GARAWUL DIŇI (ÖWRENMEK ÜÇIN) Oktýabr 2014

Žurnalyň şu sanynda 2014-nji ýylyň 1—28-nji dekabr aralygynda öwreniljek makalalar bar.

Olar höwes bilen gulluk edýärler — Taýwan

Ýehowanyň Şaýatlarynyň 100-den gowragy wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçüp gulluk edýärler. Olaryň tejribesi barada okap, üstünlik gazanmak babatda berýän maslahatlaryna seredeliň.

Hudaýyň Patyşalygyna imanyňyzy berkidiň

Ýehowa niýetini Patyşalygy arkaly amala aşyrjakdygyny aýan etmek üçin alty sany äht baglaşdy. Bu ähtler bize imanymyzy berkitmäge nädip kömek edýär?

Siz patyşalar we ruhanylar bolarsyňyz

Alty ähtiň soňky üçüsi bizi Hudaýyň Patyşalygyna bil baglamaga we adamlara hoş habary wagyz etmäge höweslendirýär.

TERJIMEHAL

Ýehowa gulluk edenimde başdan geçiren wajyp wakalarym

Mildred Olsen 75 ýyldan gowrak wagt bäri Ýehowa gulluk edýär. Ol takmynan 29 ýyl missioner bolup gulluk etdi. Onuň göwni näme üçin entegem ýaş?

Ýehowa bilen hyzmatdaşlyk edýändigiňizi gymmat saýyň!

Ýehowanyň gullukçylaryna öz isleglerinden geçmäge näme kömek edýär?

«Ünsüňizi... gökdäki zatlara gönükdiriň»

Ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýänler näme üçin ünsüni gökdäki zatlara gönükdirmeli? Olar muny nädip edip bilerler?