Siz patyşalar we ruhanylar bolarsyňyz
«Siz Meniň üçin (patyşalar, TD) we ruhanylar bolup hyzmat edýän... mukaddes halk bolarsyňyz». MÜS. ÇYK. 19:6
1, 2. Aýalyň neslini näme üçin goramalydy?
MUKADDES ÝAZGYLARDAKY ilkinji pygamberlik Hudaýyň niýetiniň nädip amala aşjakdygyna düşünmäge kömek edýär. Hudaý Erem bagyndaky wadany berende: «Seniň (Şeýtan) bilen aýalyň arasyna, seniň nesliň bilen onuň nesliniň arasyna duşmançylyk salaryn» diýdi. Bu duşmançylyk nähili derejede ýowuz bolmalydy? Ýehowa: «Ol (aýalyň nesli) seniň (Şeýtanyň) başyňy tokmaklar, sen hem onuň topugyny tokmaklarsyň» diýdi (Gel. çyk. 3:15). Ýylan bilen aýalyň arasyndaky duşmançylyk şeýle gazaply bolmalydy welin, Şeýtan aýalyň neslini ýok etmek üçin elinde baryny etmelidi.
2 Şol sebäpli mezmurçynyň Hudaýyň halky barada Ýehowa ýalbaryp doga etmegi geň galdyrmaýar. Ol şeýle diýdi: «Ine, duşmanlaryň galmagal edýär, Seni ýigrenýänler baş galdyrýar. Olar Seniň halkyň garşysyna maslahat geçirýär, Seniň goraýanlaryňa garşy dil düwüşýär. „Geliň, olary ýok edeliň, olar millet bolmasyn...“ diýdiler» (Zeb. 83:2—4). Aýalyň nesliniň arassa galmagy we ýok edilmezligi üçin, ony goramalydy. Şol sebäpli Ýehowa aýalyň neslini gorap, niýetini amala aşyrmak üçin birnäçe äht baglaşdy.
NESLI GORAÝAN ÄHT
3, 4. a) Kanun ähti haçan güýje girdi we ysraýyl halky näme etmäge razylaşdy? b) Kanun ähtiniň näme maksady bardy?
3 Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň nesilleri köpelensoň, Ýehowa olardan gadymy ysraýyl halkyny döretdi. Ýehowa Musa pygamber arkaly ysraýyllylara kanun berip, olar bilen aýratyn äht baglaşdy. Ysraýyllylar hem ähtiň şertlerini ýerine ýetirmäge razy boldular. Bu ähte Kanun ähti diýilýär. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Musa Äht kitabyny eline alyp, ony halka eşitdirip okap berdi. Olar: „Rebbiň aýdanlarynyň ählisini ýerine ýetireris we oňa boýun bolarys“ diýdiler. Musa (gurban edilen öküzleriň) ganyny alyp, halkyň üstüne serpdi we olara: „Ine, ähli şu sözleriň esasynda, bu Rebbiň siziň bilen eden äht ganydyr“ diýdi» (Müs. çyk. 24:3—8).
4 Kanun ähti b. e. öň 1513-nji ýylda Sina dagynda güýje girdi. Bu äht arkaly ysraýyllylar Hudaýyň saýlan halky boldy. Ýehowa olaryň «kazysy, kanun çykaryjysy, patyşasy» boldy (Iş. 33:22). Ysraýyllylaryň taryhyna ser salsak, Ýehowanyň dogry kadalaryna gulak asanlarynda ýa-da asmanlarynda olaryň nähili ýaşandyklaryny bilýäris. Hudaýyň Musa arkaly beren kanunynda ysraýyllylara özge milletli adam bilen durmuş gurmak we ýalan taňrylara sežde etmek gadagandy. Bu kanun Ybraýymyň neslini arassa saklamak üçin niýetlenipdi (Müs. çyk. 20:4—6; 34:12—16).
5. a) Kanun ähti ysraýyllylara nähili mümkinçilik berýärdi? b) Hudaý ysraýyllylary näme üçin ret etdi?
5 Kanun ähti arkaly Ysraýylda ruhanylar bellenilýärdi. Olar gelejekde adamlara has gowy usul bilen gulluk etjek başga ruhanylar toparynyň kölegesidi (Ýew. 7:11; 10:1). Dogrudan-da, bu äht arkaly ysraýyllylaryň ajaýyp mümkinçiligi bardy. Olar Ýehowanyň kanunyna gulak assalar, «patyşalar we ruhanylar» bolup hyzmat edip bilýärdiler (Müsürden çykyş 19:5, 6-njy aýatlary okaň) *. Emma ysraýyllylar kanuna gulak asmadylar. Olar Ybraýymyň nesliniň esasy agzasy bolan Mesihi kabul etmegiň deregine, ony inkär etdiler. Şonuň üçin Hudaý hem olary ret etdi.
6. Kanunyň nähili maksady bardy?
6 Ysraýyllylaryň Ýehowa wepaly galman, patyşalar we ruhanylar bolup bilmändigi üçin, kanunyň kemçiligi bar diýse bolarmy? Kanunyň maksady — nesli goramak we adamlara Mesihiň kimdigini aýan etmekdi. Şol sebäpli Mesih gelip aýan bolanda, kanunyň maksady amala aşdy. Mukaddes Ýazgylarda: «Mesih... kanunyň soňudyr» diýilýär (Rim. 10:4). Onda patyşalar we ruhanylar bolmak mümkinçiligi kimlere berler? Ýehowa Hudaý täze halk döretmek üçin başga bir äht baglaşdy.
TÄZE HALK DÖREÝÄR
7. Ýehowa Ýermeýa pygamber arkaly täze äht barada näme diýdi?
7 Kanun ähti ýatyrylmazyndan ençeme ýyl öň, Ýehowa Ýermeýa pygamber arkaly ysraýyl halky bilen «täze äht» baglaşjakdygy barada aýtdy (Ýermeýa 31:31—33-nji aýatlary okaň) *. Bu äht öňki Kanun ähtinden tapawutlanýardy. Sebäbi täze äht günäleriň geçilmegi üçin mal gurbanyny talap etmeýärdi. Bu nädip beýle bolup bilerdi?
8, 9. a) Isanyň döken ganynyň nähili peýdasy bar? b) Täze ähtiň agzalaryna nähili mümkinçilik berilýär? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
8 Ýüzlerçe ýyl geçenden soň, b. e. 33-nji ýylynyň nisan aýynyň 14-ne Isa Ýatlama agşamyny girizdi. Ol şeraply käsäni alyp, 11 wepaly resulyna: «Bu käse Meniň siziň üçin dökülen ganym bilen berkidilen täze ähtdir» diýdi (Luka 22:20). Mattanyň hoş habarynda Isanyň şeýle diýendigi aýdylýar: «Bu Meniň ganym, günäleriň bagyşlanmagy üçin köp adamlaryň hatyrasyna dökülen täze ähtiň ganydyr» (Mat. 26:27, 28).
9 Isanyň döken gany täze ähti berkitdi. Şeýle-de bir gezek berlen töleg gurbany arkaly adamlaryň günäsi hemişelik bagyşlanýar. Kämil Isa günäsiniň bagyşlanmagyna mätäç däldigi üçin, täze ähte girmeýär. Emma Hudaý Isanyň döken gany arkaly adamlaryň günälerini geçýär. Şeýle-de ol käbir wepaly gullukçylaryny mukaddes ruhy bilen mesh edip, «ogly» hökmünde kabul edýär (Rimliler 8:14—17-nji aýatlary okaň). Olar Ýehowanyň nazarynda Ogly Isa ýaly günäsiz hasaplanýar. Mesh edilen mesihçiler «Mesihiň mirasdaşlary» bolýarlar. Şeýle-de olar patyşalar we ruhanylar bolup, gadymy ysraýyl halkynyň ýitiren hormatyna eýe bolýarlar. Petrus resul «Mesihiň mirasdaşlary» barada aýdyp, şeýle diýdi: «Emma siz özüňizi tümlükden ajaýyp nuruna çagyran Hudaýyň şöhratly işlerini yglan etmäge saýlanan nesil, Patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz» (1 Pet. 2:9). Täze äht, gör, nähili ähmiýetli! Bu äht esasynda Isanyň şägirtleri Ybraýymyň nesline hem degişli bolup bilýärler.
TÄZE ÄHT GÜÝJE GIRÝÄR
10. Täze äht haçan güýje girdi we näme üçin şol wagta çenli girmedi?
10 Täze äht Ýatlama agşamynda güýje girmedi. Näme üçin? Onuň güýje girmegi üçin Isanyň gany dökülmelidi we ol töleg gurbanynyň bahasyny
gökde Ýehowa hödürlemelidi. Galyberse-de, «Mesihiň mirasdaşlaryna» mukaddes ruh berilmelidi. Şol sebäpli täze äht b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününde Isanyň wepaly şägirtleri mukaddes ruh bilen mesh edilende güýje girdi.11. Täze äht nädip ýehudylara-da, özge milletlere-de ruhy Ysraýyla degişli bolmaga mümkinçilik berýär we oňa näçe adam girýär?
11 Ýehowa Ýermeýa pygamber arkaly ysraýyllylar bilen täze äht baglaşjakdygyny aýdyp, Kanun ähtiniň «könelendigini» aýan etse-de, ol täze äht güýje girýänçä ýatyrylmady (Ýew. 8:13). Ýehowa täze äht arkaly ýehudylara-da, sünnetlenmedik özge milletli adamlara-da deň garaýardy, sebäbi olaryň ýüregi «sünnetlenipdi» (Rim. 2:29). Hudaý kanunlaryny «olaryň aňyna... ýüreklerine ýazdy» (Ýew. 8:10). Täze ähte degişli halk 144 müň adamdan ybarat bolup, olara «Hudaýyň Ysraýyly» diýilýär (Gal. 6:16; Ylh. 14:1, 4).
12. Kanun ähti bilen täze ähtiň näme meňzeşligi bar?
12 Kanun ähti bilen täze ähtiň näme meňzeşligi bar? Kanun ähti Ýehowa we ysraýyl halky bilen baglaşyldy. Täze äht bolsa, Ýehowa we ruhy Ysraýyl bilen baglaşyldy. Öňki ähtde Musa pygamber, täze ähtde bolsa, Isa araçy boldy. Kanun ähti mal gurbanynyň gany bilen, täze äht Isanyň gany bilen berkidildi. Kanun ähti astynda gadymy ysraýyl halkyna Musa ýolbaşçylyk etdi. Täze ähtiň agzalaryna bolsa, ýygnagyň başy Isa ýolbaşçylyk edýär (Efes. 1:22).
13, 14. a) Täze ähtiň Patyşalyk bilen nähili baglanyşygy bar? b) Ruhy Ysraýylyň Mesih bilen gökde höküm sürmegi üçin näme etmeli boldy?
13 Täze ähtiň Patyşalyk bilen nähili baglanyşygy bar? Bu äht arkaly gökdäki Patyşalykda ruhanylar we patyşalar bolup hyzmat etjek mukaddes halk döredildi. Şol halk Ybraýymyň nesline degişli bolan mesh edilen mesihçilerden ybaratdyr (Gal. 3:29). Täze äht Ybraýym pygamber bilen baglanyşylan ähtiň ýerine ýetjekdigini tassyklaýar.
14 Täze äht arkaly ruhy Ysraýyl döredildi we mesh edilenlere «Mesihiň mirasdaşlary» bolmaga mümkinçilik berildi. Ýöne mesh edilenler gökde Isa bilen patyşalar we ruhanylar bolup nädip höküm sürüp bilerler? Munuň üçin ýene-de bir äht baglaşmaly boldy.
ISA MESIH BILEN HÖKÜM SÜRMÄGE ÝOL AÇAN ÄHT
15. Isa wepaly resullary bilen nähili äht baglaşdy?
15 Isa Ýatlama agşamyny girizenden soň, wepaly şägirtleri bilen Patyşalyk ähtini baglaşdy (Luka 22:28—30-njy aýatlary okaň). Beýleki ähtlerden tapawutlylykda, bu ähti Ýehowa baglaşmady. Muny Isa bilen mesh edilen mesihçiler baglaşdylar. Isa: «Atamyň meniň bilen äht baglaşyşy ýaly (TD)» diýende, Ýehowanyň «Melkisedek düzgüni boýunça hemişelik ruhany» bolmak barada baglaşan ähtini göz öňünde tutan bolmaly (Ýew. 5:5, 6).
16. Patyşalyk ähti mesh edilen mesihçilere nähili mümkinçilik berdi?
16 Isanyň 11 wepaly resuly synaglarynda onuň bilen berk durdular. Patyşalyk ähti olaryň Isa bilen gökde tagtlarda oturyp höküm sürjekdigini we ruhanylar bolup hyzmat etjekdigini aýan edýär. Emma şeýle mümkinçilik diňe 11 resula berilmändi. Isa görnüş arkaly Ýahýa resula şeýle diýdi: «Men ýeňip, atam bilen bile Onuň tagtynda oturan bolsam, ýeňene-de Meniň bilen bile Öz tagtymda oturmaga ygtyýar bererin» Ylh. 3:21). Patyşalyk ähti 144 müň mesh edilen mesihçiler bilen baglaşyldy (Ylh. 5:9, 10; 7:4). Bu äht olara gökde Isa bilen höküm sürmäge mümkinçilik berdi. Olary patyşanyň saýlan gelnine meňzetse bolýar. Olar durmuş guransoň, bile höküm sürüp bilýär. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylarda mesh edilen mesihçilere Isa Mesihiň «gelni» we oňa durmuşa çykmagy söz beren «päk gyz» diýilýär (Ylh. 19:7, 8; 21:9; 2 Kor. 11:2).
(HUDAÝYŇ PATYŞALYGYNA IMANYŇYZY BERKIDIŇ
17, 18. a) Hudaýyň Patyşalygy bilen baglanyşykly alty ähti gysgaça düşündiriň. b) Biz Hudaýyň Patyşalygyna näme üçin berk ynanyp bileris?
17 Biz şu iki makalada Patyşalyk bilen baglanyşykly alty sany ähte seretdik (Geçen makaladaky «Hudaý niýetini nädip amala aşyrar?» diýen çarçuwa serediň). Hudaýyň Patyşalygy şol ähtleriň esasynda dikeldildi. Şol sebäpli biz Hudaýyň ýer we adamzat babatdaky niýetini Mesihi Patyşalyk arkaly amala aşyrjakdygyna doly ynanyp bileris (Ylh. 11:15).
18 Bu Patyşalygyň adamzadyň ähli kynçylyklaryny aýyrjakdygyna hiç hili şübhe ýok. Biz onuň adamzada ebedi bereketleri berjekdigine ýürekden ynanýarys. Şol sebäpli, geliň, bu wajyp hakykat barada adamlara yhlasly wagyz edeliň! (Mat. 24:14).
^ abzas 5 Müsürden çykyş 19:5 «Şonuň üçin hem indi siz Meniň sözüme boýun bolup, Meniň ähtimi saklasaňyz, ähli halklaryň arasynda siz Meniň Öz saýlan halkym bolarsyňyz, çünki tutuş zemin Meniňkidir. 6 Siz Meniň üçin ruhanylar bolup hyzmat edýän, Maňa bagyş edilen mukaddes halk bolarsyňyz». Ynha, seniň ysraýyllara aýtmaly sözleriň şudur.
^ abzas 7 Ýermeýa 31:31 Reb şeýle diýýär: «Ysraýyl we ýahuda halky bilen Meniň täze äht baglaşjak günlerim hökman geler. 32 Bu äht Meniň olaryň ata-babalaryny Müsürden çykarmak üçin ellerinden tutan günüm baglaşan ähtim ýaly däldir. Men olaryň Hojaýyny bolsam-da, olar şol ähtimi bozdular». Muny Reb aýdýandyr. 33 Reb şeýle diýýär: «Emma ol günlerden soň, Meniň ysraýyl halky bilen baglaşjak ähtim şudur: Men kanunymy olaryň içine ornaşdyryp, ýüreklerine ýazaryn. Men olaryň Hudaýy bolaryn, olar-da Meniň halkym bolar».