Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Ýadyňyzdamy?

Ýadyňyzdamy?

Siz «Garawul diňi» žurnalynyň soňky sanlaryny ünsli okadyňyzmy? Onda aşakdaky soraglara jogap bermäge synanyşyň

Mesihçilere adamyň jesedini ýaksa bolýarmy?

Mukaddes Ýazgylar jesedi ýakmaklygy gadagan etmeýär. Muny Şawul patyşa we onuň üç ogly bilen bolan wakadan görse bolýar. Gilgatdaky Ýabeşiň ilaty olaryň ölendiklerini eşidip, jesetlerini alyp ýakdylar (1 Şam. 31:2, 8—13) (15/6 sah. 7).

Aýrylyşan dogan-uýalara nädip kömek edip bileris?

1) Olary ünsli diňlemeli (Sül. tym. 16:20, 23); 2) ýürekden aladasyny etmeli (Flp. 2:4); 3) Ýehowanyň aýrylyşan adamlaryň ýagdaýyna düşünýändigini aýdyp teselli bermeli (15/6 sah. 10).

Daşary ýurtda gulluk edýän dogan-uýalar nähili kynçylyklara döz gelýärler?

Olar şu kynçylyklara döz gelýärler: 1) ýaşaýyş şertlerine öwrenişmek; 2) öýüni küýsemek; 3) ýerli dogan-uýalar bilen dostlaşmak. Dogan-uýalaryň köpüsi şu kynçylyklara döz gelip, bol bereket aldylar (15/7 sah. 4, 5).

Isa saddukeýlere direlen adamlar «ne öýlener, ne-de äre çykar» diýende, ýer ýüzünde direljek adamlary göz öňünde tutdumyka?

Isanyň sözleri gökdäki direlişe degişli diýse bolýar. Sebäbi olar durmuş gurmaýar, ölmeýär, gökdäki Patyşalygy miras alyp, perişdeler ýaly hormata eýe bolýar (15/8 sah. 29, 30).

Täze kitapçalary ulanmak näme üçin aňsat we gowy netije berýär?

Täze kitapçalaryň ählisi bir görnüşde çap edildi. Olaryň her birinde adamy gyzyklandyrýan sorag we okap bermäge ýerlikli aýatlar bar. Adamyň haýsy jogaby saýlandygyna garamazdan, kitapçanyň içki sahypasyny açyp, Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýändigini görkeziň. Ikilenç idegde kitapçanyň soňky sahypasyndaky soraga seredip bilersiňiz (15/8 sah. 13, 14)

Kimler doly wagt gulluk edýär?

Umumy pionerler, ýörite pionerler, etrap gözegçileri, beýtelçiler, missionerler, Patyşalyk zallarynyň gurluşykçylary, halkara gurluşykçylar we meýletin gullukçylar (15/9 sah. 30).

Ata-eneler çagalaryna nädip çopançylyk edip biler?

Çagalaryňyzy gowy tanamak üçin olary ünsli diňläň. Olary ruhy taýdan gowy iýmitlendiriň. Çagalaryňyz hakykata şübhelense, olara söýgi bilen düşündiriň (15/9 sah. 18—21).

Ýehowa ýer we adamzat babatdaky niýetini haýsy alty äht arkaly amala aşyrýar?

1) Ybraýym pygamber bilen baglaşylan äht; 2) Kanun ähti; 3) Dawut patyşa bilen baglaşylan äht; 4) Melkisedek ýaly ruhany üçin baglaşylan äht; 5) Täze äht; 6) Patyşalyk ähti (15/10 sah. 9—12).

Haýsy äht Isa Mesih bilen höküm sürmäge ýol açdy?

Isa Ýatlama agşamyny girizenden soň, wepaly şägirtleri bilen Patyşalyk ähtini baglaşdy (Luka 22:28—30). Bu olaryň Isa bilen gökde höküm sürjekdigini aýan edýär (15/10 sah. 16, 17).

Ýygnakda ýaşulular we gulluk hyzmatçylary nädip bellenilýär?

Ýygnakdaky doganlary ýaşuly ýa-da gulluk hyzmatçysy edip etrabyndaky aýlanýan gözegçi belleýär (15/11 sah. 28, 29).

Resullaryň işleri 15:14-de Ýakubyň aýdyşy ýaly Hudaýyň adyny göterýän halk kim?

Hudaýyň şöhratly işlerini yglan etmäge saýlanan ysraýyllylar we özge milletler (1 Pet. 2:9, 10) (15/11 sah. 24, 25).

Ylham kitabynyň 11-nji babynda agzalýan iki güwä kimi aňladýar?

Iki güwä bu barlag döwründe wepaly galyp, ajaýyp görelde görkezen we Hudaýyň halkyna ýolbaşçylyk eden mesh edilen mesihçileri aňladýar (15/11 sah. 30).