Hudaýyň Patyşalygyna imanyňyzy berkidiň
«Iman bolsa, umyt edilen zatlara bil baglamakdyr». ÝEW. 11:1
1, 2. Hudaýyň adamzat babatdaky niýetini Patyşalygy arkaly amala aşyrjakdygyna imanymyzy näme berkider we näme üçin? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
BIZ, Ýehowanyň Şaýatlary dünýädäki kynçylyklaryň ählisini diňe Hudaýyň Patyşalygynyň aýyrjakdygy barada yhlasly wagyz edýäris. Biz Patyşalygyň, hakykatdan-da, bardygyna we onuň Hudaýyň niýetlerini amala aşyrjakdygyna ýürekden ynanýarysmy? Hudaýyň Patyşalygyna näme üçin berk ynanyp bileris? (Ýew. 11:1).
2 Ýehowa adamzat babatdaky niýetini Mesihi Patyşalyk arkaly amala aşyrar. Bu Patyşalyk Ýehowanyň hökümdarlyk etmek hukugy esasynda dikeldildi. Ýehowa Patyşalygynda kimiň patyşa boljakdygyny, oňa kimleriň kömek etjekdigini we olaryň nämäniň üstünden höküm sürjekdigini aýan etmek üçin birnäçe äht baglaşdy. Bu ähtleri, ýagny şertnamalary Ýehowa we onuň Ogly Isa Mesih baglaşdy. Biz şol ähtler barada oýlansak, Hudaýyň niýetleriniň nädip amala aşjakdygyna we Patyşalyga näme üçin bil baglap bolýandygyna has gowy düşüneris (Efesliler 2:12-ni okaň).
3. Biz şu we indiki makalada nämä serederis?
Hudaý niýetini nädip amala aşyrar?» diýen çarçuwa serediň).
3 Mukaddes Ýazgylarda Isa Mesihiň hökümdarlygy astyndaky Patyşalyk bilen baglanyşykly şu alty esasy äht barada aýdylýar: 1) Ybraýym pygamber bilen baglaşylan äht; 2) Kanun ähti; 3) Dawut patyşa bilen baglaşylan äht; 4) Melkisedek ýaly ruhany üçin baglaşylan äht; 5) täze äht; 6) Patyşalyk ähti. Geliň, bu ähtleriň her biriniň Patyşalyk we Hudaýyň ýer hem-de adamzat babatdaky niýetiniň amala aşmagy bilen nähili baglanyşygynyň bardygyny bileliň («HUDAÝYŇ NIÝETINIŇ AMALA AŞJAKDYGYNY GÖRKEZÝÄN WADA
4. Gelip çykyş kitabyna görä, Ýehowanyň adamlar babatda nähili islegi bardy?
4 Ýehowa adamlar üçin owadan Ýeri ýaradansoň, öz keşbine görä ynsan ýaradyp, olaryň ýer ýüzüni Jennete öwürmegini we dogry adamlardan doldurmagyny hem-de ýagşy-ýamany saýgarma agajyndan iýmezligini isledi (Gel. çyk. 1:26, 28; 2:16, 17). Hudaýyň ýer we adamzat babatdaky niýetiniň amala aşmagy üçin, diňe şol üç zat gerekdi. Ynsan ýaradylansoň, Hudaýyň soňky iki islegi hem ýerine ýetse, onuň niýeti doly amala aşardy. Onda näme üçin äht baglaşmaly boldy?
5, 6. a) Şeýtan nädip Hudaýyň niýetine garşy çykdy? b) Ýehowa Erem bagynda Şeýtanyň atan töhmetine nähili jogap berdi?
5 Şeýtan Iblis Hudaýa we onuň niýetine garşy pitne turuzdy. Ol adamlary Hudaýa gulak asdyrmajak bolup, How enäni ýagşy we ýamany saýgarma agajyndan iýmäge iterdi (Gel. çyk. 3:1—5; Ylh. 12:9). Şeýdip, ol Ýaradyjysy Hudaýyň hökümdarlyk etmäge haklydygyny şübhä goýdy. Soňra ol adamlaryň Hudaýa öz bähbidi üçin sežde edýändiklerini aýdyp, töhmet atdy (Eýýup 1:9—11; 2:4, 5).
6 Ýehowa Şeýtanyň Erem bagynda atan bu töhmetine nähili jogap berdi? Elbetde, Ýehowa pitneçileri ýok edip bilerdi. Ýöne Hudaýyň ýer ýüzüni Adam ata bilen How enäniň neslinden doldurmak niýeti amala aşmazdy. Şol sebäpli Ýehowa pitneçileri derrew jezalandyrman, Erem bagyndaky wadany berip, wajyp pygamberlik etdi. Bu Ýehowanyň ýer we adamzat babatdaky niýetiniň jikme-jik ýerine ýetjekdigini görkezýär (Gelip çykyş 3:15-i okaň) *.
7. Erem bagyndaky wada ýylan we onuň nesli barada nämäni aýan edýär?
7 Ýehowa Erem bagyndaky wadasy arkaly ýylana, ýagny Şeýtana we onuň neslini aňladýan ähli tarapdarlaryna höküm çykardy. Olar Hudaýyň hökümdarlygyna garşy çykdylar. Allatagala gökdäki aýalyň nesli arkaly pitneçileri ýok etjekdigini aýtdy. Ýehowa Erem bagyndaky wada arkaly diňe Şeýtany we onuň ýetirýän zyýanyny aýyrjakdygyny aýtman, eýsem, olary nädip ýok etjekdigini hem aýan etdi.
8. Biz aýal we onuň nesli barada nämäni bilýäris?
8 Aýalyň nesli kim bolmalydy? Ol ruhy şahsyýet bolmalydy. Näme üçin? Sebäbi bu nesil göze görünmeýän ruhy şahsyýet Şeýtany «ýogaldar» (Ýew. 2:14). Nesli dogurjak aýal hem göni manydaky aýaly aňlatmaýardy. Ýehowanyň Erem bagyndaky beren wadasyndan soň, ýylanyň nesli gitdigiçe köpelýärdi. Emma aýalyň we onuň nesliniň kimdigi takmynan dört müň ýyllap syr bolup galdy. Şol döwürde Ýehowa nesliň kimdigini we Şeýtanyň adamzada ýetiren zyýanyny nädip aýyrjakdygyny aýan etmek üçin birnäçe äht baglaşdy.
NESLI AÝAN EDÝÄN ÄHT
9. Hudaý Ybraýym pygamber bilen nähili äht baglaşdy we ol haçan güýje girdi?
9 Şeýtana höküm çykarylanyna takmynan iki müň ýyl geçenden soň, Ýehowa Ybraýym pygambere Mesopotamiýanyň Ur şäherindäki öýüni goýup, Kengana göçmegi tabşyrýar (Res. iş. 7:2, 3). Ýehowa oňa şeýle diýdi: «Öz ýurduňy, kowumdaşlaryňy we ataň hojalygyny taşla-da, Meniň saňa görkezjek ülkäme git. Senden beýik bir millet ýaradyp, Men seni ýalkaryn, Seni belende götererin... Seni ýalkany ýalkaryn, Seni näletläni-de näletlärin; Ýer ýüzündäki ähli milletler Senden pata alarlar» (Gel. çyk. 12:1—3). Hudaýyň beren bu wadasyna Ybraýym pygamber bilen baglaşylan äht diýilýär. Biz Ýehowanyň bu ähti Ybraýym bilen haçan baglaşandygyny anyk bilmeýäris. Emma şol ähtiň b. e. öň 1943-nji ýylda 75 ýaşly Ybraýym pygamber Harandan çykyp, Ýewfrat derýasyndan geçende, güýje girendigini bilýäris.
10. a) Ybraýym pygamber Hudaýyň wadalaryna imanynyň berkdigini nädip görkezdi? b) Ýehowa aýalyň nesli barada nähili jikme-jiklikleri kem-kemden aýan etdi?
10 Ýehowa Ybraýym pygambere beren wadasyny birnäçe gezek gaýtalap, käbir jikme-jikliklerini düşündirdi (Gel. çyk. 13:15—17; 17:1—8, 16). Ybraýym pygamber ogluny gurban etmäge taýyn bolup, Hudaýyň beren wadasyna imanynyň berkdigini görkezdi. Şonda Ýehowa beren wadasyny berjaý etjekdigini aýdyp, onuň bilen baglaşan ähtini berkitdi (Gelip çykyş 22:15—18; Ýewreýler -nji aýatlary okaň) 11:17, 18 *. B. e. öň 1943-nji ýyldan başlap, Ýehowa aýalyň nesli barada wajyp jikme-jiklikleri kem-kemden aýan etdi. Nesil Ybraýymyň neslinden bolup, onuň sany köp bolmalydy, ondan patyşalar döremelidi, ol ähli duşmanlary ýok edip, köp adamlara bereket bermelidi.
11, 12. Mukaddes Ýazgylarda Ybraýym bilen baglaşylan ähtiň uly möçberde ýerine ýetjekdigi barada näme aýdylýar we bu biziň üçin nämäni aňladýar?
11 Ybraýymyň nesilleri wada edilen diýara girenlerinde, Ybraýym bilen baglaşylan äht göni manyda ýerine ýetdi. Emma Mukaddes Ýazgylara görä, bu äht ruhy manyda hem ýerine ýetmelidi (Gal. 4:22—25). Pawlus resul şol ähtiň uly möçberde ýerine ýetişini düşündirip, Ybraýymyň nesliniň esasy agzasynyň Isa Mesihdigini we şol nesle 144 müň mesh edilen mesihçileriň hem degişlidigini aýtdy (Gal. 3:16, 29; Ylh. 5:9, 10; 14:1, 4). Erem bagyndaky wadada agzalýan aýal bolsa, Hudaýyň gökdäki guramasyny aňladýar. Ol wepaly ruhy şahsyýetlerden ybarat bolup, oňa «ýokarky Iýerusalim» diýilýär (Gal. 4:26, 31). Ybraýym bilen baglaşylan ähte görä, aýalyň nesli bütin adamzada bol bereketler bermelidi.
12 Ybraýym bilen baglaşylan äht Hudaýyň Patyşalygynyň hökman dikeldiljekdigini, patyşasynyň kimdigini we onuň bilen kimleriň höküm sürjekdigini aýan edýär (Ýew. 6:13—18). Bu äht näçe wagtlap güýçde galar? Gelip çykyş 17:7-de oňa «ebedilik äht» diýilýär. Ol äht Mesihi Patyşalyk Hudaýyň duşmanlaryny ýok edip, ýer ýüzündäki ähli adamlara bereket berýänçä güýçde galar (1 Kor. 15:23—26). Şonda ýer ýüzünde ýaşajak adamlaryň ählisi ebedi bereketleri alarlar. Ybraýym pygamber bilen baglaşylan äht Ýehowanyň ýer ýüzüni dogry adamlardan doldurmak baradaky niýetini amala aşyrmak isleýändigini görkezýär (Gel. çyk. 1:28).
HUDAÝYŇ PATYŞALYGYNYŇ EBEDI DURJAKDYGYNY TASSYKLAÝAN ÄHT
13, 14. Dawut bilen baglaşylan äht nämäni tassyklaýar?
13 Erem bagyndaky wada we Ybraýym bilen baglaşylan äht Ýehowanyň hökümdarlygynyň hemişe dogry kadalaryna laýyk gelýändigini görkezýär. Ýehowa Mesihi Patyşalygy hem dogry kadalary esasynda dikeltdi (Zeb. 89:14). Wagtyň geçmegi bilen, Patyşalygyň hökümdarlary nebisjeňlik bilen höküm sürermi we bu Patyşalygy ýok etmeli bolarmy? Munuň hiç haçan beýle bolmajakdygyny başga bir äht tassyklaýar.
14 Geliň, Ýehowanyň gadymy Ysraýylyň patyşasy Dawut bilen äht baglaşanda nämäni wada berendigine seredeliň (2 Şamuwel 7:12, 16-njy aýatlary okaň) *. Dawut Iýerusalimde höküm sürýärkä, Ýehowa onuň bilen äht baglaşyp, Mesihiň onuň neslinden boljakdygyny wada berdi (Luka 1:30—33). Şeýdip, Ýehowa Mesihiň nesil şejeresini aýan etdi. Hudaý Dawudyň bu nesliniň Mesihi Patyşalykda Patyşa bolmaga ygtyýarynyň bardygyny aýtdy (Ezek. 21:25—27). Dawudyň tagty ebedi durar, sebäbi onuň nesli Isa ebedidir we onuň «tagty Gün kimin bolar» (Zeb. 89:34—37). Hawa, Isa Mesih hiç haçan nebisjeň bolmaz we Hudaýyň Patyşalygy ebedi durar!
RUHANY ÜÇIN BAGLAŞYLAN ÄHT
15—17. Melkisedek ýaly ruhany üçin baglaşylan ähte görä, nesil ýene-de nähili gullugy ýerine ýetirmelidi we näme üçin?
15 Ybraýym we Dawut bilen baglanyşylan äht aýalyň nesliniň Patyşa boljakdygyny tassyklaýar. Emma bütin adamzadyň doly bereket almagy üçin, nesil diňe Patyşa bolman, eýsem, ruhany hem bolmalydy. Sebäbi adamlaryň günäden doly azat bolup, Ýehowanyň gökdäki we ýerdäki wepaly gullukçylaryndan ybarat maşgalasyna goşulmagy üçin, diňe ruhany gurban berip bilýärdi. Ýehowa Melkisedek ýaly ruhany üçin äht baglaşyp, nesliň ruhany edip belleniljekdigini äşgär etdi.
16 Ýehowa Isa bilen äht baglaşjakdygyny Dawut patyşa arkaly aýan etdi. Bu ähtiň esasy şu iki maksady bardy: Ýehowa duşmanlaryny aýak astyna salýança, Isa Hudaýyň «sagynda oturmalydy» we «Melkisedek düzgüni boýunça... mydamlyk ruhany» bolmalydy (Zebur 110:1, 2, 4-nji aýatlary okaň). Isa näme üçin «Melkisedek düzgüni boýunça» ruhany bolmalydy? Sebäbi Ybraýymyň nesilleri wada edilen diýara girmänkä, Salemiň patyşasy Melkisedek «beýik Hudaýyň ruhanysy» bolup hyzmat edipdi (Ýew. 7:1—3). Ony Ýehowanyň özi belläpdi. Töwrat, Zebur we Pygamberler ýazgylarynda diňe Melkisedegiň hem patyşa, hem ruhany bolandygy barada aýdylýar. Melkisedekden öň ýa-da soň hiç kimiň şeýle gullugy ýerine ýetirmändigi üçin, oňa «hemişelik ruhany» diýilýär.
17 Ýehowa Isa bilen äht baglaşyp, ony ruhany edip belledi. Isa «Melkisedek düzgüni boýunça... hemişelik ruhany» bolmalydy (Ýew. 5:4—6). Bu Ýehowanyň adamzat we ýer babatdaky niýetini amala aşyrmak üçin Mesihi Patyşalygy ulanjakdygyny aýan edýär.
PATYŞALYK ÄHTLERE ESASLANÝAR
18, 19. a) Biz Patyşalyk bilen baglanyşykly nähili ähtlere seretdik? b) Indiki makalada näme barada gürrüň ederis?
18 Biz Ýehowanyň baglaşan ähtlerine seredip, olaryň her biriniň Mesihi Patyşalyk bilen nähili baglanyşygynyň bardygyny we Patyşalygyň şol ähtlere esaslanýandygyny bildik. Erem bagyndaky wada Ýehowanyň ýer we adamzat babatdaky niýetini amala aşyrmak üçin aýalyň neslini ulanjakdygyny görkezýär. Ybraýym pygamber bilen baglaşylan äht şol nesliň Patyşalykda höküm sürjek Isa Mesihi we mesh edilen mesihçileri aňladýandygyny aýan edýär.
19 Dawut patyşa bilen baglaşylan äht bolsa, Mesihiň nesil şejeresini äşgär edip, Isanyň ýeriň üstünden ebedi höküm sürmäge ygtyýarynyň bardygyny tassyklaýar. Melkisedek ýaly ruhany üçin baglaşylan äht aýalyň nesliniň ruhany bolup hem gulluk etjekdigine güwä geçýär. Elbetde, adamlara kämillige ýetmäge diňe Isa kömek etmez. Onuň bilen patyşa hem ruhany bolup gulluk etmek üçin başga-da mesh edilenler bar. Olar nireden alnar? Bu barada indiki makalada gürrüň ederis.
^ abzas 6 Gelip çykyş 3:15 «Seniň bilen aýalyň, Seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna, Duşmançylyk salaryn Men. Ol seniň kelläňi owradar, Sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» diýdi.
^ abzas 10 Gelip çykyş 22:15—17 Rebbiň perişdesi gökden Ybraýymy ikinji gezek çagyryp, oňa: «Reb şeýle diýýär: „Men Öz adymdan ant içýärin. Seniň bu işi edendigiň üçin, ýagny öz ýalňyz ogluňy Menden gaýgyrmandygyň üçin, Men hakykatdanam seni ýalkap, seniň nesliňi asman ýyldyzlarydyr deňiz ýakasynyň çägeleri deý köpelderin. Seniň nesliň öz duşmanlaryndan üstün çykar. 18 Meniň sözüme gulak asandygyň üçin, ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriňden pata alarlar“» diýdi.
^ abzas 14 2 Şamuwel 7:12 Peýmanyň dolup, ata-babalaryňa gowşanyňda, ýeriňe öz ogluňy, öz biliňden önen zürýadyňy tagta çykaryp, onuň patyşalygyny kuwwatlandyraryn. 16 Seniň nesliň hem şalygyň Meniň öňümde baky berkarar bolar. Şalyk tagtyň baky dowam eder.