Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Soňky duşman ölüm ýok ediler

Soňky duşman ölüm ýok ediler

«Ýogaldyljak soňky duşman bolsa ölümdir». 1 KOR. 15:26

1, 2. Adam ata bilen How enä nähili ýaşaýyş berildi we bizde nähili soraglar ýüze çykýar?

ADAM ATA bilen How ene ýaradylanda, olaryň hiç hili duşmany ýokdy. Olar kämil ynsan bolup, Jennetde ýaşaýardy. Olar Ýaradyjysy Ýehowanyň ogul-gyzy hökmünde onuň bilen ýakyn gatnaşykdan lezzet alýardy (Gel. çyk. 2:7—9; Luka 3:38). Hudaý olara wajyp ýumuş berdi (Gelip çykyş 1:28-i okaň). Adam ata bilen How ene belli bir wagtyň dowamynda «ýer ýüzüni dolduryp, oňa eýeçilik edip» bilerdi. Emma olar «ýer ýüzünde hereket edýän bütin jandarlaryň» aladasyny etmek üçin, ölmän ebedi ýaşamalydy.

2 Onda häzir näme üçin ýaşaýyş beýle däl? Biziň bagtly bolmagymyza päsgel berýän duşmanlar, esasanam, ölüm nireden peýda boldy? Hudaý bu duşmanlary nädip ýok eder? Bu soraglara Mukaddes Ýazgylarda jogap berilýär. Geliň, şolara seredeliň.

SÖÝGI BILEN BERLEN DUÝDURYŞ

3, 4. a) Hudaý Adam ata bilen How enä nähili tabşyryk berdi? b) Şol tabşyryga gulak asmak näme üçin wajypdy?

3 Adam ata bilen How enä ebedi ýaşaýyş berlen bolsa-da, olar ýaşamak üçin dem almalydy, iýip-içmelidi we uklamalydy. Emma olaryň ýaşaýşy, esasanam, ýaşaýşyň Gözbaşy Ýehowa bilen gatnaşygyna baglydy (Kan. tag. 8:3). Olar Hudaýyň berýän görkezmesine eýerseler, durmuşdan lezzet alyp ýaşardylar. Ýehowa How enäni ýaratmazdan öň, Adam ata şeýle tabşyryk berdi: «Sen bagdaky islän agaçlaryň miwesinden arkaýyn iýip bilersiň. Ýöne sen ýagşy-ýamany saýgaryş daragtynyň miwesinden iýmegin, çünki şondan iýen günüň sen hökman ölersiň» (Gel. çyk. 2:16, 17).

4 «Ýagşy-ýamany saýgaryş daragty» nämäniň ýagşydygyny we ýamandygyny aýtmaga Hudaýyň haklydygyny görkezýärdi. Elbetde, Adam ata hem ýagşy-ýamany saýgaryp bilýärdi. Sebäbi ol Hudaýyň keşbinde ýaradyldy we onuň ynsaby bardy. Emma bu agaç Adam ata bilen How enä hemişe Hudaýyň görkezmesine mätäçdigini ýatladýardy. Eger olar ondan iýseler, Hudaýa: «Biz seniň hökümdarlygyňa mätäç däl» diýdigi bolardy. Netijede, Hudaýyň duýduryşy ýaly, olaryň özleri hem çagalary ölerdi.

ÖLÜM NIREDEN PEÝDA BOLDY?

5. Adam ata bilen How ene näme üçin Ýehowa gulak asmady?

5 Hudaý How enäni ýaradandan soň, Adam ata aýalyna Hudaýyň beren tabşyrygy barada aýdýar. How ene şol tabşyrygy gowy bilýärdi. Sebäbi soňra ol ony sözme-söz diýen ýaly gaýtalady (Gel. çyk. 3:1—3). Ol şol tabşyrygy özi bilen ýylan arkaly gepleşen Şeýtana aýtdy. Şeýtan Iblis öz ýüreginde Hudaýdan özbaşdak we ygtybarly bolmak höwesiniň güýjemegine ýol berdi (Ýakup 1:14, 15-nji aýatlary deňeşdiriň). Şeýtan zalym niýetini amala aşyrmak üçin, Hudaýa töhmet atýar. Ol How enä Hudaýa gulak asmasa, ölmän, gaýtam, Hudaý ýaly boljakdygyny aýdýar (Gel. çyk. 3:4, 5). How ene Şeýtana ynanyp, agajyň miwesinden iýýär we ony Adam ata-da iýdirýär (Gel. çyk. 3:6, 17). Şeýdip, Iblis How enäni aldaýar (1 Timoteos 2:14-i okaň). Emma Adam ata munuň nädogrudygyny bilse-de, «aýalynyň gepine gidýär». Şeýtan Iblis dost ýaly görünse-de, ol zalym duşmandy. Sebäbi ol beren maslahatynyň How enäni heläkçilige eltjekdigini bilýärdi.

6, 7. Ýehowa Adam ata bilen How enä nädip höküm çykardy?

6 Adam ata bilen How ene ýaşaýşy we ähli gowy zatlary beren Ýehowa garşy pitne turuzdylar. Elbetde, Ýehowa ähli bolan zady bilýärdi (1 Ýyl. 28:9; Süleýmanyň tymsallary 15:3-i okaň). Emma Hudaý Adam ata, How enä we Şeýtana Oňa bolan garaýşyny görkezmäge ýol berdi. Elbetde, Ýehowa Ata hökmünde ýürekden gynandy (Gelip çykyş 6:6-ny deňeşdiriň). Emma ol Kazy hökmünde günäkärlere adalatly höküm çykardy.

7 Hudaý Adam ata: «(Ýagşy-ýamany saýgaryş daragtyndan) iýen günüň sen hökman ölersiň» diýipdi. Belki-de, Adam ata şol «güne» 24 sagatlyk gündir öýdendir. Şol sebäpli ol gün batmanka ölerin diýip pikir eden bolmaly. Şol gün «salkyn aralaşanda», Ýehowa Adam ata we How ene bilen gepleşdi (Gel. çyk. 3:8). Ol adalatly Kazy hökmünde, ilki, olary diňledi (Gel. çyk. 3:9—13). Soňra ol bu jenaýatçylara çykaran hökümini aýtdy (Gel. çyk. 3:14—19). Eger Hudaý olary derrew öldüren bolsa, Onuň ynsanlar babatda niýeti amala aşmazdy (Iş. 55:11). Günä Adam ata bilen How enä derrew täsir edip başlasa-da, Ýehowa olara nesil öndürmek üçin ýeterlikli wagt berdi. Sebäbi Hudaý olaryň nesline gowy gelejek bermek isleýärdi. Ýehowanyň nazarynda Adam ata bilen How ene günä eden güni ölüpdi. Dogrudan-da, olar şol «gün», ýagny müň ýyl dolmanka öldüler (2 Pet. 3:8).

8, 9. Adam atanyň günäsi nesline nähili täsir etdi? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

8 Adam ata bilen How enäniň eden günäsi olaryň çagalaryna täsir etdimi? Hawa, Rimliler 5:12-de şeýle diýilýär: «Bir adam arkaly günäniň we günä arkaly ölümiň peýda bolşy ýaly, ölüm hem ähli adamlara geçdi, çünki olaryň hemmesi günä etdi». Hudaýyň wepaly gullukçysy Habyl ilkinji ölen adamdy (Gel. çyk. 4:8). Soňra Adam atanyň beýleki nesilleri hem garrap öldüler. Olar ölüm bilen birlikde günäni hem miras aldylarmy? Muňa Pawlus resul: «Sebäbi bir adamyň boýun bolmazlygy üçin köpler günäkär ornunda oturdyldy» diýip jogap berýär (Rim. 5:19). Şeýlelikde, Adam atadan miras galan günä we ölüm adamzadyň ganym duşmanlary boldy. Bikämil adamlaryň hiç biri bu duşmanlardan gaçyp gutulyp bilmeýär. Elbetde, biz günäniň we ölümiň Adam atanyň nesillerine nädip geçýändigini anyk bilmeýäris, emma onuň netijelerini görýäris.

9 Mukaddes Ýazgylarda bize miras galan günä we ölüm «bütin halklary örten örtük, ähli milletleriň üstündäki ýapynja» bilen deňeşdirilýär (Iş. 25:7). Bu örtük adamlaryň ählisini örtdi. Şol sebäpli «Adam ata bagly bolup, hemmeler ölýär» (1 Kor. 15:22). Pawlus resul: «Bu ölüm teninden meni kim halas eder?» diýdi. Pawlusy kimdir biri halas edip bilerdimi? (Rim. 7:24) *.

GÜNÄ WE ÖLÜM ÝOK EDILER

10. a) Mukaddes Ýazgylardaky haýsy aýatlarda Ýehowanyň günäni we ölümi ýok etjekdigi aýdylýar? b) Bu aýatlardan Ýehowa we onuň Ogly barada näme bilýäris?

10 Elbetde, Pawlus resuly Ýehowa halas edip bilýärdi. Işaýa pygamber «örtük» barada aýdansoň: «Ölümi ebedilik ýuwdar Ol; gözýaşlary süpürer Hökmürowan Reb» diýdi (Iş. 25:8). Söýgüden doly atanyň çagalarynyň horluk çekmegine sebäp bolýan zatlary aýryp, gözýaşlaryny süpürişi ýaly, Ýehowa-da Adam atadan geçen ölümi höwes bilen ýok eder. Ol muny kömekçisi Isa arkaly eder. 1 Korintoslylar 15:22-de: «Çünki Adam ata bagly bolup, hemmäniň ölşi ýaly, Mesihe bagly bolup hem hemmeler ýaşaýşa ýeter» diýilýär. Şeýle-de Pawlus resul: «Meni kim halas eder?» diýen soragyna: «Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaýa şükür edýärin» diýip, özi jogap berýär (Rim. 7:25). Görşümiz ýaly, Adam ata bilen How ene pitne turuzsa-da, Ýehowanyň adamzada bolan söýgüsi sowaşmady. Hudaýa ilkinji ynsan maşgalasyny ýaratmaga kömek eden Isa hem adamlary söýýär (Sül. tym. 8:30, 31). Emma ynsan maşgalasy günäden we ölümden nädip halas bolar?

11. Ýehowa adamzada kömek etmek üçin näme etdi?

11 Adam ata günä edensoň, Ýehowa oňa ölüm jezasyny berdi. Netijede, adamlaryň ählisine bikämillik we ölüm geçdi (Rim. 5:12, 16). Biz Rimliler 5:18-de: «Bir günä arkaly bütin adamlara iş kesildi» diýen sözleri okaýarys. Ýehowa öz kadalaryny bozman, adamlara çykaran hökümini nädip aýrarka? Munuň jogabyny Isanyň şu sözlerinden bilýäris: «Ynsan Ogly... köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde bermek üçin geldi» (Mat. 20:28). Isa kämil adam bolany üçin, töleg töläp bilýärdi. Bu töleg nädip adalaty dikeltmelidi? (1 Tim. 2:5, 6).

12. Isanyň beren töleg gurbany näme üçin adalatlydy?

12 Ýehowa Adam atanyň kämil nesliniň ýer ýüzüni doldurmagyny isleýärdi. Isa kämil adam hökmünde ebedi ýaşap bilýärdi. Ol Atasy Ýehowany we Adam atanyň neslini söýýändigi üçin janyny gurban etdi. Hawa, Isanyň beren kämil jany Adam atanyň ýitiren zadynyň öwezini doldy. Soňra Ýehowa Ogluny gökde ruhy şahsyýet hökmünde direltdi (1 Pet. 3:18). Isanyň beren töleg gurbany Ýehowanyň öňünde adalatlydy, sebäbi ýitirilen kämil jan üçin kämil jan berildi. Isa arkaly Adam atanyň nesli ebedi ýaşap bilýärdi. Pawlus resul: «Ilkinji ynsan Adam ýaşaýan jan boldy, ýöne soňky Adam ýaşaýyş berýän ruh boldy» diýip düşündirýär (1 Kor. 15:45).

Ilkinji ölen Habyl Isanyň töleg gurbany arkaly direler (13-nji abzasa serediň)

13. «Soňky Adam» ölüler üçin näme eder?

13 Tizden «soňky Adam», ýagny Isa Adam atanyň nesline ebedi ýaşaýyş berer. Ölen adamlaryň hem köpüsi direldiler. Näme üçin? Sebäbi olar eýýäm ýaşap öldüler. Indi olar ýer ýüzünde ýaşamak üçin direler (Ýahýa 5:28, 29).

14. Ýehowa adamlary bikämilliginden nädip azat eder?

14 Adamlar bikämilliginden nädip azat bolar? Ýehowa muny gökdäki hökümeti arkaly eder. Şol Patyşalykda Isa we ýer ýüzünden saýlanyp alnan 144 müň adam höküm sürer (Ylham 5:9, 10-njy aýatlary okaň). Gökde Isa bilen höküm sürjekler adamlaryň ýagdaýyna gowy düşüner, sebäbi olaryň özleri hem bikämil adamdy. Olar Isa bilen 1 000 ýyl höküm sürüp, adamlara kämil bolmaga kömek ederler (Ylh. 20:6).

15, 16. a) Mukaddes Ýazgylarda «soňky duşman ölüm» diýlende näme göz öňünde tutulýar we ol haçan ýok ediler? b) 1 Korintoslylar 15:28-e görä, Isa näme eder?

15 Isanyň Müňýyllyk hökümdarlygynyň soňunda Ýehowa gulak asýan adamlar günäden we ölümden azat bolarlar. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Adam ata bagly bolup, hemmäniň ölşi ýaly, Mesihe bagly bolup hem hemmeler ýaşaýşa ýeter. Ýöne her kes öz nobatyna görä: ilkinji miwe bolan Mesih, Ol gelensoň hem Mesihiňkiler. Soňra Ol her hili baştutanlygy, her hili häkimiýeti hem gudraty ýok edip, Patyşalygy Ata Hudaýa tabşyranda, ahyrzaman bolar. Çünki Ol bütin duşmanlaryny aýak astyna salýança höküm sürmelidir. Ýogaldyljak soňky duşman bolsa ölümdir» (1 Kor. 15:22—26). Hawa, Adam atadan geçen ölüm iň soňunda ýok ediler. Ynsan maşgalasyny örten «örtük» ebedilik aýrylar (Iş. 25:7, 8).

16 Pawlus resul aýdan sözlerini şeýle jemleýär: «Emma ähli zat Oňa tabyn bolanda, Ogluň özi hem, Hudaý hem ähli zatda höküm sürer ýaly, Oňa ähli zady tabyn etdirene tabyn bolar» (1 Kor. 15:28). Isanyň hökümdarlygynyň maksady amala aşar. Soňra ol häkimligi we kämil ynsan maşgalasyny Ýehowa höwes bilen tabşyrar.

17. Şeýtana näme bolar?

17 Adamlaryň betbagtçylyga uçramagynyň esasy sebäpkäri Şeýtana näme bolar? Muňa Ylham 20:7—15-nji aýatlarda jogap berilýär. Ähli kämil adamlaryň iň soňky synagynda Şeýtana olary azdyrmaga ýene-de bir mümkinçilik berler. Iblis we onuň yzyna eýerenleriň hemmesi «ikinji ölümde» hemişelik ýok ediler (Ylh. 21:8). «Ikinji ölüm» ýok edilmez, sebäbi bu ölümde ölenler hiç haçan direlmez. Biz Ýehowa wepaly bolsak, «ikinji ölümde» ýok edileris diýip, biynjalyk bolmaly däl.

18. Hudaýyň Adam ata beren tabşyrygy nädip amala aşar?

18 Ähli adamlar kämil bolansoň, Ýehowa olara ebedi ýaşaýyş berer. Adamlaryň bagtly bolmagyna päsgel berýän duşmanlaryň ählisi aýrylar. Adam ata bolmasa-da, Hudaýyň oňa beren tabşyrygy amala aşar. Adamlar Ýere eýeçilik edip, haýwanlaryň aladasyny etmekden şatlyk taparlar. Biz Ýehowanyň soňky duşman ölümi ýok etjekdigine örän begenýäris!

^ abzas 9 Adamyň näme üçin garraýandygyny we ölýändigini biljek bolýan alymlar barada «Ýazgylara düşünmek» atly kitapda şeýle diýilýär: «Alymlar ilkinji ynsan maşgalasyna Ýaradyjynyň ölüm jezasyny berendigini we bu hökümi Hudaýyň nädip amala aşyrýandygyna adamlaryň doly düşünip bilmeýändigini unudýarlar» (it-U «Ýaşaýyş», sözbaşy «Garrylyk we ölüm»).