigini saýlamaly boldum. Men häzir doly wagt gulluk etmek üçin nämelerden geçendigimi Ýehowanyň unutmaýandygyna göz ýetirdim. Ýehowa maňa gullugymda zehinimi we ukyplarymy ulanmaga mümkinçilik berdi. Men wezipä kowalaşan bolsam, beýle bolmazdy». Şol doganyň aýaly şeýle gürrüň berýär: «Ýehowanyň tabşyran her bir işi maňa ruhy taýdan ösmäge kömek etdi. Biz Ýehowanyň goraýandygyny we görkezme berýändigini gaýta-gaýta görýäris. Eger biz öýde, amatly şertde ýaşamagy saýlan bolsak, bu zatlary görmezdik. Men doly wagt gulluk edýändigim üçin Ýehowa her gün minnetdarlyk bildirýärin». Senem durmuşyňyň şeýle bolmagyny isleýärmiň?
6. Ýehowa biziň edýän gullugymyza nähili garaýar?
6 Elbetde, käbir mesihçileriň doly wagt gulluk etmäge ýagdaýy bolmaýar. Biz olaryň ak ýürekden edýän tagallasyny hem Ýehowanyň gymmat saýýandygyny bilýäris. Mysal üçin, Filimun 1—3-nji aýatlarda Pawlus resul Kolosedäki dogan-uýalaryň ählisine salam aýdýar we olaryň käbirlerini atma-at ýatlaýar (okaň). Pawlus resul-da, Ýehowa-da olaryň jan aýaman çeken zähmetini gymmat saýýardy. Şonuň ýaly-da, gökdäki Atamyz siziň gullugyňyzy hem gymmat saýýar. Muňa garamazdan, siz şu günler doly wagt gulluk edýän dogan-uýalary nädip goldap bilersiňiz?
PIONERLERI GOLDAMAK
7, 8. Ýygnakda pionerler nämeleri edýär we dogan-uýalar olara nädip kömek edip biler?
7 I asyrdaky hoş habarçylar ýaly, biziň günlerimizdäki yhlasly
pionerler hem ýygnakdaky dogan-uýalary ruhlandyrýarlar. Olaryň köpüsi her aý 70 sagat wagyz edýärler. Biz olara nädip kömek edip bileris?8 Şari atly bir pioner uýa şeýle diýýär: «Pionerler günde wagyz edýändigi sebäpli, ruhy taýdan berk ýaly görünýärler. Emma olary hem ruhlandyrmaly» (Rim. 1:11, 12). Ençeme ýyl pioner bolup gulluk eden başga bir uýa ýygnagyndaky pionerler barada şeýle diýýär: «Olar arman-ýadaman, dyngysyz zähmet çekýärler. Dogan-uýalar pionerlere wagza maşynda äkitmegi teklip edenlerinde, myhmançylyga çagyranlarynda, biraz ýol puluny berenlerinde ýa-da käbir çykdajylaryna kömek edenlerinde, olar örän begenýärler. Bu siziň olaryň ýürekden aladasyny edýändigiňizi görkezýär».
9, 10. Käbir dogan-uýalar ýygnakdaky pionerlere nädip kömek edýärler?
9 Sen pionerlere kömek etmek isleýärmiň? Babi atly bir pioner uýa şeýle diýýär: «Hepdäniň dowamynda maňa köp kömek gerek bolýar». Onuň ýygnagyndaky başga bir pioner uýa bolsa: «Öýlän wagza gitmäge adam tapmak kyn bolýar» diýýär. Häzir Bruklindäki Beýtelde gulluk edýän uýa pioner bolup gulluk eden döwrüni ýatlap, şeýle gürrüň berýär: «Maşynly bir uýa maňa: „Islendik wagt sen wagza gitmäge adam tapmasaň, maňa jaň et, men hökman gelerin“ diýipdi. Şol uýa maňa pioner gullugymy dowam etmäge gowy kömek etdi». Ýokarda agzalan Şari atly uýa şeýle diýýär: «Köplenç wagyzdan soň, durmuş gurmadyk pionerler wagtyny ýeke özleri geçirýärler. Şol sebäpli siz olary wagtal-wagtal maşgala okuwyňyza ýa-da şuňa meňzeş zatlara çagyryň. Bu olary ruhy taýdan berkider».
10 Takmynan 50 ýyldan bäri doly wagt gulluk edýän bir uýa durmuş gurmadyk käbir uýalar bilen pioner bolup gulluk eden döwrüni şeýle ýatlaýar: «Ýygnagymyzdaky ýaşulular pionerleri her iki aýdan idäp durýardy. Olar biziň saglygymyz, işimiz we biynjalyk bolýan zatlarymyz bilen gyzyklanýardy. Olar muny ýürekden edýärdi. Olar biziň nämä mätäçdigimizi bilmek üçin ýörite öýümize gelýärdi». Şeýle ýaşulular Onisiforyň göreldesine eýerýärler. Ol maşgalasynyň aladasyny etmek bilen çäklenmän, Pawlus resula hem kömek edýärdi (2 Tim. 1:18).
11. Ýörite pionerler nämeleri edýär?
11 Käbir ýygnaklarda ýörite pioner bolup gulluk edýän dogan-uýalar bar. Olaryň köpüsi her aý 130 sagat wagyz edýärler. Ýörite pionerler wagtyny wagza we onuň bilen bagly işlere sarp edýändigi üçin, dünýewi işde az işleýärler ýa-da asla işlemeýärler. Olar bütin wagtyny wagza sarp edip biler ýaly, filial olara her aý biraz pul kömegini berýär.
12. Ýaşulular we beýleki dogan-uýalar ýörite pionerleri nädip goldap bilerler?
12 Biz ýörite pionerleri nädip goldap bileris? Ýörite pionerler bilen hyzmatdaşlyk edýän filialdaky bir ýaşuly şeýle diýýär: «Ýaşulular olar bilen gürleşip, ýagdaýlaryny bilmeli we olara nähili kömek bermelidigini anyklamaly. Dogan-uýalaryň käbiri ýörite pionerlere pul kömeginiň berilýändigi üçin, olar kömege mätäç däldir öýdýärler. Emma ýygnakdaky doganlar hem olara köp zatda kömek edip bilerler». Umumy pionerler ýaly, ýörite pionerler hem olar bilen wagyz edýän dogan-uýalara minnetdar bolýarlar. Senem olar bilen wagyz edip bilermiň?
ETRAP GÖZEGÇILERINE KÖMEK ETMEK
13, 14. a) Etrap gözegçileri babatda nämäni unutmaly däl? b) Siz etrap gözegçisi bolup gulluk edýänlere nädip kömek edip bilersiňiz?
13 Dogan-uýalar köplenç etrap gözegçilerini we olaryň aýallaryny ruhy taýdan berk hasaplap, olaryň ruhlandyrmagyna garaşýarlar. Ýöne biz hem olary ruhlandyrmagy unutmaly däl. Biz olary dynç almaga çagyrsak ýa-da olar bilen bile wagza gitsek gowy bolar. Eger olar syrkawlasa ýa-da hassahana düşse, biz olary idäp, gerekli kömegi berip bileris. Resullaryň işleri kitabyny ýazan «söýgüli» lukman Luka-da Pawlus resula we onuň ýoldaşlaryna gowy kömek edipdi (Kol. 4:14; Res. iş. 20:5—21:18).
14 Etrap gözegçileri we olaryň aýallary dogan-uýalar bilen ýakyndan dostlaşmak we ruhlanmak isleýärler. Bir etrap gözegçisi şeýle ýazdy: «Dostlarym meni haçan ruhlandyrmalydygyny bilýärler. Olar maňa düşgürlik bilen sorag berýärler. Bu bolsa maňa biynjalyk bolýan zatlarymy gürrüň bermäge kömek edýär. Olaryň ünsli diňlemegi hem meniň üçin gowy kömek bolýar». Etrap gözegçileri we olaryň aýallary dogan-uýalaryň ýürekden edýän aladasyny gymmat saýýarlar.
BEÝTELÇILERI GOLDAMAK
15, 16. Beýtelçiler we Kongres zallarynda gulluk edýänler nämeleri edýärler we biz olary nädip goldap bileris?
15 Bütin dünýäde Beýtelde we Kongres zallarynda gulluk edýän dogan-uýalar wagyz işine wajyp goşant goşýarlar. Siziň ýygnagyňyzda ýa-da ýaşaýan ýeriňizde beýtelçiler bar bolsa, olary nädip goldap bilersiňiz?
16 Olaryň käbirleri Beýtele gelende, maşgalasyndan we dost-ýarlaryndan aýra düşendigi sebäpli, ilkibada, öýüni küýsemegi mümkin. Şol sebäpli Beýteldäki we täze ýygnagyndaky dogan-uýalaryň özlerini dostlarça alyp barmagy olary örän begendirýär! (Mar. 10:29, 30). Beýtelçileriň gün tertibi ýygnak duşuşyklaryna barmaga we her hepde wagza gitmäge mümkinçilik berýär. Emma käte olaryň goşmaça borçlary hem bolýar. Şol sebäpli ýygnakdaky dogan-uýalar muňa düşünip, beýtelçileri we olaryň edýän işini gymmat saýýandygyny görkezseler, hemmelere peýdaly bolar (1 Selanikliler 2:9-y okaň).
DAŞARY ÝURTDA DOLY WAGT GULLUK EDÝÄNLERE KÖMEK ETMEK
17, 18. Daşary ýurtda doly wagt gulluk edýän dogan-uýalar nähili işleri edýärler?
17 Dogan-uýalaryň käbiri daşary ýurtda doly wagt gulluk edýärler. Olar täze iýmite, dile, ýerli däplere we ýaşaýyş şertlerine öwrenişmeli
bolýarlar. Daşary ýurtda doly wagt gulluk edýän dogan-uýalar nähili işleri edýärler?18 Olaryň käbiri missioner bolup, köp wagyz edýärler. Olar ökde wagyzçy we mugallym hökmünde alan tälimini ýygnakdaky dogan-uýalar bilen paýlaşýarlar. Filial missionerleri ýaşamak üçin sada öý bilen üpjün edýär we olara esasy çykdajylaryny ödär ýaly pul kömegini berýär. Daşary ýurtda gulluk edýänleriň käbiri bolsa, filialda gulluk edýärler ýa-da filiallaryň, terjimeçiler ofisleriniň, Kongres we Patyşalyk zallarynyň gurluşyk işlerine gatnaşýarlar. Olar nahar, ýaşaýyş jaýy we başga-da gerekli zatlar bilen üpjün edilýär. Beýtel maşgalasynyň agzalary ýaly, olar hem ýygnak duşuşyklaryna we wagyz gullugyna yzygiderli gatnaşyp, köp bereket alýarlar.
19. Siz ýurduňyzda doly wagt gulluk edýän dogan-uýalary nädip goldap bilersiňiz?
19 Siz ýurduňyzda doly wagt gulluk edýän dogan-uýalary nädip goldap bilersiňiz? Ilkibada, olara ýerli halkyň iýmitine öwrenişmegiň kyn bolýandygyny unutmaň. Siz olary myhmançylyga çagyranyňyzda, nähili nahary gowy görýändigini ýa-da haýsy nahary halamaýandygyny soraň. Şeýle-de olar siziň diliňizi we däpleriňizi öwrenýänçä, biraz wagt gerek bolar. Şol sebäpli siz sabyrly bolup, olara mähirlilik bilen kömek edip bilersiňiz. Sebäbi olar muny öwrenmek isleýärler!
20. Biz doly wagt gulluk edýänlere we olaryň ata-enesine nädip kömek edip bileris?
20 Wagtyň geçmegi bilen, daşary ýurtda doly wagt gulluk edýän mesihçiler gartaşan ata-enesine kömek etmek babatda karara gelmeli bolýarlar. Olaryň ata-enesi Ýehowanyň Şaýatlary bolsa, olar çagalarynyň gullugyny dowam etmegini isleýärler (3 Ýahýa 4). Elbetde, doly wagt gulluk edýän dogan-uýalar ata-enesi kömege mätäç bolanda, mümkin boldugyndan, olary köpräk idäp, aladasyny ederler. Emma olaryň ata-enesiniň ýanynda ýaşaýan dogan-uýalar hem olary goldap, aladasyny edip bilerler. Doly wagt gulluk edýän dogan-uýalaryň bütin dünýäde alnyp barylýan has möhüm işde wajyp jogapkärçilikleriniň bardygyny unutmaň (Mat. 28:19, 20). Siz doly wagt gulluk edýän mesihçileriň ata-enesine kömek edip bilermisiňiz?
21. Doly wagt gulluk edýän dogan-uýalar başgalaryň berýän kömegine we goldawyna nähili garaýarlar?
21 Doly wagt gulluk edýän dogan-uýalar baýamak üçin däl-de, Ýehowa ýürekden gulluk etmek we adamlara kömek etmek üçin zähmet çekýärler. Şol sebäpli olar berilýän her bir kömegiň gadyryny bilýärler. Daşary ýurtda gulluk edýän bir uýa şeýle diýýär: «Dogan-uýalar minnetdarlyk bildirende, olaryň sen barada oýlanýandygyny we edýän işiňi gymmat saýýandygyny görýärsiň».
22. Siz doly wagt gulluk edýän dogan-uýalara nähili garaýarsyňyz?
22 Ýehowa doly wagt gulluk etmek durmuşda bagtly edýän iň gowy ýoldur. Bu ýoldan ýöremek göwnüňi göterýär, köp bereketleri berýär we durmuşyňdan kanagat tapmaga kömek edýär. Şeýle-de bu gelejege häzirden taýýarlanmaga ýardam edýär. Tizden Hudaýyň wepaly gullukçylarynyň ählisi Ýehowa şatlyk bilen ebedi gulluk ederler. Şol sebäpli, geliň, ählimiz doly wagt gulluk edýän dogan-uýalaryň «imanynyň hasyly bolan işini, söýgüden emele gelen zähmetini» unutmalyň! (1 Sel. 1:3).